22:19 Otuz dokuz ýyl öñ koronawirusy habar berdimikä? | |
OTUZ DOKUZ ÝYL ÖÑ KORONAWIRUSY HABAR BERDIMIKÄ?
Geň-taňsy wakalar
(Bütin dünýä bu kitabyñ gürrüñini edýär) Içerki we sosial mediýa çaýkanýar. Gowur koronawirusyñ üstünde turýar. Geñ. Meşhur amerikan ýazyjysy Din Reý Kunsyñ adyny eşdensiñiz... Ol biri kem kyrk ýyl mundan öñ "Tümlügiñ gözleri" ("The Eyes of the Darkness"/"Глаза тьмы") diýen kitap ýazýar. Bütin dünýä häzir bu kitabyñ gürrüñini edýär... Çünki, Kuns koronawiusyñ habaryny berýär bu eserinde. Üstesine onuñ ilkinji çykan salgysy bilen bile... Özem baryp 1981-nji ýylda... Kitapdan bir jümle: “Hytaý… Uhan şäheri… Bir wirus orta çykýar… Harby laboratoriýada biologiki ýarag hökmünde taýýarlanan wirus hakda gürrüñ gidýär. Adamlary täsiri astyna alyp, adam bedeniniñ daşynda ýa-da 30°-dan has sowuk şertlerde ýaşamaýar.” ■ AWTOR BU GEZEK OKYJYLARYNY RUSLARYÑ DÄL-DE, HYTAÝLYLARYÑ ÜSTÜNE GÖNÜKDIRÝÄR Koronawirus "Sowuk uruş" döwründe tapylan wirusyñ görnüşi. Onuñ dem alyş ýollary arkaly ýokuşyp, ölüm bilen soñlanýan howply ýokanç keseldigini şol wagtlaram bilýärdiler... Emma wirusyñ öldüriji görnüşde ýaýylmagy XXI asyrda başlanýar. 2003-nji ýylda SARS ady bilen Hytaýdan Aziýa ýaýrap, ýüzlerçe adamyñ ömür tanapyny üzensoñ, gözegçilik astyna alynýar. "Arap baharyndan" soñra MERS ady bilen Arabystanda-da orta çykýar. Din Kuns 1981-nji ýylda çap edilen "Tümlügiñ gözleri" romanynda göýä häzirki koronawirus barada aýdýan ýaly. Awtor şol wagt kitaby Leigh Nikols ady bilen çykardypdy. Romanda SSSR-iñ paýtagty Moskwanyñ golaýyndaky Gorkiý şäherinde sowet hökümetiniñ biologiki ýarag öndürendigi we onuñ adyna “Gorkiý-400” goýulandygy ýazylýar. Emma Kuns romanyñ XXI asyrdaky täze neşirlerinde bu gezek okyjylaryny ruslaryñ däl-de, hytaýlylaryñ üstüne gönükdirýär. Bu gezek “Gorkiý-400”-iñ ýerini ýerini “Uhan-400” alýar. Alyñ, size, kitapdan birnäçe jümle: “…Şol günlerde Li Çen atly hytaýly alym ABŞ-na gaçyp gelipdi. Onuñ elindäki disketde Hytaýyñ on ýylda öndüren iñ howply täze biologiki ýaragy bardy. Bu madda Uhan şäheriniñ golaýyndaky gen klonlama laboratoriýasynda öndürilendigi üçin "Uhan-400" diýip at berdiler, ol bu laboratoriýada öndürilen dört ýüzünji mikroorganizmdi... "Uhan-400" täsin ýaragdyr. Ol diñe adama zyýan ýetirýär. Başga janly-jandara ýolukmaýar. "Uhan-400" hem edil siflis keseli ýaly janly adam organizminiñ daşyna çykan ýagdaýynda bir minutdan köp ýaşamaýar. "Uhan-400"-i göterýän beden ölende, mikrobam onuñ bilen bile ölýär. Ölen jesediñ ýylylygy 30°-dan pese düşende, "Uhan-400" hem ýitirim bolýar… …Hytaý bir şäheri ýa-da ýurdy ýok etmek islände "Uhan-400"-i ulanyp biler we soñra ele geçiren ýerlerini dezinfeksiýa etmegiñ zerurlygy galmaýar.” ■ ZAMANLAÝYN AÝDYÑGÖRÜJILIKMI ÝA GIZLIN INFORMASIÝAMY? Parapsihologiýada zamanlaýyn aýdyñgörüjilik (prekognitiw we postkognitiw) diýen ugur bar. Parapsihologiýanyñ bu şahasy geçmişdäki ýa-da gelejekdäki wakalary kabul etme (algılama, восприятие) bilen baglanşykly mysallary öwrenýär. Menem parapsihologiýa bilen az gyzyklanamok. Meniñ üçin-ä, bu ylym biderek pişe däl, fringe science – heniz ylyma öwrülip ýetişmedik ylma talaşgär ugur. Laboratoriýa şertlerinde gaýtalanmaýandygy, we şol bir şertlerde gaýtalap bolmaýandygy üçin parapsihologiýa iññän çylşyrymly we işi kyn ugurdyr. Şonuñ üçinem bu ugur boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işlerinde ýapa degmez toslamalar, kör ynançlar diýseñ kändir. Meñ pikirimçe-hä, Kuns we koronawirus aýdyñgörüşijiligiñ (öñdengörüjiligiñ) işi däl. Iñ soñky derejede anyk maglumat. Ýazylan wagty üçin ähtimallyk, häzirki wagt üçin gelinen netije (olgu, явление). Meniñ gözüme Din Kuns şol wagt üçin ýaşyryn bolan... has soñra herekete geçen-geçirilen kontrrazwedka mysalynyñ paş edijisi ýaly bolup görünýär. Halit KAKYNÇ. 14.03.2020, Odatv.com Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |