20:05 Baýdeniñ täze ministriniñ asly siliwrili bolup çykdy... | |
BAÝDENIÑ TÄZE MINISTRINIÑ ASLY SILIWRILI BOLUP ÇYKDY...
Publisistika
Jo Baýden ABŞ-nyñ Içerki howpsuzlyk ministri wezipesine Alehandro Maýorkasy belledi. Bu ýagdaý ABŞ-nyñ taryhynda ilkinji gezek bolup geçýär. O nämäniñ ilkinji gezegi? Ýagny, Maýorkas häzire çenli apparatda ýer alan ilkinji sefarad jöhidi. Ýeri, Alehandro Maýorkas kim bolýar? ■ LAKAMY: ALY MAÝORKAS 1959-njy ýylda Kubada dünýä indi... 1960-njy ýyldan bäri ABŞ-da ýaşaýar... Kaliforniýada ýetişdi. "Bize näme?" diýmäñ... Gaty täsin habar bu. Çünki Maýorkas ata tarapdan sefarad-osmanly jöhitlerinden, ejesi bolsa asly rumyniýaly aşkenaz jöhitlerinden. Geçen asyryñ ýigriminji ýyllarynda täze kontinente göçüp barýarlar.... Göçmezden öñ onuñ ata-babalary tegelek bäş asyrlap Siliwri taraplarda ýaşapdyrlar. Täsin aýratynlygy bar. Mundan 500 ýyl öñki döwürden söz açýarys, şoña görä baha beriñ: osmanly dilinde MaýorKas “C” däl-de, “K” harpy bilen ýazylýar… Maşgala häzirem familiýasyny asyl durkunda (osmanlyça) ýazmagyny dowam edýär. Maýorkasyñ ýaşlygy Miamide geçýär. Miamide häli-häzirlerem türk-sefarad sinagogy işleýär. Çagalygyndan bäri deñ-duşlarynyñ we dost-ýarlarynyñ oña dakan bir lakamy bar: Aly Maýorkas. Näme etsekkä? 2021-nji ýylda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryñ çäginde borekas ýa-da keftikas hödür-kerem edäýsekmikä, Ala?... Bir peýdasy degermikä, Türkiýä? Halit KAKYNÇ. 29.11.2020 ý. Odatv.com | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |