15:12 Beýik halypa | |
BEÝIK HALYPA
Goşgular
Tanyş bol, Wladimir Wladimirowiç. Sowetler iliniň Türkmen ülkesi Ýadansyň, Jeýhunyň suwundan bir iç. Suw bolsa bu ýerleň ömür halkasy törümde açykdyr ýagşy myhmana, güler ýüz, süýji söz, hezzetimiz bar. Hödürmiz saçakdyr Myssyk ak nana, Hurşa mätäçlik ýok, - süýt, etimiz bar. Öýlermiz gat-gatdyr, örän ýagtydyr, Depseň yranmazdyr içiniň goşy. Tekjeler boş däldir, kitap tagtydyr. Synla sen, bag bezýär töwerek-daşy. Häzir tüýs iýmişiň bişen wagtydyr. Suw ýaly maşyn dur, gezeýin diýseň, Aýna dek sürçek ýol, özi gezdirýär. Bu hezzet, wada däl, gadyr nagtydyr. Bulary bezýan hem esas bir zat bar: Hersi bir taryhdyr, ýazaýyn diýseň Hawa, ol taryhda beýik adyň bar: Agzybir, bir dogan, biz bir maşgala. Herimiz bir-bire ömürlik hossar, Käýişmek, ýaraşmak... bular başga-la... Bu zatlaň barysy geljegmniz diýip, Sen öňden görüpdiň, edipdiň ynam. Täzäni wasp etdiň, hak işi söýüp, Şekilden bezediň onuň ýolunam. Hemme zat sil kimin akyp dur dynman. Kät bir käýerde döreýär dykyn. Durmuşyň gämisi gaýda hem synman, Böwüsýär gomlary, goraýar hakyn. Sen oňat bilýänsiň dykynlar baryn Göreşiň süpürip, gidişin öňe. Çendan bir göräýýäň bir pikriharyn, Süýtde gan görşüň deý seretseň siňe. Daýhanlaň ýaplaryn arçaşy ýaly, Geljegiň ýollaryn ol “ekiz taýy” – Partiýa arçaýar. Leniniň ýoly Giňeýär, uzalýar, ýyl geldik saýy. Bu zatlar ozaldan aýandy saňa, - Leninden öwrendiň, sen jeň barýarka. Partiýalyk kitaplaň ýüz tom oňa Bagş etdiň kommunizm gurlup ýörýärkä. Biz okap, göreşip, düşünýäs muňa, Garşyda ullakan duşman barýarka Proletar şahtadan, iň jümmüşinden Kommunizme gelse, - sen durşuň bilen Goşgular äleminiň süýr depesinden Kommunzime özüňi okladyň, girdiň. Onsuz hiç söýgi hem ýok maňa diýdiň. Eý, ussat, bu dünýäň pelsepesinden, Hol barýan ýaşulyň ýemsemesinden Ýa ýalta goňşynyň zeýrenmesinden Ýa-da bir şahyryň şaňňy sesinden Söz açsak, gürrüňmiz uzar-da gider. Ol şahyr şol öňki mydarda gider. Bagbanlar her ýylda üzüm kesende, Iň sagat, saýyrdyň çybygyn goýýar. Hordasyn aýyrsaň, sagy ösende, Öňküden oňat hem kän getir diýýär. Bagyşla, sen bizi, goňşy bagynda Hordasy, ortasy, gowsy hem ösýär. Tankytçy dostlarmyz edil çagynda Ýa dymýar, ýa baryn bir täçden asýar. Ol hakda sen ozal köp gürrüň etdiň. Gür berip, biziň hem illere ýetdiň. Hak sözüň waspyny bar ile eltdiň. Al-Gyzyl baýdagy has belent tutduň. Biz ony geçirdik otly tupandan, Gagarin ýer berip oňa asmandan, Ýyldyza ýetirdi Sowet ýyldyzyn. Aýa hem düşürdik onuň saýasyn. Dünýäde ilki biz edip Aýa syn, Açyp oň ebedi nykaply ýüzün, Belledik dag, deňiz, düzün, joýasyn. Seniň hem mertebäň belende münýä, Şan-şöhrat seždedir ýörän ýoluňa. Öz aýdyşyň ýaly, “başga bir dünýä” Wagtyndan ir gitdiň, gezjek halyňa. Girdaby keç goýduň ömür salyňa. Suratkeşlik edip, ýazjak halyňa, Göreşde, ýaryşda ozjak halyňa... Bilmedik, haýsy güýç gopardy seni. Beýle ir aradan apardy seni. Bir sebäp-säw bilen, gaýyp bolsadyň, Gagarin, Titowlar tapardy seni, - Ne gudrat görkezýär olar, bilsediň. Şonda hem gaýrylaň çüýrük samanyn “Mata bazarynda” jellap halanyn “Göwhere barabar” hödürlänlerden, Her sözüň halk üçin müň iş bitirýär. Belki, ol heniz hem gaýdýar bärden, - Müň işde müň dürli paýhas getirýär. Dogryçyň dosty ýok diýse-de nakyl, Ömürlik dost saňa bar dogry akyl. Durdy HALDURDY. “Edebiýat we sungat” gazeti, 20.07.1963 ý. | |
|
√ Ynan, Läläm / Goşgular - 18.09.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 20.07.2024 |
√ Heýkeltaraş Saragt Babaýewe / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 31.07.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Magtymguly Pyragy / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Ogurlyk goşgular ýa-da goşgy bolup ýetişmedik setirler / Goşgular - 29.11.2024 |
√ Oba. Ýaz gijesi / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Gitseň / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |