23:30 Estetiki ideal we täze adam problemasy | |
ESTETIKI IDEAL WE TÄZE ADAM PROBLEMASY / gysgaldylyp alyndy
Edebi tankyt
■ Netije Ýigriminji ýyllaryň türkmen sowet prozasy bütinleý diýen ýaly kolhoz gurluşygy temasyna bagyşlanypdyr. Olaryň baş idaly täze sosialistik hakykatyň gowy taraplaryny çeper söz arkaly zähmetkeş daýhanlara ýetirmeklikdi. Ata Niýazowyň "Iň soňky gije", Agahan Durdyýewiň "Meret", Berdi Kerbabaýewiň "Baýram " powestleri şeýle asylly, möhüm jemgyýetçilik-syýasy idaldan ugur alnyp ýazylan eserler bolupdyr. Şol dowürde ýazylan eserleriň ilkinjilerinde täze adamyň gylyk -häsiýetiniň formirlenişi berilmeýärdi. A. Durdyýewiň "Bolşewik topunyň sesi" hekaýasyna, A. Niýazowyň "Iň soňky gije" powestine hem şeýle kemçilik häsiýetlidi. Munuň üçin olar günäkär hem däldi, sebäbi olaryň realistik eser ýazmakda, edebi obraz çekmekde tejribesi ýokdy. Biziň edebiýatymyzyň taryhynda bolsa görelde alarlyk realistik proza ýokdy. Rus ýazyjylarynyň sosialistik rewolýusiýany durmuşa geçiren we ony goran göreşijiler baradaky eserleri türkmen diline geçirilmändi we heniz gowy özleşdirilmändi. Ýazyjylaryň bilim derejesi hem ýagdaýlydy. Bu döwürde ep-esli hyzmat görkezen Agahan Durdyýewdir. Onuň "Bürgüt penjesinde bir gözel", "Bagtly gyz Bagdatda" hekaýalarynda Akjemal, Dürli , Dürsoltan ýaly türkmen gyz-gelinleri täze sosialistik hakykatyň täsiri bilen synpy duşmanlar bolan baýdyr işanlaryň we zyýanly köne däp-dessura uýýan ene-atalarynyň garşysyna çykyp, öz bagtlary, azatlyklary ugrunda aýgytly göreşýärler. "Bagtly gyz Bagdatda" hekaýasynyň gahrymany Dürsoltanyň adynda bolup geçýän özgerişleri ýazyjy dinamiki ýagdaýda bermekligiň hötdesinden gelipdir. Dürsoltanyň häsiýeti ýiti göreşde has kämilleşýär. Ol Abdyrahman işan, Kerim baý ýaly zandyýamanlara, mal-pula gözi gyzan köneçil atasynyň ýüzüne durýar. Haýyr iş şerden üatün çykýar. Dürsoltan ýigriminji ýyllarda öz bagtyny, azatlygyny göreş arkaly gazanan türkmen gyzlarynyň tipik wekilidir. A. Durdyýewiň "Annagözel hak-hukugynyň üstünde" atly hekaýasynda çekilen aýal obrazy, biziň pikirimizçe, has realdyr hem ynandyryjydyr, sebäbi obraz gönüden -göni sosial-ykdysady ýagdaý, gara güzeran bilen baglanyşykda suratlandyrylýar. Hekaýanyň baş gahrymany hak-hukugy ugrunda göreşmegi başaran türkmen aýaly. Ýazyjy öz gahrymanyny turuwbaşdan töwerekleýin häsiýetlendirip ugraýar. Eserde ýazyjynyň estetiki idealy ap-aýdyň. Ol Annagözeliň edebi keşbini hem gös - göni özüniň estetiki idealy boýunça döredipdir. A. Durdyýewiñ estetiki edalyna görä, her bir akyl-huşy ýerindäki adam öz bagty, hak-hukugy ugrunda, täze durmuş ugrunda göreşmelidir we bu ugurda hiç hili kynçylykdan gaçmaly däldir, sebäbi bu ynsan mertebesini belentlige göterýän hereketlerdir. Ýazyjy öz baş gahrymany Annagözeli hut şu estetiki idealy mynasybetli suratlandyrmaklyga çalyşýar. Ýazyjy öz baş gahrymanynda nygtamakçy häsiýetini doly açyp görkezmek üçin iki hili psihologiýany gapma-garşy goýýar. Ol häsiýetleriň ikisi-de oňat adamlara mahsus, ýöne biri ejizligiň, nalajediýinligiň , passiwligiň, alamaty; beýlekisi merdemsiligiň, tutanýerliligiň, optimistligiň, aktiwligiň alamaty. Ýazyjy örän sada Geldi aganyň häsiýeti bilen Annagözeliň hyjuwly, aýgyt ediji häsiýetini çaknyşdyrýar we iki häsiýetiň konflikti arkaly öz idealyny çeper hakykata öwürýär. Ýazyjy Annagözeliň edebi keşbinde aýgyt edijiligi, tutanýerliligi, durmuşsöýerligi, ynsansöýerligi jemleşdirip, onuň şu häsiýet atributlaryny özboluşly dinamiki ýagdaýda, ýagny dialog arkaly beripdir. Agahan Durdyýewiň "Annagözel hak-hukugynyň üstünde" hekaýasy onuň taryhy - rewolýusion temadan ýazan eserleriniñ aňrybaşy däldir, ýöne munuň awtoryň şu tema boýunça ýazan beýleki hekaýalaryndan ep-esli parhlanýanlygyny nygtap geçmek zerur. Bu hekaýanyň şowly çykmaklygyny kepillendiren sebäpler bar: birinjiden, A. Durdyýew esasy ünsüni baş gahrymany Annagözeliň özboluşly, şonuň bilen birlikde türkmen aýal-gyzlaryna käbir derejede tipik häsiýetini nygtamaklyga gönükdiripdir. Ikinjiden, ýazyjy Geldi aganyň ýersizlikden, suwsuzlykdan görýän ejirini dogruçyllyk bilen realistlerçe görkezmek arkaly türkmen daýhanynyň ykbalynyň göterilmeginde, bagtynyň açylmagynda Beýik Oktýabr sosialistik rewolýusiýanyň oýnan ägirt roluna okyjylaryň ünsüni çekmekligi başarypdyr. Üçünjiden, ýazyjy ýer-suw paýyny Geldi aga däl-de onuň aýaly Annagözele aldyrýar. Munuň özi hekaýanyň özboluşlylygyny emele getirip, onda çekilen aýal obrazynyň emosional duýarlyk, göz öňüne getirerlik derejede ýatda galyjylygyny üpjün edýär. Şularyň netijesinde hem ýazyjynyň göreşiji baradaky estetiki idealy käbir derejede taryhy taýdan anyklaşýar, häsiýet babatdan indiwiduallaşýar. "Meret" powestini ýazmak bilen, Agahan Durdyýew türkmen sowet prozasynda taryhy-rewolýusion temany özleşdirmek boýunça uly hyzmat bitirdi. Ol hekaýa žanrynyñ ýazyjyny çäklendirýändigine göz ýetirensoň, türkmen daýhanynyň täze sosialistik hakykat ugrundaky göreşini, onuň ýaşaýşyny, ruhy halyny giňden suratlandyrmaklyga maksat edinipdir. Şol sebäpli-de ol öz estetiki idealyny çeper obraz görnüşüne getirmek üçin Merediň ýaşaýşyny, arzuw-umydyny, zähmetini, psihologiýasyny giňden görkezmäge çalyşýar. Muny ol hekaýalaryndaky ýaly öz dilinden beýan etmän, ynandyryjylyk bilen suratlandyrýar ýa-da dialog arkaly berýär. Ýazyjynyň gahrymanyny has göze doly görnüşde çekmek islänligine göz ýetirmeklige ýene bir fakt ýardam edýär: Meret täze hakykata göz ýetirip, täzeçe ýaşamak ugrunda hereket edip, Mämmet ýaly garyplaryň-da gözüni açýar, öz şahsy göreldesi bilen olary ruhlandyrýar. Agahan Durdyýew Merediň realistik obrazyny çekmek arkaly türkmen sowet ýazyjylarynyň arasynda ilkinji bolup rewolýusion göreşijiniň aň-düşünjeli, maksada okgunly hereketini suratlandyrdy, onuň gaýduwsyz häsiýetini görelde alarlyk, nusga bolarlyk, derejede örboýuna galdyrdy. Meret durmuşsöýer, şonuň üçin ol şahsy ýaşaýşyny özüçe, söýgi esasda gurmakçy, urp -adatyň güýçli wagty Ejegyzy alyp gaçmakçy, emma oba şurasy Nurgeldiniň rewolýusiýanyň duşmanlarynyň öldürmekçidigini Mämmetden eşdeninde, Ejegyzy alyp gaçmalydygyny unudýar; Nurgeldini halas etmegiñ ugruna çykýar. Merediň obrazyny şeýle planda çekmek bilen ýazyjy onuň häsiýetiniň aýgytlaýjy alamatyny has-da nygtaýar. Şeýdip, ýazyjy özüniň täze adam baradaky estetiki idealyny ýüze çykarýar: täze adam gerek ýerinde halkyň idealy, Watanyň bähbidi ugrunda şahsy rowaçlygyndan-da, söýgüsinden -de geçmelidir. Merediň synpy pozisiýasy baýlar bilen ýüzbe -ýüz duranynda aýdyň bolýar. Şeýle kontrast, ak bilen garany garşy goýmak arkaly ýazyjy Merede okyjylaryň simpatiýasyny oýarýar. B. Kerbabaýew weli "Baýram" powestiniň baş gahrymany Baýramyň synpy poziýasyny özboluşly bir ýagdaýda açýar. Onuň ýygnakda oba şuralyga galp ýol bilen ýeten synpy duşmany paş edişi ýatda galýar, emma powestiñ ikinji bölüminde onuň edebi keşbi gowşaýar. Meret Nurgeldini halas etmek üçin aýgytly hereket edýär. Baýramyň hem käbir hereketi barada bilip galýarys, ýöne B. Kerbabaýew baş gahrymanynyň soňky hereketlerini ýiti gapma-garşylykly ýagdaýlarda suratlandyrmaýar. # A.Gylyçdurdyýewiñ "Estetiki ideal we täze adam problemasy" kitabyndan (sah. 217-220) Aşgabat-1976 | |
|
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |