22:15 Baýdeniñ gyra çekilmegi we bulut illýuziýasy | |
BAÝDENIÑ GYRA ÇEKILMEGI we BULUT ILLÝUZIÝASY
Publisistika
Goñşym Neýl birdenkä "Şo buluda seretsene, asmandan geçip barýan pil ýaly bolup görünýär" diýdi. Goñşymyñ pikirine goşuldym, bulut az-kem pile meñzeýärdi. Birnäçe sekuntlyk sessizlik boldy, soñra özümi Donald Trampyñ Ak Tama barýan buludydygyny aýdyp durka dürsedim. Goñşym syýasata galtaşýan islendik gürrüñe hemişe garşy bolýandygy we gazetlere göz aýlanda diñe at çapyşyklary baradaky habarlar bilen gyzyklanýandygy üçin meniñ aýdýanlarym göwnüne ýaramady. Şonuñ üçin gaharlanjak boldy we nägilelik bildirip: "Bu idiotyñ pile näme dahyly bar?" diýdi. Goñşymyñ gödekligine şobada nägilelik bildirdim we diñe degişýändigimi aýtdym. Goñşumyñ bu sözi Respublikan partiýanyñ simwoly boýunça göz-görtele bilýän zadynyñ ýokdugynyñ üstüni açypdy. Bu simwolyñ geçmişi XIX asyra çenli uzaýar we "Noel baba" ýa-da "Sam akga" simwoly ýaly meşhur syýasy karikaturaçysy Tomas Nasta degişlidir. Has soñra Respublikan partiýanyñ simwolyna öwrüldi. Beýleki bir ýandan penşenbe gününiñ agşamy geçirilen we täç geýme dabarasyna meñzeýän Kongresde Trampyñ prezidentlik ýaryşyna goýan kandidaturasyny resmi taýdan makullady. Goñşym Neýl bilen aramda bolup geçenler Ak Tamda hökümet kürsüsinde oturan adam bilen gyzyklanmaýan adamlaryñ biperwaýlygyny görkezýärdi. Emma azlyk bolan bu adamlar ABŞ-nyñ prezident saýlawlaryna dünýäniñ iñ güýçli ýurtlarynyñ ýer ýüzüniñ ähli meseleleri boýunça kararlaryna gözegçilik edýändigi üçin metbugatdaky "dünýäniñ iñ güýçli adamy" kesgitlemesiniñ kime berilendigine üns bermegiñ gerekdigini duýanoklar. Munuñ bilen baglanyşyklylykda dünýädäki dolandyryş gatlaklarynyñ köplüginiñ ilkinji nobatda Wans bilen birlikse prezident Trampyñ ikinji döwür Amerikasynyñ hötdesinden nädip gelinjekdigi, ikinjidenem ikisiniñ içerki meseleleriñ nädip hötdesinden geljekdikleri boýunça dürli bolup biläýjek ähtimallyklara taýýarlanmaga başlandyklary ne-hä bir syr, ne-de geñ galdyryjy däl. Bular ýaly çemeleşmelere düşünip bolar, hatda geregem. Düşünip bolmaýan we hatda gülkünç ýeri käbir adamlaryñ asmandan geçýän bulutlara, hyýaly güýçlere görä şekilleri bermäge meñzeş illýuziýalara özlerini aldyrmagydyr. Munuñ bir mysaly prezident Jo Baýdeniñ prezidentlik ýaryşyndan çekilendigini mälim etmegini nädip birden köpleriñ Trampyñ ýeñişini gutarnykly saýmagyna getirenligidir. Hawa, bütin jemgyýetçiligi seljerip bilmegiñ respublikan kandidata demokrat garşydaşy Baýdenden has köp tarapdar gazandyrandygy dogry. Emma haýsydyr bir demokratik ýurtda kandidatlaryñ biriniñ beýlekileriñ garşysynda ymykly ýeñiş gazanjakdygyny aýtmagyñ logiki taýdan ylalaşyp bolmajak zatdygy-da dogry. Her saýlawda sýurpizlere garaşybermeli. Hasam beteri Kamala Harrisiñ kandidaturasy Demokratik partiýa tarapyndan tassyklansa ýagdaýlar düýpgöter üýtgäp biler. Bular ýaly anyk çaklamalary orta atmak futbol boýunça dünýä çempionatlarynda ýygyndy toparlaryñ üstünde pully jedele girme duzagyna meñzeýär. Taryhsa çaklamalaeyñ hakykatda illýuziýadygy orta çykanda köp adamyñ başdan geçiren sarsgyny barada gaty kän mysallary berip bileris. Şunuñ bilen baglanyşyklylykda Ysraýylda ekstremistik radikalizm bilen häsiýetlendirilen tarapyñ başyndan bäri Trampyñ ýeñişiniñ üstünde jedele girendigi belli we Binýamin Netanýahunyñ Baýdeniñ çekilmegi bilen garaşylýanlaryñ hasam güýçlenmegi tebigy. Emma bu partiýa we onuñ orbitasyndaky hemmeler palestin meselesiniñ, palestin halkynyñ we ykbalynyñ ha ol respublikan bolsun, ha-da demokrat, diñe amerikan prezidentiniñ çalyşmagy bilen aradan aýryljagyny pikir edýän bolsa, bu onuñ ötegçi bulutlar ýaly geldi-geçer ham-hyýallara özüni aldyrandygyny añladýar. Bekir UWEÝDA. Çarşenbe, 24.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |