10:36 Garry mollanyñ guwanjy / powestden parça | |
GARRY MOLLANYÑ GUWANJY
Powestler
"Her kes bir köýde" diýenleri: Döwletmämmet mollanyñ welin, ýüregi ogul küýsäpdi, çünki, ol Magtynguly Ýonaçynyñ gara ýerde uzak düýnemegini islemändi, onuñ adyny dessine, almyny-salmyny bermän, ýañadandan dakjakdy-da, demini uludan alyp, ata öñündäki perzent borjuny birbada berjaý etjekdi. Özi-de, kakasyny häli-şindi, öwran-öwran ýatlapdy, onuñ alty ganat öýüñ syrygy deýin uzyn syratyny, alada-şepagatdan, mähir-muhabbetden doly ýüz keşbini, at-abraýly, şan-şöhratly, röwşen-şöwketli şadyýan ruhuny göz öñünde ýygy-ýygydan janlandyrypdy, hyýalynda onuñ bilen söhbetdeş bolup, ondan maslahat sorapdy, oña sala salypdy, ondan tälim alýardy, onuñ akylly-başly nesihatlaryny, ýerlikli ündew-maslahatlaryny häli-şindi ýañadandan ýatlap, hakydasynda janlandyryp görýärdi-de, beýnisinde pugta ornaşdyrasy, oña berk siñdiresi gelýärdi. Garry molla häzir oturyp-oturyp, kakasyna heniz onuñ başy dikkä ýeterli, idili hözir-hyzmat görkezip bilmänligine ökünýärdi, näler örtenýärdi, emma indi giçdi, bialaçdy. "Soñky tüýkülik sakgal ezmez!" diýenleri, adamyñ tebigaty şeýle, ol köp zada giç akyl ýetirýär. Herki zadyñ öz mütdeti, möhleti, nobaty, pursady, wagtydyr-u pasly bar ahyry! Muña indi kemsiz-köstsüz akyl ýetiren Garry molla häzir öz basyk, pessaý sesi bilen gep urdy: - Ýaşlyk edip, gadyryñy bilmändirin, dädemjan! Wah, şo günler ýeneki bir keren gaýdyp gelseýdi, seni depäme täç ederdim-ä! Arman, müñ keren arman! Ine, şol elýetmez arzuwy hasyl berip, Ýonaçynyñ ady bu köne dünýä indi gaýdyp gelipdi. Indi şol arzyly ady göterýän goç ogly ynsaply adamlaryñ hataryna goşmalydy-da, hakyky adam, at getiren adam derejesine götermekden ötri gijelerini gündize öwrüp, ony terbiýelemelidi. Şoña görä, Garry mollanyñ aladalary güngeldikçe artýardy. Muny ýaşuly añýardy, emma şol zeýilli külpetli, ýöne şatlykly aladalardan hergiz asgyn gelmeli weli däldi. Şonuñ gamyny häzirden iýip ugramalydy, hut şoña görä, ol dek häzir çuñ oýa batdy. Şu wagt Garry mollanyñ birçak düýşüne giren ahwalaty güpbe ýadyna düşdi. Bu waka Magtymjyk heniz dünýä inmänkä bolup geçipdi: Azady ahun süýji ukuda ýatyrka, gapysynda ýap-ýaşyl daragta gözi düşüpdi, onuñ ýetmiş şahasu bar, her bir şahasynda ýetmiş dürli miwe, her miwedenem birjüre labyzly, bir tüýsli owaz çykýar. Garry molla näderini bilmän, şonda ýaýdanypdy, muny nämä ýorjagyny añşyrman, bilmän, kelebiniñ ujuny ýitiripdir-de, Kary işan, Selim Magtym, Durdy şahyr, Nyýazsalyh, Mämmetgurban sazanda ýaly bihal däl adamlary öýüne çagyrypdy. Bular deñ-duşlar, heserdeşler, biri-birine gaty belet kişiler. Azady ahunyñ göwnüne bolmasa, olaryñ ählisi-de arkaly, weli, gudraty güýçlüden ruhlanan adamlardy, olaryñ bilgirligine Azady ahun bil baglaýardy. Çaý-naharyñ başynda gürrüñ-söhbet mazaly gyzyp gidipdi. Olaryñ biri: - Senden bir ogul önjek. Oñ ýetmiş hünäri boljak. Emma öz zamanynda oñ gadyr-gymmatyna baha berlebilmejek! - diýýär. Bu hoş habara Garry molla az begenmändi, onuñ göwni galkynyp, göhi gelýär, Orazgül eje onuñ gözlerine has-da yssy görnüp ugraýar, oña bolan öñki rehim-şepagaty hasam möwjäp, bat alyp ugraýar, körügip alawlap başlaýar. Uç-gyraksyz aladalar Orazgül ejäni käte-käte basmarlaýardy, mahal-mahal aljyrap alñasaýardy-da, tapdan düşenini syzdyrýardy. Muny añan Garry molla öz ýanyndan oýlandy: "Öñde biri: "Men öz keýwanymy o dünýä bakyýete ir aparan şu öýüñ maýda-çüýde işleri oguşýan!" diýipdir. Şu biziñkä Allañ rehmi insin-dä! Oña güýç-gaýrat bersin. Ömrüni uzak kylsyn ezelinden! Bizi sylany Tañrym öz penasynda aman saklasyn!" Şol pursatda ýaşuly şahyr Orazgül ejä şelaýyn gep gatdy: - Arazbagt! Sütüniñ süýnüp ýadadyñ öýdýän. Saña kömekçi kän gerek. Zübeýda jan ýetişer "hä!" diýmän. Iki aýakly iki günde. Gelinler gelse öýe, olañ-da nepagaty degip ugrar. Sabyrly bol, Arazbagt! Sabyr Rahmandandyr! Näme kömek gerek bolsa aýt, özüm bitirin, oglanlara aýdaryn! "Bi aýal işi, bi-de erkek işidir!" diýen zat ýok. Her kim ýerli-ýerden gunşup, zähmet çekibermelidir. Ana, şonda öýüñ bereketi artar, oñ abraýy arşa çykar, oguldyr gyz hem gatybaş, ezber bolup ýetişer - diýdi-de, Azady ahun ardynjyrap, sözüniñ äheñini nygtamak isledi, soñ ýene dowam etdi: - Gadym zamanlarda oba han saýlajak bolnanda, ozaly bilen şu hakykat nazara alnar ekeni. Indi weli bi däl-le... - diýip, sözüni soñlaman goýdy. Ol "Indi zalymlykda ýakasyny tanadanlar kürsüde hekgerip oturýar" diýmek isledimi ýa-da başga bir zatlar küýünde köwlendimi, kim bilýär! Bu hoşamaý sözlere, meger, Orazgül ejäniñ göwni göterilip gitdi, sebäbi onuñ ýüzi has hem görkana hala beslenene meñzedi, sözleri-de juda sypaýy eşidildi: - Molladöwlet, meñ ýadanymy nädip bildiñiz-ä?! Men aramok, beýle-beýle işlere men indi werziş bolmaly däl ahbetin. Esasy saglyk! Mähetdel, zerur halatda özüm çagyryn kömege. Onsoñam, aýtdyrylyp, etdirilen iş gurasyn! Her kes özünden bilip, kömekleşibermelidir, welini... - Hak aýdýañ, Arazbagt! Ýöne erkek kişi öý işine gödensizräk, gowuşgynsyzrak bolaýýar-da. Şoñ üçribem ýatladyp, aýdyp - diýip durmaly bizlere. Düýä hat diýmek medetdir! Erkekler-de çoça kiçilik bilmän aýdybermeli, ýatladybermeli gödensizlere. - Bor, atasy! Zerur çagty "guk!" diýerin. Molla bolmasak-da, gatybir habarsyzam däl özümiz. Onsoñam mollañ gyz-a men! Ýaýdanman, köwejeklemän towakga kylaryn - diýip, Orazgül eje degişme äheñinde aýtdy. Orazgül eje özüne ýowuz daramagy baryp-ha irgözin, heniz çülpe çagaka atasy öýünde öwrenipdi: ejesi iññän päkize, eli işli, agras häsiýetli, kelç-külçi, suwjuklygy halamaýan maşgalady. Azady şahyr ol enä çäksiz minnetdardy. Şoña görä, Orazgül ejä bu günler has hem guwanýardy, onuñ saglygyny häli-şindi Tañrydan towakga kylyp isleýärdi. Häzir Döwletmämmet halypanyñ türkmeniñ: "Hudaýa ynansañ-da ynan weli, eşejigiñi bek duşa!" diýen nakyly ýadyna düşdi. Ol şol pursatda tisginip gitdi: "Hernä daşymdan-a pyşgyran däldirin-dä! Alla müñkürlik bolýar bi, ol ýalñyzdyr hemem gudratlydyr!" diýip oýlandy, soñra mydyrdap sözledi: - Arazbagtyñ saglygy babatda çynlakaý alada kylaýyn men. Däri-derman otlar barada bilýänleriñ ählisini kagyza geçireýin. Diwan şekline öwreýin ýazanlarymy. Arazbagt sagat bolsa, Magtymjyk hem sagdyn öser... Şu asylly pikiri bilen mübtela bolup ol ep-esli oturdy, soñra eline ýüwüş galamyny alyp, nämedir bir zatlary ýazyp ugrady. Onuñ galamynyñ astyndan şeýle setirler dünýä indi. Olar geljekde türkmen halkyna ýetmeli uly diwanyñ ilkinji setirleridi. "Kelläm agyrýar, ýüregim agyrýar, sançýar, döwülýär" diýenlere şugundyry gaýnadyp, onuñ bir käse şiresini içirmegi maslahat bermeli. "Iýenim siñenok, agzym ajaýar" diýýänleriñ öt haltasynda hylty bardyr: olara kyrkbogun bilen syçratgynyñ gaýnadylan suwuny - şiresini günde üç wagtyna içirmeli. Üsgülewükli adam sarymsagy, gara üzümiñ dänesini hemem filfili, ýagny, gara burçy mäjum kylyp, ýatjak mahaly ony içmelidir! Kimde-kimiñ bili agyrsa, ol hyýar tohumyny gawunyñ paçagy bilen bilelikde ýenjip, öz yzaly ýerine mäkäm ýapsyn. Çakyza keseline uçuran bende gyzyl sogany ýenjip, mañlaýyna, çekge damarlaryna, duluklaryna mazaly sürtüp çalmalydyr. Agzyñda ýakymsyz ys bolsa, naryñ gabygy bilen gül suwuny garyp, ony owurdyña alyp, ep-esli saklamaly, mahal-mahal, aýratyn hem nahar-nowadan soñ agzyñy çaýkamak zerurdyr. Dyzyñ ýa-da ýeneki ýeriñ çişse, injiriñ ýaşyl ýapragyny gowy ýuwup, ýatar wagtyñ ýapyp (sarap) ýatmaly. Aşgazanyñ agyrsa, üzüm ýapragyndan çaý demläp içmeli. Tut ýapragy bilen garyp bilseñ-de zyýany ýetmez. Gurt düşen ýara şetdalynyñ ýapragynyñ suwuny damdyrmaly. Balygyñ ýagyny damdyrsañ, gulagyñ agyrysy hökman aýrylar..." Döwletmämmet ahyn sähel salymyñ içinde şulary hakydasynda janlandyryp, dessine ak kagyza geçirdim etdi-de, sandygyndaky kitaplary dörjeläp başlady. Ep-esli diwana ser salyp, ahyry eline Abu Aly ibn Sinanyñ "Al-Konun fit-tibb" ("Tebipçilik kanunlarynyñ kitaby") eserini eline aldy-da, ony elýeter ýerde goýdy. Azady ahun bu diwanyñ gadyr-gymmatyna henize çenli ýeterli ähmiýet bermänligine ökünen ýaly sözledi: - Özge ownuk-uşak, maýda-çüýde aladalar başdan agdyk bolýarmy nämemi, melhem, däri-derman dogrusynda şu çaka deñiç az okapdyryn. Hiçden giç ýagşy! Indiberi köpräk okaýyn. Akyl akyldan sowaşyk! Belki, nepi kän deger. Belki, Arzygül bilen Arazguly ikisine-de haýrym ýeter. Nämüçindir, olañ çagasy ýaşka, heniz ele tutak bolmanka bakyýa gidýärler... Aba GYLYÇDURDYÝEW. | |
|
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
√ Baga bagşy -8: «Niçik geçer halym Bibi...» - 08.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanystanda gije - 02.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Gudrat - 03.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Guduzlan it / powest - 09.09.2024 |
√ Baga bagşy -4: Halypanyň demi - 07.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -3: powestiň dowamy - 04.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |