18:24 Türkmeniň akyldar şahyry Möwlana Jelaleddin Rumy | |
TÜRKMENIŇ AKYLDAR ŞAHYRY MÖWLANA
Edebi makalalar
JELALEDDIN RUMY Taryhyň gatlaryna siňip galan türkmeniň meşhur alymlary, şahyrlary tirsegine galdy. Bu gün türkmen öz meşhur ogullary Faraby, Ýasawy, Biruny, Zamahşary, Nejmeddin Kubra ýaly onlarça dünýä meşhur ogullarynyň döredijiligi bilen ýakyndan tanyşdy. Şeýle şahyrlaryň biri hem Jelaleddin Rumydyr. Möwlana Jelaleddin Rumy 1207-nji ýylyň sentýabr aýynyň 30-na Balh topragynda dünýä inýär. Geljekki şahyra Muhammet diýip at goýýarlar. Şahyr «Mesnewi» atly eseriniň girişinde öz adyny Muhammet bin Muhammet bin Hüseýin el Balhy görnüşinde berýär. Şundan görnüşi ýaly, şahyryň öz ady hem, kakasynyň ady hem Muhammet bolupdyr. Elbetde, türkmenlerde has atlar köplenç iki sözden bolup, soňra şol goşma adyň bir böleginiň ulanylmaýan pursatlary seýrek bolmaýar. Şundan çen tutulsa, kakasynyň we Jelaleddiniň hususy atlary hem goşma sözden, ýagny Muhammetmyrat, Muhammetguly, Muhammetberdi ýaly goşma atlardan emele gelen bolmaly, ýöne, durmuşda şol goşma adyň Muhammet bölegi ulanylyp, beýleki bölegi unudylandyr. Şahyryň doglan topragy Balh gadymy döwürlerden bäri Oguz türkmenleriniň mekany bolupdyr. Bu maglumaty ähli taryhy çeşmeler bir agyzdan tassyklaýar. Rowaýatlara görä bu şäheri türkmen hökümdary Afrasýap gurduryp, özüne paýtagt edinipdir. Balh şäheri wagtyň geçmegi bilen ýykylypdyr. Onuň galyndylary Lebap welaýatynyň Atamyrat etraby bilen serhetleşýär. Häzir hem demirgazyk Owganystanda türkmenler ýaşaýar. Geljekki şahyryň kakasy Muhammet ibn Hüseýin al Hatyby al Balhy. Onuň ýörgünli ady Bahaweddin Welet (1151-1231) bolupdyr. Ejesi Balhyň emiri Rukneddiniň gyzy Mömüne Hatyn. Bahaweddin Welet meşhur türkmen sopy akyldary Abubekir Muhammet Sarahsynyň çowlugyna öýlenipdir diýen maglumat hem bar. Bahaweddin Welet yslam dünýäsinde giňden tanalýan meşhur alym bolupdyr. Jelaledin Rumynyň müridi Ferideddin Sypahsalar «Risalasynda» Jelaleddiniň kakasy Bahaweddin Welediň belli türkmen akyldary Nejmeddin Kubranyň (1154-1221) müridi-okuwçysy bolandygyny belleýär. Jelaleddin Rumynyň maşgalalarynyň Köneürgenç türkmen topragy bilen baglanyşygyny Jelaleddiniň agtygy Aryp Çelebiniň müridi Ahmet Eflaky hem belleýär. Ol «Menakibul aryfyn» eserinde Bahaweddin Welediň ejesiniň Köneürgenç türkmen nesilşalaryndan Alaeddin Muhammet Horezmşanyň gyzydygyny belleýär. Bahaweddin Welet ylym adamsy hökmünde uly şöhrata eýe bolupdyr we Soltanyl ulama, ýagny, Alymlaryň soltany diýen hormatly lakamy göteripdir. Ol Köneürgenç türkmen topragynda ylym adamlaryny ýetişdirmekde hem uly hyzmatlary görkezipdir. Onuň «Magaryf» atly kitaby diňe bir öz müritleriniň däl, eýsem yslam dininiň sünni ynançlaryna eýerýänleriň, aýratynda ogly Jelaleddiniň ýan kitabyna öwrülipdir. Onda ýeke-täk barlyk bolan Alla gowuşmaklygyň syrly duýgulary yzarlanýar. Käbir alymlar dürli çeşmelere salgylanyp, Bahaweddin Welediň Balhy taşlap gaýtmagyny Fahreddin Razy bilen baglanyşdyrýarlar. Fahreddin Razy (1159-1210) Köneürgenç türkmen döwletinde uly şöhratdan, abraýdan peýdalanan alym. Onuň yslam dini, aýratyn hem sopuçylyk pelsepesi bilen baglanyşykly işleri biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Emma, Bahaweddin Welediň türkmen topragyndan göç eýläp gaýtmagyny bu meşhur alymyň ady bilen baglanyşdyrmak esassyz. Birinjiden-ä ol, Bahaweddin Welediň Alaeddin Muhammet Horezmşanyň agtygydygyny, gaty gowy bilýän adam. Iň esasy bolsa, Fehriddin Razy 1210-nji ýylda, ýagny Jelaleddin Rumy entek 3 ýaşyndaka pany dünýä bilen hoşlaşýar. Bahaweddin Welet bolsa, maşgalasy we müritleri bilen, takmynan, 1213-nji ýylda uzak ýola düşýär. Şonuň üçin hem, Bahaweddin Welediň Kiçi Aziýa türkmenleriniň arasyna göçüp gitmegini Fehriddin Razy bilen baglanyşdyrmak o diýen ynandyryjy däl. Bu göçüň iki sebäbi bolmagy mümkin. Birinjisi, Bahaweddin Welet aşa sowatly we syýasatdan kemsiz baş çykarýanlygy üçin ýurda, halka abanýan howpy, gyrgynçylygy öňünden duýan bolmaly. Çünki, taryhy maglumatlara görä, Köneürgenç türkmen döwletiniň patyşasy Alaeddin Muhammediň garşysyna yslam halypatlygy tarapyndan güýçli we gizlin söweş alnyp barlypdyr. Halypanyň Gur patyşasyny Muhammede garşy öjükdirip ýazan haty Köneürgenç türkmen döwletiniň soltany Muhammediň eline düşýär. Şeýle hem halypanyň Çingiz hany Köneürgenç türkmen döwletiniň üstüne hüjüm etmäge yrmak üçin hereket edendigi hem belli. Bu barada orta asyr taryhçysy Muhammet ibn Wasyl «Eýýuplaryň taryhy» atly işinde şeýle maglumat berýär: «Käbir taryhçylar bolsa: «Horezmşanyň Yraga ýöriş etmekçi bolýandygyny eşiden halypa Nasyr Lidinalla Horezmşadan gorkusyna Çingiz hana hat ýollap, Horezmiň baý diýardygyny we eger ol bu ýerlere ýöriş etse, özüniň Horezmşa ýardam bermejekdigini aýdyp, mongollary Horezme iberdi» diýýärler. Bu habarlaryň haýsysynyň dogrudygyny, haýsysynyň ýalandygyny, diňe Beýik Biribara aýandyr. Emma halypa Nasyr Liddinallanyň Horezmşa iki beýt goşgy iberendigi anykdyr. Ol bu hatda şeýle diýýärdi: Haýynlyk nämedir aňanok heniz, Duşman gelen wagty bilersiň sen tiz. Ibn Esir halypadan gorkusyna bu habary öz kitabynda ýatlamady». Bu ýagdaýy meşhur türkmen taryhçysy Muhammet Gaýmaz Türkmen «Yslam döwletleriniň taryhy», Ibn Kesir «Başlangyçdan ahyra çenli» atly işlerinde hem belläp geçýärler. Şeýle ýagdaýlardan habarly Bahaweddiniň geljekki gyrgynçylyklardan çekinip, ýurdy terk eden bolmagy hem mümkin. Ikinji sebäp bolsa, Kiçi Aziýanyň türkmenleriň ýurduna öwrülmegi we ol ýere türkmenleriň yzygiderli göçüşleri bolmagy mümkin. Ýöne biziň ynanjymyza görä, Bahaweddin Welediň Kiçi Aziýa göç etmegi Fahreddin Razy bilen baglanyşykly däl. Her hal Bahaweddin Muhammet Welediň ata watany goýup, Kiçi Aziýa türkmenleriniň arasyna göçenligi welin hak. Alymlar bu taryhy göçüň senesini hem dürlüçe berýärler. Şeýle-de bolsa, bu göçüň Jelaleddiniň 5-6 ýaşlarynda mahalynda bolandygy hakykata has golaý. Taryhy çeşmelerde bu göçüşlik mahalynda Bahaweddin Welet bilen meşhur sopy şahyr Ferideddin Attaryň duşuşandygy ýatlanylýar. Şol duşuşykda 5-6 ýaşly Jelaleddini synlap, Attar Bahaweddine: «Seniň bu ogluň köp zaman geçmezden, dünýädäki ýüregi ýananlaryň kalbyna otlar salar» diýýär we oňa özüniň «Ylahynama» («Esrarnama») eserini sowgat berýär. Elbetde, bu rowaýatyň hakykata näderejede golaýdygy belli däl, ýöne Ferideddin Attaryň Senaýy bilen bilelikde Jelaleddin Rumynyň döredijiligine aýratyn täsir edendigi belli. Attar onuň ruhy, Senaýy – goşa gözi, Ýörän ýollarymda bar, Senaýy, Attar yzy. Ýa-da: Joşgunymy bes etdim men ýarym ham, Gaznaly akyldardan yzyn diňle, wessalam. Bahaweddin Welet Hyjazyň, Şamyň üstünden geçip, Larendede (häzirki Garaman) goş ýazdyrýar. Larendede Jelaleddin Möwlananyň ejesi Mömüne Hatyn wepat bolýar. Bahaweddin Welet Larendede 7 ýyl ýaşaýar. Ol ogluny özleri bilen göçüp gelen türkmen maşgalasy Hoja Şerefeddin Lalanyň gyzy Göwher hatyna öerýär. Jelaleddin şol mahal 18 ýaşlarynda eken. Bu nikadan Jelaleddiniň Soltan Welet we Alaeddin atly ogullary dünýä inýär. Göwher aradan çykandan soň Jelaleddin Kira atly hatyna öýlenýär. Ondan Muzaffareddin, Emir Alym Çelebi atly iki ogly bilen Melike atly gyzy dünýä inýär. Gysga wagtda Bahaweddin Welediň at-owazasy daş-töwerege ýaýrapdyr. Şol wagtky Anadoly Seljuk türkmenleriniň soltany Alaeddin Keýkubat ony Konýa çagyrýar. 1228-nji ýylda Bahaweddin Welet maşgalasy bilen bilelikde Seljuk türkmen döwletiniň paýtagty Konýa gelýär. Soltan halaýyk bilen olary ýolda garşylaýar. Bahaweddin Welet Altynapa medresesine ýerleşip, ol ýerde sapak bermäge başlaýar. Belli türk alymy Jelaleddiniň ömrüni we döredijiligini öwrenmekde uly hyzmatlary bitiren professor Osman Turan Jelaleddin Rumynyň maşgalasynyň Balhdan göçmekleri we Konýada ýerleşmekleri barada: «Horasandan çykyp birnäçe ülkeleri syýahat eden Möwlana Jelaleddiniň maşgalasy mongollaryň öňünden çekilen gaty köp türkmen ylym, sungat adamlary ýaly Soltan Alaeddin Keýkubadyň çagyrmagy bilen Konýada ýerleşdi» diýip ýazýar. Alymyň bu sözüniň hakykatdygyny gaty köp taryhy çeşmeler hem tassyklaýar. Dogrudan hem, XIII asyrda Konýa Kiçi Aziýada türkmen ylmynyň, sungatynyň, medeniýetiniň merkezine öwrülipdir. Muhammet Bahaweddin Welet medresede iki ýyl sapak bereninden soň, 1231-nji ýylyň fewral aýynyň 23-ne dünýäden ötýär. Onuň ýerine 24 ýaşly ogly Jelaleddin medresede müderrislik-mugallymçylyk edýär. Möwlana Jelaleddin Rumy başlangyç bilimi kakasyndan alýar. Kakasynyň «Magaryf» atly kitaby onuň dini, akyl we paýhas düşünjeleriniň kemala gelmegine güýçli täsir edipdir. Şeýle hem ol kakasynyň müridi Seýit Burhaneddin Muhakkyk Termeziniň duýgy we syzgy düşünjeleriniň esaslaryny öwrenýär. Aslynda, Seýit Burhaneddin Möwlananyň kakasyndan soň ikinji mugallymy hasaplanýar. Seýit Burhaneddin Bahaweddin Welede aýratyn hormat goýupdyr. Ol Bahaweddin Welet Kiçi Aziýa türkmenleriniň arasyna göçüp gelenden soň hem gatnaşygyny kesmändir. 1232-nji ýylda öz halypasyna zyýarata gelen Seýit Burhaneddin halypasynyň wepat bolanyny eşidip, 9 ýyl Konýada galýar we Möwlana Jelaleddine ylym-terbiýe bermek bilen meşgullanýar. 1244-nji ýylyň güýzünde, has takygy 1244-nji ýylyň noýabr aýynyň 23-ne Möwlana Jelaleddinniň durmuşynda uly öwrülişik döreden waka ýüze çykýar. Şol gün Möwlana Konýa gelen tanymal türkmen şahyry we akyldary, meşhur sopy Şemseddin Muhammet ibn Aly ibn Mälikdat Töwrizi bilen duşuşýar. Jezbe (durkuň bilen bagyşlanmak) we wesit (çaksyz) yşk bilen doly bu sopy şahyr Möwlananyň ykbalynda düýpli öwrülişik döredýär. Şems Töwrizi aşa zehinli bolupdyr. Hut şonuň üçin hem ol entek ýaş mahaly Mürşidi kämil – kämil pir lakamyny alypdyr. Jelaleddin Rumy Şems Töwrizi bilen aşa ysnyşýar we şol duşuşykdan soňra döreden eserlerini onuň ady bilen baglanyşdyrýar we Şems Töwrizi lakamyny alýar. Jelaleddin Rumy ýaşlyk döwründe döreden eserlerini bolsa Hamuş, Salaheddin (Salaheddin Zerkub), Husameddin Çelebi lakamlary bilen döredipdir. Häzirki maglumatlara görä, Anadolyda türkmençe ilkinji şygyr ýazan şahyrlaryň biri hem Jelaleddin Rumydyr. Döredijiliginiň ilkinji ýyllarynda döwrüň däbine görä arap we pars dillerine üns beren hem bolsa, ýöne wagtyň geçmegi bilen milli dili, öz ene dili hem onuň döredijiligine aralaşyp başlaýar. Hatda onuň pars dilinde ýazan şygyrlaryna hem türkmen sözleri siňip başlaýar. Bir şygryň bir setirini ýa-da ýarym setirini bir dilde, beýleki setirini ýa-da setiriniň galan ýaryny başga dilde ýazmaklyga edebiýaty öwreniş ylmynda mulamma diýilýär. Şygyr düzmekligiň mulamma tärine görä parsça ýa-da arapça ýazylan goşga türkmen sözleri, setirleri girizilýär. Ýa-da türkmençe ýazylan goşga beýleki dillerden sözler ýa-da setirler girizilýär. Bu edebi usuly hem Anadoly türkmen edebiýatyna girizen Möwlana Jelaleddin Rumydyr. Dany ki men be älem, ýalňyz seni söer men, Çün der berem neýaýy ender gamet öler men. Men ýary ba wepaýam ber men jepa kylar sen, Ger to mera nehahy, men hod seni dilär men. Roýy çu mah dary men şady-dil ez a:nem, Zehi şeker lebanet bir öpginen dilär men. To hem çu şiri-mesti, dahy ganym içer sen, Men çün segany köet dünbaly to gezer men. Her dem behyşmy gu:ýy, bargyl meniň katymdan, Men roýy saht kerde, nezdiki to durar men. Ruzy neşesti hahem, ýalňyz seniň katyňda, Hem sen çakyr içer sen, hem men gopuz çalar men. Mahy çu Şemsi Töwriz, gaýbet nemud güftend, Ez digeri ne porsid, men söýlärem, arar men. Häzirki zaman türkmençesinde bu goşgy şeýleräk ýaňlanýar: Bil sen, ki men älemde, ýalňyz seni söerin, Çün gelmeseň ýanyma, gamyňda men ölerin. Men bir wepaly ýar men, sen ne jepa kylar sen, Sen meni istemez sen, men hut seni dilär men. Jemalyň aýa meňzär, men ondan şady-dil men, Şeker dodaklaryňdan bir öpmegi dilär men. Sen göýä serhoş arslan, ýene ganym içer sen, Goýnuň köpekleri deý, seň yzyňda gezer men. Her dem pyşyrdap diýýäň: Gitgil meniň ýanymdan, Men ýüzümi gyzardyp, seň ýanyňda durar men. Islegim, bir gün galsam, ýalňyz seniň gaşyňda, Hem sen çakyr içer sen, hem men gopuz çalar men. Şems Töwrizi misli, diýdiler, Aý gizlendi, Başgalardan sorama, men söýlärem, arar men. Jelaleddiniň ömür ýoly, döredijiligi barada ilkinji gymmatly maglumatlary berýän çeşmeler ogly Soltan Welediň «Ibtidanama» ýa-da başgaça atlandyrylyşy ýaly «Weletnama» eseri, Möwlananyň müridi Ferideddin Sypahsalaryň «Risala», agtygy Arap Çelebiniň müridi Ahmet Eflakynyň «Menakibul aryfyn» atly eserlerdir. Bu ilkinji çeşmeleriň gymmaty olaryň Möwlananyň durmuşy bilen baglanyşykly adamlar tarapyndan ýazylmagyndadyr. Bulardan başga hem şahyr hakyndaky maglumatlar Eflakynyň döwürdeşi Abdylkadyr Kuraýşynyň «Jewahyryl mudyýýa» atly eserinde hem gabat gelýär. Jelaleddin öz eserlerini türkmen, arap, pars dillerinde döredipdir. Şahyryň şygyrlary «Diwany kebir» ýagny «Uly diwan» ady bilen bir ýere jemlenipdir. Diwan Möwlananyň zamanasynyň edebiýat dili bolan pars dilinde ýazylypdyr. Şygyrlar goşgy düzmegiň gazal, kasyda, terjyg, müstezad, rubagy görnüşinde. «Diwany kebire» giren goşgularyň aglabasy Şems Töwrizi lakamy bilen ýazylandygy sebäpli oňa «Diwany Şems Töwrizi» hem diýilýär. Şahyryň şygyrlar diwany iňlis, nemes, rus dillerinde terjime edildi. Jelaleddiniň rubagylary «Diwany rubagyýat» ady bilen özbaşdak toplanypdyr. Möwlana Jelaleddin Ruma esasy şöhrat getiren eseri onuň «Mesnewisidir». Ўhli yslam dünýäsinde mukaddes kitap derejesine göterilen bu eser 25 618 beýtden ybarat. Ol özara gürrüňleriň ýazgysyna çalymdaş dürli tymsallardan, hekaýatlardan düzülen. Hesretli ýa-da gussaly, inçe kinaýaly ýa-da ýumşak degişmeli hekaýatlaryň ahyrynda bolsa akyldar şahyr ondan paýhasly many çykarýar. Şeýle usul türkmen halk döredijiligine mahsus tärdir. Orta asyr yslam dünýäsinde Jelaleddin Rumynyň şöhrat belentligine göterilen başga bir sopy şahyr ýok. Muňa onuň eserleriniň dünýä dillerine edilen we edilýän terjimeleri, akyldar şahyr hakyndaky dürli milletleriň ýazyjy-şahyrlary tarapyndan ýazylan eserler, dünýäniň meşhur gündogary öwreniji alymlarynyň onuň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly geçiren ylmy derňewleri we ylmy kitaplary aýdyň şaýatlyk edýär. Akyldar şahyryň mundan 800 ýyl ozal welilik bilen: «Men perdel (sirkul) ýalydyryn. Bir aýagym bilen şerigatyň üstünde durup, beýleki aýagym bilen 72 milleti aýlanýaryn» diýip aýdan sözi hakykat boldy. Möwlana Jelaleddin Rumy entek diri mahaly gaty seýrek şahyryň ýetýän şöhrat belentligine ýetipdir. Gündogaryň meşhur nusgawy şahyry Abdyrahman Jamydan «Möwlana hakynda soranlarynda: «Men ol hakda näme aýdaýyn, ol pygamber däl, ýöne kitaby bar» diýipdir. Şahyr 1273-nji ýylyň dekabr aýynyň 17-sine wepat bolýar. Şahyr bilen hoşlaşmaga diňe bir musulmanlar däl, eýsem beýleki dinleriň wekilleri – isaýylar, musaýylar hem gelipdirler. Bu bolsa ajaýyp türkmen akyldarynyň öz eserlerinde ýokary ynsanperwerligi wagyz edip, durmuşda kiçigöwünliligiň we pespälligiň nusgasy bolup ýaşandygyna güwä geçýär. Annagurban AŞYROW, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy, filologiýa ylymlarynyň doktory. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |