01:31 Bäherden rowaýaty | |
BÄHERDEN ROWAÝATY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Çynmy, ýalanmy, bilýän ýok, ýöne rowaýatçylar rowaýat aýdýarlar: gadym wagtlar Isgender Zülkarnaýn (Aleksandr Makedonskiý) dünýäni basyp alandan soň, Köpetdagyň gaýra etegine goşun çekip gelýär. Güýz aýlarynyň bir güni Isgender Bamy obasynyň çetinden girende, bir goja türkmen adamy haýatyň düýbünde güneşläp, jübtek bilen murtuny owadanlap oturan eken. Isgender Zülkarnaýn atdan düşüp, onň üstüne abanyp durýar-da: - Eý, goja türkmen, men dünýäni alan Isgender Zülkarnaýndyryn, seniň bagtyň geldi, şu wagt menden näme talap etseň ereýin, gepleseň bolýar – diýýar. Goja türkmen bolsa başyny galdyryp, äwmän Isgendere seredýär-de: - Meniň senden ýekeje talabym bar: günüň öňünden aýryl, üstüme kölge salma! – diýýär. Isgender goja türkmeniň bu jogabyndan ýüregi ýarylan ýaly bolup, syçrap ata münär-de, gündogarlygyna tarap at salýar. “Men dünýäde köp ýurtlary, köp halklary basyp aldym, emma hiç bir halkyň wekili maňa beýle jogap bermändi. Bu nähili ahwalat. Gel-gel, bir goja türkmen meniň bermitimden ýüz dönderip, “üstüme kölge salma!” diýdi-le? Onuň sözleriniň uly manysy bar. Onuň maňa “Bize erkanalyk gerek, seniň golastyň bolmak islämzok, biziň ilimizden gümüňi çek!” diýdigi boldy”. Heniz beýle söz eşitmedik Isgender goşunynyň öňünden at salyp barşyna oýlana-oýlana hapa bolýar. OI bir açyklykda atynyň başyny çekip düşlemegi karar edýär. Çünki ertesi dagyň içine aralaşyp, şol ýerde uly söweş etmelidi. giň meýdanda agyr goşun düşläp, çadyr dikmäge başlaýar. Isgenderiň bir bähri zeni (bähr – deňiz, zen - gelin), ýagny suw perisi bar eken. Ony isgender Wgeý deňzinden tutup, şondan bäri öz ýany bilen alyp ýörer eken. Nirede düşlese, şol ýerde howuz galdyryp, suw perisini şoňa goýberer eken. Her bir uly söweşden öň Isgender uzyn gijesini şol suw perisiniň ýüzüşinden, oýnaýşyndan lezzet alyp, ylham alyp, dünýäni unudyp, humar bolup geçirer eken, irdenem şondan ak pata alyp söweşe gider eken we hökman ýeňer eken. Emma bu gije Isgender howzuň gyrasynda, gübürdäp ýanýan oduň ýalynlarynyň howza düşýän suratlarynyň arasynda çyrpynyp oýnaýan suw perisiniň gözel hereketlerine hiç pikirini jemläp bilmeýär. Şol goja türkmeniň sözleri ony gününe goýmaýar. Ýaňy bir dünýäni unudyp, gözleri humarlanyp ugraýar hem welin, goja türkmeniň sözleri beýnisine urup, ähli neşesini gaçyrýar. Daň atýança Isgender ünsüni jemläp bilmän, ylham alyp bilmän masgara bolýar we rden, ak pata almagy hem unudyp, ilerik söweşe ugraýar. Dagyň içinde gazaply söweş bolýar. Isgenderiň goşunlary ýeňilär. Isgender yzdaky goşunlaryny hem söweşe salýar. ýene ýeňilýär. Ýene yzdan goşun galyndylaryny çagyrýar. Içi suw perili howzuň töweregindäki goşunlar hem gyssanmaç söweşe gidýär. Şol wagt bir türkmen çoluk oglan çeleklerine suw doldurmak üçin, çeşmäň başyna gelse, howzuň içinde bir peri ýüzüp ýör. Çoluk oglan ony gören dessine, özüni suwa urýar-da, perini bagryna basýar. Edil şol pursatda Isgenderiň suw perisinden ak pata almandygy ýadyna düşýär-de, goşunlarynyň ýeňilýänini hem şondan görüp, suw perisini goýup giden ýerine bakan at salýar. Isgender gelip görse, suw perisi bilen bir türkmen ýigidi bilen aýşy-eşret bagynyň miwesini kakyp durupdyr. Isgender bu ahwalaty görüp, ör-gökden gelýär-de, nätjegini hem bilmän, ýüzüni tutup, huw diýip, dagyň gaýra etegini syryp gidiberýär, goşunynyň galyndylary hem onuň yzyna düşüp gidýär. Çynmy, ýalanmy, emma şondan soň Isgender Zülkarnaýn oňly ýeňiş gazanyp bilmändir we aradan kän wagt geçirmän amanadyny tabşyrypdyr. Ýöne bir zat welin çyn: şol howzuň ýerine “Bähri zen” ady galyp, soň “Bäherdene” öwrülýär. (Hatda 1915-nji ýylyň 6-njy martynda bäherdenli dilmaç Ata Sähet Geldi ogly hem “Zakaspi ýerli gazetine” ýazan hatynda öz obasynyň adyny “Bährizen” diýip ýazýar, şol gazetde Seýitahmet işan Durdy işan ogy, Molla Orazgylyç Muhammet ogly ýaly okumyşlar hem “Bährizen” diýip ýazýarlar). Ýene bir zat çyn: bäherdenli gelinleriň owadanlygy. Olaryň asly perizat bolansoň, neneň owadan bolmasyn. Seýitnyýaz ATAÝEW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 19.01.1966 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |