11:47 Baýlyk | |
Halkyñ hazynasyndan
Halk döredijiligi we rowaýatlar
▶ BAÝLYK Bir daýhanyñ iki sany ogly bar eken. Olar: - Ata, biz dünýä aýlanjak, rysgal-döwletimizi agtarjak, bagtymyzy synap görjek, başarmasak, gallaç galsak, geleris. Seniñ ýoluñy dowam ederis - diýip, obadan başyny alyp çykyp gidipdirler. Allanyñ gudraty bilen bularyñ öñünden ýagşyzada çykypdyr: - Oglanlar, siz bir döwletli daýhanyñ çagalary, näme dileseñiz diläñ, bitirmek biz bilen - diýipdir. Oglanlaryñ bedew atlysy: - Ýaşuly, tañryýalkasyn, men dünýä dileg edip, günümi dolamaga gelemok, kelläm bar, süññüm sagat, har bolsam, garagym çyksyn - diýipdir. - Bar, ýigit, Alla işiñi oñarsyn! - diýip, ýagşyzada oña ak pata beripdir. Doganlaryñ ýabylysy: - Ýagşy duşduñyz. Men bütin ömrüme atam ýaly sermenip ýörmäýin. Baýlyk bereweri - diýipdir. - Bolýar, ynha, şu derýadan geç, dagyñ gowagyna bararsyñ weli, bir derweze bardyr. Şol derwezäni aç-da, al baýlygy - diýip, goluna açar tutdurypdyr. Soñra-da: - Menden saña sargyt-öwüt bolsun, baýlyk almaga barañda, hergiz esasy zatlary unudaýmagyn! - diýipdir. Baýlygyñ nirededigi anyk aýdylansoñ, gije-gündiz baýlygy arzuwlap ýören ýigit onuñ öwüt-ündew bererine garaşar durarmy, ol eýýäm geýimlerini çykaryp, açary agzyna dişläp, derýa urup, hanha ol kenardan çykyp barýarmyşyn. Ol ýigit ýagşyzadanyñ aýdyşy ýaly, gowaga barýar, derwezäni açýar. Görse, gowagyñ içi durşuna baýlyk bolup ýatyrmyş. Hany, indi bu çaşyp ýatan baýlyklary alyp gitmäge halta, çuwal! Şonda ýigit esasy zady unudandygyny bilip galýar. Her hal ol owurdyny, goşawuçlaryny altyndan dolduryp, derwezeden daşa çykypdyr. Soñra ýañadan içine girjek bolupdyr. Emma derweze ýapylypdyr. Eýýäm onuñ ýanynda häzir bolan ýagşyzada: - Şojagaz baýlygyñ bilen oñmaly bolarsyñ, ýigit! Sen üç sany esasy zady ýadyñdan çykardyñ: birinjiden, hiç bolmanda, näçeräk almalydygyny pikir etmelidiñ, ikinjiden gap alman girdiñ, üçünjiden, bir gysym altyny aljak bolup, baýlygyñ açaryny alman çykdyñ! - diýip ýitirim bolupdyr. "Kanagat baý eýlär, nebis har eýlär" - öz zähmetiñ süýjüligi başga. Ol ynsany bagtly edýär. Ahyry soñunda maksat-myradyna ýetirýär. Birden ähli zadyñ eýesi bolmak islegi bolsa şol arzuwlygyna galýar. Mähriban GELENOWA, Halkara gatnaşyklary institutynyñ mugallymy. #garagum | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |