17:05 Erkinligiñ şahyry | |
ERKINLIGIÑ ŞAHYRY
Goşgular
Erkinlik şahyry, Şewçenko, atam, Men seniñ gaşyñda oýlanyp durun. Göreşdiñ, Göreşe iterdi seni Sütemli durmuşy, il-günüñ, ýurduñ Özüñe şeýle bir beýik at goýduñ, Kiçi göwün bilen, Zehiniñ bilen. Badaşdy ykbalyñ ýowuz durmuşda Söýgüli topragyñ, halk-iliñ bilen. Iliñ üçin isläp erkin günleri, Iliñ üçin ýowuzlyga döz geldiñ. Sürgünlere sürülseñ-de kemlikde Il içinde çynar ýaly beýgeldiñ. Saña dogry gelen şol agyr ykbal, Çyn şahyryñ - Halk oglunyñ ykbaly. Müñlerçe şahyrlar geçdi jahandan Ýöne azdyr saña meñzeş - Señ ýaly. Señ özüñ saýladyñ şeýle ykbaly Göwün bermän haldan üzñe şöhrata. Göreşdiñ şa ýoly - Şa tagty bilen Halkyñ bilen ýetmek üçin myrada. Erkinlik arzuwlap ýazan şygyrlañ Garyp iliñ goltugyndan göterdi. Namysa ýugrulan halk ogullarny Göreşlere, Ýeñişlere ýetirdi. Batrak aýallaryñ, Katerinalañ Hem-de Gannalaryñ solan keşbini, Setirlere saldyñ zaryn ses bilen Endiretdi okanlary, eşdeni. Türkmen ilinde-de dostlar tutunyp, Göwün matlabyñy açyşyñ hakda. Türkmen çopanynyñ geýmini geýip, Türkmeniñ çaýyny içişiñ hakda. Seniñ pähim-duýgulara ýugrulan Setirleriñ, "Gündelikleñ" gür berýär... ...Bu gün azat ilde, azat dillerde Aýdymlañ aýlanyp dünýäni görýär. Sen indi türkmeniñ hakyky ogly, Hemişelik geldiñ Aşgabadyma. Goşulyp otyrsyñ il guwanjyna Saýlama köçäni berdik adyña. Sen muña laýyksyñ, Şewçenko, atam! Halk oglunyñ bolmaz belli bahasy. Halka hyzmat eden - Joşgun derýadyr, Baky gülzar bolar kenar-ýakasy. Begmyrat USSAÝEW. | |
|
√ Bagyşla, eje! / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Yşk ymamdyr bize, köňül jemagat... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Ol ne ýüzdür aşyk olmyş jümle şeýhi-şap oňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Arassadyr / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Ýarym degişme / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Marguşda / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Bolarmy / Goşgular - 13.09.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Быть блондинкой... / Goşgular - 26.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |