07:24 Edermenligiñ beýik nusgasy | |
EDERMENLIGIŇ BEÝIK NUSGASY
Edebi makalalar
Gahrymançylygyň hem edermenligiň beýik nusgasyny görkezen ajaýyp sowet şahyry hem watançysy Musa Jeliliň durmuşy hem döredijilik ýoly her bir okyjyda uly söýgi döredýär. Ol özüniň bütin döredijiliginde watançynyň, graždaniniň erk-ygtyýary, durmuşa söýgüsi, jemgyýetiň öňündäki borjy hakda ýürekden gürrüň edýär. Onuň öňe süren ähli asylly pikirleri-de öz ykbalyna gönüden-göni dogry geldi. Watançy şahyryň 1942-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda aýaly bilen, söýgüli gyzy Çulpan bilen iň soňky gezek hoşlaşyp, olara galdyran hatynda şeýle jümleler bar. «Men ölümden gorkmaýaryn. Bu boş fraza däl... Watançylygyň beýik duýgulary, jemgyýetiň öňündäki doly düşünjelikli borjuň şahsy gorky duýgularyndan üstün çykýar. Ölüm hakda oýlananyňda, ölümden aňyrda-da ýaşaýşyň bardygyny aňyňa getirýärsiň. Bu elbetde, mollalaryň wagz edýän «o dünýäsi» däldir. Onuň ýoklugyny biz bilýäris. Ýöne gabryň daşynda, ölümden soňky durmuş bardyr, ol halkyň aň-düşünjesinde ýaşamakdyr. Eger men dirikäm bir wajyp, asylly iş edip bilsem, diýmek bu meniň «ölümden soňky ýaşaýşy» gazanyp bildigimdir. Eger men şony gazanyp bilsem, onda ölümden gorkmak nämä gerek? Ine, men pikir edýärin. Eger men Watançylyk urşunda bir edermenlik görkezip wepat bolsam, bu ölüm gaty bir erbedem bolmaz...» Bu onuň syýasy işgärleri taýýarlaýan kursy gutaryp, ofiser lybasyny geýäýen batlaryna aýdan pikirleridi. Emma bu düşünjeler sowet ofiseriniň, şöhratly sowet şahyrynyň urşa çenli geçen durmuş ýolundan döredijilik tejribesinden habar berýärdi. Onuň bütin düşünjeli ömri täze, sosialistik jemgyýetiň gülläp ösmegine bagyş edilipdi. Göreşler içinde taplanan şahyryň «ölümden soňky ýaşaýyş» hakynda aýgytly sözleri aýtmagy-da tötänden däldi. Musa Mustafaýewiç Zelilow (Musa Jelil) 1906-njyýylyň 15-nji fewralynda Orenburg guberniýasynyň Mustafino obasynda garyp maşgalada dogulýar. Köp çagaly maşgalanyň biri bolan Musa ýaşlykdan uly kynçylyklary başdan geçirýär. Musa Orenburgda Huseýniýe diýen medresä okuwa berilýär. Ýöne, kakasy garahassalyk keselinden aradan çykansoň, ol medresäni taşlap, maşgalalaryna kömege gelýär. Emma obada uzak durman, eklenç üçin 150 km ýoly pyýada geçip, ýene-de Orenburga gidýär. Ol şäherde-de uly kynçylyklara duş gelýär. Geljekki beýik şahyr döredijilik işine ir başlaýar. Ýaşlygyna garamazdan, şol döwürlerde ýüze çykýan wakalara, täze gurluşyga bagyşlap yzygider goşgular ýazýar. Ol Kazan şäherine gelip, «Gyzyl Tatarystan» gazetinde işe başlaýar. Bu şahyryň döredijiligine uly täsir edýär. M.Jelil bu ýerde işlän döwründe ençeme tejribeli tatar ýazyjy-şahyrlary bilen tanyşýar. Edebiýatyň öňünde durýan meselelere, onuň durmuşdaky roluna göz ýetirýär. Bu ýerde ol özüniň üns berilýän şahyrdygyna göz ýetirýär. Ol edebiýat birleşmeleriniň işine işeňňir gatnaşýar. Gazet-žurnallaryň sahypasynda yzygider çykyş edýär. M.Jelil gutarnykly bilim almagy-da ünsden düşürmeýär. Ol 1923-nji ýylda Kazanda açylan rabfaga okuwa girýär. Şol ýyl şahyr dürli temadaky goşgular bilen birlikde birnäçe ownuk pesalar hem ýazýar. «Bibkaý gyz» hem «Gazlaryň ganaty» pesalary Kazanyň hem Ufanyň teatrlarynda goýulýar. 1925-nji ýylda Kazanda 19 ýaşly Musanyň «Barýarys» atly ilkinji goşgular kitaby çapdan çykýar. Adyndan görnüşi ýaly, şahyr kitaba täze jemgyýetde güýçli depginler bilen öňe gidişligi teswirleýän goşgularyny, komsomol hakdaky hem nemes işçileriniň durmuşyndan gür berýän poemalaryny ýerleşdirýär. Şol ýyl rabfagy tamamlap, ilki öz obalarynda, soňra Orsk şäherinde komsomol işlerinde işleýär. Şol ýyllarda M.Jelil tutuşlygyna komsomol işine berilýär. 1926-njy ýylda partiýanyň çlenligine kandidatlyga geçýär. Komsomolyň Orenburg uýezd komitetiniň instruktory hem guberniýa komitetiniň milli býurosynyň çleni bolup işleýär. Komsomol işleri näçe köp bolsa-da, şahyr goşgy ýazmagy ünsden düşürmeýär. Ol öz gahrymanlarynyň arasynda bolup, «Orles zawodynda», «Säher», «Ýolda» ýaly belli goşgularyny ýazýar. 1927-nji ýylyň aprelinde Musa Jelili komsomol işgärleriniň Moskwada bolan bir maslahatyna delegat saýlaýarlar. Şol ýerde hem ol komsomolyň MK-niň tatar-başgyrt seksiýasynyň býuro çlenligine saýlanylýar. Şeýlelikde, şahyryň ykbalynda, döredijiliginde uçursyz uly rol oýnan Moskwa günleri başlanýar. Şahyr ol ýerde uly jemgyýetçilik işlerini alyp barýar. Birinji Moskwa döwlet uniwersitetine okuwa girýär. Uniwersitetde partiýa hataryna kabul edilýär. Moskwada tatar dilinde «Ýoldaşa» diýen ikinji kitaby çap edilýär. 1931-nji ýylda uniwersiteti gutarandan soň hem şol ýerde işlemegini dowam etdirýär. Aýratyn hem ol «Kommunist» atly merkezi tatar gazeti arkaly köp işler alyp barýar. Agitator şahyr şol gazetiň göçme redaksiýasy bilen Soýuzymyzyň köp ýerlerinde ýaşaýan tatar okyjylarynyň arasyna baryp görýär. Goşgular bilen çykyş edýär. Halkyň durmuşyny içgin öwrenip ýazan şol ýyllardaky eserleri 1933-nji hem 1934-nji ýyllarda Kazanda neşir edilen «Ordenli millionerler» hem «Şygyrlar hem poemalar» kitaplaryna girizilýär. Urşa çenli şahyryň rus dilinde bir kitaby 1935-nji ýylda Moskwada neşir edilýär. Soýuzymyzyň köp ýerlerine aýlanyp, sosialistik gurluşygyň ähli pudaklaryndaky ösüşi, azat zähmetiň berýän miwelerini gözi bilen görüp, durmuşy çuňňur öwrenmegi şahyryň döredijiliginde barha we barha uly yz galdyrýar. Onuň döredijiliginiň epiklik derejesi gitdigiçe artýar. Poema žanryna aýratyn üns berýär. M.Jelil «Zeýnep», «Jigan» ýaly poemalarynda sosialistik obanyň keşbini gözelleşdirýän zähmet adamlary hakda söz açsa, «Bezzat», «Serwer» poemalarynda maşgala-durmuş meselelerini gozgaýar. Sowet maşgalasynda könäniň zyýanly galyndylaryna orun bolmaly däldigi dogrusynda sargaýar. Bu žanrda gitdigiçe kämilleşýän şahyr sowhoz işçileriniň durmuşyndan degişme äheňli bäş aýdymdan ybarat «Direktor hem Güneş» atly poemasyny ýazýar. Musa Jeliliň döredijiliginde esasy orun eýelän eserleriniň biri hem onuň «Hat gatnadyjy» poemasydyr. Şahyr söýgi temasyndan ýazylan bu eseriň üstünde köp wagtlap işläp, realistik poeziýanyň ýatda galyjy, gowy nusgasyny döredýär. Onuň bu eserinde köpýyllyk edebi-döredijilik işleriniň netijesi görünýär. 1940-njy ýylda okyjylara gowşan poema şahyryň ýiti zehinine hem egsilmez ukybyna kepilnama bolýar. Watançy şahyr Musa Jelil tatar-sowet opera sungatynyň döremegine we ösmegine uly ýardam edýär. Ol 1935-nji ýylda gazetden Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň ýanynda açylan tatar opera studiýasynyň edebiýat bölümine işe geçýär. Töweregine uly awtorlar kollektiwini toplap, ençeme operalaryň librettolaryny terjime etdirýär. Şol žanra özünde-de isleg döreýär. Ol «Altyn saç» hem «Ildar» operalaryň librettosyny ýazýar. 1938-nji ýylda M.Jelil opera studiýasy bilen Moskwadan Kazana göçüp gelýär. Az wagtdan soň M.Jelili Tatarystan Ýazyjylar soýuzyna başlyklyga saýlaýarlar. Görnüşi ýaly, şahyryň urşa çenli bolan döredijiliginiň hem her bir ädimi uly edermenliklerden hem üstünliklerden doly. M.Jelil uruş habaryny eşiden güni ýoldaşlary bilen uruş hem dynçlyk hakda, ýaşaýyş hem döredijilik hakda köp pikir alyşdy. Şahyr sözüniň arasynda «uruşdan soň biziň aramyzdan kimdir birimiz ýetmezçilik eder» diýýärdi. M.Jelil eli arzaly ilkinjileriň hatarynda harby komissariata barýar. Emma ony goşun gullugyna 1941-nji ýylyň 13-nji iýulynda çagyrýarlar. Ol ilki syýasy işgärleriň kursuna iberilýär. Kursy tamamlan- dan soň starşiý syýasy işgär M.Jelil 1942-nji ýylyň fewralynda Wolhow frontuna iberilýär. Ilkibada dürli tabşyryklary ýerine ýetirýär. Soňra «Edermenlik» gazetinde işleýär. 1942-nji ýylyň iýulynda Mýasnoý Boruň ýanynda gabawa düşüp, agyr ýaraly halda ýesir alnyp, harby ýesirleriň lagerine salynýar. Şahyr özüniň düşen şol gözgyny ýagdaýy dogrusynda «Moabit depderinde» ýerleşdirilen «Bagyşla, Watan!» goşgusynda janygyp şeýle sözleýär. Bähbidimi arap, seni satmadym, Ynan maňa, seniň hakyň hakladym! Wolhow şaýat, kasamymy ýuwtmadym, Soňky minuda çen kirsiz sakladym. ...Nädeýin sapançam düşmän dilime, Soňky demde menden boýun towlady. Zynjyr salyp duşman meniň goluma, Elhenç ýola bakan elin salgady. Musa Jelili 1942-nji ýylyň ahyrlarynda gizlin syýasy iş alyp baran ýeri bolan Demblin lagerine geçirýärler. 1943-nji ýylyň baharynda Germaniýanyň Wustrau lagerine iberilýär. Ol ýerde şahyr tatar çagalar ýazyjysy, öz dosty Abdulla Alyş bilen sataşýar. Harby lagerde watançy kommunist şahyryň faşizme garşy alyp baran gizlin söweşi barha rowaçlanýar. Öz töweregine köp watançylary toplaýar. Emma bir haýynyň dönükligi bilen 1943-nji ýylyň 12-nji awgustynda gije olaryň gizlin toparynyň üsti açylyp, watançylary tussag edýärler. Tussaglary ilki bilen Warşawa türmesine, soňra Berliniň Moabit türmesine iberýärler. Kommunist şahyr M.Jelil Moabit türmesinde taýsyz edermenligiň ajaýyp nusgasyny görkezýär. Ol zeýli zyndanlarda näçe jebir çekse-de, erkini elden bermeýär. Azatlygyň beýik aýdymçysy hökmünde faşizmi paş edip, onuň ýalhorlarynyň ýyrtyjy haýwanlardanam pisdigini nygtaýan «Möjekler», «Tagtabiti» eserlerini ýazýar. Şahyr okyjylar arasynda meşhurlyk gazanan «Aýdymlarym», «Gyz aýdymy», «Şahyr», «Germaniýa ilinde», «Mähriban uýalar» ýaly onlarça goşgularynda durmuşa, ynsanyýete söýgi duýgularyny beýan edýär. Şahyr goşgularyny ýerleşdirmek üçin dürli kagyz gyrkyndylaryndan iki sany, eliň aýasyna ýerleşer ýaly depderçe ýasaýar. Şolaryň birine örän owunjak edip, arap hatynda 60 goşgy, beýlekisine latyn elipbisinde 50 goşgy ýerleşdirýär. Şolardan 19 goşgyny depderleriň ikisine-de ýazýar. Depderleriň birinjisinde goşgular bilen birlikde şahyryň ýesirlikdäki durmuşy barada gysgaça maglumat hem özi bilen sud edilen 12 adamyň familiýasyny ýerleşdiripdir. Bu depderi 1946-njy ýylda öň ýesirlikde bolan Nigmat Törekulow Tatarystan Ýazyjylar soýuzyna getirýär. Ikinji depder 1947-nji ýylda Belgiýadaky sowet ilçihanasyndan M.Jelil bilen bir kamerde bolan belgiýaly antifaşist Andere Timmermans tarapyndan Moskwa ýazyjylar Soýuzyna iberilýär. Ol depdere «Ýesirlikde hem jebir-sütemde 125 goşgy bilen bir poema ýazdym. Ýöne, nirä ýazaýyn? Özüm bilen bile ölýär» diýen tolgundyryjy jümle-de ýazylypdyr. Moabit türmesinde ýarym ýyla çeken jebir-sütemden soň, M.Jelile hem onuň toparyna Drezdende sud edip, atuw jezasyny berýärler. Suddan soň Musa Jeliliň hem jelilçileriň gözgyny durmuşy Berliniň Tegel hem Şpandau türmesinde dowam edýär. 1944-nji ýylyň ahyrlarynda suduň hökümi berjaý edilýär. 1945-nji ýylyň baharynda, Beýik Ýeňşiň golaýlaşýan günlerinde, Moskwa, Ýazyjylar Soýuzyna Berlinden hat gelýär. Ol hat barada şahyryň aýaly Emine Jelil şeýle ýazýar: «Bir wagtyň özünde gaýgyly hem şatlykly ilkinji habar 1945-nji ýylyň baharynda gowuşdy. Berline baran urşujylar Moabit türmesini ele alýarlar. Türmäniň kitaphanasyndan şeýle ýazgyny okaýarlar: «Men belli tatar şahyry Musa Jelil syýasy iş üçin Moabit türmesine salyndym hem atuw jezasyna höküm edildim... Meniň salamymy A.Fadeýewe, P.Tyçina, meniň hossarlaryma ýetirmegiňizi haýyş edýärin». Jeliliň dirilikde ýokdugyny eşitmek örän agyr hem hasratlydy, Jeliliň faşist zyndanynda-da göreşiji bolandygy bolsa şatlyklydy». Şol hatlardan soň, depderleriniň Watana gowuşmagy bilen watançy kommunistiň «ölümden soňky ýaşaýşy» uly joşgun bilen başlanýar. Onuň eserleri, aýratyn-da «Moabit depderi» ähli sowet okyjylarynyň, progressiw ynsanyýetiň ýyly mähri bilen gurşalýar. M.Jeliliň «Moabit depderi» ähli sowet halky bilen birlikde türkmen okyjylarynyň hem çuňňur söýgüsini gazandy. Şahyryň bu kitaby türkmen dilinde Berdi Kerbabaýewiň terjimesinde iki gezek (1955, 1966-njy ýyllar) neşir edildi. Ýaňy-ýakynda bolsa türkmen okyjylary A.Haýydowyň terjimesinde çagalara niýetlenen «Bilbil hem çeşme» atly kitapçasyny edindiler. Şu günler bütin sowet halky beýik watançynyň 80 ýyllyk ýubileýini giňden baýram edýär. Bu Musa Jeliliň «ölümden soňky ýaşaýşynyň» mynasyp dabarasydyr. 1986 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |