15:07 "Ynsaýmyn" näme, bilýäñizmi? | |
"YNSAÝMYN" NÄME, BILÝÄÑIZMI?
Geň-taňsy wakalar
24-nji fewraldaky ýazgymda “Sizden iññän möhüm ylmy barlagyñ meselesi barada soraýaryn” diýipdim. “Bir ylmy kitabyñ üstünde işläp ýörün. Adyny geñirgenmegiñiz mümkin: YNSAÝMYN.” Ynsanyñ "ynsy"... Maýmynyñ "aýmyny". Ewolýusion hromosom taýdan alanda iñ ýakyn garyndaşymyz - ŞIMPANZE. Stalin döwründe SSSR-de başlap, ondanam ABŞ-na, Hytaýa, Angliý, Fransiýa ýaýran ylmy laboratoriý synaglary we tebigy taýdan munuñ pelsepewi jedelleri. Urkaçy maýmyn bilen erkek adam... Ýa-da erkek maýmyn bilen urkaçy adamyñ tohumynyñ we ýumurtgalygynyñ emeli ýoldan birleşdirilmegi arkaly täze jandary, täze jynsy döredip bolarmyka? Kitabymyñ şu sorag boýunça aýrylan bölümine pikirleriñizi ugradyp, muña goşant goşmagyñyzy haýyş edipdim. Sag boluñ, gelen pikirleriñ hemmesini ulandym. Ýazdym, kitaby tamamladym. Jogabyna garaşan soraglarym şulardy: - Bular ýaly zady etmek mümkinmi beri? - Etiki taýdan nähili problemalary dörederkä? - Dini gatlaklar bu üýtgeşmä nähili gararlarka? Pikirleriñize-de, uzyn bolsun, gysga bolsun, tapawudy ýok - idalist, teist, ateist diýmän, hemmesine artdyrman, kemmän, ýoýman ýer berdim. ■ STALİNDEN ABŞ-na Kitapda nämeler ýok... Stalin buýruk berýär: “Yeñilmezek ynsan jynsyny döretmegiñizi buýurýaryn... Agyry-yza duýmaýan... Añrybaş çydamly... Hem-de näme berseñ gaşyny çytman iýip bilýän iri mädeli...” Taryhyñ dili 1926-njy ýyly görkezende Ylymlar akademiýasy Politbýurodan şu görkezmäni alýar: “Janly we söweşjeñ jandar ýasamaly!” Özem bu işiñ hötdesinden ynsan bilen maýmynyñ gatyşygyndan “ynsaýmyn ýaly at berilmegi göz öñüne tutulan gibrid jynsyñ gelil biljekdigine ynanylýar. Stalin bu wajyp tabşyrygy Iwanowa ynanýar. Şol döwür üçin ullakan pul bolan 200 müñ dollarlyk çykdajyny-da gaznadan bölüp berýär. Tabşyryk ýerine ýetirilýär, emma netijesiz tamamlanýar. Iwanow diýilýän adam - hakyky alym. Ol Staliniñ gurmakçy bolýan gibrid goşunyndan zyýada, ewolýusion taglymat bilen gyzyklanypdyr. Ol adamlaryñ maýmyndan dörändigini subut etjek bolup jan edipdir. Maýmynlar adamyñ spermasy bilen tohumlandyrylsalar, netije nähili bordy? Işler şowuna bolan bolsa, göwreliligiñ neneñsi öñe gitmegine itergi berjekdigini bilemzok. Eger maýmyn-adam ýa-da adam-maýmyn gibridi döräýen ýagdaýynda iki esasy jynsyñ gatnaşygynyñ häzirki wagt çak edilşinden has ýakyn bolandygy subut ediljekdi. ABŞ hem muny resmi we resmi däl ýagdaýda häzirem amala aşyrmagyn kül-külünde, elbetde. Mysal üçin, "MIT Technology Review"-iñ habar bermegine görä, amerikan goşuny soñky döwürde Minnesota unuwersitetinde täze mahluk döretme maksatnamasyna 1.4 million dollar bölüp berdi. ■ AMALA AŞYRLAÝAN ÝAGDAÝYNDA… Geñ. Käbir alymlaryñ pikiriçe, bu iki jynsyñ jübütleşmesinden doguljak gibrid çagany öndürmek üçin hiç hili esas ýok. 1977-nji ýylda "Anatomical Record" žurnalynda makaki maýmynynyñ adamyñ spermasyndan göwreli bolandygy hakynda habar çap edilipdi. Käbirleri akyl-paýhasyñ diñe bir jynsa mahsus aýratynlykdygyny öñe sürýär. Bu pikire gol ýapsañ, eger iki akylly jyns bir wagtda orta çyksa, biri ahyrynda beýlekä basdaşlyk edip başlar we beýlekiniñ ýok bolmagyna sebäp bolar. Haýwanlaryñ ynsan derejesindäki akyl-paýhasa çenli beýgelmegine päsgel berip biljek hiç hili ahlak-moral gadagançylygy ýok. Bolubam bilmez... Ýöne haçanam bolsa bir wagt şolar ýaly ewolýusion üýtgeşme bolup geçse, olara garşy-da başga adamlaryñ aglabasyna rowa gören zulum-sütemlerimiziñ hasam beterini edermikä diýýän. Halit KAKYNÇ. 25.08.2020, Odatv.com | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||