01:11 Belinskiý we rus ýazyjylary | |
BELINSKIÝ WE RUS ÝAZYJYLARY
Edebiýaty öwreniş
W.G.Belinskiý heniz Penza gimnaziýasynda okap ýören wagty sungat we edebiýat bilen içgin gyzyklanyp ugraýar. On sekiz ýaşynda ol Moskwa uniwersitetine okuwa girýär. Şol döwürde Belinskiý özüniň “Dmitriý Kalinin” atly dramasyny ýazýar. Awtor bu eseri üçin uniwersitetden çykarylýar. Şondan soň Belinskiý filosofiýany, sungatyň we edebiýatyň taryhyny özbaşdak öwrenýär, žurnallarda makalalar bilen çykyş edip ugraýar. Wissarion Grigorýewiçi durmuşyň hemme tarapy gyzyklandyrýardy we möhüm hadysalar barada pikir ýöreden wagty ol mydama bir maksatdan – jemgyýeti rewolýusiýa arkaly özgertmekden ugur alýardy. Ol “Biz bir aýylganç zamanda ýaşaýarys” diýýärdi. Belinskiý krepostnoýçylyk düzgüniniň ömrüniň uzak däldigini, onuň taryhyň ösüş kanunalaýyklygynyň talap etmegi netijesinde, täze, has progressiw jemgyýetçilik gurluş bilen çalşyryljakdygyna akyl ýetiripdir. W.G.Belinskiniň geljege bu beýik ynamy onuň edebiýata we sungata uly ähmiýet bermegine getiripdir diýsek ýalňyşmarys. Sebäbi, ol edebiýatyň we sungatyň çeper obrazlar arkaly adamlaryň aňyna güýçli täsir edip, olaryň häzirki durmuşa gowy düşünmeklerine we jemgyýetiň geljegi barada oýlanmaklaryna ýardam berýändiklerine ir göz ýetiripdir. Şonuň üçin-de ol ýazyjylardan we sungat işgärlerinden durmuş hakykatyny ähli gapma-garşylyklary bilen dogruçyl suratlandyrmagy berk talap edýärdi. Belinskiý edebiýat we sungat halk köpçüliginiň ykbalyny, ruhuny, onuň durmuşynda ýüze çykan proressiw ideýalary, geljege umytlaryny görkezmelidir diýýärdi. Wissarion Grigorýewiçiň pikiriçe, edebiýat we sungat eserleriniň ömrüniň uzak bolmagyny esasan üç şert kesgitleýär: ozaly bilen, sungat we edebiýat eserlerinde olaryň döredilen taryhy döwrüniň ýagdaýy, hadysalary ähli gapma-garşylyklary bilen suratlandyrylmaly, ikinjiden, şol eserler adam, onuň ykbaly, arzuw-hyýaly, zähmeti hakynda bolmaly, üçünjiden, şeýle eserler durmuşdaky progressiw dünýägaraýyşlardan ugur alnyp ýazylmaly. Beýik tankytçy Puşkiniň, Lermontowyň we Gogolyň rus edebiýatyny ösdürmekde bitiren uly hyzmatlaryny olaryň ýokardaky talaplary öz döredijiliklerinde berjaý edendikleri bilen düşündirýärdi. Ol Puşkini durmuşy hiç hili timarlaman, dogruçyl görkezýänligi üçin söýýärdi. Belinskiý Puşkiniň durmuşy real suratlandyryşyna geň galyp şeýle ýazypdy: “Onuň (Puşkiniň –A.G.) poeziýasynda hiç bir fantastiki, hyýaly, ýalan, howaýy zat ýokdur, onuň poeziýasy bütinleý hakykata ýugrulan poeziýadyr; onuň poeziýasy ýaşaýyşy hiç timarlaman, özüniň tebigy, hakyky owadanlygynda görkezýär. Puşkiniň poeziýasynda asman bar, emma ol hemişe ýer bilen baglanyşykly bolup durýar”. Şuňa görä-de beýik tankytçy Puşkiniň “Ýewgeniý Onegin” romanyna “rus durmuşynyň ensiklopediýasy”, “ýokary derejeli halk eseri” diýip baha beripdi. Ol Aleksandr Sergeýewiçiň eserleriniň adamlary terbiýelemekde ägirt uly güýje eýedigini telim gezek ýatladypdy. Öz döwrüniň durmuş hakykatyny, onuň ähli gabahatlygyny, wejeralygyny örän dogruçyl görkezenligi üçin, krepostnoýçylyk düzgüni goran tankytçylar Lermontowyň “Biziň zamanamayzyň gahrymanyny” elhençlikde aýypladylar. Peçorin ýaly ahlaksyz adamyň “biziň zamanamyzyň gahrymany” edilip görkezilmegi Russiýa töhmet atyldygydyr diýip, olar gygyrypdylar. Belinskiý şeýle tankytçysumaklary berk ýazgaryp, Lermontowyň bu eseriniň ähmiýetini halka dogry düşündiripdi. Ol Peçoriniň obrazy on sekizinji asyryň 40-njy ýyllaryndaky rus jemgyýetiniň öňdebaryjy, kuwwatly, emma öz ukyplary, azatlygy samoderžawiýe tarapyndan boglan, basgylanan, şol zerarly bolgusyzlyklara ýüz uran adamlaryň tipiki obrazydyr diýip düşündiripdi. Belinskiý adamzady agyr ýagdaýdan azatlyga çykarmak ugrunda çeper söz arkaly göreşen M.Ý.Lermontowyň rus edebiýatynda mynasyp orny eýelemeginiň tarapyny çalýardy. Wissarion Grigorýewiç “Derňewçi” atly komediýany, “Öli janlar” atly powesti ýazan N.W.Gogolyň döredijiligindäki her bir şzgerişi yzygiderli synlaýardy; onuň döredijiligine bagyşlap, “Rus powesti we jenap Gogolyň powestleri hakynda” atly makala ýazypdy. Ol özboluşly rus durmuşyny ýokardaky ýaly eserlerinde dogry görkezip, feodal-krepostnoýçylyk düzgüni paş eden realist Gogola guwanýardy. Emma Gogolyň öz döredijiligindäki progressiw ugurdan ýüz dönderip, samoderžawiýäniň zulmuny, dini urp-adatlary, nadanlygy öwüp eser döretmegi Belinskini gahar-gazap atyna atlandyrypdy. Ol Gogolyň galp ýola düşmegini paş etdi we ony real durmuşdan ugur alyp, rus halkynyň durmuşyndan gelip çykýan aktual problemalary, meseleleri gozgamaga, krepostnoýçylyk düzgüni ýok etmek ugrunda göreşmäge çagyrdy. Belnskiniň meşhur “Gogola haty” öz döredijiliginde uly ýalňyşlyk goýberen Gogola ýazyjynyň hakyky okyjylarynyň – halkyň çykaran hökümi ýaly bolup ýaňlandy. Ýokarda görşümiz ýaly, Belinskiý edebiýat we sungat baradaky öz garaýyşlarynda, estetikasynda realizm, halkylyk problemalaryna mydama organiki baglanyşyklylykda seredýärdi. Ol halkyň durmuşyny reaksion pozisiýada durup görkezen, halkyň yzagalaklygyny ündän, ideallaşdyran Polewoý, Kukolnik ýaly ýazyjylaryň eserlerini rehimsiz paş edýärdi. Aba GYLYÇDURDYÝEW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 11.06.1961 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |