22:04 Bardygyny syzdyran ýitgi: Abdynasyr | |
BARDYGYNY SYZDYRAN ÝITGI: ABDYNASYR
Publisistika
1948-nji ýylyñ Nekbe ýarasy Abdynasyryñ kalbynda hiç bitmejek ýara bolsa, 1967-nji ýylyñ ýeñlişiniñ ýarasy dömüp bilmän ýatan iriñli çybandy. Müsüriñ öñki prezidenti Jemal Abdynasyr. Jemal Abdynasyryñ 1970-nji ýylyñ 28-nji sentýabrynda duşenbe güni aradan çykandygynyñ üstünden 53 ýyl geçdi. Şol günüñ iñ möhüm global wakalaryñ senenamasynda aýratyn ýer tutýandygy äşgär. Waka ýöne bir ýolbaşçynyñ ölümi bilen baglanyşykly däldi. Ol Arap dünýäsiniñ içinde we daşynda aşakky gatlakdanam, ýokarky gatlakdanam juda köp adamyñ garşysyna giden lideridi. Şeýle bolanlygyndan bolsa gerek, Abdynasyryñ pozisiýasyna we ýöreden syýasatyna baha berilende we şol bir görnüşde prezident hem-de şahsyýet hökmünde özi hakdaky garaýyşlarda şindizem çapraz pikirler dowam edýär. Munuñ bilen birlikde onuñ garşydaşlary we tarapdarlary şu meselelerde umuman alanda bir pikirde ylalaşýarlar: Abdynasyr ýöne-möne adam däl. Ilki bilen ol Müsürde görlüp-eşdilmedik döwlet dolandyryş modelini kemala getirdi. Birnäçe sepgitde çaltlyk bilen populýarlaşyp Arap dünýäsini ýañlandyrypdy, şol ýerdejem yslam dünýäsine we has soñra üçünji dünýä bilen umuman alanda ösüp barýan ýurtlara at-owazasy ýaýrapdy. Ahyrsoñunda-da halkara arenasynda tanalýan adama öwrüldi. Şonuñ üçin resmi taýdan 1956-njy ýylyñ 24-nji iýunyndan başlap, aradan çykan gününe çenli Müsüri on dört ýyllap dolandyran prezident Abdynasyr dünýä derejesindäki ylmy-barlag merkezlerinde öwrenilýän şahsyýete öwrüldi. Şol döwürde Abdynasyryñ orunbasary bolup işlän Muhammet Enwer Sedat onuñ ölüm habaryny beren badyna, Müsürde we Arap ýurtlarynyñ birnäçe oba-şäherlerinde adamlar kowçum-kowçum bolup, Abdynasyryñ ölüminiñ yzyndan näme boljakdygyny we bu boýunça geljek seslenmeleri sypdyrman bilmek üçin gulaklaryny radiolara we gözlerini teleýaýlymlara dikipdiler. Şol adamlar ýaly Bingazidäki "El-Hakika" neşirýat we çaphana gullugynyñ işgärleri-de edaranyñ howlusynda üýşüpdi. Şol wagt içlerinden biri gahar-gazap bilen maña gygyryp: "Ony öldüren siz!" diýdi. Nämäni göz öñüne tutup şeýle diýýändigine düşündim. Işdeşimiñ özi şol wagt redaksiýada işleýärdi, soñabaka ol mediýada ýokary derejeli pozisiýalarda dürli jogapkärçilikli wezipelerde işledi, onuñ tutarygyny tapdym. Abdynasyryñ şol döwür iordan goşuny bilen palestinaly toparlaryñ arasynda dörän ganly çaknyşygy soñlandyrmak üçin jemlenişen Arap ýygnanyşygynyñ yzysüre Kairden iñ soñky bolup çykan Kuweýtiñ emiri Şeýh Sabah es-Salim es-Sabahy ugratmak dabarasyny dynyp-dynmanka ýüregagyrysynyñ tutandygy mälimdi. Duýguçyllyk bilen garalanda, Abdynasyryñ ölüminiñ arasyna düşen wagt bilen şol döwür iordan tragedigasyny soñlandyrmak üçin görkezen çäksiz tagallasynyñ baglanyşdyrylmagyna düşünip bolsa-da, logiki taýdan seredilende beýle baglanyşyk bilen ylalaşmak mümkin däl. Gürrüñi gidýän kärdeşim soñ meniñ bilen şu boýunça bir pikire geldi. Şol bir wagtyñ özünde ofiser bolup 1948-nji ýylyñ urşuna gatnaşanyndan bäri Abdynasyryñ ruhunda palestin ýarasynyñ syzlap ýörendigi babatda-da pikirdeş bolduk. Abdynasyryñ öz gözleriniñ we beýleki müsürli hem-de arap ýurtlarynyñ harby gullukçylaryñ gözleriniñ alnynda bir Arap ýurdunyñ elden gitmeginiñ tragediýasyny başdan geçirýärdi. Palestin meselesiniñ Müsüriñ Arap dünýäsi boýunça ýöredýän syýasy ugurlarynyñ we halkara pozisiýalarynyñ düýpli halkalaryndan biri hökmünde nähili şekillenendigine soñ düşünildi. Bu ýagdaý Suweýş kanaly konflikti bilen başlan we Jemal Abdynasyryñ Müsüri Günbataryñ täsirine boýun egdirme synanyşyklaryna jogap hökmünde kanaly millileşdirmek (döwlet eýeçiligine geçirmek) karary bilen tizleşipdi. Yzyndan 1956-njy ýylda Suweýş urşy turdy. 1967-nji ýyla gelinende bu çaknyşyk 5-nji ýylyñ iýun urşy bilen ýetjek derejesine ýetdi we Arap dünýäsiniñ ymykly ýeñilmegi bilen gutaryp, Müsüriñ, Siriýanyñ, Iordaniýanyñ ýerleriniñ ep-esli böleginiñ basylyp alynmagyna getirdi. 1948-nji ýylyñ Nekbe ýarasy Abdynasyryñ kalbynda hiç bitmejek ýara bolsa, 1967-nji ýylyñ ýeñlişiniñ ýarasy dömüp bilmän ýatan iriñli çybandy. Bu ýara dura-bara bitişenem bolsa, onuñ goluny-ganatyny döwmek bilen çäklenmedi, şol bir wagtyñ özünde lider hökmünde at-abraýyny-da zaýalady. Jemal Abdynasyr 53 ýyl öñ aramyzdan göçüp gidenem bolsa, özüni görmeýän, eşitmeýän we belki-de, ýeterlik bilmeýän nesilleriñ arasynda-da oñyn ýa-da bioñyn ýagdaýda bardygyny hemişe syzdyrdy durdy. Bekir UWEÝDA. Ýekşenbe, 01.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |