13:06 Ugur - kämillikden kämillige | |
UGUR – KÄMILLIKDEN KÄMILLIGE
Edebiýaty öwreniş
Durmuşda dürli-dürli wakalaryň, dürli ykbally, dürli häsiýetli adamlaryň bolşy ýaly, edebiýat meýdanynda hem örän geň ykbally, özboluşly häsiýetli ýazyjylar bolýar. Edebiýat meýdanyna gelenleriň ençemesi, ep-esli ýol geçselerem, öz ýol-ýodalaryny aýyl-saýyl edip bilmän, orta ýolda galýarlar. Birnäçeleri bolsa ahyryna çenli galamlaryny işletselerem, belli bir ugur saýlaman, göze ilerlikli zat döretmän, ýazyjy ady bilen ýaşaýarlar. Şeýle mysallary edebiýatymyzyň taryhyndan näçe diýseň getirmek bolar. Häzir biziň gürrüňimiz şeýle häsiýetli, şeýle tipli edebiýat barada däl-de, belli bir ýazyjynyň döredijiligi barada. Onda-da edebiýat älemine gelip, az wagt- dan soň özboluşly edebi häsiýetler bilen, özboluşly ýörelge bilen biziň prozamyzyň baýlygyna uly goşantlar goşup bilen, bu meýdanda öz pikirleri bilen erkin ädimläp bilýän ýazyjy barada. Has dogrusy, biziň prozamyza ençeme gutarnykly çeper mazmunly hekaýalary, adam ykballaryna çuňňur aralaşýan powestleri, milli häsiýetlere ýugrulan taryhy temada ýazylan «Saragt galasy» romany bilen eýýäm ep-esli goşant goşmaga ýetişen Atajan Tagan barada. Atajan Tagan hem ençeme beýleki ýazyjy-şahyrlarda bolşy ýaly, edebiýat meýdanyna şahyrana eserleri döretmek bilen – poeziýa bilen geldi. Ençeme goşgulardyr poema ýazyp, «Saňa garaşýan», «Aşgabadyň agşamlary» ýaly ýygyndylary neşir etdirdi. Şol bir wagtyň özünde-de proza žanrynda-da turuwdan ynamly, erkin ädimläp başlady. Onuň bu synanyşygy poeziýa dakydan has şowly, has kämil, has duýarlykly boldy Şeýdibem ol yzly-yzyna birbada hekaýalar toplumyny döretdi. Hekaýa žanrynyň abyny-tabyny ele alan Atjan Tagan gysga wagtda bu žanryň kämil awtorlarynyň biri boldy. Ol haýsy temadan işlese-de, adam psihologiýasyna inçelik bilen aralaşmagy hem ony ahyryna çenli yzarlamagy endik edindi. Şeýdip, prozamyza psihologizmiň täze bir awtorynyň gelendigini habar berdi. Bu ugurdan ol ýörite hekaýalar toplumyny döretdi. Şu hekaýalar «Uruş haçan gutarýar» ady bilen ýörite kitap edilip çykaryldy. Ýazyjy bu hekaýalarymda uruş hem parahatçylyk temasyny täzeçe, özboluşly işlemäge girişipdir. Biziň edebiýatymyzda, ýeri gelende aýtsak, Beýik Watançylyk urşy temasy indi esasy temalaryň birm bolup galdy. Elbetde, bu temany yzarlamak üçin özboluşly ylmy işler ýazylmaly, ýazylybam ýör. Bu mesele biziň edebiýatymyza ilki bilen urşa gatnaşan ýazyjylaryň, soňra urşa gatnaşyp, soň edebiýata gelen söweşjeň esgerleriň ýatlamalary, başdan geçirmeleri arkaly beýan edildi. Bularda Watançylyk urşunym Uruş meýdanynda görkezen horluk-azaplary, mahrumçylyklary, Urşuň getiren weýrançylyklary hakda gürrüň edilýärdi. Başga bir ýazyjylar tarapyndan döredilen eserlerde bolsa uruş döwründe tyldaky kynçylyk bilen, tyl bilen frontuň gatnaşygy hakda gürrüň edilýärdi. Atajan Tagan bolsa bu meselä özboluşly, düýbünden başgaça çemeleşdi. Bu taýda psihologizmiň inçe usullaryny, tärlerini ulanyp, adam ykballaryna aralaşdy. Uruş hem oňa ýigrenç, adam ykballarynyň üsti bilen şol meseläni çözmek Atajan Taganyň prozasyna häsiýetlidir. Atajan Taganyň eserlerinde urşuň uruşdan soňky yzalaryny yzarlamak esasy mesele bolup durýar diýsek häsiýetli bolar. Ýazyjynyň «Kim günäkär?», «Sazyň piri nirede?», «Ýedi derýaň aňyrsynda», «Uruş haçan gutarýar?», «Bir gije hem bir gündiz», «Syrly wesýet» ýaly şeýle häsiýetli wakalary öz içine alýan hekaýalary onuň bu žanrdaky kämilligini ýüze çykardy. Awtor şeýle tipdäki eserlerinde adam ykballaryna urşuň salan ýaralaryny yzarlap, gutarnykly bir eser görnüşinde okyja ýetirýär. Onuň saýlap alan şol usulynda şu güne çenli ýüze çykýan wakalarda, gatnaşyklarda bar bolan durmuş hem ýaşaýyş nogsanlyklarynyň köpüsine uruş günäkär. Watançylyk urşy bilen baglanyşykly ondan soňky ýüze çykan şowsuzlyklaryň ählisine uruş günäkär. Bu babatda ýazyjynyň her bir hekaýasy bir mesele hakynda dogry düşünje berýär. Adam ykballaryny göýdükdiren şol wakalar bilenem urşa nälet okaýar. Bir hekaýasynda garry ene öz gelnini – wepat bolan oglunyň gelnini beýlekisine dakyp, bütin durmuşboýy şol maşgala betbagtçylyk getirendigini, şeýle wakalaryň hem durmuşda az bolmandygyny nygtasa, («Kim günäkär»), ikinji bir hekaýasynda uruş bütin sungaty lerzana getirdi diýen pikiri öňe sürýär. Bu meselede onuň «Sazyň piri nirede» hekaýasynda uruşda kontuziýa bolup gelen Heşdek bagşynyň hasratly obrazy arkaly ýüze çykarylýar. Uruşdan öň her bir kakuwyna söýgi bilen sereden, onuň sazyny bütin bedenine, beýnisine siňdirip ýaşan diňleýji indi onuň çalýan sazlarynyň bimanydygyny aňyp, diňläp, sungaty şeýle gözgyny ýagdaýa düşüren urşa nälet okaýar. «Uruş haçan gutarýar» diýip, ýaňy-ýakynlara çenli urşa gidip gelmedik oglunyň ýoluna seredip, zaryn aglap dünýäden öten Mamur ejäniň obrazy biziň prozamyzdaky şu temada döredilen obrazlaryň iň kämili bolup, okyjylaryň aňyna siňdi, biziň edebiýatymyzyň taryhynda hemişelik ýaşaýşa ukyply bolup galdy. Şeýle ýaşaýşa ukyply obrazlar Atajan Tagan prozasynda bir däl, iki däl, onlarça, olar okyjylaryň maslahatçysy, uruş hem parahatçylyk temasyndaky maslahatçylary, pikirdeşleri. Uruş hem parahatçylyk temasy, ynsanyň durmuşdaky roly, orny, ýaşaýşy goramak ýaly meseleler Atajan aganyň powestlerinde hem aýratyn bir mana eýe boldy. Ol powestler şu günüň hem geljegiň arabaglanyşygy bolup durýan wakalary özünde jemleýär. Olaryň hemmesinde taryh, taryhylyk, haýyr bilen şeriň çaknyşygy – bularyň hemmesi hem adam ykballaryna çemeleşmek hem oňa hemaýatçy bolmak. Ýazyjynyň «Uruşdan soňky söweş» kitabyna ýerleş dirilen üç powest biziň pikirimizi doly kepillendirip, biri-biriniň üstüni ýetirýän wakalardan durýan eserler bolup, okyjynyň söýgüsini gazandy. Biziň «taryhy şu gün bilen sepleşdirýär» diýmegimiziň özboluşly manysy bar. Onuň taryhy wakalar konkret meselelere bagyşlanyp, çeper prozanyň hakyky derejesine ýetirilen «Pereňli ýesiriň ýatlamasy» powesti bize bu hakda köp maglumat berýär. Geçen asyryň ikinji ýarymynyň başlarynda ýüze çykan pajygaly wakanyň ganly sahypalary ýazyjynyň taryha bolan garaýyşlary bilen urşa hem mahrumçyklara bolan ýigrenji bilen okyjyda hem şol duýgulary döredýär. On dört aýlap ýesirlikde bolan Bulokwiliň gözi bilen gören wakalary onuň özünde-de Eýran basybalyjylaryna ýigrenç döredýär. Türkmenleriň üstüne sürnüp gelen Eýran goşunynyň, onuň serkerdesi Hemze mürzäniň ynsanýetçiliksiz işleri taryhyň ganly sahypalaryna bolan ýigrenji oýaryp şu günüň urşa bolan pikirlerine goşulyp gidýär. Elbetde, bu taryhyň kiçijik bir sahypasy. Aslyýetinde taryhda näçe ganly sahypalar ýazyldy. Edebiýat bolsa ony şu güne çenli ýigrenç bilen paş edip gelýär. Ýazyjynyň «Uruşdan soňky söweş», «Aýylganç baharyň jybarly güni» powestleri mazmun hem beýan ediliş taýyndan ideýa ugry, sýužet ýordumlary bilen biri-biriniň üstüni ýetirip, urşa bolan ýigrenç, parahatçylykly günleri goramak ýaly aktiw duýgulary döredýär. Munuň şeýledigini bilmek üçin powestlerdäki aýry-aýry epizodlary, gahrymanlaryň obrazlaryny ýatlamak hem ýeterlikdir. Powestleriň ikisinde-de urşuň adamzada salan öçmejek yzasy hakynda gürrüň gozgalýar. «Näme üçin uruşdan soň söweş bolýar?» Bu powestdäki Rejebiň hem Aýýanyň arasyndaky dowamly ýürek yzlaryny oýarýan söweşiň olaryň ruhy sagdynlygyna getirýän zyýany, belki-de, Rejebe uruşda düşen ýaradanam agyrrakdyr. Şol sebäpli-de yza çekýän diňe olaryň täk özi bolman, şol hasratly oý-pikir olaryň tutuş maşgalasyny, töwerek-daşyny, obalaryny gurşap galýar. Uruşdan soň önelgesiz ýaşamaly boljakdygyny bilen Rejep dürli ýollar bilen öz gelni Aýýadan aýrylyşmak üçin hiç kime belli bolmadyk pikirler bilen söweş alyp barýar. Obadaşlary, töwerek-daşlary Rejebiň ykbalyna gynanyp, urşuň salan yzasyna öwran-öwran ýüzlenýärler. «Urşuň etmedik işi barmy?» diýip, ony akylyndan azaşan, «gan görensoň» hyrsyzlanan adam hökmünde häsiýetlendirmäge çalyşýarlar. Aslyýetinde bolsa, Rejep gan görensoň däl-de, bedeninden hakyky gan dökensoň hyrsyzlanypdy. Urşuň salan şol ýarasy, tagmasy iň soňky derejesinde dargamaga alyp barýar. Aýylganç baharyň uruş günlerindäki jybarly günleriniň biri Saparyň ykbalyny tutuş wes-weýran edýär. Urşa çenli bolan döwürde Sapar özüniň iň ýakyn ýoldaşy hasaplap, itler bilen «bir maşgala» bolup ýaşaýar. Ol Göroglynyň «atdyr ýigidiň ýoldaşy» diýen sözlerini «itdir ýigidiň ýoldaşy» diýip düzedip aýdýar. Munuň özi Saparyň ite bolan söýgüsiniň, it saklamaga bolan höwesiniň örän ýokary bolandygyny aňladýar. Iki sözüniň biri itleri taryplamak. Emma Saparyň ite bolan şeýle gowy garaýyşlary soňky wagtlar tutuş üýtgeýär. Sapar güjükçi Beýik Watançylyk urşuna gatnaşýar. Agyr söweşleriň birinde ol duşman eline ýesir düşýär. Ähli agyr horluklara çekip-çydasa-da, Saparyň bir gabat gelen wagşyýana kartinasy onuň aňynda hemişelik galýar. Günleriň birinde faşistler ýarym kilogram çörek ogurlandy diýip, ýesirleri gynaýarlar, horlaýarlar Ahyrynda-da şol ýesirleriň birini – Aşot agany faşistler ite çeýnedýärler. Baharyň jybarly gününde bolan şol aýylganç waka Saparyň aňyny hemişelik zäherleýär. «Itdir adamyň ýoldaşy, onuň syrdaşy» diýip ýören Sapar güjükçiniňynamyny faşistler şol gezek düýp-teýkary bilen ýok edýärler. Itlerden onuň eden tamasy çykmaýar. Itleriň adamynyň dosty däl-de, olaryň wagşy duşman hem bolup bilýändiklerini Sapar güjükçi öz gözleri bilsi görýär. Bu-da onuň bütin ykbalyna täsir edýär. Şol ruhy sarsgyn uruşdan dolanyp gelenden soňam Sapar güjükçiniň aýňalmagyna ýol bermeýär. Ol parahat günlerde-de hemişe itlere ýamanlyk edip bilse, armany ýok. Ite hossar çykany ol özüne garşydaş hasaplaýar, oňa ýigrenç bilen seredýär. Hatda it uruşdyranda basylany üçin öz itini depip öldürýär. Eseriň başga bir gahrymany Ýemmegiň itine hamyrda iňňe berip, onuň ejir çekip ölmegine sebäp bolýar. Mahlasy, onuň ite bolan ýigrenji wagşyçylyk derejesine ýetýär. Esere mazmun edilip alnan itli wakalar urşuň ynsanyýetiň hem haýwanyň durmuşyna salan agyr tagmalaryny açmaga hyzmat edýär. «Saparyň we onlarça saparlaryň ruhy taýdan zaýalanmagyna sebäp bolan näme?» diýen soraga ýene-de bir gezek «Uruş» diýip, jogap bereniňi duýman galýarsyň. Uruş diňe bir ynsanyýeti däl-de, bütin tebigatam sandan çykarýar. Şolam adam ykballary bilen eserde doly baglanyşdyrylypdyr. Ýazyjynyň öz eserlerine uruş hem parahatçylyk meselelerini şeýle usullar bilen girizmegi faşizme bolan näletli garaýyşlary oýarmagy, okyjyda parahatçylygy goramaga, parahat günleriň gadyryny bilmäge aktiwlik döretmegi şu günüň hem derwaýys meseleleriniň biri bolup durýar. Dünýäde agressiýa ýaşaýarka, uruşparazlar ýaşaýarka bütin parahatçylyk söýüji adamlaryň urşa bolan ýigrenjini güýçlendirmek, hüşgärligini artdyrmak çeper sözüň, sungatyň hemişe baş temasy bolupdy. Ýazyjy Atajan Tagan hem öz döredijiliginde şondan ugur alýar diýsek, dogry bolar. Ýazyjy Atajan Taganyň durmuşy ahlak temalaryna bagyşlanan eserlerinde-de ynsan ýaşaýşyny goramak hakyndaky meseleler örboýuna galýar. Onuň «Lal perişde», «Sallançak mukamy» ýaly powestleri bize bu ugurda ýeterlik maglumat berýär. «Lal perişde» powesti ýazyjynyň ýaşaýşa söýgi hakyndaky çuňňur filosofiki eserleriniň biridir. Eseriň baş gahrymany medisina işgäri bolsa-da, wakalaryň geçýän ýeriniň bir bölegi medisina aralaşsa-da, eser tutuşlygyna alnyňda, ynsanyň durmuşyny goramak – şonuň üçin hiç hili gaýratyňy, güýjüňi gaýgyrmaly däldigi, her bir adamyň ikinji bir adam hakyndaky aladasynyň egsilmeli däldigi, adamlaryň özara aladalary bilen şeri ýeňip, haýry gorap biljekdikleri hakyndaky pikirlerden düzülendir. Muny biz Omar Bagybekowyň agyr keseliň dermanyny tapmak üçin, umuman, dertleriň dermanyny gözläp, ot-çöp ýygnamagy, halk medisinasynda düýpli öwrülişikleri gözlemegi, oňa üns bermegi, şol bir nagtyň özünde-de gabat gelen garşylyklar bilen, kynçylyklar bilen başa-baş söweş alyp barmagy arkaly duýýarys, synlaýarys. Wraç Bagybekow her ädimde agyr kynçylyklara, şowsuzlyklara gabat gelýär. Düýşünde Lal Perişde bilen duşuşýar. Şonuň kömeginden haýyr gözlejek bolýar. Ýöne onuň bu romantiki oý-pikirleri hemişe arzuw bolup galýar. Onuň bütin aladasy bolsa şol arzuwy durmuşa geçirmek. Bu bolsa hoşniýetli, ynsan durmuşyna söýgüli garaýyşly medisina işgärleriniň şowly obrazyny emele getiripdir. Haýran galaýmaly, ol boş wagtlarynyň ählisini, käte işinden hem jogap alyp, ähli güýç-kuwwatyny şol asylly maksada gönükdirýär. Onuň çölde gabat gelýän harasatlary – oňuň maksada ýetmek üçin göreşde içki dünýäsiniň harasadydyr. Bagybekowyň bütinoý-pikirleri şol harasatdan daşlaşmaýar. Ol ähli ösümliklerden, ot-çöplerden ynsan ömrüni uzaltmagyň, onuň derdine derman etmegiň çözgüdini gözleýär. Şonuň üçin hem onuň özi okyjynyň aňynda şol Lal Perişdäniň sypatyna öwrülýär. Bize geregi-de şol. Bu meseleler hakda häzirki günlerde batyrgaý hem çynlakaý gürlenip başlandy. Emma A.Tagan bu hakda has öň söz açmaga ýetişdi. Diňe öwgüli sözler bilen taryplanýan sowet medisinasynyň sandan çykan ýagdaýyna göz ýetiren ýazyjy bu hakda batyrlyk edip bildi. Çünki «Adamyň ömrüni ýekeje gün uzaldyp bolsa-da uzaltmaly. Adam ömrüniň galan ýekeje gününiň hasratda däl-de, arzuwda geçmegini gazanyp bolsa-ha, şolam durmuşyň iň bähbitli sogabydyr». Bagybekowyň oý-pikirleriniň şu jemlemesi ýazyjynyň öz idealy ahyryn. Aslyýetinde, bu adamsöýüjilik çyn sungatyň idealydyr. Biz durmuşda öz bähbidiňi il bähbidinden soňa gopmak hakynda köp pikirler aýdýarys, köp sözleri diňle ýäris. Emma ol hemişe beýle bolubam duranok. «Lal perişde» powestindäki Bagybekowyň obrazy şol mese ýäniň şowly çözgüdidir. Ýazyjynyň «Sallançak mukamy» powesti hem şol ideýalaryň dowamy hökmünde eşidilýär. Durmuşda nesil öndürmek, ynsan taryhyny nesil bilen dowam etdirmek, ony ýarag bilen däl-de, sungat bilen goramak, sungat bilen beslemek ýaly ideýalar eseriň süňňüne siňdirilen hakykatdyr. Bu zatlaryň hemmesi eseriň esasy figurasy bolan Gojuk Mergeniň obrazynda jemlenendir. «Sallançak mukamy» ýaly sazlary döreden, sadap saply dutary dulunda saklaýan goja ömrüniň ahyryna çenli nesil öndürmegi, nesli dowam etdirmegi bütin nesline wesýet edýär. Özem gury jümleler bilem däl-de, sungatyň dili bilen şeýle edýär. Bu bolsa haýyr işiň, sungatyň, sungat adamsynyň ýaşaýşyň özenidigini kepillendirýär. Gojuk Mergeniň «Sallançak mukamy» örän dartgynly bir psihologik pursatda döreýär. Şondan soň ol süňňi päk sazandanyň hemişelik ahlak kasamyna öwrülýär. Ol saz diňe çaga dünýä inen öýde çalynýar. Şol ýagdaýyň bozulan ýeri hem boldumyka? Elbetde! Ýöne şol sazyň ol hili çalnan pursatlary hem geňlär ýaly däl. Iki tiräniň arasynda nähak ýerden gan döküljek bolup durka, tüýküligi ýere gaçmaýan ruhanylaryň sözüniň ýere çalynýan ýerinde, «Sallançak mukamy» gyrgynçylygyň öňüni alýar. Ýaşlykda dul galan naçar gelniň ömür ýoluny arçaýar. Il-günüň üstüne gelen bela-beterleriň garşysyna durýar. Şeýdip, ussadyň elinde kemala gelen goşa taryň gudraty keramata öwrülýär. Bu bolsa asyrlarboýy sungata keramat hökmünde garan türkmen halkynyň ahlak belentligini kepillendirýär. Öz döw- rüniň ahlak ölçegine öwrülen Gojuk Mergeniň belent mertebesini kesgitleýär. Türkmen durmuşynda önelgesizlik zerarly bozulan nikalar sanardan köpräk bolsa gerek. Sazanda bu ýörelgäniň garşysynda örän mertlik bilen durýar. Şol zerarly öz obasyny terk edýär. Durmuşyň mazmunyny söýgüli aýalynda hem sadap saply dutarynda görýär. Şonuň bilen hem durmuşyň bir nogsanlygyny düzetmek isleýär. Men Magtymgulyny köp okaýaryn. Onuň ähli neşirlerini okadym. Beýik akyldar hemişe elimde diýen ýaly. Henize çenli men onuň eserlerinde dirilikde nika bozmak baradaky pikire-meselä duşmadym. Beýik atamyz, belki-de, muny ynsan durmuşynda bolmaly zat däl diýip düşündirendir. Men Gojuk Mergeniň şol häsiýetini okanymda Magtymguly ýadyma düşdi. Ýazyjy hem öz eserinde şu pikiri düşündirmegi niýet edinýär. Ýazyjy meseläni göterýär. Munuň özi hemişe şeýle bolupdy. Ol durmuşyň jümmüşinden döwre seredýär. Döwürdeşlerinde işeňňirlik oýarýar. Onuň göteren meselelerini jemgyýetçilik alyp göterýär. Çözgüdini gözleýär. Durmuşa geçmegini gazanýar. Beýik rus söz ussatlary Puşkindir Nekrasowdan, Turgenewdir Tolstoýdan, hatda ondan hem aňyrlardan gaýdýan bu hakykat söz ussatlarynyň durmuşa bolan garaýşynda hemişe şeýle bolupdy. Şu gün hem şeýle. Soňky ýyllaryň sowet edebiýatyndaky çynlakaý çekişmeler biziň jemgyýetimizi täzeden gurmaklyga getirdi. Bu barada pikir edenimde men ýazyjy A.Tagany hem öň hatarda görýärin. Ol özüniň ýokarda ýatlanan eserlerinde-de, soňky powestdir hekaýalarynda-da ençeme meseleleri götermäge ýetişdi. «Sowet edebiýaty» žurnalynda okyjylara hödürlän «Ýalňyzlyk», «Aglasy gelýän ak bulut» powestlerini bolsa dolulygyna şol niýetler bilen ýazypdyr diýmäge esas bar. Gojuklaryň ençeme nesliniň ýadygärligi bolup ýaşaýan Akdepe hakdaky alada bilen Halkaman aganyň ruhy hem fiziki başdan geçirmeleri biziň günlerimizde aslynda-da her bir adamyň ýaşaýyş hem durmuş pozisiýasyny salgy berýär. Akdepe simwoliki obýekt bolup, hakydany hem hakykaty goramak üçin göreşe çagyrýar. Akdepe ýaly ençeme gözel ýadygärlikler, ymaratlar, binalar ýere ýegsan edildi. Biz bu gün olaryň ahyny çekýäris. Akdepäni ýere garyp, mes toprakdan bol hasyl alyp, plan-borçnamany dolduryp abraý almak isleýän doň ýürek çinownigiň bolsa ol zatlar aňyna-da gelenok. Bu ýerde diňe Halkaman aga ýalylaryň tutanýerli hereketi gerek. Powestiň sagdyn sýužet ýordumy ençeme gyzykly, ynandyryjy halk pähimleri, taslamalary bilen sünnälenipdir. Göreş liniýasy göni ýeňşe tarap äkidýär. Şonuň üçin-de Akdepe halas bolýar. Filosofiki traktat diýmäge esas berýän bu powest täzeleniş döwrüniň iň şowly eserleriniň biridir diýsek, dogry bolar. A.Taganyň «Aglasy gelýän ak bulut» powesti kämillige barýan ýazyjy hakda doly düşünje berýän eserdir. Ýönekeý durmuş meseleleriniň içinde filosofiki mana eýe bolan adam ykballary powestiň özenidir. Eserdäki hemme taraplaýyn kämil, özboluşly adam obrazlary, wakalaryň çözgüdi ýazyjynyň sungat eserine umumy adamzat derejesinden seredýändigini düşündirýär. Eserdäki keç ykbally Nurgulynyň, süňňi päkize Halbike mugallymanyň, Ç.Aýtmatowyň «Ak gämisindäki» oglanjygy ýatladyp duran mähirli Poladyň, ýene şol powestdäki rehim-şepagatsyz, ahlaksyz-haýasyz Orazkuly ýatladyp duran doňýürek mähirsiz, ynsapsyz Ýalkabyň obraz-häsiýetleri gutarnyklylygy, gürrüňsiz, ýazyjynyň bu senede uly jogapkärçilik bilen seredýändigini aňladýar. Bular ýazyjynyň döredijiliküstunligidir. Elbetde, kämil ýazyjy bolup ýetişen A.Taganyň döredijilik keşbi baradaky bir makalada onuň prozasyna doly baha bermek juda çetin zat. Onuň her bir eseri hakda şeýle makala ýazmaly. Ol geljegiň işi. A.Taganyň eserleri gaýtalap okamaly eserleriň hatarynda durýar. Wakalaryň giňligi, geňligi, meseleleriň durmuşylygy, dürlüligi, derwaýyslygy onuň kyssasynda mese-mälim duýulýar, oňa aýratyn häsiýet berýär. Beýan edilýän wakalaryň halk aňlatmalary, durmuş detallary bilen eýlenip kebşirlenmegi ünsüňi çekýär. Ençeme aňlatmalary gyrasyna bellik edip oka- ýarsyň. Munuň özi eseriň ykrar edilmegidir. Bir bellemeli hakykat A.Tagan dünýä hem sowet klassyklarynyň materiallaryndan giňden habarly. Onuň kämillige ýetmeginde şol mekdepleriň uly hem oňaýly täsiri bar. Şonuň bilen ol köp meselede özbaşdaklygy hem özboluşlylygy gazandy. Diňe «Gojuk» bilen baglanyşykly meseleleri ýatlamagam häzirlikçe kepil bolup biler. «Gojuk», «gojuklar» düşünjesi ýaly köp gaýtalanýan aňlatma başga bir ýagdaýda okyjyny ýadadaýjak ýaly. Emma A.Taganyň işledişinde bu düşünjeler onuň eserleriniň şiresini artdyrýar. Köp ýagdaýlarda Gojuk adam ykballaryna öwrülip gidýär. Onuň şeýledigine doly ynanýarsyň. «Ýalňyzlykda» Halkaman aga «Gojugyň» adamlarynda ýaman pygyl, ýaramaz syýasat bolmaz» diýip, ýüregini açsa, «Aglasy gelýän ak bulutda» Polat tutuş şol pikir bilen ýaşaýar: «...dünýäde Gojukdan gowy oba ýokdur». Bu pikirler dürli ahwalatlaryň içinde waspnama bolup eşidilýär. Şeýlelikde, ýazyjynyň kyssasynda Gojuk hem «gojuklar» düşünjesi birleşip, janly beden emele gelýär. Polat bilen baglanyşykly bir oýlanmasynda ýazyjynyň özem «Gojuk obasynyň-a hut adamlary ýaly ýüregi bardy» diýip ýazýar. Şeýdip, ýazyjynyň dogduk mekany edebi obraza öwrülip, ýurdumyzyň edebi kartasyna girdi. Bu usul türkmen edebiýatynda ilkinjidir. Elbetde, onuň döredijiligindäki özbaşdak tärler hakda köp aýtmak bolardy. Hatda onuň eserlerinde erkin gürrüň etmek bolardy. Biziňki häzirlikçe ýazyjy dostumyzyň döredijilik keşbi hakda toýdan topukça. Sözümizi jemläp aýtsak, kämil kyssaçy bolup ýetişen Atajan Taganyň biri-biriniň üstüni ussatlyk bilen ýetirýän, tutuşlygyna ynsanperwerlige ýugrulan kyssa eserleri göreşiň, durmuşyň, ýaşaýşyň aladalaryna ýugrulyp, adamyň durmuşyndaky ornuny kesgitlemäge hyzmat edýän eserlerdir. 1988 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |