15:56

Futbol boýunça dünýä çempionaty we Kataryñ nyşana alynmagy

Sport we turizm
Категория: Sport we turizm | Просмотров: 441 | Добавил: Gökböri | Теги: Bekir Uweýda | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Sport we turizm bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 6
0
1 MURGAP  
1401
2018 DÇ Belgiýa-Brazilýa oýnuny stadiondan görmek nesibede bar eken. Türkmen futbolçylary şeýle ýaryşlara gatnaşmagyny dileg edipdim. Iñ añrybaş tomaşa DÇ stadionyñ içinden syn etme bolsa gerek.

0
2 Haweran  
411
Käbir dindar adamlar bar, käbir yñdarma dindarlardan tapawutlylykda aýdym-sazly we arak-şerap berilýän toýlara-da barýar, özleri içmese-de, köpüñ iýip-içip oturan stolynda-da oturýar, iýibem-içýär. Hiç kime señriginem ýygranok, hiç kime halamazçylyk edip dilinem ýetirenok. Her kim öz edýänje keýpi bilen meşgul.
A munuñ tersine käbirleri (meselem toý edýän garyndaş-doganynda, tanyş-bilşinde) bar: aýdym-sazsyz (molla toý) üýşmeleñ etse, toýunda arak-şerap bermese, "toýuñyza barjak däl" diýip bulanyp, ýa-da barsa-da toý eýesine azar ýamanyny görkezip bilýär. Ýa-da bütin bularyñ tersine, arakdan gerk-gäbe bolup, baran ýerini bulap ýörenlerem az däl. Netijede, çenini bilip, keýpini sazlamak üçin bir gezek ýarym gezek urup, toýuñ mazasyny görjek bolýan gowy adamlaryñam iýenini burnundan getirýärler.
Garaz: "Ýer ala, ýurt ala. Ýer gaty bolsa, öküz öküzden görer" diýleni-dä. Umuman, käbir öte dindarsyraýanlarda özi ýaly ýaşamaýanlary äsgermezlik, hatda musulman hasaplamazlyk, käbir çüýşä aşa göwün berenlerimizde-de hakyky dindarlarymyzy sylamajak bolmak, pitjiñ atjak bolma duýgulary agdyklyk edýär.
Her kimiñ öz pikirine (toýunda aýdym-saz etdirjegi ýa etdirmejegi, arak-şerap berjegi ýa bermejegi hakdaky gelen netijesine) hormat goýup, şoñ pikirine utgaşykly toýa gatnaşmak, il bolmak, şatlanmak kyn bolarly...

* * *

Katarda çempionat geçiriljekmiş diýlende, şeýle zatlaryñ boljagyny çaklapdym.
Ýeri syrpyruşam ekeniñ-dä (bolup geç, bolman geçen!), muny mazamlamak üçin LGBT baýdagynyñ suraty çekilen köýnekçäñizi ýa-da öz bolgusyz ýaşaýyş-durmuş formañyzy on müñlerçe adamyñ öñüne çykyp güjeñlemek, bir musulman ýurtda, arap-musulman jemgyýetinde hökmanmyka? Ýa-da spirtli içgileri içmegi haram hasaplaýan jemgyýetiñ ortasynda lülgammar asmana bökmek gerekmi? Syrtpyruşam bolsañyz, näçe arak-şeraba meýillem bolsañyz, muny Katara gelip düşen oteliñizde, ýapyk gapyñ añyrsynda etseñiz, içseñiz bolanokmyka? Ýaryş gutarýança, birje aý - öýüñize gaýdýançañyz syrtyñyzy petikläp we köçä çykyp serhoş entemän gezeñizde janyñyz takga çykyp ölýäñizmi, gurrumsaklar!
Özüñize hormat goýulmagyny isleýäñiz, Siz näme üçin başgalaryñ kabul etmeýän ýaşaýyş-durmuş formasyna (onda-da olañ ýurduna-öýüne baryp!) jort atýañyz?!..
Bärde aç-açan prowokasiýa, ýürek bulama bar. Başga hili netije çykarmak mümkin däl.
"Bidöwleti baga salsañ,
Gül-bakjaña har getirer" - diýleni-dä...
Aslynda Katar ýaly kiçijik ýurda dünýä möçberindäki bular ýaly uly ýaryşy geçirmegiñ geregi ýokdy welin, özleri gowy bilýändir-dä...

0
3 MURGAP  
1401
Halypa örän dogry etdiler Katar ýurdy. Goý bilsinler, sapak bolsun musulmanyñ şeyle kiçi ýurdynyñ dünýa derejesinde iñ uly, jogapkarli çäräni geçirmäge (onda-da añrybaş derejede) ukyplydygyny.
Hiç bir öz wejeralyklarnyñ musulman dünýäsinde kabul edilmejegne (indikide agzyn ýapyp däl, s..tyn açyp surata düşseler-de) gözleri ýetsin.

0
4 Sergezzan  
707
Kataryň ýüze tutar ýaly oýny ýok, entek läheňleriň urewenindäki topar däl. Entek howlukmaly daädi, birneme kämilleşip, soňra FIFA ýaryş ücin teklip etse-de bolardy. Öyünde nol oçko bilen tamamlamasyny, özleri ücin kemsitme hasaplayan öžüm'ä. Näme oynayany belli dal gopdygaymaklar, topar bolup küşt depyan yaly.

0
5 yalnyzozi660812  
1367
@Sergezdan. Эгер, говы ойнаян, говшак ойнаян дийип ярышларын гечмели ерини сайламалы болса, онда дине Катар дал, башга-да коп юртлар кыямат ахыр болянча-да оз юртларында ярышы гурнап билмездилер. Сонкы йылларда футбол сыясатчыларын ойнуна оврулди. Мысал, ГАР-да 2010-нжы йылда болан чемпионаты алып горели. Гунорта Африканын шол довурлердаки президенти коп йыллар ФИФА дан хайыш эдип, ялбарып ахыр сонунда-да разылык алды. Ол юрдун командасам сенин дийшин ялы "йузе тутар ялы'' оюн горкезип билмеди. За-то оз юртларында улы спорт байрамчылыгнын гечирлйанне монча болдылар. Катар барада-да шуны айтмак болар.. ФИФА нын кетделеринин бири Катарлы болансон, булар "бал тутан бармагыны ялар'' эдип, бу мумкинчиликден дурли ёллар бн пейдаландылар. ФИФА, УЕФА ёлбашчыларынам ырмагы башардылар.. Катар Азия юрды. Байлыгы етик. 2018- де Россияда гечсе, Катарам Ближный Восток болса-да.. сагат гушагы Москва билен ден. Европаданам гаты узакда дал.. Ине шейлерак фактларам шол вагткы футбол чиновниклеринин гозуни башыны айлады. Австралия ялы ерин о четиндаки юрда гидип ойнанларындан голайрак ерде ойнанларны кем гормедик азы яран европа юртларам муна гаршы болуп дурмадылар. Галан затларам сыясатчылар алып чыкдылар. Гызыклы оюнлара гидйар, наме болса-да..

0
6 Ependi  
284
FIFA - diýilende, kelleagyry mesele, öňem birgiden adam gitdi wizýatkada, şu wagtam tutup bilmän ýörler köpüsini, dokazat edip bilmän. Ýerligi Şweýsariýada ýerleşýär. "Sport üçin ýol açykdyr mydama!" - diýip, ruslar-a aradan çykardylar. Bolýamy şol?
Geçeli. Düýnjük Amerika - Eýrany 1-0 utup 16/8 finala çykdy. Baýdeniň TW öňünde tans edişini synlan barmy? Eýrany uruşda ýeňen ýaly boldy. "Biz Eýran ýalylara şeýle göz görkezeris!"... Fu-u-u... Erkin sport bolaýşyny...

Çary Meredowyň (murgaply wäşiler) bir oýny ýadyma düşdi, teatra bir gömük biri artistlige gelýär-de, başlygynyň ýakasyndan ýapyşýar:
- Dädem salam aýtdy!
- Ýürege düşdüň "dädem, dädem, dädem" diýip. Kim ol, tanamoga?
- Hol gün mugt arakdan içip, mellekaýaguçda gaýtaryp otyrdyň-a, agzyňa barmagyňy sokup. Eliňden tutup äkiden men-dä şol. Soňam hykgyldap "Sungat halkyňkydyr! Islän wagtyň gel ýanyma, işe özüm kabul edýän!" diýeniň? Erniňdäki wermişeliňem men süpürip berdim-ä!?...
- Boldy, boldy, köpçülikde aýdyp durmaly däl-how bu zatlary, hany çete çykaly inim...
Bulam şoňa barýar. Kataryň mugt urýan, birgiden emeldarsumak şeýhleri FIFA-ň işgärlerine pul baryny seçdiler. Soňlugy bilenem satyn aldylar. "Sungat halkyňkydyr..." Hany onda sport? Sport halkyňky dälmi? Ýönekeý raýat bolup dünýä özüni tanadyp gaýdýan ýaşlary bu gün ýa erte görmeli däl ahyryn, öňem göre-göre gelýän zatlary. Sport bilen syýasat, hersi aýratyn. Ýöne, şoňa-da akyly çatmaýanlar kän, entegem ýurt saýlap.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]