18:45 Gazaly goşa ganatly | |
GAZALY GOŞA GANATLY
Edebi makalalar
Saparmyrat Türkmenbaşynyň milli miras taglymaty türkmen halkynyň geçmiş ruhy-edebi we medeni miraslaryny öwrenmek boýunça anyk wezipeleri mirasy öwreniji alymlaryň öňünde goýdy. Bu babatda Türkmenbaşynyň Ruhnamalary, Atalyk şadiwanlary özleriniň ajaýyp göreldeleri bilen nusgalyk hyzmaty ýerine ýetirýärler. Hut şonuň üçin hem Beýik Serdarymyza türkmen we daşary ýurt raýatlary türkmen golýazmalaryny, türkmen halkynyň geçmiş mirasy bilen bagly zatlary sowgat berýärler. Türkmenistanda ilkinji gezek – Garaşsyzlyk zamanynda dolulygyna çap edilýän Hüseýin Baýgaranyň «Diwany» hem Beýik Serdarymyza berlen sowgat esasynda arzyly okyjylaryna ýetirilýär. Orta asyr türkmen edebiýatynyň ýene bir wekili tirsegine daýandy. Mongol şa döwleti dargandan soň, üç sany mongol döwleti: Atail (Wolga) boýundaky Altyn Orda hanlygy, Eýranyň demirgazyk-günbataryny özüne merkez edinen Eýran mongollarynyň döwleti we Merkezi Aziýadaky mongol döwleti döredi. Merkezi Aziýadaky mongol döwleti Çingiz hanyň ikinji oglunyň ady bilen baglanyşdyrylyp, köplenç çagataýlar diýlip atlandyrylmaga başlanýar. Türkmen halky, türkmeniň dürli taýpalary bu üç döwletiň üçüsiniň hem düzümine girýärdi we örän güýçli syýasy täsirleri bardy. Hut şonuň netijesinde, ýagny türkmen halkynyň milli buýsanjynyň we aňynyň netijesinde bu döwletleriň ählisinde türkmen medeniýeti, sungaty, edebiýaty özüniň täzeden janlanyş, dikeliş we ösüş döwrüne gadam goýdy. Merkezi Aziýadaky bu galkynyş XIV asyrda has äşgär ýüze çykýar. Halk hojalygy, ylym-bilim, medeniýet-sungat özüniň ösüş ýoluna düşýär. Eýýäm 1339-njy ýylda Köneürgenje gelen arap syýahatçysy Ibn Battuta bu şäheri giň köçeli, iň owadan, ajaýyp bazarly iň uly türkmen şäherleriniň biri diýip atlandyrýar. Şol döwürlerdäki mongol hökümdary öz dillerini, däp-dessurlaryny ýitirip, halk köpçüliginiň–türkmenleriň dilinde gepläpdirler we döwlet diwanyny dolandyrypdyrlar. Munuň hem üstesine, olar musulman dinine uýup, türkmenleriň däp-dessurlaryny berjaý edipdirler, türkmen medeniýeti bilen terbiýelenipdirler. Hut şonuň netijesinde teýmir şalarynyň aglabasy öz şygyrlaryny arassa türkmen dilinde döredipdirler. Beýle diýildigi türkmen dilindäki edebiýat teýmirlerden öň bolmandyr diýildigi däl. Türkmenlerde gaty irki döwürlerden bäri ösen şygyr sungatynyň bolandygy jedelsizdir. Belli gündogarşynas W.W.Bartold özüniň «Mir-Aly-Şir we syýasy durmuş» atly makalasynda türki halklarynyň hatda yslamy kabul edenlerinden soň hem pars edebiýatyndan asla täsirlenmedik diňe bir halk döredijiliginiň eserleriniň däl, eýsem şygyr sungatynyň hem bolandygyny tassyklaýar . Türkmen ýazuwly edebiýatynyň ilkinji nusgalary hökmünde Ýusup Has Hajybyň «Gut etgu bilig» (XI asyr) eseri bilen Edip Ahmediň (XII asyr) «Atabetil hakaýyk» eserleri hasaplanýar. Belli bir waka ýordumy bolan bu uly göwrümli eserlerden öň hem dürli görnüşli şygyrlaryň döredilendigi jedelsizdir. Köp alymlar oňa mysal hökmünde belli türkmen dilçisi Mahmyt Kaşgarynyň «Diwany lugatit türk» eserindäki türkmen şygyrlaryny getirýärler. XII-XIII asyrlarda bolsa sopuçylyk edebiýatynyň uly we-killeri Hoja Ahmet Ýasawy we onuň şägirdi Gul Süleýman öz eserlerini-hikmetlerini türkmen dilinde we gadymy türkmen şygyr düzüş usulynda döredipdirler. XIII-XIV asyrlar türkmen edebiýatynda eýýäm arap rowaýat-legendalarynyň, hekaýatlarynyň esasynda döredilen uly göwrümli eserler gabat gelýär. Biz bu ýerde Alynyň «Kyssaýy Ýusup» atly şygyr bilen ýazan eserini, Rabguzynyň kyssa bilen ýazan «Kysasy Rabguzy» eserini göz öňünde tutýarys. Yslam dininiň döremegi bilen türkmen medeniýetine, türkmen ylmyna, edebiýatyna arap medeniýeti, edebiýaty we sungaty öz täsirini ýetirip başlaýar. Eýýäm yslam dininiň türkmenler tarapyndan kabul edileninden sähelçe wagt soň, türkmen alymlary öz eserlerini arap dilinde döredipdirler. X asyrda bolsa arap dili bilen birlikde pars dili hem türk-men diline güýçli täsir edip başlaýar. Hut şonuň netijesinde türkmen edebiýatynda türkmen we pars dillerinde eser ýazmak däbi ýüze çykýar. Şeýle-de bolsa, bu täsiriň ilkinji ýüze çykan döwürlerinden başlap oňa garşylyk görkezmek meýli, ýagny ene dilde–türkmen dilinde eser ýazmaklyga çagyryşlar ýüze çykýar. Bu meýil-göreş XV asyrda Hüseýin Baýgara, Nowaýy ýaly şahyrlaryň işjeň syýasy işleri we dörediçiligi bilen has güýçlenýär. Hut şonuň netijesinde XV asyr türkmen edebiýatynda Sakkaky, Gedaýy, Ataýy, Lutfy ýaly şygyr pälwanlary döreýär. Bu göreşde teýmirler nebereleriniň, aýratyn hem Hüseýin Baýgaranyň hyzmaty çäksizdir. 1405-nji ýylda agsak Teýmiriň ölmegi bilen onuň zorluk esasynda döreden şadöwleti dargap, Teýmiriň neberelerine Mawerannahr bilen Horasan galýar. Ýöne bu ýerlerde hem onuň mirasdüşerleriniň arasynda tagt ugrundaky ganly göreşler birnäçe ýyllap dowam edýär. Şeýle göreşleriň netijesinde Şahruha 1409-njy ýylda tagta çykmak başardýar. Şahruh özüne Horasany alyp, ogly Ulugbege Mawerannahry berýär. Şeýlelikde, teýmirler döwleti ikä bölünýär. 1447-nji ýylyň Nowruzynda Şahruhyň ölmegi bilen, hökümdarlyk Ulugbegiň eline geçýär. Ýöne oňa döwletiň bitewiligini we hökümdarlygy saklamak kyn düşýär. Ulugbegiň garşysyna ogly Abdyllatyp baş göterýär we 1449-njy ýylda kakasyny wagşylarça öldürýär. Ýöne, onuň özüne-de, tagtda uzak oturmak miýesser etmeýär. Ýarym ýyldan ol hem öldürilýär. Ulugbegiň neberelerine Samarkandy uzak wagt elde saklamak başartmaýar. 1451-nji ýylda ony Miranşanyň çowlugy Abuseýit eýeleýär. Teýmirleriň ikinji bir paýtagt şäheri Hyratda bolsa Baýsunguryň ogly Soltan Muhammet hökümdarlyk edýärdi. Soltan Muhammediň garşysyna onuň dogany Abylkasym Babyr baş göterýär we 1451-nji ýylda ony öldürip, tagta çykýar. Abulkasym harby işlere, döwleti dolandyrmaga, halkyň ykdysady derejesini berkitmeklige ukypsyz bolupdyr. Günbatar Eýran, Azerbaýjan Garagoýunly türkmen döwletine birikdirilýär. Abylkasym Babyryň 1457-nji ýylda Maşatda aradan çyk¬magynyň netijesinde Abuseýide Hyrady eýelemek başardýar. Şonuň netijesinde teýmirler ýene-de bir baýdagyň astyna jemlenýärler. Abuseýit 1469-njy ýylda Mugan çölünde Akgoýunly türk¬men hökümdary Uzyn Hasan bilen bolan söweşde öldürilýär. Mawerannahra Abuseýidiň ogly Soltan Ahmet (1469-1494) hökümdarlyk edýär, Horasan bolsa Hüseýin Baýgaranyň eline geçýär. Şeýlelikde, Abuseýidiň birleşdiren bitewi döwleti ýene ikä bölünýär. Hüseýin Baýgara 1438-nji ýylda Hyrat şäherinde dünýä inipdir. Onuň kakasynyň ady Gyýaseddin Mansur, ejesiniň ady bolsa Pöwrize begim bolupdyr. Gyýaseddin Mansur bolsa Mür¬ze Baýgaranyň ogly. Hüseýin Baýgara 7 ýaşa ýeteninde kakasy Gyýaseddin Mansur aradan çykýar. Baýgara 14 ýaşa çenli ejesiniň ýanynda ylym-bilim, terbiýe alýar we soňra ejesiniň maslahaty bilen Abylkasym Babyryň köşgünde gulluk edýär. Abylkasym Babyr soltan Abuseýit bilen Samarkandyň eteginde 1454-nji ýylda ýaraşyk baglaşýar. Hüseýin Abuseýidiň golaý garyndaşlygyny göz öňünde tutup, Abulkasymdan aýrylyp, Samarkanda Abuseýidiň ýanyna barýar. Abuseýit ony oňat garşylaýar. Şeýle-de bolsa, Soltan Uwaýsyň Abuseýide garşy turzan gozgalaňyndan soň, Hüseýin Baýgara müňkürlik edip, ony 30 sany şazadalar bilen zyndana salýar. Bu habary eje¬si Pöwrize begim eşidip, Samarkanda gelýär we ogluny halas edýär. Hüseýin Baýgara Samarkantdan gyssagly Mara gelýär we Abuseýidiň duşmany Soltan Sanjaryň gullugyna girýär. Soltan Sanjaryň Baýgaranyň ukybyna we başarjaňlygyna göwni ýetýär, ony özüne ýakynlaşdyrýar, hatda öz gyzy Bikäni oňa durmuşa çykarýar, Hüseýin Baýgaranyň ilkinji ogly Bediguzzaman Bike – Soltan begimden dünýä inýär. Ilki-ilkiler ataly-ogul ýaly agzybir ýaşan Soltan Sanjar bilen Hüseýin Baýgaranyň arasyna ýuwaş-ýuwaşdan tow düşýär. Soltan Sanjar öz ýerine Maryda Hüseýin Baýgarany goýup, özi garşydaşlary bilen söweşmek üçin 1457-nji ýylda Maşada gidende, Hüseýin tagty eýeleýär. Emma Soltan Sanjaryň ýaranlary ol awa çykan mahaly Hüseýini öldürmek barada dildüwüşýärler. Bu baradaky habar Hüseýine ýetende ol ýanynda galan bary-ýogy 25 töweregi nöker bilen sergezdanlyga ýüz urmaga mejbur bolýar. Ol Garagum çölünde dürli kynçylyklara sezewar bolsa-da, 1458-nji ýylda garşydaşlaryndan üstün çykmagy başarýar. Ol Soltan Sanjaryň ýanyna Mara ilçi iberip, öňki ýaly, ataly-ogul kimin gatnaşygy ýola goýmak isleýär. Soltan Sanjar ilçini zyndana taşlaýar. Emma Soltan Sanjaryň ýanyndaky emirlerdir serkerdeleriň köpüsi Hüseýiniň tarapyna geçýär. Munuň hem üstüne Hüseýine Gürgende ýaşaýan jelaýyr taýpasyndan kömek-goldaw gelýär. Hüseýin Baýgara Astrabatdaky özara oňşuksyzlyklary, emirleriň özara dawa-jenjellerini eşidip, Astrabady eýelemekligiň küýüne düşýär. Oňa ýolda Muhammet Hudadat we başga-da birnäçe serkerdeler goşulýar. Netijede, Hüseýin Sadlyny ýeňip, Astrabady eýeleýär. Emirler Mawerannahryň we Horasanyň hökümdary Abuseýidiň adyna hutba okatmak islänlerinde, Hüseýin Baýgara garşy çykýar. Şeýlelikde, öz adyna hutba okadyp we zikge kakdyryp, özüniň Abuseýide garaşsyzdygyny yglan edýär. Soltan Abuseýidiň Akgoýunly türkmenlere garşy söweşde 1469-njy ýylda öldürilmegi bilen Hüseýin Hyrady eýeleýär we hutbany öz adyna okatdyrýar. Hüseýin Horasanyň tagtyny eýelän badyna öz mekdep dosty, belli şahyr Alyşir Nowaýyny Samarkantdan ýanyna çagyrýar. Alyşir Nowaýy Hüseýin Baýgaranyň aýratyn hormat-sylagyna mynasyp bolýar. Onuň köşkdäki abraýy gün-günden artýar. Hüseýin Baýgaranyň Horasanyň tagtyny eýelemegi bilen, birbada parahatçylyk aralaşan ýaly bolsa-da, eýýäm 1470-nji ýylda Muhammet Ýadgär oňa garşy güýçli herekete başlaýar. Ol türkmenleriň kömegi bilen Horasany eýelemek isleýär. Emma Çynaran diýen ýerde düýpli ýeňlişe sezewar bolýar. Hüseýin Baýgara Abuseýidiň neberesini köşeşdirmek üçin onuň gyzy Şähribanu begime öýlenýär. Hüseýin Muhammet Ýadgäriň garşysyna söweşe gidende Şähribanuwy hem ýany bilen äkidýär. Bu barada «Babyrnamada» şeýle diýilýär: «В битве при Чакмане, когда все жены мирзи вышли из носилок и сели на коней, Шахр Бану биким, полагаяс на своего младшего брата не вышла из носилок и не села на коня. Об этом со¬общили Мирзе; Мирза по этой причине оставил Шахр Бану-биким взял ее младшую сестру Паянда султан-биким» . Ýöne Paýanda Soltan-begim hem dogany Ýadgär Muham¬medi goldap hereket edýär. Abulgazy soltan Hüseýin 1470-nji ýylyň aprel aýynda Ýadgär Muhammet mürzeli meseläni birýüzli etmek üçin daglyk Narra galasyna ýeten mahaly, Paýanda Soltan-begim Hyrada girip, şäherde dogany Ýadgär Muhammet mürzäniň adyna hutba okatdyrýar. Hyrat Ýadgär Muhammediň eli¬ne geçensoň, Hüseýin Baýgara az sanly goşuny bilen Meý-mene, Farýap taraplara çekilýär. Ol Alyşir Nowaýy bilen gizlin maslahatlaşyp, 1470-nji ýylyň awgust aýynda Ýadgär Muhammedi gapyllykda tutýa we öldürip, Hyrat tagtyny eýeleýär. Şeýlelikde, Baýgara gündogarda Balh, günbatarda Bistam we Damgan, demirgazykda Horezm, günortada Gandagar we Sistan aralyklaryny, özüne tabyn edip, tas 40 ýyla golaý hökümdarlyk edýär. Baýgara hökümdarlyk eden ýyllarynda (1469-1506) dürli topalaňlara, ganly çaknyşyklara gatnaşdy. Ogullary Bediguzzaman, Abylmuhsyn, Muzaffar Hüseýin Mürze dagylar birnäçe gezek atalaryna garşy topalaň turuzsalar-da, Baýgara ömrüniň ahyryna çenli döwleti elde saklamagy başarýar. Oňa Şeýbany hanyň ýolbaşçylygynda çarwa özbekleriň döwlete salýan howpy barada habar berenlerinde ilki-ilkiler degişli netije çykarmaýar. Soňra iş-işden geçensoň, 1506-njy ýylda Şeýbany hana garşy agyr ýygyn bilen söweşe ugraýar. Emma Hyratdan uzaklaşmankalar keselläp, Magtymguly aýynyň 4-ine aradan çykýar. Ony Hyratda jaýlaýarlar. Zahyreddin Babyryň berýän maglumatlaryna görä, Baýgaranyň 14 ogly, 11 gyzy bolupdyr. Baýgara döwlet başyna geçen ilkinji gününden merkezleşdirilen döwlet syýasatyny alyp barypdyr. Çünki ol öz tejribesi esasynda merkezleşdirilen döwlet syýasaty bolmasa, ýurduň ykdysady taýdan tozjakdygyna, ylym-bilim, medeniýet babatda pese gaçyşlygyň hökmanydygyna göz ýetiripdir. Hut şonuň üçin hem ol merkezleşdirilen syýasat ýöredip, töweregine il içindäki hormatly-abraýly adamlary jemläpdir. Şonuň netijesin¬de bolsa ýurtda içki we daşky söwda gülläp ösüpdir. Baýgara ülkeleri abatlaşdyrmak işine aýratyn üns beripdir. Alymlar Hondemiriň «Makarimil – ahlak» eserine salgylanyp, Baýgaranyň bir gezek weýran bolan Horezmi dikeltmek üçin Horasandan 3 müň adamy Horezme göçürmek barada perman berendigini ýatlaýarlar . Baýgaranyň döwründe ähli ýerlerde kerwensaraýlar, köp-rüler, kitaphanalar gurlup, kanallar çekilipdir. Baýgara ylym-bilime, sungata hem aýratyn sarpa goýupdyr. Bu barada onuň döwürdeşleri hem, ondan soňky döwürlerde ýaşan taryhçylar hem öz eserlerinde durup geçýärler. Zahyreddin Babyr Soltan Hüseýin Mürzäniň döwrüniň üýtgeşik bir döwür bolandygyny, Horasanyň, aýratyn hem Hyrat şäheriniň onuň döwründe alymlardan, aýratyn zehinli adamlardan dolandygyny, haýsy hem bolsa bir hünär bilen meşgullanýan islendik adama maksadyna we arzuwyna, kämillige ýetmegine doly mümkinçiligiň bolandygyny ýörite nygtaýar. Şondan soňra bolsa, ol döwrüň meşhur alymlarynyň hatarynda Şyhylyslam Seýfeddin Ahmediň, Möwlana şyh Hüseýiniň, Mollazadanyň, Mir Murtazyň, Molla Mesgut Şirwanynyň, Mir Ataullah Meşhediniň; meşhur şahyrlar hökmünde Abdyrahman Jamynyň, Şyhym Suheýliniň, Hüseýin Aly Tufeýli Jelaýyrynyň, Asafynyň, Benaýynyň, Seýfi Buharynyň; sazandalardan Hoja Abdylla Merweridiň, Gulmuhammet Udynyň, Şyhy Naýynyň, Şaguly Gyjakçynyň we başga-da birnäçe meşhur alymlaryň, şahyrlaryň, sazandalaryň atlaryny ýatlaýar. Nowaýynyň döredijiligini we döwrüni öwrenmekde uly işleri bitiren özbek alymy A.Haýytmetow Baýgaranyň döw-ründe Horasanyň, aýratyn hem onuň şol döwürdäki paýtagty Hyradyň diňe bir ynsanperwer ylymlarda däl, eýsem takyk ylymlarda hem meşhurlyga ýetendigini belläp, müneçjimçilikde (astronomiýa) Möwlana Muhammet Alym, Soltan Mahmyt, Möwlana Köwkebi, Hoja Owhat Mustawfy, himiýa ugrunda Hoja Abul Wepaýy Horezmi, Abdylkahhar, lukmançylykda Möwlana Hekim, Mir Yslam Gazzalyý ýaly alymlaryň atlaryny agzaýar. Teýmirler döwletinde Hyrat bilen Samarkant diňe bir teýmirleriň döwletleriniň paýtagtlary däl, eýsem, ylym-bilim, medeniýet ojaklary bolandygy, bu iki medeni ojaklaryň arasynda ýiti bäsleşigiň bolandygy düşnükli. Hut şonuň üçin hem, Baýgara ylmyň sarpasyna düşünýän adam hökmünde bu meselede Nowaýynyň ýardamy bilen köp işleri durmuşa geçiripdir. Şeýlelikde, Hyrat Baýgaranyň döwründe gürrüňsiz uly medeni ojaga öwrülýär. Aslynda, mundan öňki döwürlerde hem ylym-bilime, sungata sarpa goýýan türkmen hökümdarlary köşklerinde alymlary, şahyrlary, sungat işgärlerini jemläpdirler. Eger hökümdar ylym-bilime aýratyn sarpa goýýan bolsa, onuň köşgüne diňe bir onuň öz hökümdarlyk edýän ülkelerinden däl, eýsem beýleki hökümdarlaryň ülkelerinden hem alymlar, şahyrlar gelipdirler. Orta asyr türkmen, aslynda diňe bir türkmen hem däl, eý-sem musulman äleminiň meşhur şahyrlary köşkde uly abraýdan peýdalanypdyrlar. Käbirleri bolsa «şahyrlaryň şasy» atly derejäni hem göteripdirler. Muňa Soltan Sanjaryň köşgündäki Enweriniň, Muýezziniň, Atsyzyň köşgündäki Watwatyň, Mahmyt Gaznalynyň köşgündäki Unsurynyň, Hüseýin Baýgaranyň köşgündäki Abdyrahman Jamynyň we Alyşir Nowaýynyň derejeleri aýdyň şaýatlyk edýär. Hyradyň Baýgaranyň soltanlygy döwründe iň ösen medeni ojaklaryň birine öwrülmegi, ol ýere meşhur türkmen alymlarynyň, şahyrlarynyň, sazandalarynyň, umuman, döredijilik işgärleriniň jemlenmegi hut ýokardaky ýagdaýlar bilen baglanyşyklydyr. Hüseýin Baýgara ähli meselelerde, goý, ol syýasy bolsun ýa-da durmuşy, medeni bolsun ýa-da dünýewi Alyşir Nowaýyny goldar eken. Bu goldaw, diňe bir mekdep ýoldaşy ýa-da çagalyk hemralygy üçin hem däl, eýsem ol Hüseýin Baýgaranyň sungata, çeper söze, medeniýete aýratyn sarpa goýmagy bilen baglanyşyklydyr. Ýogsam bolmanda, ýurduň çäklendirilmedik hökümdary, islendik meselede öz garaýşyny ýa-da pikirini bir söz bilen durmuşa geçirip bilýän patyşa, söz sungatynyň wekillerini, umuman, medeniýetiň we sungatyň wekillerini daşyna jemläp «pikirleriň söweşini» gurnap oturmazdy. Hüseýin diňe bir meşhur döwlet syýasatçysy, ylym-bilimiň ösmegi üçin köp tagallalar görkezen soltan hökmünde tanalman, eýsem çeper şygyryň ussady hökmünde hem türkmen edebiýatynyň taryhyna girdi. Ol Hüseýini edebi lakam hökmünde ulanypdyr. Baýgara heniz diri mahaly, öz eserlerini jemläp, diwan şekiline getiripdir. Bu barada Alyşir Nowaýy özüniň «Mejalys-en nefaýys» atly tezkiresinde şeýle diýýär: «Ol hezretiň (Baýgaranyň – A.A.) hup eşgary we mergup ebýaty begaýat köpdür we diwan hem müretdep bolupdyr. Diwan ebtidasyndan binýat kylyldy we her gazaldan bir matlag ýazyldy» . Şondan görnüşi ýaly, Nowaýynyň sözlerinden Baýgaranyň örän çeper şygyrlarynyň köpdügi we ol şygyrlaryň diwan tertibine salnandygy mälim bolýar. Umuman, Nowaýynyň «Mejalys-en nefaýys» tezkiresi sekiz bölümden-mejlisden ybarat bolup, onuň sekizinji bölümi tutuşlygyna Baýgara bagyşlanypdyr. Ýokarda getirilen salgylanmadan görnüşi ýaly, Nowaýy Hüseýin Baýgaranyň «Diwanynda» ýerleşdirilen gazallaryň matlagyny – başky beýdini yzygiderlilikde bu bölümde ýerleşdiripdir. Nowaýynyň tezkeresinde Baýgaranyň 164 şygrynyň başky iki setiri getirilýär. Baýgaranyň şygyr ýazmak zehininiň bolandygyny, hatda onuň şygyrlar diwanynyň bolandygyny Zahyreddin Muhammet Babyr hem belleýär. Ýöne ol Nowaýynyň tersine onuň käbir goşgularynyň erbet hem däldigini aýdyp, onuň şygyrlarynyň ählisiniň bir ölçegdedigini belleýär. Bu ýagdaýy, ýagny Baýgaranyň şygyrlaryny, esasan bir ölçegde ýazandygyny Babyrdan soňraky taryhçylar, hatda häzirki döwrüň edebiýatçy alymlary hem ýörite belläp, Hüseýiniň öz gazallaryny aruzyň remel müsemmen görnüşinde ýazmagynyň sebäbini onuň ýeňil we göwne ýaramly bolmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Jamy, Nowaýy ýaly söz ussatlaryň hem şeýle görnüşde eserler ýazandygyny ýatlaýarlar. Sam Mürze Sefewi hem «Tuhfeýi Samy» atly tezkiresinde Baýgaranyň döredijiligi hakynda gürrüň edip, onuň iki sany türkmençe beýdini we birnäçe parsça beýtlerini mysal getirýär. Baýgaranyň diwany ilkinji gezek 1926-njy ýylda Bakuwda «Hüseýin Baýgara diwany» ady bilen çapdan çykýar. Türkologlaryň birinji gurultaýyna bagyşlanyp çap edilen bu kitap professorlar Y.Hikmet bilen B.Çopanzadanyň gysgaça giriş makalasy bilen açylýar. Kitapda Baýgaranyň bir ýüz ýigrim ýedi gazaly we üç murapbagy ýerleşdirilipdir. Bu kitap hakda gysgaça syn beren A.N.Samoýlowiç umuman kitabyň çykmagyny oňlap, ýöne kemçiliklerden hem halas däldigini ýaňzydypdyr . Baýgaranyň şygyrlary 1928-nji ýylda çap edilen «Özbek edebiýatynyň nusgalary», 1948-nji ýylda çap edilen «Nowaýynyň zamandaşlary» atly kitaplarda hem bölekleýin ýerleşdirilipdir. 1968-nji ýylda bolsa Hüseýin Baýgaranyň eserleri «Dewon Risola» ady bilen Daşkentde çap edilýär. Baýgaranyň eserleriniň dili döwürdeş şahyrlary bilen deňeşdireniňde halk diline has golaý. Onuň hem sebäbi, Baýgara ömrüniň soňky bölegini köşkde geçirse-de, ýaşlygyny köşk ugrundaky söweşlerde geçirip, Astrabat, Köneürgenç, Mary aralyklarynda, Garagum çölünde ýaşap, halk gepleşik diliniň inçe tilsimlerini içgin öwrenipdir. Hut şonuň üçin hem türkmen bagşylary onuň goşgularyny aýdym edip aýdýarlar. Saýawan zülpi kim ol aý dek ýüzüge ýapylar, Sarsary ahymdan ol, kä ýapylar kä açylar. Her kaýan göz salsa ol, gülçehre aýny reşkiden Köňlüme her kirpigi wah, kim tiken dek sanjylar. Hüseýiniň gazallary, esasan, yşky-söýgi mowzugynda bo¬lup, bu şol döwür şygyrlarynda ýörgünli bolan dünýewi söý¬güniň waspydyr: Oda ýandyr serwini ol kaddy ragna bolmasa, Ýele bergil gülni ol ruhsary zyba bolmasa. Serwi birle gül tomaşasyna meýlim ýok turar, Bag era ol serwi gülruhdan tomaşa bolmasa. Näge saplar çekdi müjgänden, eger jan mülküne Gözleriniň meýli her dem katlu-ýagma bolmasa. Şu beýtlerden görnüşi ýaly, liriki gahryman serwiniň kaddy ragna, zyba, gül ýüzli bolmagyny arzuwlap, ýöne özüni diňe öz gülruhunyň höwesindedigini nygtaýar. Soňra bolsa kirpiklerinden goşun düzüp, aşygyň köňül köşgüniň ýagmalanandygy-talanandygy şeýle çeper suratlandyrylýar. Beýleki bir gazalynda bolsa liriki gahryman öz magşugynyň hijrinden-aýralygyndan jisminiň küle öwrülendigi sebäpli, aşygynyň mazaryny şol külden bina etmekligi sargaýar. Hijriň ody jismi zarym kyldy kül eý ýary bil, Ger bina kylsaň mazarym tarhyn ol kül birle kyl. Hüseýin Baýgara söýgi sährasynda özüni Mejnunyň, Perhadyň, Wamygyň ussady hasaplaýar. Onuň gazallarynda köplenç şolaryň atlary getirilýär: Yşgym odundan gelip, Mejnun bir uçgun istedi, «Al» diýdim, sunguç elin, başdan-aýagy örtedi. Çün eşitdi Wamyk-u, Perhad-u Mejnun köýgenin Geliban görgeç olar, haýrat olary çürkedi. Görnüşi ýaly, liriki gahryman öz yşk oduny musulman edebiýatynda «söýgi dünýäsiniň şasy» hasaplanýan meşhur gahrymanlaryňkydan: Mejnunyňkydan, Perhadyňkydan, Wamygyňkydan has ýokary goýýar. Dogrusy, olar haýran galýar. Biz beýle ýagdaýa Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem gabat gelýäris: Yşkym bardyr Mejnundan, altmyş esse zyýada Kuwwatym bardyr kyrk ýyl des aýdarga Perhada Türkmen edebiýatynda magşugyň ak ýüzündäki gara hala bagyşlanan setirler ýeterlik derejede bar. Olarda gara halyň ak ýüze aýratyn gelşik berýändigi dürli meňzetmeler arkaly suratlandyrylýar. Ýöne Baýgaranyň bu meseledäki täzeçilligi, özboluşlylygy aýratyn bellenilmäge mynasyp: Jan guşun saýt eýlemäge, laglyň üzre, eý kuýaş, Däneýi mähr ekdiň, emma adyny hal eýlediň. Aşygyň göwün guşuny heýjana salýan magşugyň dodagynyň üstündäki hal mähir dänesi diýlip atlandyrylýar. Baýgara öz güýjüni kyssada hem barlap görüpdir. Türkiýeli professor Ysmaýyl Hikmet Amasiýanyň kitaphanasyndan Baýgaranyň kyssa bilen ýazan eserini tapyp, 1945-nji ýylda Stambul uniwersitetinde onuň surat nusgasyny «Hüseýin Baýgaranyň risalasy» ady bilen çap edýär. Azerbaýjanly alym Hamyt Arasly özüniň «Hüseýin Baýgaranyň rysalasy hakynda» atly makalasynda bu barada maglumat berip, rysalanyň ýazylan taryhynyň anyk däldigini, şeýle-de bolsa, eserde Nowaýynyň «Hamsasy» we Jamynyň saglyk ýagdaýy dogrusyndaky gürrüňlere esaslanyp, bu eseriň ýazylan döwrüni 1485-1492-nji ýyllaryň aralygy diýip çaklaýar. Makalanyň ahyrynda bolsa bu eseriň özbekçe terjimesini berýär . Şondan soňra özbek alymlary S.Ganyýewa bilen Ş.Abdyllaýewa Hüseýin Baýgaranyň «Diwanynyň» belli bir bölegini we rysalasyny «Dewon, risola» ady bilen gysgaldylan görnüşde çap etdirýärler . Soltan Hüseýiniň türkmen edebiýatyndaky taryhy hyzmaty onuň diňe bir özüniň şygyrlaryny türkmen dilinde döredenligi bilen çäklenmän, eýsem türkmen dilinde şygyr ýazýan şahyrlara hemaýat edip, milli dildäki edebiýaty ösdürmek baradaky tagallalarynda hem ýüze çykýar. Muňa diňe bir Alyşir Nowaýynyň döredijiligi däl, eýsem Ataýy, Lutfy, Gedaýy ýaly onlarça şahyrlaryň döredijiligi şaýatlyk edýär. Baýgara özüniň «Rysalasynda» Nowaýynyň türki dildäki ussatlygy barasynda söhbet edip, şeýle diýýär: «Ве ләкин маны абыкәриге бу гүне дегинче хич киши түркана лыбас гейдирмеген ве ол нәзенинлерни бу зыба халгат биле җил¬вейи зухурга гелтирмеген турур ве бу мүшк буй рагналар тебг ныханханасыда урянлыкдан махҗуп кылган турур» . Bu ýerde Baýgara türki diliň çeperçilik baýlygyny, onuň näzik-nepisligini Nowaýynyň döwrüne çenli hiç kimiň ýokary derejede açyp bilmändigini nygtamak isleýär. Soňra bolsa özüniň ýürekdeş dosty Nowaýynyň türki diliň ölen jesedine Isa demi bilen jan girizdi diýip, Nowaýynyň türki dilli şygry täzeden güýçli ösüşe iterendigini ýokary derejede sypatlandyrma bilen belleýär . Türkmenleriň arasynda Hüseýin Baýgara Soltansöýün ady bilen meşhur bolup, ol halk döredijiliginiň gahrymanyna öwrülipdir. Soltansöýün dürli rowaýat-legendalarda, şorta sözlerde, esasan, söwer dosty Myraly, ýagny Nowaýy bilen bile hereket edýär. Şahyr hakyndaky kyssa gürrüňler Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan Milli golýazmalar institutynyň hazynasynda saklanyp, ol Türkmenistanyň dürli etrap-köýlerinden ýazylyp alnypdyr. Şonuň esasynda «Myraly», «Myraly hem Soltansöýün», «Myraly we Soltansöýün» ýaly kitaplar çap edilipdir. Myraly hakyndaky gazet-žurnallarda çap edilen rowaýat-larda, şorta sözlerde Nowaýynyň Nowaýy derejesinde kämilleşmeginde ýörite hyzmat bitiren Soltansöýün sowet döwrüniň patyşalar, baý-mollalar baradaky ýöreden syýasaty bilen baglanyşykly suratlandyrypdyr. Şeýle-de bolsa, olardan Soltansöýüniň ylma-bilime, çeper söze sarpa goýýan parasatly adam bolandygyny mälim. Ol rowaýatlarda Soltansöýüniň Gül atly aýaly, pähim-paýhasy, ölümi dogrusynda hem gürrüň edilýär. Merhum Gurt bagşynyň (Gurt Ýakup) we onuň şägirdi Hezret Çaryýewiň aýdan «Myraly hem Soltansöýün» («Gülpam») atly dessany hem Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan Milli golýazmalar institutynda saklanýar. Bu dessanda Soltansöýüniň «Diwanynda» gabat gelmeýän, «Dady heý», «Serwi agajy», «Gitdi», «Daş galdy», «Aýryldym» ýaly şygyrlar hem gabat gelip, olar hut şu günler hem türkmen bagşylary tarapyndan uly höwes bilen ýerine ýetiril¬ýän aýdymlar. Gyzykly tarapy, Soltansöýün bilen Gülüň gatnaşyklary baradaky hekaýatlar irki çeşmelere hem düşüpdir. Belli gündogarşynas A.A.Semýonow «Персидская Новелла о Мир-Али-Шире «Невои» makalasynda Daşkent bazaryndan Mirhondyň «Röwzetus-sapa» eseriniň bir golýazmasyny satyn alandygyny, onda bu eserden hem başga Myraly bilen Soltan Hüseýin hakyndaky hekaýatlaryň getirilýändigini belleýär. Makalada türkmen halk döredijiligindäki «Patyşa ölerine» atly meşhur şorta söz bilen birlikde Gül atly gyza ilki Nowaýynyň aşyk bolşy, Gülüň hem oňa göwün berşi, soňra tötänden Soltansöýüniň bu gyzy görüp, oňa aşyk bolşy we Nowaýyny gudaçylyga iberişi, ahyrynda bolsa Gülüň ölümi we Nowaýynyň maşgalasyz ötüşi beýan edilýär. Bu ýordum türkmen halk döredijiligindäki Myraly we Soltansöýün kyssa-rowaýatlary bilen baglanyşýar. Şundan görnüşi ýaly, türkmen halk döredijiligindäki Soltansöýün hakyndaky dessan we Soltansöýün bilen Myralynyň dostlugy, Gül bilen baglanyşykly hekaýatlar, rowaýatlar Merkezi Aziýa giňden ýaýrapdyr. Annagurban AŞYROW, dil-edebiýat ylymlarynyň doktory. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |