10:26 Maradonanyñ tenindäki iki tatiurowkanyñ syry | |
MARADONANYÑ TENINDÄKI IKI TATIUROWKANYÑ SYRY
Sport we turizm
Hemmeler onuñ futbolda galdyran yzy barada ýazýar... Birem süpük neşekeşligini... Men bolsa Maradonanyñ hiç üýtgemedik rewolýusioner pozisiýasy barada söz açmaga synanşaýyn. Sag golunda Çe Gewara... Sol baldyrynda Fidel Kastro. “Men Argentinanyñ ogly we gahrymany - edil Çe Gewara ýaly!..” Ol bu sözler bilen özüni tanatmagy gowy görýärdi. Ömrüniń ahyryna çenli idoly Çe, iñ ýakyn dostu-da Kastro boldy. Diego Armando Maradona… Saýýaramyzyñ iñ populýar sportunyñ iñ saýlama wekilidi. Amanadyny tabşyranda ýañy altmyş ýaşyna giripdi. Mundan on ýyl öñ "Правда" gazeti onuñ bilen gürrüñdeşlik geçiripdi. Ol şonda elli ýaşyny belleýärdi. Futbol temasyndan berlen sowallara başdansowma jogaplary berdi.. Şeýle diýipdi: - Ynanyñ, bu babatda zerre şübhäm ýok. Men Argentinanyñ ogly we beýik göreşijisi hökmünde nusgalyk gahrymanym Çe Gewaradyr. Bilşiñiz ýaly, oña-da dönüklik etdiler. Aramyzdaky tapawut - ol hakykatyñ ugrunda halkynyñ ýagty gelejegi üçin eli ýaragly göreşdi. Meniñ göreşim bolsa futbol meýdançalarynda... Takdyrymyz köplenç meñzeş diýen ýaly... Özüni çakdanaşa öwýänlere bolsa şu sözleri aýtdy: - Men beýik gahrymablaryñ ýanynda hiç zat... Legendar rewolýusioner Çe Gewara we dostum Fidel Kastronyñ ýanynda dagy adym tutulmaga mynasybam däldirin! Futbol žurnalistleri ýylyñ ýylyna jedelleşip ýördüler: "Pele has öñdemi ýa Maradona?" Maradona ilki bu baradaky çekişmeleri ýañsa alypdy: - Ejesi üçin-ä Pele gowy... Meñ ejem üçinem men! Ikitaraplaýyn ýañsy dowam etdi. Pele: - Gadyrdanlar, alnan netijeler üçin diñe Maradonany aýyplamañ... - diýdi. Maradona oña şeýle jogap berdi: - Iñ gowsy, Pele muzeýde goýulsyn we hemişelik şol ýerde galsyn! Maradonanyñ Fidel Kastrony hudaýa meñzetmegi, kubaly lideriñem legendar futbolça "Sportuñ Çe Gewarasy" diýmegine sebäp boldy. "El Pibe de Oro!" Ýagny, ýurdundaky lakamy "Altyn çaga". Diego Armando Maradona mundan 3 ýyl öñ Wenesuelanyñ "TeleSur" teleýaýlymyna beren interwýusynda ABŞ-nyñ prezidenti Donald Trampa-da diýjegini diýmekden çekinmändi: “Donald Trump barypýatan kukladyr!” Halit KAKYNÇ. Odatv.com | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||