12:50 Ykbala öwrülen şahyranalyk | |
YKBALA ÖWRÜLEN ŞAHYRANALYK
Edebiýaty öwreniş
Türkmen sowet edebiýatynyň irki wekilleriniň biri, Beýik Watançylyk urşuna eli ýaragly gatnaşan şahyr, zähmetiň hem çeper döredijiligiň weterany D.Haldurdynyň döredijiligi hemişe üns berilmäge degişlidir. Edebiýatymyzyň taryhyna belet adamlar üçin onuň geçen ýoly durşuna çeper edebiýat bolup görünýär. Döredijilik işine gazet sahypalaryndan başlan, öz aýdyşy ýaly, gazetçi şahyr D.Haldurdy urşa çenli Gyzyl Goşunyň hatarlarynda gulluk edýär. Respublikanyň gazetleriniň redaksiýalarynda işleýär. Beýik Watançylyk urşuna ilkinjileriň hatarynda meýletin gidýär. Watan ugrundaky söweşlere gatnaşyp, «Bir aýagy ýokmuş, balam, dyzyndan» diýilýän ýigitleriň hatarynda 1943-nji ýylda dolanyp gelýär. Şol günden bärem edebiýat meýdanynyň janköýer esgeri bolup, ähli kynçylyklaryna, çekişmelerine ten berip», döz gelip hyzmat edýär. Ol şu gün hem hatarda. Şahyr-ýazyjynyň dynç güni ýok. Bu düşünje sözüň göçme manysynda-da, dogry manysynda-da şeýle. Gas ýigrimi ýyl «Sowet edebiýaty» žurnalyna redaktorlyk eden, ýigrimi ýyl gowragam «Türkmenistan» neşirýatynda galamdaşlarynyň eserlerine serenjam berip, jemagata gowuşmagyna hemaýat etdi. Şu gün hem ol öz halypalygyny dowam etdirýär. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Haldurdy Durdyýew mzüne «D.Haldurdy» diýip, edebi lakam alan bolsa, edebi jemgyýetçiligiň wekilleri, medeni intelligensiýa (diňe bir olar hem däl), onuň hyzmatlaryny hormatlap, söz ussadyna «Däde Hal» diýip ýüzlenýärler. Bu bolsa her taraplaýyn ykrar edilmäniň alamatydyr. D.Haldurdynyň poeziýasy jemgyýetçilik-syýasy mazmunynyň çuňlugy, «sagdyn bedenliligi» bilen ilkinji günlerden köpüň ünsüni özüne çekýär. Sowet demokratiýasynyň artykmaçlyklaryny düşünjeli delillendirýän «Garry saýlawça» atly özüni okyjylara äşgär eden uly göwrümli goşgusyndan bäri şahyr döwrüň ýürek urgusy bolup eşidilýän, her taraplaýyn kämilligi bilen tapawutlanýan onlarça şahyrana eserleri edebiýatymyza getirdi. Urşuň öň ýanyndaky ýyllarda ýüzüni görkezip ugran şahyr Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda kämil derejä ýetýär. Onuň şol döwürde döreden poeziýasy diňe bir öz üstünligi bolman, eýsem tutuş türkmen sowet poeziýasynyň gymmatyny artdyrdy. Şahyr ýowuz urşuň ilkinji günlerinden başlap, duşmana ýigrençden hem gahar-gazapdan doly bolan goşgular bilen orta çykýar. Taryhyň gatlaryna nazaraýlaýan, öz döwrüniň sarpasyny juda belende göterýän, ynanja ýugrulan şol goşgular sowet watançylary üçin taýsyz ruhy iýmit bolup hyzmat edýär. D.Haldurdynyň «Gyrarys», «Gahrymana», «Äden ädimlerin ädikde galdyrys», «Partiýanyň ýüzlenmesi» ýaly eserleri ýüzlerçe adamlaryň goltugyndan göterip, namys-gaýrat duýgularyny oýarypdy. Halklara azatlyk getirjek beýik goşunyň hatarynda bolmaklygy şahyr mukaddeslik hasaplady. Onuň hatarynda gulluk etmeklik – Ömürlik taryha girdigiň bolar. Budur maksat-myradyňa ýetmeklik – Ýeňşiň tanapyny düýrdügiň bolar. Şeýdip, şahyryň özi-de şol adamlaryň hatarynda söweş donuny geýdi. «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýen düşünje hakyky manysynda ýüze çykýar. Onuň «Dostumyň ýadygärligine», «Ýektaýly gyz», «Dnepr», «Etseň hyzmat, ýagar hormat», «Bize batyr halkyň perzendi diýrler», «Öň hatarda» kimin ok-däriniň, kepemedik esger ganynyň ysy gelip duran goşgulary söweş meýdanynyň özboluşly suratyny çekýär. Ine, awtomatlar, ine, kaskalar – Ine, halkyň bize beren ýaragy. Ynha, ok-däriler, ine, maskalar – Şular şu gün goç ýigidiň geregi. Şol döwürdäki tutuş poeziýasy halkymyzyň gahrymançylykly şahyrana biografiýasyna öwrülen frontçy esgeriň şol mukaddes işden boýun towlan bigaýratlary paş edýän «Binamys», «Gaçgak» balladalary-da döwrüň dogruçyl sahypalaryny döredýär. Watançylyk urşunyň her gün-her sagadyny ýeňşiň aladalary, il-günüň, galamdaş ýoldaşlarynyň, söweşjeň esgerleriňtutuş söýgüli Watanyň gaýgy-gamy, ýürek awusy, mertligi-edermenligi bilen geçiren şahyr Ýeňiş güni bolsa öz halkynyň aýdymçysy hökmünde il-güni aýdym bilen mübärekleýär. Goňşy, gözüň aýdyň, göter bulgury, Bu gün biziň köçämizde toý boldy. Ony gurap beren beýik algyry Alkyşlap şöhratyň goltugna saldy. Beýik Ýeňşi mübärekleýän goşgynyň bütin bedeni; duşmana ýigrenç, edermen halkymyza buýsanç, ýeňişleriň ýolbaşçysy – algyry mähriban partiýamyza alkyş duýgularyna ýugrulandyr. Umuman, şeýle belent ideýa-mazmun D.Haldurdynyň tutuş şol döwür poeziýasy üçin häsiýetlidir. Türkmen edebiýatynyň ýakyn dosty P.Skosyrew hem «Türkmenskaýa literatura» diýen oçerk-kitabynda bu hakda ýörite belläp geçýär. Şahyryň şol eserleri urşuň yz ýanynda neşir etdiren «Meniň ýaragym» kitabyna ýerleşdirilýär. Soňra ol goşgular rusça çykan «Byl ýa soldatom» atly kitabyna ýerleşdirilýär. Onuň harby poeziýasy rus okyjylarynyň-da ykrar etmegini gazandy. Onuň adyna Kostrama şäherinden okyjy D.M.Mihaýlowadan gelen bir hatda şeýle diýilýär: «Gadyrly ýoldaş Haldurdy! Men «Selskaýa žizn» gazetinden. Siziň goşgyňyzy okadym. Ol maňa örän ýarady. Ol goşgyny Ýeňşiň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýygnanyşykda okap berdim. Meniň özüm hem eli ýaragly urşa gatnaşyjy: Ikinji Belorus frontunda söweşdim. Goşgyňyz baýramçylyga gatnaşyjylara örän ýarady. Bu siziň taýsyz üstünligiňizdir. Men işleýän ýerim bolan uruş inwalidleriniň gospitalynda-da goşgyňyzy yzygider okap berdim. Goşgyňyz üçin köp sag boluň. Öňüňizde baş egýärin!» D.Haldurdynyň poeziýasynda Lenin temasy, syýasy publisistik, harby-watançylyk temalary aýratyn orun eýeleýär. Şahyr bu temalardan uly yhlas siňdirilen goşgularyň hem poemalaryň ençemesini döretdi. Onuň soňky döwür poeziýasynyň köp bölegini Lenin temasy eýeleýär. Ol eserleriň her biri beýik akyldaryň durmuşynyň, durmuşa geçen arzuw-islegleriniň, zähmetkeş ynsana bolan howandarlyk duýgularynyň bir pursatyny beýan edýär. Nesilleriň minnetdarlygyna hem ynanjyna eýlenen ol şahyrana setirler ýene bir gezek Lenini okyja, okyjyny Lenine ýakynlaşdyrýar. Şu günler, ýurdumyzyň rewolýusion täzelikler bilen täze ösüş ýoluna düşen mahaly, Lenine, leninizme täzeden ýüzlenýän mahalymyz, bu goşgularyň gymmaty has-da artýar. Şahyryň bu mukaddeslige bagyşlanan «Iller ony eý gördi», «Beýik ynsan», «Lenin bilen gitdik öňe», «Wladimir Iliç Lenin», «Lenin hakynda söhbet», «Biz Lenine minnetdar», «Ol adam Lenindi», «Lenin ýaşmaz günümiz» ýaly her taraplaýyn boldumly liro-epiki goşgulary, «Lenin hakda söz», «Ýaşlygymyzyň bir güni»poemalary türkmen Leninnamasyny baýlaşdyran eserler boldy. Hakykatyň özi ýaly ýönekeý (M.Gorkiý) bola beýik ynsanyň serdarlyk hem akyldarlyk, sadalyk howandarlyk ýaly onlarça ýüreklere ýakyn bolan häsiýet sypatlary hakda goşgularda maglumat berilýär Şol ýakynlygy «Lenin hakda söhbet» goşgusynda («In bir ägirt är», «halka medetkär», «beýik akyldar», «Iň beýik serdar» hakda) iki gojanyň pikiri soňky setirlerde şeýle jemlenýär: – Ol beýik ynsanyň doglan gününde Biziň her birimiz oturtsak çynar. Ýowarçy her ýylda oň kölgesinde Bizi hem ýat eder, hem dynjyn alar. ...Iki goja söhbet açyp arada, Şeýle gürrüň berdi Lenin barada. Bu bolsa Lenin ideýalarynyň zähmetkeş halkyň kalbyna ornaşmagynyň mysalydyr. Lenin temasynda ýazylan eserleriň köpüsinde W.I.Leniniň halklar arasyndaky beýik hem mizemez dostlugy guraýjy, Kommunistik partiýany, Sowet döwletini dörediji edilip görkezilmegi okyjyda aýratyn höwes döredýär. «Biz Lenine minnetdar» eserinde ýurdumyzyň döreýiş taryhyna nazar aýlamaga mümkinçilik berýär. Lenin gaýgyrmady halk üçin jany, Jandan eziz gördi işçi-daýhany. Kommunistik ärden gurşaldy ýany, Lenin gurup berdi Sowetystany. Şonuň üçin okyjy hem beýik howandaryna minnetdarlyk sözlerini aýdýar. D.Haldurdynyň syýasy-publisistik poeziýasynda Beýik Oktýabry, Kommunistik partiýany, onuň ideýalaryny wasp edýän ýürege ýakyn goşgularyň hem az däldigi ýakymlydyr. Onuň bu goşgulary-da, köplenç ýagdaýda, Lenin temasy bilen organiki baglanyşyp gidýär. Şahyryň özi hem bu hakda şeýle diýýär: Partiýam, sen ähli ýeňşiň gurjusy Ähli adamzadyň öňde barjysy. Seniň waspyň etsem, ýeňişleň bary Ondan özleriniň tarypyn alar. Zähmetkeş ähliniň beýik serdary Leniniň hem waspyn etdigim bolar. Harby-watançylyk tema D.Haldurdynyň soňky ýyllardaky döredijiliginiň hem esasy bölegini eýeleýär. Goja soldat, muny has dogrusy, öz ykbaly hasaplaýar. Şol goşgulardan goşunda bedeni bekän, ömrüni uruş oduna çawladan hemişe parahat durmuşyň goragynda gezýän döwürdeşimiziň – sowet şahyrynyň sesi eşidilýär. Şahyr ýedi bölümden durýan «Goja soldat» epiki moemasynda özüniň hem deň-duşlarynyň goşunda geçen (luny birin-birin gürrüň berýär. Soňra «Ene geýip harby lybas» jeň meýdanynda gören-eşidenlerini «Starşina», «Dorja ýaby» poemalarynda beýan edýär. Bu eserler ilkinji gezek «Goja soldat» kitabynda okyjylara gowşupdy. Kommunist şahyr halkymyzyň gahrymançylykly söweş ýolunyň beýanyny poemalary bilen tamamlamady. Olaryň ýany bilen biri-biriniň üstüni ýetirýän agras oý-pikirleri özünde jemleýän uly goşgular toplumyny döretdi. Onuň «Maýda buz ereýär», «Ýeňilmez soldat», «Ol gün deňziň kenarynda», «Bizi söweşlere äkiden sözler», «Näbelli soldat», «Ol ot diňe soldat ýüregi däldir» goşgulary şol topary düzýär. Bularyň üstüne onuň dürli temalardan döreden onlarça irili-ownukly goşgularyny, W.W.Maýakowskä bagyşlanan «Beýik halypa», durmuşy temadan gürrüň berýän «Jadyly ýapraklar» poemalary goşsak, onuň her gününiň şahyrana setirleriň gözleginde geçendigini aňlatdygymyz bolar. Halk ýazyjysynyň nesilleri sowet watançylygy, internasionalizm hem doganlyk-dostluk ruhunda terbiýelemekde ägirt uly mekdep bolan bu eserleri onuň «Edermenlik ýoly» (1979ý.), soňra bolsa köpüsi tutuşlygyna gaýtalanyp «Ömür ýoly» (1984ý.) kitabynda neşir edildi. D.Haldurdy ykrar edilen terjimeçi şahyrdyr. Ol rus hem sowet şahyrlaryndan, dünýäniň progressiw awtorlaryndan onlarça ajaýyp goşgyny ýokary çeperçilik bilen türkmen diline geçirdi. Beýik Puşkiniň «Ýadygärlik» goşgusy, «Poltawa» poemasy türkmen okyjylarynyň hrestomatiýa eserine öwrüldi. Ol bu eserlerde A.S.Puşkini türkmençe gürletdi diýsek has dogry bolar. Şahyr W.W.Maýakowskini özüniň ussady-halypasy hasaplaýar. Ol dürli döwürlerde onuň aýry-aýry goşgularyny, poemalarynyň böleklerini terjime etdi. W.I.Leniniň 100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli D.Haldurdy beýik şahyryň «Wladimir Iliç Lenin» – poemasyny dolulygyna türkmen okyjylaryna sowgat berdi. Poema ýubileý kitaby hökmünde özbaşdak neşir edildi. Terjime sungatyny özüne pişe edinen, döredijiliginiň bir bölegi hasaplaýan D.Haldurdynyň terjime eserleriniň uly bölegi «Terjimeler» ady bilen özbaşdak kitap edilip okyjylara ýetirilipdi. Men şu ýerde söz ussatlarynyň D.Haldurdynyň şu baý döredijiligine, kämil halypalygyna beren bahalaryny ýatlap, olary okyjylara-da ýetiresim gelýär. Bu biziň edebi taryhymyzdan nusga bolar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň laureaty Gylyç Kulyýew şeýle diýipdi: «Biziň galapynymyz Haldurda «Däde Hal» diýýäris. Şony hut doganymyz ýaly görenimiz üçin, ýakyn görenimiz üçin şeýle diýýäs. Umuman, ýazyjylaryň içinde ýaşlaryndan başlap, ýaşy birçene baranlaryna çenli Däde Halyň kömegini görmedik, şonuň kömegi bilen kemala gelmedik ýok bolsa gerek. Meň özüm-ä ýazyjy bolanym üçin Däde Hala minnetdar. «Köpetdagyň aňyrsynda» powestini ilki okan, şoňa ýol açan Däde Hal. Şol wagtlar meniň ýazyjy bolmak hyýalymam ýokdy. Däde Hal şol ýazgylary okady-da: «Eliňi çerme-de işle, munyň bir oňat powest bolmagy ahmal. Geljekde-de has düýplüräk zada ýapyşarsyň» diýdi. Onuň akgöwünliligi, onuň beren kömegi, ine, soňra has tutumlyrak işe girişmäge kömek berdi. Umuman, biziň edebiýatymyza gadyr goýýan adamlar Däde Hala gadyr goýýandyrlar». Edebi taryhymyzyň häsiýetnamasy hökmünde respublikamyzyň halk ýazyjysy Ata Atajanowyň hem aýdan sözlerini dolulygyna getirmek isleýärin. «Biziň nesillerimiziň-ä hemmesi diýen ýaly Haldurdyny diňe bir şahyr hökmunde däl-de, örän talapkär redaktor hökmünde tanaýar. Biziň neslimizde goşgusy, hekaýasy ýa powesti Haldurdynyň elinden geçmedik ýazyjy ýok diýsem, men, belki, öte geçmerin. Sebäbi, bir tarapdan, ol «Sowet edebiýaty» žurnalynda, ikinji tarapdan «Türkmenistan» neşirýatynda redaktor bolup işledi. Diýmek, her hili ýagdaýda-da ýaş ýazyjylara kömek bermäge ýetişdi. Men diňe bir ýaş ýazyjylary nazarda tutamok. Ata Gowşudowyň romanlaryny howlukdyryp ýazdyranam Haldurdy. Berdi aganyň bir topar zadyny howlukdyryp ýazdyranam Haldurdy. Ýene-de bir zady: rus ýazyjylarynyň görnükli eserlerini «Sowet edebiýatynda» çap edip çykarmak üçin, köp adamyny gyssap, terjime etdirip, ile ýaýradanam Haldurdy. Üstesine-de, özi döredijilik işinde W.Maýakowskiniň «Wladimir Iliç Lenin» ýaly poemasyny, Puşkiniň «Poltawa» ýaly poemasyny klassyky terjime edip, biziň üçin ullakan bir görelde, nusga boldy.» Görşümiz ýaly, edebiýatymyzyň taryhyndaky halypalyk hyzmatlary-da, döredijilik hyzmatlary-da D.Haldurdyny ýazyjylarymyzyň arasyndaky hormatly hatara çykardy. Bütin döredijiligi doganlyk-dostlugyň, parahatçylygyň aýdymçysy diýmäge esas berýän, goja soldat, goja şahyr şu gün hem soňky döwürlerde ýazan «Adamlar, goralyň parahatlygy» diýen goşgusynda: Has belent ýaňlansyn dynçlyk owazy, Köpelsin jeň-urşa garşylaň sany! Doň kalby eretsin dynçlygyň ýazy, Parahat asyrlar guçsun ynsany! diýip ýazyşy ýaly, çeper sözi, çeper döredijiligi dynçlygyň, parahatçylygyň daýanjy hasaplaýar, özi-de şol pikir bilen ýaşaýar. 1989 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |