13:04 Edebi durmuşymyzyñ meseleleri | |
EDEBI DURMUŞYMYZYŇ MESELELERI
Edebi tankyt
Ýurtda alnyp barylýan täzeleniş tärleri köp meseleleri janlandyryp, işlere täzeçe çemeleşmäge ýol açdy, mümkinçilik berdi. Goýberilýän käbir kemçiliklere, birtaraplylyklara seretmezden, öňki bagly gapylar açyldy, garaňky jaýlar ýagtylandy. Hiç wagt pikirini edip bolmajak zatlaryň barada indi düýpli gürrüňler edilýär. Meseleler çözülýär. Munuň özi aýanlygyň, demokratiýanyň, nähili-de bolsa, oňaýly netijeleriniň bardygyny düşündirýär. Ýurdumyzda täzeden gurmak başlaly bäri, jemgyýetçilik durmuşynda-da, ylymlaryň, çeper döredijiligiň durmuşynda-da köp özgerişlikler ýüze çykdy. Jemgyýetiň taryhyna tutuş täzeden seretmeklik meselesi ör boýuna galdy. Bu dogruda eýýäm ençeme taryhy wakalaryň başy agyrdyldy. Olar barada gapma-garşylykly düşünjeler orta atyldy. Telim meseleler täzeçe seredilip, bolmalysy ýaly çözülip ýör. Bu barada çeper edebiýatyň, edebiýat ylmynyň ýagdaýy nähilikä? Ol hem jemgyýetçilik anynyň bir bölegi ahyryn! Rewolýusion täzeleniş bilen baglanyşykly bu dogruda biziň respublikamyzda nähili işler alnyp barylýarka? Aslyýetinde nähili işler edilmelikä? Bu mesele hakda henizler, suwytly zat edilmändigini, ýöne welin örän köp işleriň geçirilmelidigini aýtmak gerek. Çünki täzeden gurmak prosesi örän köp meseleleri köki-damary bilen yrgyldatdy. Geçilen ýyllar içinde edilen işleriň köpüsinde birtaraplylyga ýa-da tutuş nädogrulyga ýol berlendigi ýüze çykaryldy. Giç hem bolsa, indi gaýdyp ýerine salyp bolmajak ýalňyşlyklar goýberilenem bolsa, hakykat öz ýerinde goýulsa ýagşy. Nähili kynçylyklara, gödekliklere ýol berlenem bolsa, çeper edebiýatyň, edebiýat ylmynyň halkymyzyň durmuşynda ummasyz uly terbiýeçilik roluny oýnandygyny, sagdyn graždanlyk ideýaly, kommunistik ynançly köp-köp nesilleri ýetişdirendigini aýtmalydyrys. Türkmen sowet edebiýaty özüniň ideýa-çeperçilik gözbaşyny ilkinji eserlerinden başlap, kommunistik partiýanyň, Sowet döwletiniň öňe süren syýasatlaryndan ugur alyp gaýtdy diýsek, ýalňyş bolmasa gerek. Bu dogruda öňdebaryjy rus sowet edebiýaty hem biziň ýazyjylarymyz üçin uly görelde boldy. Şeýlelikde, şu güne çenli täze edebiýatyň ilkinji eseri diýip hasap edilýän Körmollanyň «Bolşewik» eserinden başlap, tas şu günüň iň soňky eserlerine çenli türkmen edebiýatynda şol däbe eýerilip gelindi. Bu bolsa biziň edebiýatymyzyň Sowet häkimiýetiniň ýyllary içinde öňe sürlen, ýüze çykan ähli meseleleri öz bedenine siňdirip döredi, ösdi diýmekdi. Şol eserleriň maksady bolsa döwrüň syýasatyny çynlakaý wagyz-nesihat etmekdi. Şol eserler hem halk arasynda guramaçy bolmalydy: beýik işlere, ýeňişlere çagyrmalydy. Bu işleriň ählisi üstünlik bilen amala aşdy. Biziň edebiýatymyz ýigriminji, otuzynjy ýyllarda öňde goýlan meseleleriň hötdesinden abraý bilen geldi. Başgaça aýdylanda, partiýanyň ýakyn kömekçisi bolup, sosializmiň işine ýadawsyz hyzmat etdi. Soňra bolsa bu edebiýat Beýik Watançylyk urşunyň ýyllarynda duşmana garşy gaýduwsyzlykly göreşdi hem Beýik Ýeňşi hasyl etmäge uly goşant goşdy. Soňraky ýyllarda hem onuň hyzmaty şondan pes bolmady. Şu ýyllarda edebiýatyň dürli žanrlarynda ençeme ilhalar eserler döredildi. Şol eserler bilen türkmen sowet edebiýatynyň taryhy döredi. Şu at bilen hem ol edebiýat ylmyna, okuw predmetine öwrüldi. Munuň bilen giden nesiller terbiýelendi. Emma bu eserleriň döreýşinde, öwrenilişinde birtaraplyklar, kemçilikler bardy. Aýratyn-da ol soňky onýyllyklarda durmuş hakykatyna dogry gelmeýärdi. Döredijiligiň kada-kanuny öňküligindedi. Başgaça aýtmak hem, ýazmak hem; bolmaýardy. Ol diňe bizde däl, bütin ýurtda şeýledi. Täzeden gurmaklygyň şu gyzgalaňly döwründe bu hak- da täze pikirler, özi-de, esasan, dogry pikirler ýüze çykdy. Örän uly problemalaryň üsti açyldy. Olar hakda merkezi metbugat yzygiderli iş alyp barýar: Biz hem, esasan, şolara salgylanmakçy. Eýýäm belli bolşy ýaly, otuzynjy ýyllaryň başlarynda durmuşa geçirilen çärelere leninçilik garaýyşlar gödek ýoýlup, jenaýatçylykly işlere çenli barlyp ýetilendigi, onuň hem ýurduň içki gurluşyna uly urgy bolandygy taryhy dokumentler bilen tassyk edildi. Hemme ýerde bolşy ýaly, bu ýagdaý biziň respublikamyzdan hem sowlup geçmändi. Durmuşda bolan şol wakalar çeper edebiýatyň hem mazmunyna! öwrülipdi. Barly synpyň wekillerini çäklendirmek syýasaty olary ýok etmeklik syýasatyna öwrülipdi. Olary aýyl-saýyl etmezden, saýhallamazdan şeýle edilipdi. Häzir örän dogry bellenilişi ýaly, munuň özi stalinçilik terroryň aýgytly işe girişmegidi. Döwrüň gödek syýasatyna boýun egmeýänleriň «başy ölümli, maly talaňlydy». «Gözüňi Sibirde açdyrarsyň» diýen düşünje geňlenilmeýärdi. Muny bize taryhyň sahypalary mysallar bilen gürrüň berýär. Bu temada türkmen sowet edebiýatynyň ähli žanrynda eser döredilipdir. Häzire çenli biz ol eserleri edebiýatyň taryhyndaky şowly sahypalar hökmünde öwrenip hem öwredip. gelýäris. Elbetde, bu barada ýazyjyda hiç hili günäniň bolup bilmejekdigini nygtap aýtmak isleýärin. Ol döwrüň sesine ses goşupdyr. Hatda bu onuň üstünligi. Şol birwagtyň özünde onuň döredijiliginiň çäklendirilendigini alamatlandyrýar. Taryhy rewolýusion tema türkmen edebiýatynda giňden işlenilen temalaryň biri boldy. Ol edebiýatymyzyň uly bölegini tutýar diýsegem nädogry bolmaz. Ownuk goşgulardan başlap, köp kitaply romanlara çenli şol temany beýan etdi, wasp etdi. Olaryň arasynda halkymyzyň rewolýusiýa gelşini, onuň beýik işlerine gatnaşyşyny, bu ugurda uly üstünlikler gazanylyşyny iňňän dogruçyl görkezýän eserleriň az däldigini bellemelidiris. Olar biziň sowet edebiýatymyzyň hazynasyna giren milli baýlygymyza öwrüldi. Biz olary şeýle düşünje bilen hem öwrendik. ýöne täzeden gurmaklyk ol eserleriň taryhy hakykata çemeleşişinde käbir bärden gaýtmalaryň, nätakyklyklaryň bardygyny, bolandygyny ýüze çykardy. Aýdaly, basmaçylar baradaky düşünje, olar bilen alnyp barlan söweşler, ondaky nätakyklyklar barada merkezi metbugat düýpli meseleler gozgady. Ol indi türkmen okyjysynada äşgär boldy. Aýry-aýry eserlerdäki, aýratyn-da uly göwrümli eserlerdäki barlyşyksyz söweşleriň köpüsi ýokarky meselä ýazyp gidýär. Şol wakalar bilen baglanyşykly çakdanaşa «gara sürtelip» eserlere girizilen gahrymanlaryň käbirleri taryh materiallarynda eýýäm aklandy. Şolara ýakynlaryň başga-da bardygy okyja mälim. Adam ykbaly hakda çynlakaý aladalanylýan şu pursatlarda-da bizde bu meselelere baş göterilmezligi gaty düşnüksiz. Şu ýerde başga bir mesele-de örboýuna galýar. Ol hem ýokarky temada ýazylan eserlerde görkezilişi ýaly, türkmen halkynyň ykbalynyň oýanyşy hakdaky mese- ledir. Taryhdan bize belli bolşy ýaly, hut beýik Leniniň özi biziň ýerlerimizi «patyşa Russiýanyyň sürmesi» atlandyrypdy. Halklary şol türmeden azat etmek üçin hem beýik akyldar, jepakeş rewolýusioner bolan W.I.Leniniň özi güýç-kuwwatyny gaýgyrmady. Şeýdibem, beýik serdar beýleki doganlyk halklar bilen bir hatarda türkmen zähmetkeşlerini-de ýerli feodallaryň hem patyşa sütemkärleriniň zulumyndan halas etdi, hemişelik azat-erkinlik ýoluna çykardy. Onuň bu beýik işi hiç wagt unudylmazdyr. Ýöne soňa-baka, göwnüme bolmasa, bu hakykat çeper edebiýatda, hatda taryhy işlerde-de ep-esli ýoýlup görkezildi. B.Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim», «Gaýgysyz Atabaý» romanlary bolaýmasa, beýleki eserlerimizde «patyşa türmesi» diýen düşünjeden sowlup geçildi. Asyl ol ýatdan çykdy diýsek hem nädogry bolmaz. Aslyýetinde bolsa, patyşa Russiýasynyň häkimleri taryh kartasyndan türkmen ülkesiniň adyny hem ýitirmäge çalşypdyrlar ahyry. Oňa özleriçe Zakaspiýskaýa oblast diýip at beripdirler. Günbatar raýonlaryň, aýratyn hem, daglyk ýerleriň ilatly punktlaryna Aleksandrowskiý, Kuropatkinskiý, Nikolskiý diýen ýaly öz serkerdeleriniň, çinownikleriniň atlaryny dakypdyrlar. Bu hakyky eden etdilikdi. Ýöne, näme üçindir, bu zatlar bilgeşleýin diýen ýaly ünsden düşürilip, kitap sahypalaryna girmedi. Biziň edebiýatymyz bu barada PI' kirlenmelidir hem öýtmedi. Oňa derek meseläniň bir tarapy juda çökder beýan edildi. Halkymyzyň geçmiş taryhyna bagyşlanan eserlerde-de, taryhy rewolýusion temada ýazylan eserlerde-de, kolhoz gurluşygynyň gürrüňini edýän eserlerde-de esasy üns agalyk ediji synpyň ýerli wekillerini paş etmäge berildi. Şeýlelikde eserlere gatnaşdyrylan şol tipleriň, gahrymanlaryň sany olaryň durmuşdakysyndan has köp bolan bolsa gerek. Meseläniň tutuş bir tarapa agyp gitmegi geçmiş taryha leninçilik garaýşyň ýoýulmagyna çenli alyp bardy. Bu gün bize ýene bir gezek W.I.Leninden daşlaşan ýeriňde juda ýalňyşýandygyňy ýatdan çykma^ ýaly düşündirdi. Biz «patyşa türmesi» diýen düşünjäni gizlejek bolup, ony ýatdan çykarmaga çalyşdyk. Beýik rus halky bilen aramyzda çiglik döremesin, doganlyk-dostlugymyza zeper ýetmesin diýip, «türkmen ülkesini Russiýa birikmegi, meýletin birikmegi» diýen düşünjeleri öňe sürdük. Soňabaka oňa özümizem ynanyp, taryhyň ençeme gara tegmillerini ýatdan çykaryp, «Türkmenistanyň Russiýa meýletin girmegi» diýip, «şanly senäniň» hormatyna Lenin ordenine mynasyp bolduk... Ýurtdaky alnyp barylýan rewolýusion täzeleniş syýasaty bolsa bu işleriň tutuş birtaraplydygyny äşgär etdi. Ygtybarly çeşmeler jemagat öňünde açylyp goýuldy. Indi bu mesele barada zamananyň beýik ýazyjysy hem akyldary atlandyrylýan A.I.Solženisyn Russiýanyň taryhyna göz aýlap, bu günki durmuşyna nebsi agyryp, ony täzeden daýandyrmak hakda aladalanyp, öz watandaşlaryna iberen wesýetnamasynda «biziň hem aladamyzy edýär». Ol öz wagtynda düýpli pikirlenmän, «orta aziýaly sakyrtgalary» basyp alanlygy üçin, rus patyşasy Aleksandr II-ä igenýär. Şol basybalyjylykly güýjüni Russiýanyň hajatlary üçin ulanan bolsa, peýdaly bolardy diýip, ol bütin dünýäniň öňünde öz garaýyşlaryny äşgär edýär.(«Komsomolskaýa prawda» gazeti, 18-nji sentýabr, 1990). Beýik ýazyja dünýä ynanýar, bizem oňa igenjek bolmalyň. Görşümiz ýaly, hakykaty aýtmakdan çekinenimizüçin, edebiýatymyzyň tutuş bir uly sahypasy boş galdy. Elbetde, boş galan sahypalar ýazyjylaryň günäsi däl. Bu meseläni çözmek, beýan etmek olaryň güýjüne, ukybyna bagly däldi. Ony stalinçilik terroryň hem ondan soňky durgunlyk döwrüniň halklary «agzybir saklamak» syýasaty çözýärdi. Ol syýasatdan çykanyň işiniň netijesi, ýeňil bolsa, «Perman» romanynyňky ýaly ykbally boljakdy. Şonuň üçin hem «ýorgana görä aýak uzadylan» bolsa gerek. Megerem, şol ýokarky syýasatyň «işeňňirligidir» biziň eserlerimiz, geçmişimizden nägile bolup, paş edijilik, öç alyjylyk bilen şeýle bir meşgullanypdyr welin, olaryň käbirine sungat eseri diýmäge diliň hem baranok. Olar şol äheň bilen hem ylmy öwrülişige girizildi. Okuw programmalarynda bolsa şol usul – garaýyş has goýaldylyp öwrenildi, häzir hem ol üýtgewsiz dowam etdirilýär. Şonuň bilen baglanyşykly ikinji bir meseläniň – dini taglymatyň beýany-da biziň edebiýatymyzyň etine-süňküne ornady. Edebiýatymyzda dini ynançly, dini sowatly adamlara ýowuz daraldy. (Elbetde, durmuşyň özünde has hem beterräkdi.) Meniň pikirimçe,onuň sebäbi welin onçakly düşnükli däldi. Iki sözüňbirinde «baý-süýthorlar, işan-mollalar» diýlip, olar agalyk ediji sosial toparyň hataryna goşulyp, gep ýassygy edilipdi. Terbiýeçilik işinde dini ynançlylar iň ýaramaz, zyýankeş, howply edilip görkezilýärdi.Olar şol häsiýetler bilen hem çeper edebiýatyň esasy obektleriniň birine öwrüldi. Özi-de dini taglymat hem dini ynançlylara garşy ýaňy-ýakyna çenli aýgytly göreş alnyp baryldy. Edebiýatda bolsa ýörite ateistik tema emele geldi. Adamlar beýle ýagdaýlarnäme üçin dowam edýändigini bilmeseler-de, dini ynançlylara çala duýgudaşlyk edäýseler welin, özlerine berk çäre görüljekdigini bilýärdiler. Okuw programmalarynda şu temada ýazylan paş edijilikli eserler ýörite saýlanyp alynýardy. Dindaryň häsiýeti diňe açgöz hem ahlaksyz hökmünde öwredilýärdi. Din bilen baglanyşykly ymaratlaryň, binalaryň köpüsi ýumrulypdy ýa-da gözgyny ýagdaýdady. Muny biziň hemmämiz hut şeýle bolmalydyr diýip düşünýärdik. Täzeleniş syýasaty bu meseläniň hem dogry çözgüdini tapdy. Goýberilen kemçilikleriň, hatalaryň üstüni açdy. Geçen ýylky sanlaryň birinde «Literaturnaýa gazeta» («Demokratiýa ýokardan» atly makalada) dini düşünjelilere şeýle ýowuz daralyşy barada esasly gürrüň berdi. Şol ýerde dini ynançlary, onuň esbaplaryny berk gysaja salmak üçin 1929-njy ýylda wepaly stalinçi L.M.Kaganowiçiň goly bilen ýurdumyzyň ähli ýerine ýörite hat ýollanandygy aýdylýar.! Şol hökmürowan hat hem dine garşy göreşmekde «gaýduwsyz işeňňirligi» görkezýär. Elbetde, edilen işleriň netijesi şeýle güýjüň bolandygyny aňladýardy. Ýaňy-ýakynda «Sowetskaýa kultura» gazetinde (6-njy oktýabr, 1990ý.) L.M.Kaganowiçiň öz çykyşy muny dolulygyna subut etdi. Ol dine häzirki syýasatyň garaýşyny, buthanalaryň açylyşyny oňlaýandygyny nygtaýar. Ýöne onuň gürrüňinden şol birwagtky görkezmeleriň buthananyň beren päsgelçiliklerine jogap üçindi diýip özüni aklajak bolmak aňylýar. Stalinçi diktat öz eden işini aklajak bolup buthanalara günä ýükleýär. Ol 1000 ýyllyk taryhy buthananyň öz ömründe dürli hili hereket edendigini belleýär. Elbetde, buthanaçylar hem käýerlerde päsgelçiligem berendirler, ýöne käbir ýerlerde edilen ýaramaz işleri (Ol Woronež sebitlerini agzaýar) ähli buthananyň üstüne ýüklemek dogrumyka? Onsoňam hristian dininiň wekilleriniň goýberen ýalňyşlygy üçin beýleki dinleriň wekillerini, aýratyn hem bize belli bolan musulman dinine uýýanlardan, onuň serişdelerinden öç almak dogrumyka? Dine ynanýan her bir halkyň milli aýratynlyklary hem bar ahyry! Bu zatlar näme üçin göz öňünde tutulmadyka? Şu pikirleri aýtmak bilen, gürrüňiň bu ýerde dini hem dini ynançlary goldamak hakda gitmeýändigine adamlaryň düşünmegi gerekdir. Şu ýerlerde, biziň şertlerimizde-de täze durmuş ugrundaky işlerde, göreşlerde dindarlaryň, päsgelçiligi az bolan däldir.Olaram almytyny alandyr. Ýöne şu güne çenli olara garşy köre-körlük bilen göreş alnyp barylmagy bilen edebi durmuşymyza uly zyýan ýetirdi. Belli sowet şahyry Mollamurtyň bu temadaky goşgularyndan başlap, köp sanly iri eserlerimize çenli, tasa gelse-gelmese, bu ugra «süýkenmän» geçmediler. Käbir ýazyjylar muny ýoň edindiler. Ýasama däp boýunça işläp, edebiýatyň wagtlaýyn sahypalaryny döretdiler. Şeýlelikde-de, edebiýatymyz garyplaşmak, sungatdan daşlaşmak bilen bolupdyr. Biz edebiýat arkaly estetiki terbiýe bermäge derek, sosial göreş temasyny, has dogrusy, terbiýesini öňe sürdük. Şeýdibem giden nesilleri, şonuň üsti bilen-de tutuş jemgyýeti göýdüklendirýändigimize üns hem bermedik. Aslyýetinde, çeper edebiýat sungatyň bir görnüşi bolup, adamlara estetiki terbiýe bermeli, olaryň ruhy dünýäsini, psihologiýasyny gözel duýgular bilen iýmitlendirmeli, gözellige söýgi oýarmaly. Şeýle edilen bolsa, belki-de, biziň ençeme medeni hem edebi ýadygärliklerimiz saklanyp galardy. Arman, beýle edilmedi. Şol sebäpli-de biziň köp sanly eserlerimiz tematiki çäkliligiň içinde galyp, köplenç geçmişe ýigrenç duýgusy bilen eýlenip, göreşiň hem senetçiligiň edebiýaty boldy. Olar mesele çözdüler. Soňra hem okalmakdan galdylar. Aslyýetinde bolsa çeper edebiýat gaýtalanyp okalmaly ahyryn. Täze edebiýatyň döredilmeginde, öwrenilmeginde goýberilen şeýle hatalar geçmiş edebiýatymyzy, folklorymyzy öwrenmekde-de ýüze çykdy. Geçmiş edebiýatymyzy halka giňden ýetirmekde okuw kitaplary, hrestomatiýalar uly rol oýnady. Olary toplap, tertipleşdirip, önümçilige girizmekde irki okuw kitaplarynyň awtorlaryna köp taňryýalkasyn aýtmalydyrys. Köp şahyrlaryň kitaplary, folklor eserleri halka özbaşdak kitap görnüşinde ýaýramanka, olaryň gowy nusgalary okuw programmalarynda peýdalanyldy. Ýöne olar köplenç «timarlanyp» öwrenilýärdi. Ol eserleriň awtorlary bolsa kemsidilen garyp edilip görkezilýärdi. Bu ýagdaý soňky döwürlere çenli dowam etdi. Soňky neşirlerde bu usul birneme gowulandy. Şoňa garamazdan, heniz hem eserlere sosial häsiýet bermek agdyklyk edýär. Meniň pikirimçe, munuň özi öňküler ýaly haýsydyr bir görkezme esasynda bolman, okuw kitaplarynyň awtorlarynyň endigi ýaly hem bolup dur. Eserlere, olaryň awtorlaryna berilýän häsiýetnamalaryň juda ýöntemligi, sadalygy, biri-birine meňzeşligi şeýle pikir etmäge esas berýär. Okuw kitaplaryndan käbir mysallara ýüzlenesim gelýär. «Pyragy Magtymgulynyň edebi lakamy bolup, ol aýralyk diýen manyny aňladýar. Şahyryň bu lakamy edinişi onuň il-gününden, ýurdundan, halaýan gyzy Meňliden jyda düşenligi bilen baglanyşyklydyr». (Edebiýat. 7-nji klas, 1990. 8 sah.) Birinjiden-ä, Pyragynyň aýralyk däldigi, onuň dynan, rahat bolan ýaly manyny aňladýandygy eýýäm telim gezek ýazyldy. Onsoňam Magtymguly haçan, nirä ýurdundan jyda düşüpdir?. Ine-de, Misgingylyç barada aýdylýanlar: «Misgingylyç garyp ýaşapdyr. Şonuň üçin ol Gylyç adynyň öňünden Misgin – garyp, pukara, gedaý sözüni goşup, Misgingylyç adyny edebi lakam edinipdir». (Edebiýat, 8-nji klas, 1990, 285 sah.) Edil şol sahypanyň özünde, şol mysalyň ýokarsynda hem onuň döwrüniň sowatly adamy bolandygy, meşhur bagşy-sazandadygy, şeýle hem onuň baý tematikaly, çuňňur ideýaly köp sanly poeziýa eserlerini döredendigi hakda nygtalýar. Onsoň şeýle zehinli, meşhur adam nähili garyp, gedaý bolýarka? Ynha-da, Keminäniň öwrenilişi: «Kemine «Garyplyk» goşgusynda döwründäki zähmetkeşleriň durmuşyny öz adyndan, öz durmuşynyň üsti bilen görkezipdir. Sebäbi şahyryň özi-de ýarlykly garyp eken». (Edebiýat, 5-nji klas, 1990). Eýsem diňe «Garyplyk» goşgusy bilen halkymyzyň meşhur filosof şahyry hakda şeýle ýöntem, gutarnykly pikiri aýtmak bolarmy? Liro-filosofiki, söýgi romantikasyna ýugrulan döredijiligine nazar aýlasaň, Keminäni beýle pakyr-pukara edip görkezmäge esas bermeýär. Onsoň hem, ýeri gelende aýtsak, köp ýyllaryň dowamynda halk arasyndan ýygnalan şorta sözler Keminäniň adyna berlip, şolaryň köpüsinde-de ony ylym öwreden piri Äraly işanyň garşysyna goýup, şahyra piriň garşysyna ýaramaz sözler aýtdyryp, Keminäni beýgeltmediler, ony oňaýsyz ýagdaýda goýdular. Kemine ýaly beýik adam öz mugallymyny – pirini dürli jandara meňzedipmasgaralap durmaz. Onuň beýle etmegine hiç kim ýolam bermez. Folklor bolanda näme, onuň terbiýeçilik ähmiýeti bolmaly ahyry! Mekdep partasynda biz ylym berenlere – pire, ahuna sögmegi öwredip, netijede näme gazandyk. Eýsem Kemine akyldar Azadynyň, beýik Magtymgulynyň döredijiliginden bihabar boldumyka? Olaryň-a pikiri başgaça. Azady: «Kähi ustadyňa dik-dik gözleme, bolmajak sözlerni alarga sözleme» diýse Magtymguly: «Tälim bergen ustadyňdan aýrylma» diýip sargaýar. Häzire çenli okuw kitaplaryny düzýänler-ýazýanlaram şu pikirden bihabar adamlar däl. Şoňa garamazdan, ýyllaryň dowamynda şol usul okuw programmalarynyň süňňüne ornady. Şu ýerde-de stalinçilik geçmişi ýigrenmek syýasatynyň rol oýnandygyna düşünmek kyn däl bolsa gerek. Belki, ol ýalňyşlyklar halkymyzyň «ak tegmilli» geçmişi bolar. Dini düşünjelere, dini ynançly adamlara garaýyş indi oňynlyga üýtgedi. Bu barada ýörite Kanun kabul edildi. Biz hakyky leninçilik sosializmiň ýoluna düşdük. Eýsem okuw kitaplary, edebiýat öwreniş ylmy, çeper döredijilik bu barada nähili işler alyp barmaly? Ýa-da olar öňküligine galybermelimi? Bu hakda juda çalt oýlanmaly bolsa gerek. Şu ýerde sowet edebiýatynyň programmalaýyn öwrenilişine-de ünsi çekesim gelýär. Elbetde, ýaşlara ilki bilen sowet watançylygyny, internasionalizm, zähmete bolan oňaýly garaýyş terbiýeleriniň öwredilmelidigi öz-özünden düşnüklidir. Bu işde iň ygtybarly daýanç hem okuw jaýlary, mekdep programmalarydyr. Şu güne çenli biziň okuw kitaplarymyzyň esasy mazmunyny şol temadaky eserleriň eýeländigini aýtmak gerek. Şeýle eserleri öwrenmegiň gowy netijeler berýändigi-de gizlin däl. Ýöne bu ugurda-da, meniň pikirimçe, birtaraplylyk, çäklilik boldy. Şeýle edilmegi hem okuwçyny ýadadýar. Ony edebiýatdan daşlaşdyrýar. Gaýtam, estetiki täsiri güýçli bolan eserler alnanda, onuň netijesiniň uzak wagtlaýyn, has peýdaly boljakdygy düşnüklidir. Şol jähtden soňky okuw kitaplaryna girizilen eserlere seredeniňde-de, birtaraplylyk edilendigi mese-mälim görnüp dur. Eserleriň arasynda syýasy-publisistik hem harby watançylyk temada ýazylanlar juda agdyklyk edýär. Aslyýetinde, meniň özüm hem bu temalaryň janköýeri. Onuň ähmiýetine-de gowy düşünýärin. Bolsa-da, ähli kitapda şol bir meňzeş atlar bilen şol bir temadaky eserleriň gaýtalanyp durmagy edebiýat predmetini syýasy ylma ýakynlaşdyrýar. Hat-da doganlyk halklaryň wekillerinden alnan nusgalaram köplenç şol temalardaky eserler bolup çykypdyr. Elbetde, bu meselede-de geçmiş syýasatyň öz endik eden täsirini gowşatmandygy düşnüklidir. Okuw kitaplarynda şol eserler bilen birlikde edebiýatymyzda bar bolan graždanlyk lirikasynyň söýgi, maşgala, ahlak-etiki, peýzaž-tebigat we ş.m. temalarda ýazylan gowy nusgalary öwredilse, nähili gowy bolardy! Aýratyn hem söýgi lirikasynyň nepis goşgulary bar ahyry. Mekdebi ol edebiýatdan daşda saklamak nädogrudyr. «Ýewgeniý Onegin», «Şasenem-Garyp», «Leýli-Mejnun», «Zöhre-Tahyr» öwrenilýärkä, näme üçin sowet edebiýatynyň şol temadaky eserlerinden çekinmelimişin?! Elbetde, bu meselelere içgin çemeleşmek üçin awtorlar kollektiwiniňem batyrlygy, düşünjeliligi, taýýarlygy gerekmikä diýýärin. Şonuň üçin hem okuw kitaplaryny taýýarlamakdaky köne ýörelgäni täzelemek gerek. Ähli okuw kitaplaryny taýýarlamakdaky açyk konkurs yglan etmek arkaly, köp wariantly usulynda täzeden taýýarlamaly. Diňe şeýle edilende edebiýaty öwretmekdäki çäklilikden, ýöntemlikden saplansa bolar. Kitaplara girizilen awtorlary, eserleri seçip almak hem häzirkisi ýaly birtaraply bolmazdy. Häzirki ýagdaýda juda gözçykgynçlyk edilen ýerleri az däl. Käbir awtorlar şol bir ýöntemje häsiýetnamalar bilen kitapdan kitaba geçýär. Şeýdip okuwçylaryň, mugallymlaryň mädesine degilýän bolmagy-da mümkin. Men bu ýerde esasan mekdep programmasynyň üstünde durdum. Emma bu ýagdaý edebiýaty öwreniş ylmynyň ähli ýerine-de. beýleki okuw jaýlaryna-da degişlidir. Şonuň bilen baglanyşykly şu gün örboýuna galan bir meseläni ýatlamak biziň hemmämiziň borjumyz. Häzir merkezde, aýry-aýry doganlyk respublikalarda sowet edebiýatynyň esasy döredijilik metody bolan sosialistik realizm metody barada dürli pikirleri orta atýarlar. Hatda ondan ýüz öwürmek baradaky pikirleri-de janygyp orta atýarlar. Şol metod bilen ýazyjylaryň, mümkinçiliginiň daralandygyny, olaryň hukugynyň çäklendirilendigini aýdýarlar. Sosialistik realizmiň esasy prinsipleriniň biri bolan partiýalaýynlykdan ýüz öwürmäge çagyrýarlar. Sowet edebiýatynyň beýik guramaçysy A.M.Gorkiniň hyzmatlaryny kemsitmäge çalyşýarlar. Mahlasy, sowet edebiýatynyň gazananlaryna «el garmaga» çagyrýarlar. Rewolýusion täzeleniş bütin ýurdumyz üçin deň başlady, deň herekete girdi. Aýanlyk, demokratiýa hemmeler üçin deň derejeli diýip kabul etdik. Iş ýüzünde bolsa, näme üçindir, biz ýokarky meseleleriň golaýyna-da baryp bilmeýäris. Aslyýetinde bolsa, biz şu güne çenli türkmen sowet edebiýatyny bütin sowet edebiýatynyň bir şahasy diýip mahabatlandyryp gelýäris. Meniň pikirimçe, bu meselä biziň hem janly girişmegimiz gerek. Sebäbi biziň edebiýatymyzda-da üstünliklerem, kemçiliklerem beýlekiler bilen deň boldy. Meniň bu ýerde sosrealizme, onuň prinsiplerine düşündiriş bermek niýetim ýok. Bolsa-da, käbir zatlary ýatlasym gelýär. Ilki bilen bu metodyň edebiýatymyzyň ösüş taryhyna örän uly kömek edendigini aýtmak gerek. Türkmen sowet ýazyjy-şahyrlary çuňňur ideýaly, ýokary graždanlyk häsiýetli, gumanistik dünýägaraýyşly, halky we ş.m. köp gowy taraply eserleri döretmegi sosrealizm mekdebinde öwrendiler diýsek, nädogry bolmaz. Elbetde, bu hakda örän köp gürrüň edip bolar. Şonuň bilen birlikde hudožnigi çäklendiren wagtlary-da az bolmady. Onda durmuşy dogruçyl beýan etmeli diýilýär. Köp halatlarda muňa ýol berilmedi. Aýratynam stalinçilik-ždanowçylyk ýörelge ýazyjylaryň döredijiligine köp päsgel berdi. Olaryň pikirem sosrealizmiň üstüne ýüklendi. Durgunlyk ýyllarynyň hruşýowçylyk-brežnewçilik pikirleri bu metody has hem pese gaçyrdy. Soňabaka olaryň «metodlary» öz agalygyny ýöretdi. Biziň jemgyýetimizde hemme zat «sowetleýin» görkezilmeli. Ähli zatlar beýlekilerden artykmaç bolmaly, kemçilik bolmaly däl. Ýaramazlyklary eserlerde beýan etmeli däl. Dörediji, gurujy, ýeňiji sowet adamsyny kämil görkezmeli. Ýaramaz häsiýetli adamlar eserlere girizilse-de, olar hökman degişli ýerlerde terbiýelenmeli. Hawa, ýazyjy şeýle usulda işlemeli boldy. Şu usul bilenem onlarça «terbiýeleýji» eserler döredi. Olar biz realistik eserler diýip okadyk hem öwretdik. Durmuş welin beýle däldi. Ýüzlerçe gara ýürek, gara pygyl, «haramhor begler» göz-görtele etjegini edýärdi. Çäre görülmeg-ä däl, olaryň atlary-da tutulmaýardy. Eger olar hakda çeper döredijilikde kelam agyz aýdylaýsa, has hem partiýa-sowet edaralaryna golaýlaşan «ýaşululara» dil ýetirilip olaryň tipi dörediläýse, olara derek eserleriň awtorlaryna çäre görüldi. Şonuň üçin hem biziň durmuşymyz gözboýagçylyklaryň pidasy bolup, öýüňde arkaýyn ýatyp bolmaýan durmuşa öwrüldi. Demir gapylar, polat sandyklar, telim gulplar bilen goralýaň ýaşaýşa öwrüldi. Sözüň doly manysyndaky sosialistik realizm ösmän, soňa-baka bisowat diktatorlaryň görkezmesi bilen işleýän, olaryň bähbitlerini goraýan gurala öwrüldi. Meniň pikirimçe, häzirki sosrealizmiň üstüne edilýän hüjüm onuň soňky düýpli ýoýluşlary üçin bolsa gerek. Şeýle bolsa, ony makullamazlyk mümkin däl. Partiýalaýynlyk prinsipi sosialistik realizmiň esasyny düzýän baş prinsipleriň biri. Munuň üçin heniz bu döredijilik usuly doly formalaşmanka ýüze çykan leninçilik taglymatdyr. Bize belli bolşy ýaly, baryp 1905-nji ýylda proletariatyň beýik serdaryW.I.Lenin «Partiýa guramasy we partiýalaýyn edebiýat» diýen beýik işinde şu taglymat bilen proletar edebiýatynyň, ýagny geljekki sowet edebiýatynyň esasy ideýa-ugruny kesgitläpdi. Beýik akyldar söz sungatyna, ýazyjynyň işine uçursyz uly ähmiýet beripdi. Çeper edebiýaty partiýa işiniň bir bölegi atlandyrypdy.Elbetde, akyldaryň bu genial pikirleri köp döwürläp biziň edebiýatymyza hossarlyk etdi, onuň ideýa-çeperçilik derejesini çuňlaşdyrmaga, berkitmäge hyzmat etdi. Ol häzire çenli-de öz güýjüni gowşadanok. W.I.Leniniň taglymaty wagtlaýyn, döwürleýin däldir. Şoňa garamazdan, käbir adamlar merkezi metbugatda, ýerlerde partiýalaýynlykdan ýüz öwürmäge çagyryp hem çykyş edýärler. Meniň pikirimçe, bu nädogrudyr. Sebäbi partiýa, şol sanda partiýalaýynlyk çeper edebiýata hiçhili şikes ýetirmedi. Şikes ýetirenler partiýa, döwlet apparatyndaky aýry-aýry hökmürowanlar boldy. Partiýanyň adyndan, onuň abraýy bilen «dury suwy bulandyranlar» adamlarda garşylykly. pikir döretmäge mümkinçilik berdiler. Bu gün bolsa olaryň etmişleri üçin partiýa öz abraýyndan mertbesinden tölemeli boldy. Elbetde, ähli zady aýyl-saýyl etmek üçin ýörite guramaçylyk işler alnyp barylmaly. Halka hakykaty düşündirmeli. Onuň üçin ýörite çäreler geçirmeli. Bu barada merkezde, deň-duş resbublikalarda birnäçe işler edilse-de, näme üçindir, bizde bu işleriň golaýyna-da barlanok. Merkezde gozgalýan şol meselelerden bolsa biziň okyjylarymyzyňam diňleýjilerimiziňem doly habary bar. Ýene bir mesele bu günüň derwaýys temalarynyň biri bolup durýar. Biz şu güne çenli çeper edebiýaty öwrenenimizde, öwredenimizde «milli forma», «sosialistik mazmun» diýen düşünjeden ugur aldyk. Munuň özi köre-körlük bilen döredijilik metodyna, edebiýat ylmyna aralaşdy. Täzeleniş syýasatynyň ýola düşmegi bilen bu meseläni-de yrgyldadyp başladylar. Onda goýberilen kemçilikleri, onuň beren päsgelçilikleri-ni açyk aýdýarlar. Bu barada sowet ýazyjylarynyň täze ustawynda-da pikir ýöredilýär. Elbetde, birnäçe bärden gaýtmalaryň bardygyny biz öň hem belläpdik. Ýöne bu kanuna öwrülen zatlar barada aýdylmalydyr hem öýtmeýärdik. Has dogrusy, ähli meselede bolşy ýaly, gorkýardyk. Çünki bu meseleleri syýasat diýip düşün-ýärdik. Aslynda, biziň aýdýan köp meselelerimiz şol düşünjä dogry gelmeýärdi. Meniň pikirimçe, žanrlar babatda aýtsak, şygyrýetden beýlekileri milli forma däl ahyry. Aýdaly, dramaturgiýa, onuň görnüşleri türkmen edebiýaty üçin mahsus däldi. Realistik proza barada-da şony aýtmak bolar. Geçmişde dilden aý-dylýan ertekiler, dessanlaryň kyssa bölümi bolaýmasa, proza ýokdy. Olar hem formalaşan realistik eser däldi. Edebi tankyt bolsa türkmen edebiýaty üçin tutuş täzelikdi. Şol sebäpli bu žanrlar döräp başlan ilkinji ýyllarynda-da örän sadady. Otuzynjy ýyllaryň ortalaryna çenli «özlerini zordan tutýardylar». Soň-soňlar öňde baryjy rus edebiýatynyň, doganlyk halklaryň edebiýatynyň täsiri, tagallasy bilen, gürrüňsiz, sowet jemgyýetçiliginiň tagallasy bilen kämillik derejesine ýetdiler. Bular türkmen edebiýaty üçin milli forma däl-de, internasional formady. Soň milli häsiýete eýe bolup gitdi. Elbetde, şygyr žanrynyň ýagdaýy başgaçady. Munuň geçmişden bäri uly däbi-dessury bardy. Soň ol hem dürli ugur bilen ösdürildi. Aýratyn-da poema barada şeýle boldy Türkmen sowet edebiýatynyň mazmuny bolsa jemgyýetiň mazmunyna laýyk baýlaşdyrylýardy, timarlanýardy. Diýmek, tutuş edebiýatymyz milli formaly sosialistik mazmunly däl eken. Onuň sosialistik mazmunlylygy welin dogrudyr. Ýeri gelende aýtsak, kähalatlarda millilikden milletçiligi gözläp, onuň gysylan mahallary-da bolupdy. Bu bolsa leninçilik taglymatdan gyşarmakdy. W.I.Lenin internasionallygyň millilik bilen bile döreýändigini, halklaryň milli bähbitleriniň, milli guwançlarynyň internasionalizme umumy sosialistik bähbide ters gelmeýändigini öwredýärdi. Bu barada örän köp mysallar getirmek bolar geçen stalinçilik-ždanowçylyk režimiň agalyk eden döwründe tutuş sowet edebiýatynda «gözüniň ody alnanlar» az bolmandy. Ol adamlar ýörite kararlara goşulyp, heläk edilýärdi. Türkmen ýazyjylary Hoja Şukürowyň, soňra Ata Gowşudowyň ykballary şoňa dogry gelipdi. Ata Gowşudowyň ähli eserleri diýen ýaly özboluşly milli şirelilik, şirinlik, milli häsiýetler bilen internasionallyk derejesine ýetirilen eserlerdir. Emma eserleriniň ýokary estetik hyzmatyna seretmän, milli alamatlara baýlygy üçin kesä çekip, milletçilikde aýyplaýardylar. Ölmeziniň öň ýanynda-da ýazyja merkezi «Kommunist» žurnalynyň (1953, 2-nji sany) redaksion baş makalasynda uly günäler ýöňkelipdi. Öz edebiýatçylarymyz bolsa ony «adalatly tankyt» diýip belläpdiler. Bu günä, belki, onuň ölümine-de sebäp bolandyr. Öz wagtynda (şu güne çenlem) ýazyjylar bu usuldan degerli «sapak» alýardylar. Häzirki wagtda milli forma, sosialistik mazmun diýen ýörelgäni özgertmek hakynda düýpli pikirleri orta atýarlar. Bu mesele biziň edebiýatymyz üçin has-da derwaýysdyr. Biz ýokarda köp meseläniň «başyny agyrtdyk». Bularam, «hamyr ujundan petir» diýen ýaly, gürrüňleriň hemmesi däl. Hiç biri-de sowlup geçmeli meseledir öýtmeýärin. Munuň hemmämize degişlidigi öz-özünden düşnüklidir. Ýöne bular aýry-aýry adamlaryň öz üstüne alyp çözmeli meseleleri-de däl. Şonuň üçin-de bu zatlary täzeden öwrenmegi, täzeden işlemegi ýola goýmak üçin ýörite guramalaryň, organlaryň merkezleşdirilen ýolbaşçylygy, derwaýys tagallasy gerek. Işleriň häzirki ýaly özakymyna gidişinde, çynlakaý başgaldyrylmasa, biz boş gürüňleriň tozanyna bulaşyp galarys. Meşhur sowet alymy, akademik D.S.Lihaçýowyň aýdyşy ýaly, medeniýet indi azat boldy. Şol arzuw edilen azatlygy rowaçlandyrmak, goramak hemmämiziň borjumyz. 1990 ý. | |
|
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |