13:03 Alym şahyryñ sapaklary | |
ALYM ŞAHYRYŇ SAPAKLARY
Edebiýaty öwreniş
Türkmen sowet edebiýatynyň döreýiş hem kämilleşiş ýoluna nazar aýlanyňda, onuň ençeme işeňňir, özboluşly wekilleriniň bolandygyny, bardygyny höwes bilen ýatlaýarsyň. Olaryň her biriniň döredijiligi bir röwüşde göz öňünde janlanýar. Edebiýat äleminde halypalyk ornuny eýelän meşhur «Söýginiň» awtory Aman Kekilow, onuň köp taraply döredijiligi hakdaýatlamak has hem gyzyklydyr. Ellinji-altymyşynjy ýyllarda edebi jemgyýet çilige «alym-şahyr» diýen düşünje aralaşdy. Bu düşünje gönüden-göni A.Kekilowyň ady bilen baglanyşyklydy. Şol wagtlar muňa onçakly üns berilmedigem bolsa, indi-indiler seredip otursaň, edebiýatymyzyň taryhynda bu düşünjäniň özboluşly manysy bar Türkmen sowet edebiýatynyň taryhynda özüne mynasyp yz galdyran A.Kekilowyň döredijiliginiň kemala gelşi şol ýokarky düşünje bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ilkinji goşgularyny okuw-terbiýeçilik işleri çaga endikleri, haýwanat dünýäsi bilen baglanyşdyryp, mahlasy, edebiýata terbiýeçilik temasy bilen gelen Aman Kekilow bütin düşünjeli ömrüni, zehinli döredijiligini şol äheňde dowam etdirdi diýsek, dogry bolar. Aman Kekilow uly şahyrana döredijiligi ömrüniň ahyryna çenli ylmy-derňew, ylmy-teoretiki işler bilen utgaşykly dowam etdirdi. Hut şonuň üçin hem Aman Kekilow okyjylaryň aňynda, edebi jemgyýetçilikde alym-şahyr bolup ýaşaýar. Çeper döredijilige çagalar üçin ýazylan sadaja goşgular bilen gelen A.Kekilowyň bütin döredijiligi sosialistik Türkmenistanyň taryhy ösüşleri bilen ädimme-ädim berk baglanyşyklydyr. Şahyryň döredijilik ýoluna nazar aýlanyňda, ýurtda ýüze çykan hem çözülmesi derwaýys bolan wakalara onuň işeňňir gatnaşyjy bolandygyna göz ýetirmek kyn däl. Edebiýatda «otuzynjy ýyllar» diýlip atlandyrylýan ummasyz çylşyrymly, kynçylykly, göreşli hem guwandyryjy netijeli ýyllar biziň edebiýatymyzda aýratyn bir belli döwür boldy. Bu ýyllarda ýurtda kollektiw hojalyklary gurmak, synpy ýatlaryň soňunaçykmak, medeni rewolýusiýany berkarar etmek, senagaty ýola goýmak, sowatsyzlygy ýok etmek, biziň respublikamyz üçin aýratyn kynçylykly bolan aýallar azatlygyny gazanmak şol ýyllaryň esasy meseleleri bolup durýardy. Partiýamyzyň hem hökümetimiziň uly alada bilen durmuşa geçirýän şu we şulara meňzeş çärelesine türkmen sowet ýazyjylary hem işeňňir gatnaşýardylar. Aman Kekilowyň şol ýyllardaky döredijilik ýoluna seredeniňde-de, şu hakykata doly göz ýetirýärsiň. Şahyryň çagalar üçin döreden ownukly-irili goşgulary bilen birlikde onuň irki ýyllarda ýazan ençeme şowly, döwrebap goşgularynyň uly ähmiýeti boldy. Onuň aýal-gyzlar azatlygy temasyna bagyşlanylan «Ataly-gyz», kollektiwizasiýa, kulaklardan ýurdy arassalamak temasyna bagyşlanan «Ýan-ýansaň», geçirilýän medeni çärelere bagyşlanan «Radio» ýaly ençeme goşgulary üns bererlikdir. Şol döwrüň tutuş däp-düzgünlerini paş etmek, ony deliller bilen zähmetkeş halka düşündirmek, täze döwrüň, täze durmuşyň halkyň öňünde açyp goýan mümkinçiliklerini, artykmaçlyklaryny aýan etmek, ony göreşip gazanmak hem gorap saklamak ýaly söweşjeň pikirleri ýaýratmak ýaly ideýa-mazmun A.Kekilowyň poeziýasyna-da mahsusdy. Şol döwrüň ýiti syýasy meselesi bolan aýal-gyzlar azatlygy hem sowatsyzlygy ýok etmek işlerine bagyşlap, B.Kerbabaýewiň «Azatlyk gadyryny biliň gyzlar», Mollamurtüň «Ogul hem gyz çagalarňyz okadyň», «Bilime jan ediň, türkmen gyzlary», Durdy Gylyjyň «Okaň aýal-gyzlar, zamanyň geldi» we şuňa meňzeş beýleki eserler ýaly, A.Kekilowyň hem «Ataly gyzy» öz hyzmatyny bitirdi. Onuň meseläni beýan edişinde artykmaçlygyň hem bardygyny bellemelidiris. Beýleki goşgularynda diňe öwüt-ündew bolsa, uly göwrümli bu goşguda aktiwlik peýda bolýar. Gyzyň özi ilki bile atasyna ýüzlenip, pikir-islegini aýan edýär: Deň-duş joralarym mekdepde okaýar, Hökümet olara köp ýagşy bakýar, Azatlyk derýasy joşgunly akýar, Rugsat berseň, boýlap ýüzsem, atam jan! Gyzyň täze eýýamyň mazmunyna göz ýetiren, «kolhoza giren» kakasynyň: Deň-duş joralaryň okaýan bolsalar, Sen-de gidip oka indi, eý balam, – – ýaly pikirler bilen gyzynyň sözüni makullamagy edebiýatdaky öňe gidişlikdi. Şahyryň şol ýyllardaky şeýle äheňli täze eýýamyň jarçysy bolup çykyş eden goşgulary onuň şol wagtlardan formirlenip başlan graždanlyk pozisiýasyny ykrar edýärdi. Dogrudan hem, A.Kekilow şol ýyllarda «göze ilerlik» işleri bilen saýlanýardy. Ol edebiýat işinsiň ymykly goşulypdy. 1930-njy ýylda biziň respublikamyza gelen rus ýazyjylarynyň Birinji zarpçy brgadasy bilen içgin gatnaşykdady. Respublikanyň edebi-guramaçylyk işine işeňňir gatnaşýardy. Aman Kekilow ýazyjylaryň Birinji bütinsoýuz gurultaýyna delegat bolup gatnaşan «edileriň» biridir. Moskwa täsirleriniň, hut beýik Gorkiniň taryhy dokladynyň hem aýry-aýry çykyşlaryň hyjuwy bilen ýaş ýigitde nähili döredijilik duýgularynyň dörejekdigi öz-özünden düşnüklidir. Bu şeýle hem bolýar. A.Kekilow şol günlerden başlap, respublikada edebiýat işini ösdürmek, ýaşlary terbiýelemek, folklory öwrenmek bilen baglanyşykly ençeme edebi makalalar ýazmak bilen birlikde, öz şahyrana dörediji- ligine hem düýpli üns berýär. Şahyr kollektiw hojalygyň durmuşyna bagyşlanan ençeme goşgular bilen birlikde poema žanrynda-da eser döretmäge köp üns berip başlaýar. Şol eserlerde şahyr özüniň hem özi ýaly agyr günleri başdan geçiren zähmetkeş halkyň wekilleriniň geçmişi, olaryň täze durmuşa höwes bilen gelişleri hakda gürrüň berýär. Onuň «Geçen günlerim» poemasy geljekki uly söz ussadynyň hem onuň deň-duşlarynyň görgüli günlerini birin-birin göz öňünden geçirýär. Olar täze eýýamy beýik ruh bilen garşylaýarlar. Batyrgaýlyk bilen onuň gujagyna dolýarlar. Olaryň çyn ýürekden çykan sözlerini şahyr makullaýjylyk bilen şeýle ýazýar: Ynha, gyzyl ýaglygmyz, Işçileriň ganydyr. Biziň barýan ýolumyz Leninizm ýoludyr. «Döşleri bir meňzeş nyşanly, on üç-on dört ýaşly» ýetginjekleriň dilinden aýdylan bu sözler Aman Kekilowyň hemişelik ideýa programmasyna öwrüldi. Şahyr döredijiliginiň bütin dowamynda, haýsy temada işlemegine garamazdan, hakykaty beýan etmekligiň Kommunistik partiýalaýyn prinsiplerine wepaly boldy. Real hakykaty, döredijilikli zähmeti, durmuşa, ýaşaýşa söýgini teswir edýän çeperçilik serişdelerini gözledi. Aman Kekilowyň kollektiwizasiýa döwrüniň pajygly wakalarynyň bir bölegini öz içine alýan «Öňe» poemasyny okanyňda-da, hut şeýle pikire uýýarsyň. Häzire – bu güne çenli şahyryň döredijiliginde ýatlanyp gelinýän bu eser täze durmuş ugrundaky aýgytly synpy göreşiň beýany boldy. Munda zähmetkeş daýhanyň öz synpdaşlaryna beýanyny okamak bolýar. Könäniň hossarlaryna, synpy duşmana bolan ýigrenç setirsaýyn okyjynyň aňyna aralaşýar. Sosialistik realizm edebiýatynyň ilkinji epiki nusgalarynyň biri bolan bu poemanyň yzy bilen şahyr ikinji bir – häzire çenli okuw programmalaryndan düşmän gelýän epiki poemanyň üstünde işleýär. Bu onuň hyjuw bilen ýazylan «Soňky duşuşyk» poemasydyr. A.Kekilowyň şol ýyllardaky eserlerine yzygiderli seredeniňde, onuň esersaýyn kämilleşýändigine göz ýetirmek kyn däl. Bu eserde geçmişiň wakalaryny zehin eleginden geçirip, oňa edebi döredijiligiň ýokary kada-kanunlaryndan baha bermegi başaran şahyryň sesini eşitmek bolýar. Şahyr bu poemanyň başynda epilog edip alan ýekeje bendinde özüni heýjana salan, ýatlanmagy hökman bolan bir waka hakda şeýle diýýär: Gülleýän, gül açýan, güneşli Watan, Bilýärin gaýgy-gam ýat boldy saňa. Emma geçmişiňden birje sahypa Görkezip geçmäge rugsat ber maňa! Şahyryň kalbyny hemişe lerzana getiren «birje sahypalyk» şol pajygaly wakanyň beýany türkmen okyjylarynyň ençeme nesliniň aňyna siňip, olarda deňsizligiň, adalatsyzlygyň agalyk eden zamanyna kanuny ýigrenç oýardy. Eseri okan her bir okyjy özleriniň zulum dünýäsiniň horluklaryndan halas bolmaklarynyň sebäplerini poemadaky şeýle setirlerden okaýarlar. Diňe Russiýanyň gahryman halky, Maňlaýyňdan sypap, goluňdan tutdy. Göreşiňde ýolbaşçylyk etdi-de, Ganly penjelerden seni boşatdy. Bu setirler şahyryň minnetdarlykly kalbyndam syzyp çykan şahyrana çözgütdir, eseriň leýtmotiwidir. Mälim bolşy ýaly, otuzynjy ýyllaryň ahyrlary şahyr Aman Kekilowyň şahyrana döredijiliginiň mazmun hem forma taýdan kämilligiň çägine ýeteňkirlän döwri boldy. Işeňňirligi has artdy. Ol şol wagtlar hem çagalar üçin ýazmagyny dowam etdirip, halk döredijiliginiň sýužetinde «Küýze we tilki», «Çopan we patyşa» ýaly çagalaryň göwnünden turan erteki-poemalaryny ýazýar. Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy halkymyzyň ähli mümkinçiliklerini, güýç-kuwwatyny bir ýere toplaýşy ýaly, edebi güýç hem şeýle birlige eýe boldy Bütin sowet edebiýaty sarsmaz watançylyk ideýasyna ýugruldy. Aman Kekilowyň hem şol ýyllarda döreden eserleri şeýle mazmunly boldy. Onuň «Egri azar, dogry ozar», «Gurban Durdy», «Kawkaz», «Günbatara», «Asman jeňi», «Watan» atly syýasy-publisistik, watançylyk mazmunly goşgy-balladalary harby ýyllaryň poeziýasynda belli sahypalary döretdi. Şahyr «Egri azar, dogry ozar» eserinde, D.Haldurdynyň «Äden ädimleri ädikde galdyrys» goşgusyndaky ýaly, «Zamana egrisi – Gitler bandasynyň» azgynçylykly pyglyny paş edip, olaryň basybalyjy häsiýetli ata-babalarynyň hem Rus topragyna eden ýörişlerini, netijede, masgaraçylykly ýeňlişlere duçar boluşlaryny ýatlaýar. Bularyň hem ýagdaýynyň şeýle boljagyny öwran-öwran nygtap, watançy şahyryň ruhubelentligini ýüze çykarýar. Sowet halklarynyň beýik dostlugynyň, bozulmaz doganlygynyň ýeňiji güýjüne bil baglamak şol goşgularyň esasy mazmunydyr. Beýleki goşgularynda bolşy ýaly, mähriban Watanyň her daban ýeri üçin edilýän aladany şahyryň şol goşgularyndan aýdyň görmek bolýar. «Watanyň guwanjy söýgüli Kawkaz» üçin aýdylýan mähirden doly sözler-de, «Azat ýaşar gahryman Watany» diýip, Gurban Durda ýüzlenmesi-de, gahrymançylyk bilen «Boşadyp ganymdan mukaddes ýeri» günbatara barýan Sowet Goşunynyň beýik işlerini mübärekläninde-de, onuň şahyrana sözleri okyjynyň ruhuna ruh goşýar. Aman Kekilowyň şol ýyllarda döreden «Watan» goşgusy aýratyn uly ähmiýete eýedir. Käbir çeşmelerde onuň sene ýazgysy 1942-nji ýyl diýlip görkezilse-de, goşgy 1944-nji ýylda Türkmenistanyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp ýazylypdyr. Öwrenijiler häzire çenli oňa başgarak düşündirişler berseler-de, goşgynyň Türkmenistan hakdadygy öz-özünden düşnüklidir. Goşgy düzülişiniň muhammes klassyky formasynda ýazylan bu çyn ýürekden çykan waspnamanyň her bir setirinde «Ençe agyr günleri başdan geçiren», «gözi talaşdan açylmadyk» türkmen topragynyň agyr geçmişi hakda iňňän beletlik bilen gürrüň berilýär. Diňe «Adamzadyň guwanjy ol eziz, beýik ynsanyň» tagallasy bilen «Ömürbaky agyr geçmişden ara açan», «şeýda bilbiliň mesgeni – gülzara dönen» türkmen topragynyň durmuşy hakda söhbet edilýär. Şahyryň guwanç hem minnetdarlyk bilen ýazyşy ýaly, eseriň soňky setirlerinde Sowet Türkmenistanynyň deň hukukly halklaryň doganlyk maşgalasynda ýeten bagtly durmuşyna ýene bir gezek nazar aýlaýarsyň. Sarsmaz beýik Soýuzyňsen aýrylmaz pudagy, Saýa salýar üstüne dostlugyň al baýdagy, Beýik rus halkydyr azatlyk arka dagy, Derbi-dagyn edilýär degse saňa her ýagy, Arkasy dagdan bolup, ýüregi daşdan Watan. Çuňňur millilik hem internasionallyk duýgularyna ýugrulan bu goşgy özi dogrusynda hemişegürrüň edilmäge doly hukuk gazanyp, diňe bir Aman Kekilowyň däl, eýsem bütin türkmen sowet poeziýasynyň taryhynda hormatly orunda durýar. Hemişe sowet halklarynyň doganlyk-dostlugyna uly güýç hökmünde gadyr goýýan şahyr bu meselä «Asman jeňi» «Ölüm penjesinden» atly kiçeňräk poemalarynda-da ýörite üns berýär. Birinji eserde şahyr «Watan söýen Türkmenistan halkynyň, ýurt goragy üçin ýygnan puluna» ýasalan «Türkmenistan kolhozçysy», «Ilýuşin – 2» samolýotynda «Leýtenant Şakurkin – batyr komandiriň» öz söweşdeş ýoldaşlary bilen geçiren gahrymançylykly uçuşlary, tylyň hem frontuň birligi hakda guwandyryjy maglumatlar berse, ikinji poemada taýsyz gahrymançylygy bütin ýurdumyzda aýan bolan Sowet Soýuzynyň Gahrymany Gurban Durdy hakda, onuň söweşdeş dostlary, olaryň mizemez doganlyga öwrülen dostlugy hakda söhbet açýar. Şahyr A.Kekilow Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda ençeme söweşjeň häsiýetli edebi eserleri, edebi-ylmy işleri bilen birlikde öňden kalbynda beslän,soňra özüne uly şöhrat getiren «Söýginiň» birinji kitabyny ýazýar. Aman Kekilow uruşdan soňky döwürlerde-de syýasy-publisistik goşgularyň gowy nusgalaryny döretdi. Onuň zähmetkeş ynsana baky bagt, dynçlyk hem azatlyk, egsilmez eşret beren Lenin hem partiýa, Oktýabr hem azatlyk ýaly ideýalara ýugrulan «Seniň adyň ýolumyza nur saçýar», «Beýik Oktýabr», «Goý, halkym şatlykda gezsin hemişe», «Biz parahatçylyk isleýäris» kimin goşgulary edebiýatymyzyň hrestomatiýa eserlerine öwrüldi. Aýratyn-da onuň: Taryhyň bezegi, eý beýik ynsan, Guwanýar adyňa zähmet dünýäsi. Başlandy taryhda täze bir zaman, Baky gurulanda bagt binasy – diýip başlanýan goşgusy türkmen Leninnamasyna gowy goşant boldy. Goşguda şahyryň aýratyn nygtap belleýän bir meselesi köp milletli Watanymyzda beýik rus halkynyň öňbaşçylygynda kemala gelen halklaryň leninçilik doganlyk-dostlugynyň beýan edilişi has-da üns bererlikdir. Millet, jyns aýralygy ýok bizde, Hemmejämiz bir atanyň çagasy. Deň hukukly köp halkly Soýuzyň Beýik rus halky uly agasy. Ol bize ýolbaşçy işde, göreşde, Alyp barýar ýeňişlerden ýeňişe. Onuň bilen üstün çykdyk söweşde, Biz minnetdar beýik halka hemişe. Şahyryň telim ýyllar dilden düşmedik «Biz parahatçylyk isleýäris» atly «jany-teni» bilen parahatçylyk ideýasyna ýugrulan Biz dynçlyk söýýäris, biz urşa garşy, Biz azat zähmetiň tarapdarlary. Uruş bolmaz, islese-de yrsarap, Dünýäniň gan içen maýadarlary – ýaly otlukly setirleri bilen «Janhowluna uruş odun ölçerýänlere» garşy ýiti ýarag bolup gezelen goşgusy şu gün hem öz «deň-duşlary» bolan Ata Salyhyň «Agzybirlik hemme zatdan güýçlüdir», Gara Seýitliýewiň «Biz parahatçylyk üçin göreşýäris», R.Seýidowyň «Çyn ynsanlar parahatlyk isleýär» ýaly eserleri bilen bir hatarda parahatçylyk ugrundaky göreşiň öň hatarynda durýar. «Söýgi» romany şahyr Aman Kekilowyň baş kitabydyr. Eseri dykgat bilen okap çykanyňda, türkmen sowet intelligensiýasynyň, şol bir wagtda, ylmy-pedagogik kadrlaryň ösüş ýoluny yzarlasaň, onuň gahrymanlarynyň geçen ýolunyň alym-şahyryň öz durmuş ýoluna juda ýakynlygyna göz ýetirmek kyn däldir. Şahyryň ilki döredijilik planynda özüne has ýakyn bolan ylmy-pedagogik intelligensiýanyň durmuşyny beýan etmäge niýetlenen eseriň, ýowuz urşuň başlanmagy bilen, onuň sýužet liniýasynyň, ideýa ugrunyň özgerendigi baradaky pikirler öň ylmy çeşmelerde bellenipdi. Indi seredip otursaň, geň galaýmaly bir mesele ýadyňa düşýär. «Söýgi» romanynyň ähli bölümleriniň ýazylan wagtlary Aman Kekilowyň ýokary okuw jaýlarynda mugallymçylyk eden döwrüne gabat gelýär. Şahyr «Söýginiň» birinji kitabyny ýazan mahallary Aşgabadyň M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet pedagogik institutynda edebiýatdan sapak berýär. Eseriň soňky kitaplaryny bolsa 1948-nji ýyldan soň Çärjew pedagogik institutynda mugallym bolup işlän ýyllary ýazýar. Mahlasy, «Söýginiň» ähli baplaryndan okuw auditoriýalarynyň mylaýym howasyny syzmak bolýar. Türkmen okyjylarynyň ençeme neslini terbiýelän «Söýginiň» ideýa-mazmunyny äşgär edýän: Üç sany ýaş ynsan baş gahrymanym, Şolara bagş etdim men bu dessanym – setirleri romanyň «esasy ýüküni» göterýän pälwanlar hakda maglumat berse-de (bu dogrudan hem şeýledir) eseriň beýleki personažlaryna köp üns bermeseň, «Söýgüdäki» «üçleriň» şatlygyna şatlanyp, üstünliklerine guwanyp, gaýgy-hasratlaryny deň paýlaşyp, okyjylary bilen ýakyn söhbetdeş bolup hereket edýän dördünji gahryman aýratyn ünsüňi çekýär. Bu awtogahryman Aman Kekilowdyr. Bu «Söýgi» romany arkaly türkmen sowet edebiýatyna gelen şeýle tipli ilkinji gahrymandyr diýsek, ýalňyş olmasa gerek. Eseri okanyňda «Söýginiň» awtorynyň dünýä hem rus klassyklarynyň köp gowy nusgalary bilen tanyşdygyna, türkmen klassyk edebiýatyny çuňdan öwrenendigine göz ýetirýärsiň. Aýratyn hem onuň A.Puşkiniň «Ýewgeniý Onegin» romanyna uly hormat besländigini duýýarsyň. Onuň ussatlygyndan tälim alandygyny aňýarsyň. Romanyň meňzeş taraplary bolsa, käbir ylmy çeşmelerde bellenilişi ýaly däl-de, diňe baplaryň başyndaky epigraflar hem awtoryň esere bolan gatnaşygy bilen alamatlandyrmak bolar. «Söýgi» romany bölümleriň arasyndaky wagty birneme süýndürendigine garamazdan, çeper edebiýatyň üstüne ýüklenen «iner işini» bitirdi. Uruşda wepat bolan merdana ýigitleriň söwer ýarlaryna, ýakyn hossarlarynamaslahatçy hem hemaýatçy boldy. Hiç bir kanun, buýruk hem görkezme bilen ýerine ýetirip bolmajak ahlak-psihologik meseläniň iňňän agyr, çylşyrymly çözgüdini öz üstüne aldy. Juda sypaýçylykly öwrümler bilen, hiç kimiň göwnüne degmän hem, şol işiň «hötdesinden» geldi. Şunuň özi hem sosialistik realizm usulyna wepaly hem onuň kämil mugallymlarynyň biri bolan şahyryň sowet edebiýatynyň jemgyýetçilik roluna bolan ynanjyndan habar berýär. A.Kekilowyň «Söýgi» romany türkmen klassyky edebiýatynyň täsiri, dessançylyk däpleriniň söýgi-romantiki ýörelgeleri bilen çuňňur milli duýgulara, sosialistik watançylyk ideýalaryna eýlenen eserdir Onuň döwrüň hem durmuşyň ýüze çykaran wakalaryna mertlik hem başarjaňlyk bilen hötde gelen gahrymanlary Begenç-de, Ogulnabat-da, Akmyrat-da päk ýürekli ynsana, belent ahlakly, arassa duýgy-düşünjeli sowet adamsyna mahsus bolan häsiýetleri bilen okyjylaryň hemişelik ýoldaşy bolup ýaşaýar. Aýratyn hem B.Kerbabaýewiň öz söýgüli gahrymany Aýnany «Aýgytly ädimiň» bezegidir diýşi ýaly, Ogulnabat hem «Söýginiň» bezegidir. Gözellik älemi bir ýüzük bolsa, Sen göwher gaşysyň, Ogulnabadym! Bu bir ýöne romantiki waspnama bolman, şahyryň hakyky idealydyr. Gahrymanyň asylly işlerine, kämil duýgy-düşünjesine, ýaşaýşy ykrar ediji aýgytly hereketlerine berlen bahadyr. Taryhy-rewolýusion temadaky monumental prozada «Aýgytly ädimiň» aýratyn ornunyň bolşy ýaly, şahyrana edebiýatymyzda «Söýgi» romany hem edil şonuň ýaly orunlydyr. Şahyr A.Kekilow soňky ýyllarda-da dürli senelere, wakalara bagyşlap hem birnäçe ownukly-irili liro-epiki poemalar döretdi. Onuň beýik rus ýazyjysy L.N.Tolstoýyň durmuşyna bagyşlanan «Ýasnaýa Polýana» poemasy bilen okyjylar altmyşynjy ýyllaryň ortalarynda tanşypdylar. Şahyr döredijiliginiň soňky pursatlarynda «Watan», «Soldatyň gaýdyp gelşi», «Waspnama» atly uly bolmadyk poetiki eserlerini ýazdy. Respublikamyzyň 40 ýyllygyna bagyşlanan «Watan» poemasynda A.Kekilow geçmişde agyr hupbatlara duçar bolan türkmen topragynyň Beýik Oktýabryň şanly günlerinden soň tanalmaz ýaly gözel keşbe girişi hakda gürrüň berse, «Soldatyň gaýdyp gelşini» ýowuz urşuň ynsan kalbyna salan agyr ýaralarynyň birine bagyşlapdyr. Şahyryň Beýik Oktýabryň 50 ýyllygyna bagyşlanan «Waspnama» publisistik poemasy onuň soňky eserleriniň arasynda ýokary çeperçiligi, beýan ediş ussatlygy taýdan has ähmiýetlileriniň biridir. Kommunist şahyryň yhlas bilen ýazylan sözüň doly manysyndaky «Waspnamasynda» Beýik Oktýabryň taryhy maksady-mazmuny, zähmetkeş halklaryň durmuşynda emele getiren düýpli sosial öwrülişikleri hakda düşünjeli gürrüň edýär. Eserde Leniniň hem Oktýabryň watany «Hormata-şöhrata laýyk Orsyýet» hakda,«Oktýabryň awtory Lenin» hakynda aýdylan pikirler onuň ideýalarynyň hemişe ýeňiji güýjüni alamatlandyrýar. Şol güýç bilen ýurtda sosializmiň ýeňişleriniň berkarar edilişi, soňra bolsa ganym duşmanyň – faşizmiň kül-uşak edilişi guwançly teswirlenýär. Beýik Oktýabryň 70 ýyllygynyň şanly günlerinde bu eseriň ýatlanmagynyň simwoliki manysy bar. Bu şahyryň röwşen ideýaly Oktýabryň epopeýasyna hemişelik waspnamasydyr. Şahyr A.Kekilowyň uly döredijiligi hakda, elbetde, şu ýerde doly gürrüň etmek mümkin däl. Onuň altmyşynjy ýyllarda uly hyjuw hem ýigrenç siňdirip galyňa garşy ýazan «Utan, gyz satan» eseri-de, aýdym tekstleri-de ýörite gürrüň edilmäge degişli. Biz Aman Kekilowy Türkmenistanyň ilkinji Döwlet Gimniniň goşgy tekstiniň awtory hökmünde-de hemişe ýatlaýarys. Uly söz ussadynyň ömrüniň soňky ýyllarynda proza žanryna ýüzlenip, kolhoz gurluşygy temasyndan «Syrylan bulut» atly roman ýazmagy onuň bu ugurdan hem ukyplydygyny aňlatdy. Başda ýatlaýşymyz ýaly, dogrudan hem, Aman Kekilow öz döwürdeşlerinden saýlanyp duran uly alymdy. Onuň çeper edebiýatyň, edebiýaty öwreniş ylmynyň dürli problemalaryna, meselelerine, žanrlaryna, aýry-aýry eserlere, ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligine degişli bolan onlarça ownukly-irili makalalarynyň bardygyny hemişe ýatlaýarys. Belli pedagog-alym orta mekdepleriň edebiýatdan okuw kitaplarynyň awtory bolmak bilen birlikde, ýokary okuw jaýlarynyň studentleri üçin hem iki gezek neşir edilen «Edebiýat teoriýasy» kitabynyň awtorydyr. 1943-nji ýylda filologiýa ylymlarynyň kandidaty bolan alym 1959-njy ýylda beýik Mollanepesiň döredijiligi hakda «Mollanepes» monografiýasyny çap etdirip, filologiýa ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesini aldy. Alym A.Kekilow Türkmenistanda edebi tankydyň ösüş ýollaryny yzarlamaga-da köp zähmet siňdirdi. Bu meselä bagyşlanan «Türkmenistanda tankydy pikiriň döreýşi we ösüşi» diýen gymmatly işiň awtorlarynyň biridir. Ömrüniň soňky köp ýyllaryny düýpli ylmy işlere bagyşlan zähmetsöýer alymyň yzly-yzyna neşir edilen «Söz sungaty», «Söz syrlary», «Edebi žanrlar we edebi metod» ýaly tutumly işleri türkmen sowet ylmynyň ösüşine uly goşant boldy. Ol sowet ylmyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin TSSR YA-nyň hakyky çlenligine saýlanyldy. Akademik Aman Kekilowyň ýokary hünärli ylmy kadrlary terbiýelemekdäki hyzmatlary-da ägirt uludyr. Ol ýokary mekdeplerde mugallymçylyk işini alyp baranda-da, TSSR YA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň sektor müdiri, soňra şol institutyň direktory bolup işlände-de, ýaş alymlaryň göreldeli terbiýeçisi boldy. Respublikanyň jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşan görnükli alym parahatçylyk ugrundaky göreşiň hem öň hatarynda boldy. Bütin şahyrana döredijiliginden gelip çykýan söweşjeňlik, göreşijilik ideýasy onuň öz şahsy aktiwligi bilen utgaşyp gitdi. Ol Aziýa we Afrika ýurtlary boýunça raýdaşlyk komitetiniň Türkmenistan bölüminiň başlygy, Parahatçylygy gorap saklamagyň Bütinsoýuz komitetiniň çleni hökmünde-de uly işleri alyp bardy. Mahlasy, sözüň doly manysynda alym-şahyr adyny alan Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň laureaty, TSSR YA-nyň akademigi, TSSR-iň ylymda at gazanan işgäri Aman Kekilowyň bütin döredijilikli ömri Watana, halka ýadawsyz hyzmat etmegiň aýdyň mysalydyr. 1987 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |