07:42 Belentden uçýan algyr | |
BELENTDEN UÇÝAN ALGYR
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
"Türkmen Oguznamalary – bu beýik taryhy eserler, ajaýyp türkmen dessanlary, gaýtalanmaz şygryýet, türkmen sopuçylyk pelsepesi, çuňňur türkmen sazy – bu ruhy gymmatlyklaryň baryny türkmen müňýyllyklaryň dowamynda döredipdir. Şeýle ruhy gymmatlyklaryň taryhy durmuş bilen baglanyşyklylykda manysyny açmak, olary türkmeniň taryhy ýaşaýyş ukybynyň ýüze çykmasy hökmünde düşündirmek zerur işdir. Bu diňe bir ata-babalarymyzyň taryhy belentligini we şöhratyny dikeltmek üçin däl, eýsem, beýik geljegimiziň esasy hökmünde aňlamak üçin hem zerurdyr." Beýik Saparmyrat TÜRKMENBAŞY Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ähli ugurlar boýunça batly gadamlar bilen röwşen geljege barýar. Bu halk hojalygynda-da, ylym we medeniýetde-de äşgär görünýär. Garaşsyzlygyň sanlyja ýylla- rynda türkmeniň ýoýlan taryhyny, harlanan däp-dessuryny, kemsidilen dilini dikeltmeklikde asyrlara barabar iş edildi. Mukaddes Ruhnamanyň milli miras taglymatlaryny özlerine ýörelge edinen mirasy öwrenijiler türkmeniň şöhratly we buýsançly geçmişini öwrenmekde we halka ýetirmekde önjeýli işleri durmuşa geçirýärler. Türkmeniň taryhynyň, edebiýaty- nyň, medeniýetiniň we sungatynyň täze sahypalary açylýar. Türkmen edebiýatynyň taryhyndan söz açylanda bolsa, onuň çylşyrymly, özboluşly taryhy bar. Bu çylşyrymlylyk onuň diňe bir uzyn taryhy ömründe ýa-da görnüşlerinde we beýan ediş usullarynda hem däl, eýsem türkmenleriň dünýäniň jemgyýet- çilik-syýasy durmuşyna ýetiren täsirleri bilen hem baglany- şyklydyr. Dünýäniň syýasy kartasynda musulman ýurtlarynyň dürli ýerlerinde onlarça döwletleri döreden türkmenler baran ýerle- rine diňe bir döwlet dolandyryş usullaryny, syýasy aňyýetini däl, eýsem özleriniň medeniýetini, edebiýatyny, sungatyny we däp-dessurlaryny hem ýaýradypdyr. Şonuň netijesinde türkmen medeniýeti, edebiýaty, sungaty we däp-dessurlary dürli halk- laryň medeniýetine, edebiýatyna, sungatyna we däp-dessurla- ryna öz täsirlerini ýetiripdir. Öz nobatynda täze ýurtlarda, täze döwletlerde ornaşan türkmenleriň medeniýetine, edebiýatyna, sungatyna we däp-dessurlaryna baran ýurtlarynyň medeniýet- leri, edebiýaty, sungaty, däp-dessurlary hem täsirini ýetiripdir. Şeýlelikde, türkmen medeniýetiniň, edebiýatynyň we sunga- tynyň dürli şahalary emele gelipdir. Dogry, şol şahalaryň wagt taýdan dowamlylygy we dili dürli-dürli bolupdyr. Bu ýagdaý- laryň hemmesi öz nobatynda edebiýatyň taryhyny we nazarýe- tini öwrenijileriň öňünde täze-täze meseleleriň ýüze çykmagy- na getirýär. Edebiýat äleminde täze wekilleriň atlary peýda bolýar, edebi usullar, tärler ýüze çykýar. Ýagdaý orta asyr türkmen edebiýaty, has takygy XV-XVI asyr türkmen edebiýa- ty babatynda hem şeýledir. Bu döwür türkmen edebiýatynyň taryhynda entek türkmen okyjylaryna-ha däl, eýsem edebiýat taryhçylarynyň özlerine-de mälim bolmadyk şahyrlar, alymlar, edebiýatçylar gabat gelýär. Şeýle wekilleriň biri hem Patşa Hojadyr. Patşa Hojanyň çeper döredijiligini, edebi mekdebini, şahsy durmuşyny, XVI asyr Merkezi Aziýanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda onuň alymlar, şahyrlar, din we döwlet işgärler neberesiniň ornuny öwrenmek işi ylmy esasda yzygiderli ýola goýlanok. Dogrusy, türkmen alymlary Patşa Hojanyň alymlar- şahyrlar maşgalasy bilen baglanyşykly asla hiç zat etmedi di- ýen ýaly. Bu şahyrlar neberesi türkmen edebiýatynyň köpjilt- liginde hem ýatlanmaýar. Diňe şu setirleri ýazan «XVIII asyr türkmen poýemalary» atly kandidatlyk dissertasiýanyň üstünde işleýän mahaly Patşa Hojanyň Türkmenbaşy adyndaky Türk- menistan Milli golýazmalar institutyndaky1 2022-nji bukjada saklanýan «Gülzar» eseriniň üstünden baryp, şahyr hakdaky ilkinji maglumatlary türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynyň dolanyşygyna girizdi.2 Şondan soňra hem biz bu şahyr hakynda käbir maglumatlary halk köpçüligine ýetirdik.3 Dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty Ata Saryýewiň hem bu şahyr hakynda bir makalasy peýda boldy.4 Ine, türkmen alymlarynyň bu şahyr hakynda eden işleriniň bize mälimleri şular bilen tamamlanýar. Emma özbek alymlary Patşa Hoja bilen has irräk gyzyklanyp başlapdyr. Eýýäm 1928-nji ýylda özbek edebiýatçysy Fitrat «Uzbek adabiýoti namunalari» («Özbek edebiýatynyň nusgalary») atly ýygyndyda awtory anyk däl eserleriň hata- rynda şahyryň «Miftahyl adl» eserinden bölek ýerleşdiripdir.5 Şondan soňra özbek alymlary W.Zahydow6, I.Ahmedow1, M.Mirzaahmedowa2 dagylar bu şahyryň ömri we döredijiligi dogrusynda pikir ýöretdiler. Bu we beýleki alymlar Patşa Hoja we nebereleri hakyndaky esasy maglumatlary onuň ogly Hasan Nisarynyň (1516-1596) «Muzakkiril-ahbab» tezkiresinden al- ýarlar. Hasan Nisary bu eserini 1566-njy ýylda ýazyp gutaryp- dyr we ony Janybeg soltanyň ogly Isgender hana (1560-1583) bagyşlapdyr. Tezkiräniň golýazma nusgalary Sankt-Peterburg, Daşkent, Tähran, Berlin ýaly şäherlerde saklanýar. Onuň doly däl, ýagny, başyndan we ahyryndan birnäçe sahypasy ýyrtylan we XVIII asyrda göçürilipdir diýlip çaklanylýan bir nusgasy Golýazmalar institutyndaky 2930 belgili bukjada saklanýar. Nisarynyň tezkiresi gündogary öwreniş ylmynda belli derejede öwrenildi. Täjik edebiýatçysy K.S.Aýny3 «Tazkirai Hasani Ni- sori wa nushahoi on» atly makalasynda bu eseriň täjik edebi- ýatyndaky orny dogrusynda söz açsa, özbek alymy M.Mirzaah- medowa4 «Hoja» atly kitabynda tezkiräniň özbek edebiýatyny we medeniýetini öwrenmekdäki ähmiýetini nygtaýar. Bu eser rus alymlary A.N.Boldyrewiň5, A.T.Tahyrjanowyň6 hem ünsüni özüne çekipdir. Türkmen edebiýatyny öwreniş ylmy üçin tezkiräniň ähmiýeti aýratyn uly. Çünki şu tezkire arkaly XV-XVI asyrlarda ýa- şap geçen meşhur türkmen şahyrlary, alymlary, din we döwlet işgärleri hakynda takyk we ygtybarly maglumatlary bilmek mümkin. 250-den gowrak şahyrdyr-edebiýatçylar hakynda maglumat berýän bu eseriň hatymasynda (soňlamasynda) Nisa- ry öz ata-babalary, dogan-garyndaşlary hakynda maglumat berýär. Ýöne, gynansak-da, tezkiräniň Golýazmalar institutyn- daky nusgasynda eseriň ahyry, has takygy Nisarynyň öz ata- babalary hakynda berýän şejeresi ýyrtylyp ýitipdir. Şonuň üçin hem Nisarynyň tezkiresindäki şejeräni A.T.Tahyrjanowyň makalasyndan alýarys. Onda Nisarynyň şejeresi şeýle görnüşde getirilýär: Seýit Hasan Nisary ibn Seýit Patşa Hoja ibn Abdyl- wahhap Hoja ibn Süleýman Hoja ibn Ýahýa Hoja ibn Sadr Hoja ibn Täç Hoja ibn Abdylmälik Hoja ibn Mansur Ata ibn Arslan Bab.1 Hasan Nisary (Nisary – edebi lakam bolup, ol gurban bol- maklygy, pida bolmaklygy aňladyp, sopuçylyk akymy bilen birleşýär) öz tezkiresinde özlerini Seýit («Seýit» sözi aslynda arap sözi bolup, ol hojaýyn, aga, ýolbaşçy ýaly manylary ber- ýär. Şeýle hem Muhammet pygamberiň ýeke täk nesli – Patma atly gyzyndan önenlere hem seýitler diýlipdir) diýip atlan- dyrýar. Musulman dünýäsinde aýry-aýry şahslar özüniň dur- muşdaky orunlaryny berkitmek üçin, halkyň hormatyna myna- syp bolmak üçin özüni seýit, ýagny Muhammet pygamberiň Patma atly gyzyndan gaýdýan nesil hökmünde görkezmeklige çalşypdyrlar. Şeýle ýagdaýyň pars, täjik, arap, türki kowum- lardan dörän dini şahslar, şahyr-alymlar bilen baglanyşykly işlerde ýygy-ýygydan duş gelýändigi we onuň köküniň ylma mälimligi üçin bu ýerde gepi uzaldyp oturmagy artykmaç hasap edýäris. Ýokarky şejereden görnüşine görä, Hasan Nisarynyň kaka- sy Patşa Hoja bolup, ol hem Abdylwahhap Hojanyň ogludyr. Şu ýerde bir meseläniň üstünde durup geçmek isleýäris. Hasan Nisarynyň tezkiresinde beren şejeresine görä, ol 9 arkadan soň Arslan baba, ýagny, Hoja Ahmet Ýasawynyň ylym-edep ussa- dyna birleşýär. Ylymda bir arka 25 ýyl hasaplanýar. Hasan Nisary bolsa 1516-1596-njy ýyllar arasynda ýaşapdyr. Eger şeýle bolsa Hasan Nisarynyň doglan senesinden, ýagny, 1516- njy ýyldan 9 arkany – 225 ýyly aýyrsak, onda 1291-nji ýyla gabat gelýär. Ýagny, Arslan baba – 1291-nji ýyllarda ýaşan bolýar. Bu bolsa Hoja Ahmet Ýasawy hakdaky ylma mälim maglumatlara ters gelýär. Çünki, häzirki bar bolan maglumatlar Hoja Ahmediň 1166-njy ýylda ölendigini tassyklaýar.1 Golýazmalar institutyndaky №1869 belgili bukjada sak- lanýan golýazmada Hoja Ahmet Ýasawy we Hekim Ata hakynda ýazylan bir eser gabat gelýär. Bu eserde Hekim Ata- nyň (Süleýman Bakyrgany – 1186-njy ýylda ölen) Hoja Ahme- de şägirt bolşy, Bugra hanyň gyzy Anbara öýlenişi, ondan doglan üç ogly hakynda maglumat berilýär. Birinjiden-ä, bu eser belli türkmen alymy Jarulla Zamahşaryny (1075-1144) ýatlaýanlygy bilen, has takygy, Süleýman Bakyrganynyň iki oglunyň – Mahmyt bilen Esgeriň Zamahşarydan ylym-terbiýe alandygyny bellemegi bilen ähmiýetli. Ikinjiden bolsa, bu eser Bugra hanyň gyzy Anbar enäniň hut Süleýman Bakyrganynyň öz wesýeti esasynda, ol öleninden soň Zeňňi baba durmuşa çykandygy dogrusyndaky giňden ýaýran rowaýaty tassyklaýar. Bu maglumat Hasan Nisarynyň tezkiresinde hem gabat gelýär. Bu hakda özbek alymy M.Mirzaahmedowa şeýle ýazýar: «Abdulwahhobhoja ota tomonidan Zangiotaga borib takalgan bulib, Bugrahonning kizi Anbar onaga uýlangan we Niso wilo- ýatida ýaşagan»1. Şundan görnüşi ýaly, Patşa Hoja ata tarapyn- dan Zeňňi baba birleşýär. Emma Hasan Nisarynyň şejeresinde Zeňňi babanyň ady ýatlanmaýar. Sygryň piri hasaplanýan Zeňňi babanyň doglan ýyly mälim bolmasa-da, ol 1258-nji ýyl- da ölen hasaplanýar.2 Tezkirede Zeňňi baba ýatlanmasa-da, Hoja Ahmediň ussady Arslan babanyň ady Patşa Hojanyň düýp ata-babasy hökmünde şejerede getirilipdir. A.T.Tahyrjanow özüniň ýokarda ýatlanan makalasynda Hasan Nisara salgy- lanyp, onuň tezkirede ýazan şejeresini beren mahaly şeýle ýazýar: «... Mansur Ata ibn Arslan Bab, posledniý byl ýakoby spodwižnikom proroka Muhammeda».3 Şundan görnüşi ýaly, Hasan Nisary Arslan babany Muhammet pygamberiň egindeş- leriniň hatarynda ýatlaýar. Ýöne bu pikir esassyzdyr. Çünki bu wagt taýdan hem gabat gelenok. Patşa Hojanyň ömür beýany hakynda, onuň öz eserleri bolan «Gülzar», «Maksadyl-atwar» we ogly Hasan Nisarynyň «Muzakkiril ahbab» tezkiresinde maglumatlar gabat gelýär. Patşa Hojanyň doglan wagty onuň «Gülzar» eseri esasynda anyk bolýar: Şurug etgen eýýamda gyş idi, Ki ömrüm hem altmyşa ýetmiş idi. Nebi hijretinden köňül erdi riş Bolup erdi dokuz ýüz-u kyrk bäş.4 Bu setirleriň tassyklamagyna görä, şahyr bu eserini 60 ýaşynda ýazmaga başlapdyr. Eseriň ýazylmaga başlanan senesi hem belli. Ol hem 945-nji hijri ýyly. Bu bolsa milady ýyl hasabynyň 1538-1539-njy ýyllaryna gabat gelýär. Eseriň ýazylan 945-nji hijri ýylyndan şahyryň ýaşyny – 60 aýyrsak, onda ol 885-nji hijri ýylyna gabat gelýär. Şonuň netijesinde bolsa şahyryň 1480-nji milady ýylynda eneden bolandygy mälim bolýar. Patşa Hojanyň ata-babalary Gökdepe etrabynyň Isbirden obasynda ýaşap geçipdirler. Onuň ogly Hasan Nisarynyň berýän maglumatyna görä, Patşa Hojanyň kakasyna Abdylwahhap Hoja diýlipdir. Ol hem şahyr bolupdyr we Aryp edebi tahallusy bilen türkmen we pars dillerinde eser ýazypdyr. Onuň agzalan dillerde şygyr diwanynyň bolandygy hakynda maglumat bar. Abdylwahhap Hoja döwrüniň ylymly-bilimli, sowatly adamy bolup, il içinde uly hormat-sylagdan peýdalanypdyr. Ol döwrüniň meşhur alymy Nejmeddin Kubranyň neslinden bolan Hüseýin Horezmiden (1435-nji ýylda ölen) sapak alypdyr. Abdylwahhap Hojanyň ýaşan döwri syýasy taýdan durnuksyz, galagoply döwür bolup, Merkezi Aziýa, Owganystan, Eýran, Kawkaz, sefewiler, teýmirliler, şeýbanylar döwletleriniň özara barlyşyksyz göreşleriniň sahnasy bolupdyr. Abdylwahhap Hoja 80 ýaşap dünýäden ötüpdir. Ony Isbirdende kakasynyň guburynyň gapdalynda jaýlaýarlar. Abdylwahhap Hojanyň Patşa Hojadan başga hem ogullary bolupdyr. Hasan Nisary öz tezkiresinde şeýle ýazýar: «Şyh Aly Hoja ibn Abdylwahhap Hoja Abdylwahhap Hojanyň uly ogludyr. Hormatly atasy ol dünýä göç eden wagtynda Hojany kiçi ýaşly bolsa-da, hiç hili gapma-garşylyksyz öz ornuna oruntutar edip, hemme ýaranlaryna oňa birleşmäge emr etdi... Köp şygyr goşýardy. Ol Agarjada [Ugurjada], 63 ýaşynda Hakyň rehmetine gowuşdy.»1 Şundan görnüşi ýaly, Abdylwahhap Hojanyň iň uly ogly Aly Hoja bolupdyr. Aly Hoja hem şahyr bolupdyr. Ol hem edil kakasy ýaly iki dilde Şowky edebi tahallusy bilen şygyr döredipdir. Onuň şygyrlar diwany bolupdyr. Aly Hojanyň 63 ýaşda dünýäden gaýdanlygy belli bolsa-da, onuň doglan we aradan çykan ýyllary hakynda anyk maglumat ýok. Hasan Nisary öz tezkiresinde Mirem Hojanyň, ýagny, kakasynyň doganynyň Aly Hojanyň mübärek jesedini Ugurjadan getirip, hormatly atasynyň gabrynyň gapdalynda jaýlandygy barada maglumat berýär.1 Bu maglumatlaryň esasynda Abdylwahhap Hojanyň Aly Hoja, Mirem Hoja atly ogullarynyň bolandygy mälim bolýar. Hasan Nisary öz kakasy Patşa Hojanyň Abdylwahhap Hojanyň ogludygyny we Aly Hojanyň bolsa onuň süýtdeş doganydygyny belläp şeýle diýýär: «Patşa Hoja ibn Abdylwahhap Hoja Şyh Aly hojanyň süýtdeş doganydyr».2 Bize elýeterli bolan çeşmelerde Abdylwahhap Hojanyň ýokarda ýatlanylan üç ogullaryndan başga perzendiniň bolandygy barasynda maglumat ýok. Abdylwahhap Hoja ýaly Patşa Hoja hem ilat arasynda uly hormatdan peýdalanypdyr. Hut şonuň üçin hem, Patşa Hojany dürli hökümdarlar öz ýanlaryna gulluga çagyrypdyrlar. Bu hakda Hasan Nisary şeýle ýazýar: «Kepek Mürzäniň kalbyna söýünhan ulusyny – ýurduny (Köpetdag eteklerinde we Balkan sebirlerinde ýaşaýan türkmenleri – A.A.) eýelemek pikiri düşdi. Ol jemagatlaryň köpüsiniň ýokarda agzalan Hojanyň ata-babalaryna (Patşa Hojanyň – A.A.) hormatlary uly bolansoň [Kepek Mürze] bu Hojany [ol ýurdy basyp almagyň] serişdesi edip, oňa sedaret (wezirlik) lybasyny bagyş edýär. Şol wagtdan başlap, ol musulmanlaryň möhüm işleri babatda soltanlara goşulyşýar. Olar hem Hojany kämil hormatlar bilen hormatlaýarlar. Ony tutuş ýurduň sedaraty (weziri) we şyhy yslamy (yslamyň şyhy) ýaly mynasyp derejeler bilen hormatlapdyrlar»1. Patşa Hojanyň döredijiligi dogrusynda gürrüň edilende, ilki bilen bellenilmeli zat onuň iki dilde, ýagny, türkmen we pars dillerinde hem eser ýazmaklygyň ussady bolandygyny bellemeli. Bu hakda Hasan Nisarynyň tezkiresinde maglumat berilýär. Hasan Nisary Patşa Hojanyň türkmen we pars dillerinde şygyrlar diwanynyň bolandygyny nygtaýar. Şahyr öz durmuş maksadyny şeýle kesgitläpdir: Adam oldur kim jahanda ýagşy sözden pent alar, Galmaz uşbu adam, emma adam içre söz galar.2 Ol öz eserlerini Hoja edebi tahallusy bilen döredipdir. Ýöne, gynansak hem, häzire çenli şahyryň diwanlary ýüze çykarylanok. Edil şonuň ýaly hem onuň «Leýli-Mejnun» poýemasynyň hem ykbaly nämälim. Bu hakda Hasan Nisarynyň tezkiresinde şeýle ýazylan: «Molla Haweri – Adylşa soltanyň şahyrlaryndandyr. Belent mertebeli soltanyň şygra we akyldar adamlara hormaty güýçlüdi we olara uly sarpa goýýardy. Alymlar onuň adyna köp eserler bagyşlapdyrlar. Bu bendäniň kakasy (ýagny, Hasan Nisarynyň kakasy Patşa Hoja – A.A.) oňa bagyşlap türkmen dilinde «Leýli-Mejnun» atly poýemany ýazypdy. Patyşa oňa köp sylag-hormat etdi».3Molla Haweri (1512-nji ýylda ölen) hem döwrüniň güýçli şahyry bolupdyr. Ol Alyşir Nowaýy bilen aralaryna düşen tow zerarly Hyratdan Azerbaýjana gidipdir. Soňra bolsa şeýbanylaryň hyzmatyna dolanypdyr. Patşa Hoja «Leýli-Mejnun» poýemasyndan hem başga «Maksadyl atwar» atly poýema ýazypdyr. Patşa Hoja kyssada hem ajaýyp eserler döredipdir. Onuň dürli hekaýatlar, tymsallar, rowaýatlar esasynda döreden iki eseri mälim. Olaryň biri «Miftahyl adl», beýlekisi bolsa «Gülzar» eseridir. Bütin ömrüni döredijilige bagyşlan şahyryň bize mälim eserleri häzirlikçe şular. Ýöne şular esasynda hem şahyryň ýiti zehinli, çeper sözli, giň gözýetimli öz döwürdeşleriniň juda jaýdar aýdyşy ýaly, belentden uçýan algyr bolandygy mälim.1 Patşa Hoja «Gülzar» eserini musulman edebiýatynyň däbine görä ilki Hudaýy, soňra Muhammet pygamberi wasp etmek bilen başlaýar. Dünýäniň döreýşi hakyndaky yslam dininiň nukdaýnazaryny beýan edeninden soňra «Gülzar» eserini ýazmagyna sebäp bolan ýagdaýlary ýazýar: «Hudaýyň takdyr höküminiň we Taňrynyň isleg ýazgydynyň razylygyna görä, bu zatsyz we mümkinçiliksiz, pes, har we günäkär Patşa Hoja ibn Abdylwahhap Hoja (Allatagala onuň hatalaryny bagyşlasyn we aýyplaryny ötsün) birnäçe pursat yslamyň gupbasy Balhda mesgen we watan tutdy».2 Şundan görnüşi ýaly, Patşa Hoja bu eserini ýazmaklyga Balh şäherinde ýaşaýan mahaly girişipdir. Şol wagt Balh welaýatynyň patyşasy: «... soltanlyk asmanynyň dolan Aýy, älem soltanlarynyň serweri, zamana hanlarynyň öňbaşçysy, soltanlygyň we halypatlygyň ezizi Abylfath Küsten Gara Bahadyr han Soltan ibn Janybeg soltandy».3 XVI asyrda Merkezi Aziýada düýpli syýasy wakalar bolup geçýär. Asyryň başynda teýmirleriň hökmürowanlyk aýnasy çat açýar. Babyr Mawerannahry taşlamaga mejbur bolýar we ol ülkäni şeýbanylar özara paýlaşýar. Balh Janybeg soltanyň ogly Küsten Gara soltanyň eline geçýär. Şu ýerde bir ýagdaýy nygtamak zerur. Balhyň hökümdary Küsten Gara soltan hem, onuň kakasy Şeýbany hanyň doganoglany Janybeg soltan hem (1528-nji ýylda ölen) din wekillerine uly derejeler berip, olary özleriniň basybalyjylykly maksatlary üçin ulanypdyrlar. XVI asyr Orta Aziýa taryhçysy Hapyz Tanyşyň «Şerepnamaýi şahi», ýa-da başga hili atlandyrylyşy ýaly «Abdyllanama» (Buharanyň hökümdary, 1557-1598) eserinde soltanyň din wekillerine aýratyn sarpa goýandygyny nygtap, şeýle hormatdan aýratyn peýdalananlar hökmünde Hawand Buharynyň, Nyzameddin Hojanyň we Jelaleddin Patşa Hojanyň atlary getirilýär. 1 Janybeg soltanyň ogly Küsten Gara soltan hem Patşa Hoja uly hormat goýup, oňa şyhyl yslam derejesini beripdir. Bu hakda Hasan Nisary şeýle ýazýar: «Hyrat ikinji gezek basylyp alnanda ol [Patşa Hoja – A.A.] seradatlykdan şyhyl yslamlyga göterilýär. Bu bendi şonuň üçin goşupdyr: Gerçe owwal sadr eýläp, bizni betnam etdiler, Lutp edip, ahyr Hyrada şyhyl yslam etdiler. Onuň bu derejelerden (wezipelerden) maksady halkyň işini düzetmek bolupdyr. Haçanda, Hezreti Küsten Gara soltan halkyň arzy halyna üns bermän başlanda, Hoja şyhyl yslamlygy we Balhy taşlap musulmanlara hyzmat etmek üçin öýüne gaýdýar.»2 Şundan görnüşi ýaly, Küsten Gara soltan hökümdarlygynyň ilkinji döwürlerinde Patşa Hoja uly sarpa goýupdyr. Bu döwürde Balh şäheri syýasy we medeni taýdan Buharadan soňky ikinji şäher hasaplanypdyr. Küsten Gara soltanyň esgerleriniň aglabasy bolsa türkmenler bolupdyr. Patşa Hoja hem şol esgerleriň ruhuny götermek üçin: «Bu din terbiýeleýji we bagtyýar täleýli patyşanyň goşun nökerleri türkmen we tatar kowmundan bolardy. Olar türkmen dilinde geplemäge maýyl we saýyldylar. Şol sebäpli bu göwni synygyň köňlüne bu kowmuň gepleýiş dilleri bilen»1 bir kitap ýazmaklygy ýüregine düwüpdir. Patşa Hoja Balh hökümdary Küsten Garany öz eserinde uly söýgi bilen öwran-öwran wasp edýär. Bu «Gülzar» onuň adyna sezadyr, Kim, ady dehr era Küsten Garadyr. Çün onuň hümmeti boldy maňa ýar, Onuň üçin sapa tapdy bu «Gülzar».2 Patşa Hoja «Gülzar» eserinde taryhy şahslaryň, meşhur din wekilleriniň, adalatly ýa-da zalym soltanlaryň durmuşlary bilen baglanyşykly gysgajyk hekaýatlar, tymsallar, rowaýatlar getirip, şolaryň esasynda ynsanperwerligi, adamkärçiligi, ynsan arassalygyny ündeýär. Bu usul nusgawy edebiýatynyň şahyrlary Nyzamy Genjewiniň, Sagdynyň, Abdyrahman Jamynyň, Alyşir Nowaýynyň döredijiliginde ussatlyk bilen işledilipdir. Elbetde, durmuşdan alnan, anyk şahslaryň we takyk wakalaryň esasynda dörän hekaýatlaryň, tymsallaryň, rowaýatlaryň terbiýeçilik ähmiýeti çäksizdir. Patşa Hojanyň «Gülzar» atly hekaýatlar ýygyndysyny şygyr çemeni bilen bezeýşi onuň öz döwrüniň kämil şahyry bolandygyna güwä geçýär. Bu ýygyndyda goşgy düzmekligiň gazal, mesnewi, kasyda, rubagy, kytga ýaly dürli görnüşleri gabat gelýär. Patşa Hoja öwüt-ündew beriji haýsy hem bolsa bir hekaýaty ýa-da rowaýaty ýatlandan soň, şol waka bilen baglanyşykly öz pikirlerini şygyr arkaly berçinleýär. Mysal üçin, Patşa Hoja «Gülzarda» diňe bir musulman dünýäsinde däl, eýsem dünýä edebiýatynda hem meşhurlyk gazanan Ýusup kyssasyny gysgajyk beýan edip, bu wakanyň özeninde doganlarynyň Ýusuba bolan göripçiliginiň ýatandygyny ýaňzydýar we şeýle rubagyny getirýär. Dary suwy bezm içinde mül bolmaz, Her şora nahal kabyly gül bolmaz, Ýüz ýyl eger paryg-le tutsa makam, Hergiz çemen içre zag bilbil bolmaz. Şahyryň Ýusup kyssasyny ýatlamak bilen aýtjak bolýan pikiri şu rubagydan soň has aýdyňlaşýar. Ol dary suwundan hiç wagt şerap bolmaz, şor ýeri gül nahalyna mynasyp bolmaz, garga ýüz ýyllap gülüň içinde ýaşasa-da, ondan bilbil bolmaz. Diýmek, her kim durmuşda öz ýerini, öz ornuny bilmeli. Wakalaryň kyssa bilen berlip, duýgularyň şygyr arkaly suratlandyrylmagy türkmen dessanlarynyň häsiýetli aýratyn- lyklarynyň biri. Bu usul türkmen edebiýatynda irki döwürler- den gözbaş alyp gaýdýar. Ýöne «Gülzaryň» türkmen dessanlaryndan tapawudy onda wakalar yzygiderli sapaga düzülmän, her bir gysgajyk hekaýat- tymsal özbaşdaklyga eýe. Onda getirilýän her bir hekaýat, her bir rowaýatdyr-tymsal ynsanperwerlik suwy bilen gandyrylan, mähir güneşi bilen ýyladylan. 2004ý Annagurban AŞYROW, dil we edebiýat ylymlarynyň doktory. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |