12:27 "Nesiller hemme zady bilmelidir..." | |
«NESILLER HEMME ZADY BILMELIDIR...»
Söhbetdeşlik
Türkmen sowet edebiýatynyň uly şahyry, türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň ençeme nesliniň sözüň doly manysyndaky mugallymy, halypasy Haldurdy Durdyýew (D.Haldurdy) 80 ýaşady. Her güni, her sagady uly hysyrdyly, manyly geçen bu söz ussadynyň biografiýasy tutuş ýurdumyzyň edebi-gahrymançylykly biografiýasynyň bir bölegidir. Onuň bilen edilen edebi-döredijilik söhbetiň beýany. B.Ussaýew – Däde hal, meniň şeýle ýüzlenmegime hiç kim geňirgenmese gerek. Bu at bilen döredijilik intelligensiýasy-ha tanyş. Indi okyjylar hem öwrenişen bolsa gerek. Ilki bilen-ä 80 ýaşyňyz mübärek bolsun! Onsoňam şu ýagdaýyňyzy, ýatkeşligiňizi saklap, uzak ýaşamagyňyzy arzuw edýän. Däde Hal, bu geçilen uzak ýoluň gürrüňem uzakdyr. Şükür, onuň gyzykly böleklerini eşde-eşde gelýäs. Häzir «çyn söze ten berilýän» döwür geldi. Häzir şol gürrüňleri täzeden diňlemek diýseň ýakymly. Şolaryň käbirini okyjylara eşitdirsegem kem bolmazdy. D.Haldurdy – Hawa-da, Begmyrat, seniň aýtjak bolýan zadyňa men gowy düşünýän. Bu geçilen ýol, dogrusyny aýtsak, ýeňil düşmedi. Bu ýolda köp zatlar tapdyk, köp zatlar ýitirdik. Şol ýitirilen zatlar hemişe aýalmalydy. Emma diýeniň bolaýýarmy? Ýöne, näçe çylşyrymly, näçe dartgynly ýol geçilenem bolsa, (Men muny indi yzyma nazar aýlap aýdýan), ençeme kemçilikler, säwlikler bolan hem bolsa, sagdyn ideýaly, süňňi päk, nepesi düzüw edebiýat döredenligimizi aýdasym gelýär. Şol zatlaryň köpüsi az wagt içinde tarp ýerden döredi. Özem döwrüň ähli meseleleri bilen gadam deňläp ösdi. Meniň bu ýerde realistik prozany, dramaturgiýany göz öňünde tutýanyma sen düşünýänsiň. Geçmişde dessanlar, ertekiler bolupdyr diýýänler hem bar. Ol dogry. Ýöne olar soňky dörän proza, dramaturgiýa esas bolup bilmeýär. Olaryň öz ýeri, öz maksady bar. Hakyky proza, drama eserleri sowet döwründe döredi. Olar üçin köp tagallalar edildi. Ony biz hemişe ýatlamalydyrys. – Däde Hal, siziň döredijiligiňizi yzarlasak, goşun temasy, goşun durmuşy yzygider köp duş gelýär. Siziň asly käriňiz näme? – Elbetde, «Duza düşen duzlak bor» diýlişi ýaly, şahsy durmuşyň döredijilige täsiri kän. Men goşun, gullugynda uruşdan öň boldum. «Goja soldat» poemamda, esasan, şol ýollar gürrüň edilýändir. Watançylyk urşuna bolan gatnaşygymy hem özüňiz bilýäňiz. Jemgyýetimize aýan. Men ýöne hiç wagt şony dilime alan adam däl. Goşgularda ýazdym, il-halk bilýär. Ol biziň borjumyz. Şony abraýly ödedik, şoňa şükür. Meniň asly kärim gazetçi, metbugatçy hasap edýärin. Gazet işgäri bolup, meniň respublikamyzda barmadyk ýerim ýokdur diýsem ýalňyşmaryn. Elbetde, bu urşa çenli şeýledi. Urşa-da «Sowet Türkmenistany» gazetinde işleýärkäm gidipdim. Şol gazetde jogapkär sekretar hem edebiýat bölüminiň müdiri bolup işleýärdim. Soňam «Sowet edebiýaty» žurnalynda, «Türkmenistan» neşirýatynda redaktor. Garaz, gazetçiligi özüme ýakyn kär hasaplaýan. – Däde Hal, siziň deň-duşlaryňyz bolan ýazyjy-şahyrlaryň köpüsi urşa gatnaşypdyr. Olaryň uruş döwründäki döredijiligi bize belli. Ol eserler ylmy öwrülişiklere-de girdi. Emma şol ýazyjylaryň uruşda wepat bolanlarynyň-da, gaýdyp gelenleriniň-de söweş biografiýasy hakda onçakly bir maglumat ýok. Bu bolsa edebiýatyň döwri, durmuşy üçin örän derwaýys. Siziň özüňiz barada-da idili maglumat ýok. Bu hakda okyjylara düşünje bermäge wagt ýetdi. Onuň hiç hili aýyp zady-da ýok. Şol hakda käbir zatlary aýdyp beräýseňiz, niçik bolar? – Dogry, bu barada meniň özüm-ä hiç wagt bir sözem aýdamok. Eger edebiýata gerek diýseň, onda aýdaýsagam bolar. – Başga halklarda ýazyjylaryň söweş ýoly hakda kitaplar ýazyldy ahyryn. – Ol-a dogry. Adam öz eden hyzmatyny halkynyň nähili hormatlaýşyny görende aglaman durup bilmez eken diýen gürrüňler meniň ýadymda galypdyr, ýöne men-de bu ýagdaý hiç wagt ýüze çykmandy. Şu ýerde käbir zatlar ýada düşäýdi. Şony aýdaýyn. Urşa gitmek hemme urşa ýaraýan adamyň borjy. Ýurdy goramak her ýurt eýesiniň, ýurt ýaşaýjysynyň mukaddes borjy. Onsoň aňyrda nähili uruşsa, duşmana nä- hili gaýtawul berse, ol köp adamynyň gaýratyna bagly bolýar. Köpler gaýdyp gelip bilenok. Nähili bolanda-da, ýagyş ýaganda-da kellesine bir damja damman gelýänem bolýar. Urşa ýetmän ýolda galýanam bolýar. Onuň hemmesinem gördük. Onsoňam uruşda nähili urşulýanyny soňky wagtda hasam köp görýänsiňiz. Meniň gulluk eden bölümime, türkmençe aýdanyňda, 6-njy Ýörite deňiz brigadasy diýilýärdi. Ol brigada-da «Gyzyl Kawkazyň gwardiýaçy Kreýseri» diýilýän bardy. Şol brigada äkidip, bir ýerde düşürýär. Özi yzyna gidýär. Onsoň yzyň suw, öňünem duşman –ikisem bir ýeňil düşenok soldat üçin. Ýöne her zat hem bolsa, yza gitmän öňe gitmek soldatyň borjy. Biziň, brigadamyzyň düşen ýeri Noworossiýskiniň sement zawody boldy. Şonda-da şol brigadadan birinji uruşda altmyş prosent dagy adam azaldy. Men baramda-da şol okopa girdim. Gaýdamda-da şol okopdan gaýtdym. Iki gezek ýaraly boldum. Ömrümde men bir gezegem ştab diýen edara baryp görmedim. Uruşda men pulemýot komandiri boldum Biziň pulemýotymyz üç sanydy. Ol pulemýotlar üç kilometrden adam öldürip bilýär. Agyr ýaraly bolamsoň, ol zatlar galdy. Bu ýagdan Mardogyň bäri ýanynda bir ýer bardy, ady ýadymdan çykypdyr, şonda boldy. Kuban obalarynda bir hili atlar bar, men olar ýaly ady ön hem eşitmändim, soň hem eşidemok. Şol obalaryň mekdeplerinde gospitallar boldy. Meni hem bir podwalda ýatyrdylar. Soňam Mahaçgalada boldum. Nahiçewandiýen Azerbaýjanda bir ýerde ýene ýatyrdylar. Ahyrynda Ýerewan şäherinde boldum, ol ýerde bolsa gyzgynym hiç aşak düşmedi. Doktorlar aýagyma seredýärler, näme etjeklerini bilenoklar. Wraça «Sen meni şu Kaspi deňzinden bir geçir, gyzgynym aýrylar» diýdim. Ol hem bir garry professordy. «Aýrylma-sa nätjek?» diýdi «Aýrylmasa-da, öz topragymda gyzgynym dowam etse, Goý etsin, ýöne Kaspiden geçen badyma aýrylar» diýdim. Men onuň aýryljagyny bilip aýtmadym. Ýöne, şeýle duýgy boldy, aýtdym. Ondan soň meni aňyrdan getirdiler. Kaspi deňziniň gyrasynda maňa birinji duşan Abdy Annalyýew boldy. Soň ol hökümetimiziň başlygam boldy. Şol kömek etdi, mündüm. Deňizdeň geçdik, bärik çykdyk weli, «Abdy, gel, şu Krasnowodskini aýlanyp bir balyk iýeli» diýdim. Ikimiz bütin şäheri aýlanyp balyk tapmadyk. Gelýärdik weli, bir äpişge açyk, bir adam hem gazet komplektlerini barlap dur. «Abdy, äňet şol adamy tanaýaňmy?» diýdim «Ýok» diýdi. «Nurjan» diýdim weli, bir äňetdi-de, elindäkini taşlap ylgady. Geldi-de, garsa gujaklap «Ýörüň öýe» diýdi. Ol Nurjan Amanowdy. Ony hemmämiz tanaýarys. Öýlerine gitdik. Arazgül pakyr (aýaly) bizi garşylady. Agşama çenli oturdyk. Soň hem otla mündürip goýberdiler. Şolaryň öýlerindekäm Nurjan bärik jaň etdi. Berdi aga bilen gepleşdim. Berdi aga-da «Neneň, halyň niçik?» diýdi. «Aý, Berdi aga, halymoňat» diýdim. «Şu gün otla münsem ertir daňdan bararys» diýdim. Otla mündük. Birden-de bir aýal geldi. Ol hem görsek, şol wagtky Ýokary suduň başlygy Garajaýewa diýen aýal eken. Ol pakyram bir dört bölek gant berdi, çaýjagaz berdi. Şol wagt ýagdaý agyrrakdy. «Oturyň, oglanlar, çaý içeliň» diýdi. Onsoň ýene bir tanyş, ýene bir tanyş, bir topar frontçy ýygnandy, hemmesem uruşdan gaýdanlar. Şeýdip, Aşgabada gelenimizem duýman galdyk. Men ýerimden gozganmakam meni garşyladylar. Olar wagona girdiler welin, 70 adam dagy bar eken. Berdi aga, Şaja Batyrow, beýleki oglanlar, garaz, köp. «Ýörde-ýör» bolup, göterip düşürdiler, göteribem äkitdiler meni. Nahar, çaý berdiler. Soň Şaja Batyrow meni öz daçasyna ýerleşdirdi. «Sen şu taýda gal, biz gaýtjak» diýdi. «Şu adama gowy serediň» diýip, buýruk berdi. Ynha, şeýdip halkyň garşylanda aglaman durup bolmaýan eken. Şonda gözýaş etdim. Bolmasa, men bir aglap ýören adam däl. Şol adamlaryň şol garşylaýşyny men hiç wagt ýadymdan çykaryp biljek däl. – Däde Hal, siz urşa gideniňizde tylda galmak üçin bronuňyz hem bar eken diýip eşidýäris. Wezipäňiz şoňa dogry gelýän eken. Şol dogrumy? – Dogry. Häzir ol ýagdaýa her kim bir hili baha berýär. Sen bron hakda aýdýaň. Biziň ol wagt bron ýadymyza düşenokdy. Biz ornumyz uruşda boş dur diýip pikir edýärdik. Diňe men däl, gazetçileriň, ýazyjy-şahyrlaryň, medeniýet işgärleriniň hem eli bronly urşa gidenleri az bolmady. Hatda ýazyjylar soýuzynyň başlygy hem «Sowet edebiýaty» žurnalynyň redaktory bolup işläp ýören Monton Janmyrat hem arza berip gitdi. Elbetde, soň ol birtopar şowsuzlyklara uçrapdyr. Durmuşy gözgyny bolupdyr. Ynha, soňky döwrüň ynsanperwer işleri onuň hem ykbalyny oýandyryp, hemme zadyny dikeltdi. Deň-duşlaryňy urşa ugradyp, yzda galmaklyga ol wagtlar «goş saklamak» diýilýärdi. Dogrusy, şeýle ýigitlerem bolupdy. Özün ýatlaňsoň aýdaýaýyn bir zady. Garaz, halkyňa-iliňe gerekli ýerinde hyzmat edip bilseň, şol hiç wagt ýerde galjak däl eken. Göwher daşy ýaly, hökman bir ýerden görünjek eken. Men şuňa köp adamlaryň, köp wakalaryň mysalynda gabat geldim. Ýogsam her hili deýýus adamlara-da duş gelindi. Ýöne, ýaňky aýdanym, ýagşy iş, halka hyzmat hiç wagt ýerde ýatmaýar. – Däde Hal, bu gürrüňiňiz-ä brony ýatlanyma daş ýany bilen degdi, sag boluň. Şu ýerde bir zady soraýyn. Soňrak sorajakdym welin, ýeri geläýdi öýdýän. Beýik Watançylyk urşy döwrüniň edebiýaty edebiýat taryhynyň uly bölegi. Biz bu döwrüň edebiýaty, urşa gatnaşan şahyrlar hakda gürrüň etsek, «bir elinde galamy, bir elinde ýaragy» diýen ýaly aňlatmalary köp ulanýarys. Munuň göçmeräkdigini bilýäris. Ýöne aslynda hakykaty nähiliräkkän? – Men beýleki galamdaş ýoldaşlarymyzyň nähiliräk işlänini-hä bilemok. Ýöne özüm hakda aýtsam, şol döwre girýän goşgularymyň ählisini diýen ýaly, urşa gitmänkäm hem uruşdan gelenimden soň ýazdym. Bir zady ýatlaýyn, sen-ä muny öň hem eşidensiň, urşa ugranymda «Ýaş kommunist» gazetiniň işgärleri maňa bir bloknot berdiler. «Döreden zadyňy şuňa ýaz» diýip! Bu ýadygärlik bloknoty maňa birhili täsirini ýetirdi. Men oňa köp zatlary belledim. Birnäçe goşgy bentlerini, aýry-aýry goşgy edip boljak setirleri şoňa ýazdym. Dogrusy, doly ýazylan goşgy ýokdy. Şol bloknoty dolduryp, ýitäýmeginden ätiýäç edip, şol ýerdäki senzuraça berip, «Meniň senzuram, şu bloknoty şu adrese iber» diýip, «Ýaşkomy» niýetläp iberdim. Ýöne ol bärik gelip gowuşmandyr. Bloknot ýitenem bolsa, köp wakalar ýatdan çykmandyr. Şu wagtam köpüsi ýatda. Şolar hem uruş döwründäki hem ondan soňky dörän goşgulara esas boldy. Umuman, bir zady bellemeli. Watançylyk urşundaky ýitgilerem, gahrymançylygam hiçwagt ýatdan çykmaly däldir. – Siz diňe bir uruş weterany hem däl. Zähmetiň hem, çeper döredijiligiň hem weterany, bu hakda pikiriňiz. – Ol zatlaryň hemmesini men öz borjum hasaplaýan. Aýratyn-da, zähmet çekmegi. Ýöne uruş weteranydyryn diýip, artykmaçlyk talap etmegi men-ä uslyp hasap edemok. Käbir adamlar bu meselede öte geçýärler. Men bu hakda ýörite uly goşgy hem ýazypdym. – 75 ýaşanyňyzda «Edebiýat we sungatda» çykdy, «Sähel zada gyzmaly, dost» diýilýärdi. Okyjylar gowy görüp oňlapdylar. – Biz-ä, näme, maýyp bolsagam, dolanyp geldik. – Gaýdyp gelmediklerem köp ahyryn. Şolary ýatlamaly. Şolaryň yzynda galanlary hakda köp alada etmeli. – Däde Hal, siziň döredijiligiňiz ýatlansa, hemişe şony siziň «Sowet edebiýaty» žurnalyna redaktorlyk eden ýyllaryňyz bilen baglanyşdyrýarlar. Meniň özüm-ä muny siziň talap edijiligiňiz bilen baglanyşdyrasym gelýär. Şol ýyllar ýazyjy-şahyrlaryň gytrak wagty bolsa-da, edebiýatda kämil, sünnälenilen, durnukly eserler az döremändir. Şolaryň köpüsi-deSowet edebiýatynda» çykypdyr. Siziň şol işiňiz hakda öz pikiriňiz nähili? – Meseläni dogry gozgadyň. Meniň şu ýerde birnäçe zat aýdasym gelýär. Ol wagtlar «Sowet edebiýaty» ýeke-täk edebi neşir diýen ýalydy. Asyl şeýledi hem. Ýazyjylarymyzyň ilkinji barýan gapysy hem şoldy. Ol ýerdöredijilik maslahatlarynyň özboluşly jaýydy. Şu wagtky edebiýatyň taryhyna girenleriň köpüsi şol ýerde ýetişdi diýsem, nädogry bolmaz. Ýazýanlar köp bolmasa-da, talap güýçlüdi. Şony gaty görýänem ýokdy. Gaty görmeklik soňraklarda ýüze çykyp başlady. Onsoňam bir zat bar: ýazyjy-da gowy işlemeli, ýöne olar bilen žurnalam gowy işlemeli. Awtorlaryň aktiwliini gazanmaly, olaryň ünsüni edebiýatyň tarp ýerine çekmeli. Döwrüň ýüzüni görkezip bilýän düýplüräk eserleriň aladasyny etmeli. Şeýle eserler çykaýjak awtorlary goldamaly. Diňe men däl, şol wagt žurnalda işleýän beýleki adamlaram muňa gowy düşünýärdiler. – Däde Hal, ýadyňyzda galan gowy wakalaram bardyr. – Ata Gowşudowyň düýpli eserleriniň şeýle dörändigini aýdyp biljek. Arman, beýleki halklarda edilişi ýaly, eserleriň taryhy öwrenilenok bizde. Eger şeýle edilse, Ata Gowşut hakda uly kitaplar açyp bolardy. Ata Salyhyň basnýalarynyň döreýşini aýdaýyn. Olary men oňa ýörite düşündirdim. «Atam, bizde gürrüň bilen aýdylýan basnýalar bar. Emma goşga geçirileni ýok. Şony sen edip biljek. Halk döredijiligini gowy bilýäň, ýatkeşligiň gowy. Il arasynda şeýle zatlary bilýän garrylaram kän. Sen şolardan diňläp, göwnüňe ýaranlaryny goşga geçir. Ol seniň döredijidigiň bolar» diýdim. Ata Salyh ukyply adamdy. Şeýleräk hem işledi. Biziň edebiýatymyzda-da Ata Salyhyň basnýalary galdy. Ýöne döredijiligiň şeýle usuly bilen köp işlemedi-de, günüň talabyna göräräk işledi. Olam gerek. Ýöne onda edebiýatda gaty köp zat galmaýar. Ata Köpek bilen işlemek gyzyklydy. Bir zady aýa daýyn, Begmyrat. Käte Ata Köpek hakda gürrüň edilse, oňa kömek berlişi hakda nädogrurak pikirleri hem aýdýarlar. Ata Köpek hakyky halk şahyrydy. Bu ady oňa halkyň özi beripdi. Ýöne ony ugrukdyrmaly bol ýardy. Onuň bir goşgusy şeýle döredi. (Ady ýadyma düşenok). Asyl nusgasy hakda pikir alyşdyk. Täzeden gowy seretmelidigini aýtdym. Ertesi şol goşgynyň dört nusgasyny getirdi. (Özi şu ýere gelipdi). Men hem okap görüp, şol nusgalaryň her birinden bir bendi – birinden birinji, birinden üçünji, birinden ikinji, beýlekisinden dördünji bendini alyp, bir gowy goşgy ýasaly diýdik. (Muny men hut bolşy ýaly aýdýan). Olam razy boldy. «Näme üçin şeýle etmek öz ýadyma düşmedikä» diýip, ol hezil edip güldi. Şeýle pursatlar köp bolýardy. Diňe bular däl, ýatlamaga gürrüň köp. Ine, Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşysyny» diýeli. Munuň bize gelmeginde Aleksandr Iwanowiç Aborskiý pakyryň hyzmaty uly. Ol maşynkadan geçirilen iki bölümdi Biri elli sahypa gowrak, birem altmyş sahypa gowrakdy. Ikisiniň hem o ýerine, bu ýerine seredibräk birleşdirip, žurnalda çap etdik. Bitewi bir gowy eser boldy. Edebiýatymyzda hemişelik orun aldy. Soň ony «Kitap» bilen bilelikde «Sowet edebiýatynyň» kitaphanasynda «Guba düýe berlip alnan kitap» ady bilen kitapça edip çykardyk. Şoňa Şükür bagşynyň hem eli dutarly suratyny ýerleşdirdik. Ýadyma düşýär: kitapçanyň tiražynyň bir bölegini (satuwa çykmalysyny) redaksiýanyň jaýyna getirdik. Soýuzpeçat bilen şertnamamyz ýokdy. Şol gije-de ýer yranyp, şolar okyja ýetmän galdy. – Däde Hal, «Perman» romany hakda gürrüň köp boldy. Siz şonuň aslyna belet bolmaly. Häzir-ä ony «Sowet edebiýaty» žurnaly doly çap etdi, kitap bolubam çykdy. Öň näme boldy? – Hawa-da, eserleriň hem ykbaly adamlaryňka çalymdaş bolýar. Käsi şowly, käsi şowsuz. «Permanyň» hem doly elýazmasyny görüpdim. Ýöne doly okap çykyp bilmändim. Temasy, wakalary çylşyrymly bolansoň, oňa garaýyş başgaça boldy. Ýaňy-ýakynlara çenli hem tema hakda garaýyş şeýledi. Men romanyň birnäçe babyny žurnalda goýberdim. Ýöne, soň rugsat bermediler. Goýbolsun etdik. Gijem bolsa, okyjylara ýetirileni gowy boldy. Onda üýtgeşik ýaramaz zat ýok. Halkyň, ýurduň başyndan geçiren durmuşynyň çeper taryhy ahyryn. – Däde Hal, bu zatlaryň häzir çap edilmegem şu günüň rewolýusion özgerişleriniň, aýanlygyň, demoratiýanyň oňaýly täsiri-dä. Bolmasa, häzirem mümkin bolmazdy çap etmek. Soňky günlere çenlem biziň Russiýa birleşigimize «Türkmenistanyň Russiýa meýletin girmegi» diýlip atlandyrylýardy. Elbetde, ol birleşmekligiň, gürrüňsiz, peýdaly taraplary hem boldy. Ony hemişe bellemeli, bellenýärem. Ýöne hakykaty aýtmaly. – Elbetde, ýöne şol tema ýüzlenmek kyndy. Hatda ylym meselesinde-de şondan gowy däldi. Men žurnalda professor Aga Garryýewiň şol tema degişli uly ylmy makalasyny çap etdim. Şonuň üçin iňirdini köp çekmeli boldum. Hernä aýanlyk bir gowy zat boldy. Täzeden gurmak işi üstünlikli dowam etsin-dä. Meniň-ä uly arzuwym şol. Käbir zatlar hakda häzire çenlem agzaýarlar-da, näme üçindir alada edilenok. Ine, Hoja Şüküriň «Horezm» dramasy bar. – Özüňiz ýatladaýdyňyz, men soraýyn diýip durdum. Şol eseriň ykbaly başda nähili boldy? Ony siz žurnalda doly çap edipsiňiz. Teatrda goýlansoňam gadagan edilipdir. Zyýanly eserler hökmünde-de partiýanyň MK-nyňkararynda ýazgarylypdyr. Sizden hiç zat soralmadymy? – Ýok. Maňa resmi edaralardan bir söz aýdanam bolmady. Ýöne, «karara» girmesinden öň moskwaly bir awtor (ady, kimdigi ýadymda ýok) şol hakda tankydy makala ýazyp, biziň gazetlerimiziň birinde çap etdirdi. Meniň ýanyma hem gelip, dramanyň zyýanlydygyny düşündirjek boldy. Menem jedelleşip durmadym. «Ýyllar geçer, döwür görkezer nämäniň nämedigini» diýip oňaýdym. Häzir şol döwür hem geldi diýip düşünýän. – Däde Hal, türkmen sowet edebiýatynyň ösüş ýoluna siz ony öwrenijilerden hem belet. Ýazyjylarymyzyň taýýarlyk derejesine-denäbelet däl. Biziň edebiýatymyzda geçmiş taryhymyzyň haýal işlenişi näme bilen baglanyşyklyka? Geçmişe bolan gorkuly garaýyş bilenmikä ýa ýazyjylaryň taýýarlygy bilen? – ?! – Gaty dymdyňyz weli, ýerliksizräk bolaýdymy? (Ol çilimini uzyn sorup, kän pikirlenýär). – Ýok-la, ikisem bar. Meniň-ä hemişe aýdýan pikirimi sen öňem eşidensiň, rewolýusiýadan bärik näçe eser ýazsak, şondan aňrygam her ýyl üçin bir roman gerek diýýän. Şony şeýle etmäge Beýik Oktýabr rewolýusiýasy, beýik Lenin mümkinçilik berdi. Ýöne, poeziýanyň mümkinçiligi dar bolýar. Elbetde, stalinçilik repressiýalar, soň eden-etdilikli durgunlyk ýyllary halkyň taryhy geçmişi hakda gowy eserleriň döremegine ýiti päsgel berdi. Repressiýalar ýetişip gelýän sowatly, edebi nesilleri paýhynlady. Gözi gorkanlaram bu hakda pikirlenibem bilmedi. – Juda dogry aýdýaňyz. Özümem şol pikirde. Sebäbi edebi nesil uzak wagtyň önümi bolýar. Nesiller çalşanda-da, kär dowam etmeli. Ýaňky aýdan sebäpleriňiz edebi nesillerde üzlem-saplamlygy köp döredipdir. Däde Hal, gowy ýadyma düşdi, sizden bir zady soraýyn-la. – Hawa, ýeri näme? (Ýylgyryp çilimini alýar). – Siz, dogrusyny aýtsak, stalinçilik döwürde ýetişen adam. Onuň şöhratyny okap bilmeli däl. Aýratyn hem uruş döwrüniň abraýyna beletsiňiz. Söweşlere şonuň ady bilen girensiňiz... – Dogry. – Partiýamyzyň taryhy XXII gurultaýy Staliniň şahsyýet kultuny gutarnykly paş edensoň, türkmen edebiýatynda ilkinji aýgytly söz aýdan siz bolduňyz. «Delegat gür berýär» poemaňyzda («Sowet edebiýaty» žurn. № 1, 1962 ý.) onuň jesedini Leniniň mowzoleýinden çykarmaly diýen pikiri goldap çykyş etdiňiz. Poemaňyzda şeýle setirler bar: Diýdiler şundan soň sowet iliniň, Mukaddes gümmezi – Mawzoleýinde, Iň eziz adamyň – beýik Leniniň, Baky ukusynda ýatan öýünde Staliniň meýdi ýatmasyn asyl! Öz ornunda görsün her kesi nesil! Şol pikirler hakda häzir pikiriňiz nähili? – Men öňki pikirimde. Şol poema çykansoň, maňa haýbat atyp ýazylan hat geldi. «Gaýratyň bolsa, Garaguma çyk» diýipdirler. Haty şol wagt ýokary edaralara berdim. Hiç ýere çykjagam bolmadym. Bir zat gaty gynançly, şol mesele, şol tema dowam etdirilmedi. Altmyşynjy ýyllaryň başynda onuň öňi alyndy. Şol meselä ýene ýigrimi ýyldan soň dolanyp gelinmegi köp zatlary ýitirdi. Birinjiden-ä, adam ykballaryna hyýanat boldy. Köp adam özüniň päkdigini, bigünä harlanandygyny bilmän gitdi. Ikinjiden, köp sanly eserler ýazylman galdy. Hatda şol poemanyň esasy bölümlerini kitaba-da salyp bilmedim. Şol temany gowy bilýän, içinde bolan, başyndan geçiren adamlar hem, ýazyjylar hem indi aramyzda ýok. Bolanlary-da garrady. Indi ýazyjylar dokumentleri öwrenip ýazmaly. Garaz, nähili bolanda-da, çeper edebiýat ol ýowuzlygy paş etmäge öz goşandyny goşmalydyr. Munuň üçin partiýamyz, jemgyýetimiz bahasyna ýetip bolmajak aladalar edýär, çäreler geçirýär. Nesiller bu hakda-da bilmelidir. – Siz poeziýa juda wepaly adam ekeniňiz. Öz döredijiligiňizem, terjimeleriňizem şondan habar berýär. Biziň poeziýamyzyň ösüş ýollaryna nähili garaýyşda, onsoňam siziň şu wagta çenli rifmasyz ýekeje setiriňiz hem ýok. Näme üçin beýle? – Sen meni gyjyklajak bolýaň, Begmyrat! (Ýylgyrýar). Men pikiriň soňundan başlaýyn. «Goşgy» diýlensoň, onuň rifmasyz, kapyýasyz bolmagyna men düşünemok. Bu meselede ikirjiňlenýän adam oňa düşünmek üçin biziň klassyklarymyzy, rus poeziýasyny okamaly. Şolarda poema-da bar, goşgam, emma kapyýasyz getir ýok. Kapyýasyz ýazmak aňsadyna bakmak bolýar. Olam men-ä senedi harlamak diýip düşünýän. Žurnalda işlän wagtym rifmasyz goşgy çap etmedim. Ýöne neşirýatda işlänimde başartmady. Men Ata Köpekden Atamyrada çenli bolan döwre belet. Her döwrüň gowy şahyram, horda şahyram boldy. Soňky ýaşlar hakda aýtsagam, 60 – 70 ýyllar erbet däl. Häzirkiler-ä, göwnüme bolmasa, galmagaly köp edýän ýaly. Terjimä-de öz eseriň ýaly seretmeli. Ony hiç wagt gazanç çeşmesi hasaplamaly däl. Nädogry edilýän bir zat bar. Rus dilinden rifmaly goşgyny öz dilimize boşaşa rifmalaşdyryp geçirýärler. Beýle başdansowmalygyň, gijem bolsa, öňüni almaly. – Siz terjime işinde W.Maýakowskä köp üns beripsiňiz. Muňa nähili zatlar täsir etdi? – Gowy, ruhubelent, şahandaz, dogumly şahyr Onuň poeziýasynyň şol häsiýetleri täsir edendir-dä. Men ony köp okaýardym, uruşdan öň hem, soň hem. Umuman, beýik şahyr-da. –Siz «Beýik halypa» diýen poemaňyzda-da şol pikirde. Tutuş poemany-da şoňa bagyşlapsyňyz... – Men pikiriňe düşünýän. Ýalňyşmasam, näme täsir etdi diýjek bolýaň. – Hawa. – Bu ýerde onuň döredijiliginiňem täsiri ýok däl. Ýöne men ol hakda başga bir zat eşitdim. Otuzynjy ýylda Türkmenistana gelen rus brigadasy bilen olam bärik gelmäge hyýallanan eken. Bir sebäp bilen galypdyr. Brigada bärik gaýdansoňam W.Maýakowskiý aradan çykýar. Şony eşidip, ýüregim gaty awady. Birhili, bärik gelen bolsa, göwnüme bolmasa, ölmejek ýaly boldy. Onuň bärik gelmäge hyýal edenine men ynandym. Ynandyryjy gürrüň berdiler, moskwaly ýazyjy dostlarymyz. Geläýen bolsa, boljak duşuşyklary, gatnaşyklary göz öňüne getirip, bir ýadygärlik ýatlama bolsun diýip, şol poemany ýazdym. – Dogrusy, niýetiňiz ýerine düşüpdir. Şol biziň edebiýatymyzda beýik Maýakowskiý hakdaky uly ýadygärlik. Dogrudan hem, şahyr 1930-njy ýylyň 14-nji aprelinde aradan çykýar. Zarpçy brigada bärik gelensoňbolýar-da! Däde Hal, saglygyňyz-a, tüweleme, erbet däl ýaly, bu günler näme iş başynda siz? – Geçeni ýatlaýas, geljege göwün ýüwürdýäs. Ýurdumyzda bolýan, sözüň hakyky manysyndaky beýik işlere guwanyp otyryn. Dünýäde parahatçylygyň üzül-kesil gowulanýandygyna guwanýaryn. Muňa begenjime iki bolup bilemok. Adamzat hiç wagt uruş görmesin! – Däde Hal, arzuwlaryňyz hasyl bolsun! Ömrüňiz uzak bolsun! Bize-de ýoldaşlarymyz bilen hemişe salama gelip, saglykda görşüp durmak nesip etsin! – Diýeniňiz gelsin! (Özüne mahsus mähirlilik bilen ýylgyrýar). Mart, 1989 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |