14:15 Stiwen Spilbergiñ gapbarçanaklar baradaky jogabynda gizlenen hakykat | |
STIWEN SPILBERGIÑ GAPBARÇANAKLAR BARADAKY JOGABYNDA GIZLENEN HAKYKAT
Geň-taňsy wakalar
Soner Ýalçyn soñky makalasynda “Saýýaramyzdan başga ýerde heniz bilinmedik janly-jandarlar barmyka?” diýen soragy orta atdy. Elbetde, bar, gadyrdan Soner. Nädip bolmasyn?.. Düýp-teýkarsyz älemde her gün 275 million täze ýyldyz dogýar ýa-da ýok bolýar. A älem? Iñ ýakynymyzdan başlalyñ. Bolmalysyndan artyk ýangyç iýmeýän gurat uçar bilen sagatda 900 km tizlik bilen Ýer togalagynyñ daşyndan aýlanmak üçin azyndan iki gün gerek. Hut şol tizlik bilen Güne baryp ýetmek üçin bolsa 19 ýyl gerek. Ýer togalagy bir ýylda bir gezek Günüñ daşyndan aýlanýar. Günüñ Akmaýanyñ ýoly galaktikasynyñ daşyndan bir gezek aýlaw etmegi üçin bolsa tegelek 225 million ýyl gerek. Açyk howada asmana seredenimizde köp bolanda 2500 ýyldyzy saýgaryp bilýäris. Diñe Akmaýanyñ ýoly galaktikasyndaky ýyldyzlaryñ sany bolsa mundan 80 million esse köp. Galaktikamyzda janly ýaşaýyşa ýaramly hasap edip boljak 40 milliard saýýara bar. Älemiñ diñe öwrenilen künjünde 2 trillion galaktika, her galaktikada-da azyndan 100 milliard ýyldyz bar. Älemiñ diñe ýarsy 48 milliard ýagtylyk ýylyna barabar. Onda azyndan 2 trillion galaktika bar. Her galaktikada ortaça azyndan 100 milliarda ýyldyz bardygy mälim. Käbir galaktikalarda bu san 400 milliarda ýetýär. Soñky ýyllarda geçirilen ylmy-barlaglar Akmaýanyñ ýolundaky ýyldyzlaryñ 200 milliarda geçýändigini anyklady. Astronom Dawid Kornreich tutuş älemde azyndan 10 trillion galaktikanyñ bardygyny çaklaýar. Her galaktikada Akmaýanyñ ýolunky ýaly ortaça 100 milliard ýyldyz bar diýip hasaplasal, ýyldyzlaryñ jemini mukdary şular ýaly görnüşde orta çykaryp bolar: 1,000,000,000,000,000,000,000,000. (1-iñ yzynda 24 sany nol bar.) ■ “EĞER BAR BOLSALAR… DIÑE ŞEÝLEDIRLER!” Sorag belli. Eger hakykatdanam bar bolsalar, kosmosdaky medeniýetlere duş gelen ýagdaýymyzda näme etmeli bor? Dostlarym, gapbarçanak (UNN - uçýan näbelli närse, ýagny, uçýan legenler) meselesi oýun-oýunjak mesele däl, çünki bu meselä meñzeş başga mesele ýok we bu älem ýaly çuññur we çylşyrymly temanyñ meselesi. Käbir gözegçilik habarnamalary bu barada kem-käsleýin maglumatlary bermänem duranok. Kimdir biri asmanda näbelli zada gözi düşenmiş ýa-da gören ýaly bolanmyş. Habarnamalarda muña güwä geçýän şaýatlar barmak büküp sanardan köp we dürli-dürli ýerlerde bolup geçýär. Maglumatlar kem-käsleýinem bolsa, netijede ortada fiziki hadysanyñ bardygy anyk, emma alymlar gapbarçanakly wakalara çynlakaý üns bermek islänoklar. Ýa-da şeýtmek olaryñ öz bähbidine. Görnetin "ýok" diýmek bolsa, bu boýunça ylmy düşündirişiñ öñüni ýapýar Ya da öle gözükmek işlerine gelir. Bu meselä ynanmazçylyk bilen seredýänlere-de hormatym bar, emma belli bir derejede. Meselem, muña mysal hökmünde psihologiýa ylmynyñ görnükli wekillerinden şweýsar psihiatry Karl Gustaw Ýungyñ muña bolan garaýşyny görkezse bolar: “Gapbarçanaklar biziñ göz öñünde janlandyrýan añdan daşgary ýa-da añasty fantaziýalardyr, ine, hut şoñ üçinem onuñ adama golaý aýratynlyklary bar. Ýagny, bolup geçýän hadysalar adamlaryñ hyýalynda janlandyrýan düşünje formalarydyr.” Bular ýaly pikir edýänleriñ pikiriçe, gapbarçanaklar adamlaryñ sosial kynçylyklara we dowamly erbetlige tarap barýan dünýä garşy psihologik taýdan toslanan halas ediji we teselli beriji düşünjelerden başga zat däl. Olara duş gelinen wakalardaky umumy meñzeşliklere näme diýjeklerkä onda: ýagny, regional we medeni aýry-aýrylyklara garamazdan birmeñzeş zatlaryñ gaýtalanyp durmagy... hem-de gapbarçanaklaryñ adamyñ güýji ýetmeýän aragatnaşyk serişdelerinde, has takygy, radarlarda görülmegi... ■ MUGJYZALAR WE YNANÇLAR Meniñ pikirimçe-hä, gapbarçanaklar, başga saýýaralylar bar we soñam boljak zat. Geçmişde jyn, peri, döw ýa-da mifologik barlyklar hökmünde orta çykan bolmaklary ahmal we birnäçe dini mugjyzalaryñ ýa-da ynançlaryñ düýbünde olar bar. Biziñ günlerimizde bolsa, gapbarçanakdyr başga saýýaralylar özgeren medeniýete we edebiýatyñ ylmy-fantastika žanryna utgaşdyrylyp öwrenilýär. Bu ýakynlygyñ psihologiki tarapy bar. Hem-ä durmuşyñ kynçylyklaryndan gaçylýar, hemem soñsuz älemiñ öñündäki ejizligimiz we gorky-howatyrlarymyz beýan edilýär. Meşhur kinorežissýor [b]Stiwen Spilbergden gapbarçanakly we başga saýýaraly “Üçünji jyns bilen ýakyn gatnaşyk” kinofilmini surata düşürenden soñ, ondan kinofilmi nädip beýle hakykata golaý we ynandyryjy düşürip bildiñ diýip sorapdyrlar. Iñ gyzykly soragam, onuñ bu boýunça amerikan hökümetiniñ goldawyny nädip alandygydy. Spilberg gülümsiräp, MTV-de beren interwýusynda şeýle jogap beripdi: “Bu kinofilmde käbir ownuk jikme-jikliklerden başga hemme zat çyn bolup biler. Hemme zat mazaly oýlanyp-ölçerilip, maslahatlaşylyp edildi we eger olar bar bolsa, diñe şular ýalydylar…” Halit KAKYNÇ. 31.05.2020, Odatv.com | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||