09:27 Sozuk medeniýet we çemeleşme | |
SOZUK MEDENIÝET we ÇEMELEŞME
Publisistika
Sozuk bähbitler prinsipi elmydama utýar we köplenç adalatdyr hakykat mantygyny aradan aýyrýar Üstümizdäki Zülhiçje (Gurban) aýynyñ birinji ongünlüginde "Şarkul-Awsat" gazetiniñ käbir žurnalistleriniñ (atlary agzalmaga mätäçlik duýulmajak derejede meşhur) makalalarynda haj möwsüminiñ we haj parzynyñ atmosferasyny bozmaga synanyşýan garaniýetli toparlaryñ synanşyklaryndan söz açýandygy ünsümi çekdi. Awtorlar berjaý edilýän dini parzlara syýasy pygyllary bulaşdyrmak atkaly uly yslamy ýygnanyşygy bulamagyñ howpy barada aýdýardylar. Şonsuzam hemmeler bu dini amallary göwnejaý berjaý etmegiñ, ybadatlaryñ edilýän ýerlerinde bolunan wagtynda edepsizlikden, dawa-jenjelden, goh-galmagaldan we ahlaksyzlykdan gaça durmak bilen amala aşjagyny gowy bilýär. Şunuñ bilen baglanyşyklylykda gazetiñ žurnalistleri bilen Saud Arabystanynyñ ýa-da daşyndaky beýleki gazetlerde çykyş edýänleriñ her ýyl dünýäniñ çar künjünden musulmanlaryñ haj parzyny berjaý etmek üçin gelýän haj möwsüminde käbirleriniñ öwran-öwran pitne çykarmaga edýän synanyşyklaryndan el çekmezligi üstünde durup geçmegiñ gerekdigine ilkinji gezek ýüzlenilmeýändigini aýdyp bolar. Bu boýunça täzelik ýok we agzan makallarymyñ awtorlarymyñ meseläniñ üstünde dogry durup geçendikleri, hasam beteri meseläniñ taryhy çuñlugyna inmegi başarandyklary-da hakykat. Aýratynam, haj möwsümini syýasylaşdyrmaga gönükdirilen bular ýaly pygyllaryñ gaýtalanmagynyñ dini her daýym bilgeşleýin ýoýýan we ony belli syýasy ugra gyşardýan çaýşyk çemeleşmäniñ praktikasydygy hakykaty bilenem badaşýandygyny aýtmak mümkin. Menden öñ şu temada ýazanlaryñ makalasynda aýdylan zatlara özümden täze goşjak zadym ýok. Emma ýaş nesillere has köp maglumat berme merkezini döretmegiñ haj möwsüminde ýa-da başga ýerlerde din bilen syýasatyñ garyşdyrylmagyna ýol berýän pikirleri öñe sürýänleriñ aýdýanlaryna ynanmagyñ howpuna ünslerini çekmegiñ gerekdigini nygtap, başgalaryñ garaýyşlaryndan peýdalanmak peýdaly bolup biler. Dürli jemgyýetlerde praktikada amal edilýän hakykat çaýşyk düşünjeleriñ şonsuzam sistematiki taýdan agalyk sürýän medeniýetiñ görnüşidigini açyk görkezýär. Munuñ özi dürli meseleleriñ üstünde durup geçmekdäki tapawutlylyklarda we Ukrainadan Palestina, Sudan uruşlarynyñ tragediyalary, Günorta-gündogar Aziýadaky güýç söweşi we Hytaý deñizine çenli sebäpleri, dörän ýerleri nähili bolanda-da, haljara çaknyşyklara dahylly çapraz pozisiýalarda açyk-aýdyñ görülýär. Düşünjeler birden köp ölçeg bilen ölçelip, sozulmadyk bolsa, birnäçe urşuñ soñlanmagy we ençeme ýyllap bigünä raýatlara çekdiren ejirleriniñ duruzulmagy mümkin bolup bilerdi. Sozuk bähbitler prinsipi elmydama utýar we köplenç adalatdyr hakykat mantygyny aradan aýyrýar. Hasam beteri yzygiderli we dürli formalarda täzelenen sozuklyk käbir adamlara ýagdaýlaryny düzeltmegi kynlaşdyryp biljek derejede täsir edýän ýaşaýyş-durmuş formasydyr we köplenç ýagdaýda munuñ täsirleriniñ ýüküni maşgalalary çekýär. Makalanyñ giriş bölegine dolanyp geler bolsak, Saud Arabystany patyşalygynyñ ýolbaşçylarynyñ we ygtyýarlylarynyñ hajylaryñ ybadatlaryny añsat we howpsyz ýagdaýda berjaý edip bilmekleri üçin her ýyl nägadar adatdan daşary tagala edýändikleri ýakyndan we uzakdan synlap duran hemmelere äşgär. Şu ýyl bolşy ýaly, mundan öñki ýyllaram şeýle boldy we öñümizdäki ýyllaram şeýle bolar, enşalla! Munuñ geñ galar ýaly ýeri ýok, çünki Allanyñ myhmanlaryny garşylamaga, "Haremeýni-Şerifeýne" hyzmat etmäge borçularyñ jogapkärçilikleriniñ möhüm parçasydyr we muny iñ ýokary derejeli jogapkärçilik bilen ýerine ýetirýärler. Bekir UWEÝDA. Penşenbe, 20.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |