19:52 Patyşa we deňiz guşy / tymsal | |
PATYŞA WE DEÑIZ GUŞY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Gözýetime çenli uzalyp, aňyrsy-bärsi görünmeýän deňizde ganatlaryny ýaýyp, uçmagy halaýan çarlak bar eken. Günlerde bir gün deňizde gaý-tupan turup, asman hem öz reňkini üýtgedip, dünýäni garaňkylyk gaplapdyr. Şol pursat deňizde uçup ýören çarlak öz mekanyny tapyp bilmän ýolundan azaşypdyr. Öz ýurduny tapmak üçin uzak uçupdyr. Emma azaşaňsoň, barýan ugruňy bilmän uçdugyňça, mekanyňdan daşlaşmagyňam mümkin, bu belli ahyryn. Çarlak hem uça-uça kiçijik, ýöne gala diwarlary örän beýik we berk şäheriň daşynda, bir daşyň üstüne gonupdyr. Bu berk diwarly gala-şäher deňizden örän alysda ýerleşýän eken. Bu şäheriň ýaşaýjylary hiç wagt uly deňzi we inçe ganatly, kümüşreňk ýelekli çarlagy görmändirler. Şonuň üçin biziň azaşan guşumyzy üýtgeşik guşdur öýdüp tutupdyrlar. Tutubam patyşalaryna sowgat etmek üçin köşge alyp barypdyrlar. Patyşa-da guşy görüp, haýran galypdyr we şeýle üýtgeşik zada eýe bolanyna örän begenipdir. Iň rehimdar emeldarlarynyň birine çarlagy idetmegi tabşyrypdyr. Ýaňky emeldar uly hormat bilen çarlagy öz gözegçiligine alyp, oňa içer ýaly şerbet, goýun soýduryp kebap taýýarladypdyr. Patyşanyň buýrugy bilen çarlaga altyndan kapasa ýasadypdyr. Bagşy-sazandalary çagyryp, guş dynç alanda diňlär ýaly, iň ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirdipdir. Emma çarlak barha tapdan düşüp, başyny galdyrmaga ysgyn-rowgaty galmandyr. Uzakly gün boýnuny burup ýatyp, köp wagt geçmänem ölüpdir. «Onuň alyhezretlerine bu pajygaly habary nädip ýetirsemkäm?» diýip, emeldar köp oýlanypdyr. Patyşa bu guşy biçak gowy görsede, bolan işde öz emeldaryny asla günäkär hasaplamandyr. 0l diňe bir zada düşünip bilmändir — näme üçin guş şeýle hormat etselerem, hiç zady gaýgyrman aladasyny etselerem, ölüp ýatyberdikä? Bu wakadan soň gün yzyna gün, aý yzyna aý geçipdir. Bir uly deňziň aňyrsyndaky ýurduň patyşasy ony öz ýurduna myhmançylyga çagyrypdyr. Çakylyk patyşanyň göwnünden turupdyr, ony kabul edipdir. Şeýdibem ömründe ilkinji gezek uly gämä müniip, deňze çykypdyr. Patyşa tolkun atyp ýatan, aňyrsy-bärsi görünmeýän gök deňzi haýran galyp synlapdyr. Tolkunlaryň ýüzünde gün şöhlesiniň towsuşyna seredip hem deňziň çuňlugy barada pikir edip durka, birden altyn kapasasynda ölen öz guşuna meňzeş guşlary görüpdir. Olar şeýlebir ganat ýaýyp uçýardylar, misli deňizden göterilen tolkunlar ýalydylar. Olar birdenem deňziň tolkunlaryna tarap bat alyp gaýdýardylar-da, deňze çümen ýaly edip, çüňkleri kiçijik balykly suwdan çykýardylar. Muny gören patyşa öz guşunyň iýmän-içmän näme üçin ölendiginiň sebäbine düşünipdir. Hytaý dilinden terjime eden Mähriban Gelenowa. Ýalta ýaby we janypkeş eşek Gadym zamanlarda bir adamyň ýabysy bilen eşegi bar eken. Ýabysy bet gylykly hem ýalta, eşegi bolsa hoşgylaw, zähmetsöýer eken. Bir gün bu adam şähere däne äkitmeli bolupdyr. Ýabysyndan eňeginiň dynmajagyny bilensoň, ol däneleriň ählisini eşegine ýükläpdir. Arkasyna ýeke halta-da atylmadyk ýaby örän ýeňillik bilen, dikgirdäp barýarmyş. Eşek bolsa agyr ýükden ýaňa derrew ýadapdyr. 0l: — Agam, haýyş edýän, maňa kömek edäý-dä, men örän ýadadym! — diýip, ýaba ýüzlenipdir. Özüne «aga» diýilýänini eşidip, ýaby has hem ýeňil gopup barşyna, kellesini yza aýlap, pähimdarlyk görkezip, owadan-owadan gürläp, ýoluny dowam etdiriberipdir. Ýadawlygyndan aýaklary sandyrap başlan eşek: «Ýaby dost, barja ysgynym gaçdy. Sen meniň ýoldaşym ahyryn, kömek edäýdä!» diýip, her näçe ýalbarsa-da, atyň asla azaryna-da dälmiş. Häli-şindi: «Öňe! Sen mertsiň, öňe!» diýip gaýtalaýarmyş. Emma eşek agyr ýüke hötde gelip bilmän, ahyry ýanyny ýere beripdir. Muny görüp hojaýyn eşegiň arkasyndaky däneli haltalary ýabysyna ýüklemäge mejbur bolupdyr. Arkasyna halta yzyna halta urulýan ýaby: — Gadyrdan hojaýyn, bu ne beýle agyr? — diýip, hojaýynyna ýüzlenipdir. Onda hojaýyn: — Agyram bolsa, eşek mundan artyk çydajak däl. Indi ýüki ýeke özüň götermeli bolarsyň — diýipdir. Etjek alajy ýok, ýaby ýoluň galan agramly bölegini arkasy ýükli geçmeli bolupdyr. Geçdigiçe-de eşegiň ýöne ýere zeýrenmändigine düşünipdir. Yola düşmänkäler, ýüki eşek bilen deňje bölüşen bolsa, eşegem ýadap ýykylmazdy, özem bu güne düşmezdi. Hytaý dilinden terjime eden Mähriban Gelenowa. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |