12:40 Şahyrana prozanyñ ussady | |
ŞAHYRANA PROZANYŇ USSADY
Edebiýaty öwreniş
Türkmen sowet edebiýatynda çagalar hem ýetginjekler prozasy hakda gürrüň edilende, onuň görnükli wekilleriniň biri bolan Baýram Gurbanowyň döredijiligi ilkinjileriň hatarynda ýada düşýär. Baýram Gurbanow döredijilik işine Watançylyk urşunyň öň ýanlarynda başlasa-da, ol türkmen ýazyjylarynyň uruşdan soňky nesline degişlidir. Çünki ol döredijilik işi bilen şol ýyllardan soň ymykly meşgul bolýar. Onuň dürli döwürlerde biziň durmuşymyzyň dürli aktual meselelerine bagyşlanan mylaýym häsiýetli, şirin dilli, özboluşly owazly hekaýalarydyr powestleri, çeperçilik mazmunyna ýugrulan oçerkleri türkmen prozasynyň özboluşly, saldamly sahypalaryny emele getirdi. Ýazyjynyň başgalaryňka meňzemeýän dil baýlygy hem onuň ýerlikli ulanylyşy, Türkmenistanyň sähra-çölleriniň, dag-dereleriniň tebigy baýlyklaryny, haýwanat hem ösümlik dünýäsini suratkeşlik bilen sünnäläp görkezişi ol hakda şeýle diýmäge doly esas berýär. Ýeri gelende aýtsak, Baýram Gurbanowyň şahyrana prozasy heniz doly açylmadyk, ýöne düýpli, düşünjeli açylmaly prozalardandyr. Ýazyjynyň esasyny folklordan alyp gaýdýan milli aňlatmalary, çeper beýan etmeleri onuň eserleriniň şahyranalygyny emele getirýän alamatlardyr diýsek, dogry bolar. Şu hem onuň tutuş döredijiliginiň esasy aýratynlygydyr. Özi hem şu özboluşly zehiniň henize çenli üns berilmedik, çeper tankytda, ylmy derňewde ýatlanylmadyk, ýöne düýpli üns berilmeli, işlenilmeli taraplarydyr. Baýram Gurbanowyň prozasyny ünsli okap, onuň şeýle ýakymly halky häsiýetlerini duýan her bir okyjy ony özgeleriň okamagyny islese gerek. Ilki bilen hem onuň dil baýlygy üçin şeýle pikir ederdi. Käbirleri bolsa onuň eserlerini okap, ýazyjynyň dil baýlygyny öz sözlük depderçesine höwesli göçürip alardy. Söz ussadynyň eserlerini okan mahalyň şeýle pikirler aňyňdan gidenok. Bu hem onuň öz galamdaşlaryndan artykmaç taraplarynyň biridir. Ýazyjynyň döredijilik laboratoriýasy diýilýän düşünje edebi jemgyýetçilige indi ykjam ornaşyp gitdi. Kimler bu düşünjäni ýazyjynyň durmuş hem döredijilik ýolunyň manysyndan gözlese, kimler ony ýazyjynyň sredasyndan, iş usulyndan, durmuşa garaýşyndan gözleýär. B.Gurbanowyň prozasyna seredeniňde-de, dürli garaýyşlaryň ýüze çykmagy mümkin. Ýöne, onuň «laboratoriýasyna» aralaşanyňda, döredijilik aýratynlyklaryny onuň öz geçen gyzykly durmuş ýoly bilen utgaşdyrmak has hem dogry bolsa gerek. Otuzynjy ýyllaryň ortalarynda Komwuzy üstünlikli tamamlan B.Gurbanow şol ýyllaryň hem işeňňir komsomol işgäri bolýar. Soňra «Sowet Türkmenistany» gazetiniň propaganda we agitasiýa bölümine ýolbaşçylyk edýär. Beýik Watançylyk urşuna eli ýaragly gatnaşan minomýotçylar rotasynyň komandiri, starşiý leýtenant B.Gurbanow aldym-berdimli söweş ýollaryny geçýär. Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna uly goşaant goşup, «Gyzyl Ýyldyz» ordeni hem söweşjeň medallar bilen sylaglanýar. Kommunist ýazyjy uruşdan soňky bütin düşünjeli ömrüni metbugat işine bagyşlaýar. «Bolşewik» žurnalynyň jogapkär sekretary, «Sowet edebiýaty» žurnalynyň proza bölüminiň müdiri, «Pioner» žurnaly bilen «Mydam taýýar» gazetiniň birleşen redaksiýasynyň redaktory, ömrüniň soňky oň ýylynda bolsa «Türkmenistan» neşirýatynyň starşiý redaktory bolup işlemegi ony medeni frontuň wepaly esgeriniň hatarynda taplaýar. Onuň bu geçen durmuş ýoly ýazyjylyk işinde uly yz galdyrýar. Baýram Gurbanowyň eserleriniň döwrebaplygy, syýasy ýitiligi, edebi çeýeligi hem kämilliri onuň şeýledigine kepil geçýär. Ýazyjynyň otuz ýyl mundan öň, 1955-nji ýylda neşir edilen «Duşuşyk» kitabyna ýerleşdirilen hekaýalarydyr oçerkleriňe göz aýlanyň- da, bu hakykat äşgär duýulýar. Uruşdan soňky dikeldiş döwrüniň edebiýatyna uly goşant bolan, şol günüň meselelerini kämil çeperçilik bilen eýläň hekaýalarynda ýazyjy ýaşlaryň hem ýetginjekleriň ençeme şowly obrazlaryny döretmegi başarypdyr. Şol hekaýalarda gahrymanlaryň zähmete bolan yhlasly garaýyşlary, söýgi hem durmuş meselesindäki ynançlary, yhlaslary ýazyjynyň bu ugurdaky kämil dünýägaraýşyndan habar berýär. Onuň durmuş wakalaryna beletligi hem ony gerekli ýerinde ulanyp bilmegi eserleriniň çeperçilik gymmatynyň artmagyna alyp barýar. «Arzuw hem şudy», «Enäniň doktor ogly», «Duşuşyk» hekaýalaryndaky meseleleriň goýluşy hem çözlüşň, ine, şeýledir. Birinji hekaýada Dürnabat bilen Baýlynyň, ikinji hekaýada Jemal bilen Hojawyň aralaryndaky söýgi syrlarynyň inçelik, asyllylyk bilen açylyşy, olaryň zähmet prosesi bilen berk baglanyşyklary hekaýalaryň durmuşylygyny has-da artdyrýar. Ýazyjy bu hekaýalarynda başga bir meseläni dürli usullar bilen nygtamaga çalyşýar. Ol hem Beýik Watançylyk urşunyň wakalaryna ýüzlenilmegidir. Söweş wakalarynyň içinden geçen ýazyjy bu hakda, elbetde, köp wakalar getirip, köp sahypalar hem ýazyp bilerdi. Emma ol beýle etmeýär-de, özüne mahsus bolan salyhatlylyk bilen, kiçijik uruş epizodlaryny esere girizip, okyjyny şol ýowuzlyklar bilen habarly etmegi başarýar. Bu babatda onuň «Duşuşyk» atly uly planly hekaýasy ýörite bellenmäge degişlidir. Hekaýada uruşdan soňky parahatçylyk günleriň zähmet gatnaşyklary bilen Watançylyk urşunyň wakalary utgaşdyrylyp, täsirli gürrüň berilýär. Hekaýada uruş ýyllarynda ukrain topragyny azat etmäge gatnaşan türkmen ýigidi Durdy Poladow bilen ukrain gyzy Galýanyň Türkmenistandaky täsin duşuşyklary teswirlenýär. Ýazyjy aýry-aýry epizodlar arkaly gahrymanlarynyň ýatlamalary hem mähirli gatnaşyklary bilen sowet halklarynyň arasyndaky synaglardan geçen mizemez doganlyk-dostluk, bozulmaz agzybirlik hakda gürrüň bermäge çalyşýar hem iňňän şowly netijelere gelýär. Okyjysynda bu beýik dostluga mähirligaraýyşlary oýarmagy başarýar. Halkymyzyň bol suw hakyndaky arzuwy hem ol baradaky çäreler hakda biziň edebiýatymyzda az ýazylmady. Bu temanyň B.Gurbanowyň prozasynda-da özboluşly yz galdyrandygyny aýtmak gerek. Ýatlaýşymyz ýaly, döwrebaplyk onuň prozasynyň aýratynlyklarynyň biri. Biz şu ýerde hem şony aňýarys. Respublikamyzyň giňişliklerine, baýlyklaryna diýseň belet bolan ýazyjy suwuň gymmaty hakda ynandyryjy garaýyşlaryny çeperçilik bilen düşündirmegi başarýar. Bu babatda onuň «Suw», «Bu ýerik hem suw geler», «Bagt kanaly» hekaýalaryny ýatlamak hem ýeterlikdir. Ýazyjynyň «suw we durmuş» meselesini beýan edýän hekaýalaryna birleşip gidýän «adam hem toprak», hojalyga, hasyla eýeçilik gözi bilen garamak meselelerini ýörite problema edip goýýan hekaýalary-da ýörite üns bererlik. Onuň her haýsy bu derwaýys temanyň bir düýpli meselesini çözýän «Enebaý», «Geçen tomusda», «Ýaz öwüsgini» hekaýalary ýazyjynyň bu ugurdaky üstünligini alamatlandyrýar. Ýazyjy bu eserinde topraga bolan söýginiň, yhlasyň, zähmetiň eşretli ýaşaýşyň esasydygyny gahrymanlarynyň oý-pikirleri, durmuş derejeleri arkaly suratkeşlik bilen görkezmäge çalyşýar. Hekaýalaryň birinde bu hakda şeýle awtorlyk kesgitleme-düşünje berýär. «Ýer kim onuň üçin zähmet çekmegi, ony suwdan gana ýakmagy gowy görýän bolsa, ine, diňe şoňa hem bol hasyl eçilýär». (B.Gurbanow, «Bir öwrümde», «Türkmenistan» neşirýaty, Aşgabat, 1972ý. 67 sah.) Ýere-suwa eýeçilik gözi bilen garaýan adamlaryň hezzet-hormatyny, döwletli durmuşyny ýatlanan hekaýalaryndan synlamak okyjy üçin juda ýakymly. Ýer-suw meselesine bagyşlanan bu hekaýalarynda-da esasy gahrymanlaryň köpüsiniň ýaşlar bolmagy ýazyjynyň ýaşlar-ýetginjekler dünýäsine ökdelik bilen aralaşyp, dogry çözgütler tapýandygyny görkezýär. Şeýle häsiýetli aýratynlyklary ýazyjynyň çöl durmuşyna, çopançylyk käriniň çylşyrymly tärlerine bagyşlanan «Unudylan gyrkylyk», «Çopanlar» ýaly mylaýym äheňli, milli aňlatmalara ýugrulan hekaýalarynda hem synlaýarys. Hekaýalardaky ökde gyrkymçy bolup ýetişen ýaş ýigit Begliniň, çylşyrymly çopançylyk hünärini erjellik bilen ele alan ýaş ýigitler Allaberdidir Eseniň häsiýetlerinde, ýazyjynyň niýet edinişi ýaly, biziň günlerimizde zähmete düşünjeli, sowatly garaýyş bildirýän ýaşlaryň obrazy ör-boýuna galýar. Baýram Gurbanowyň döredijiligi hakda gürrüň edilende, zähmet terbiýesiniň esasy planda durandygyny ýatlaman geçmek bolmaz. Onuň eserleriniň haýsy birini alsaň-da, ýaş ýetginjekleriň hereketlerinde edim-gylym ulularyňka görä-de täsirli ýüze çykýar. Ýazyjy olary zähmet endiklerinde terbiýelemek isleýär. Şol maksat bilen uly ýaşly adamlaryň ýakyn, dostlukly gatnaşygyny guraýar. Onuň juda pähim-parasatly, süýji dilli, mylaýym häsiýetli uly ýaşly adamlary-da, gojalary-da hemme taraplaýyn hormata mynasyp. Şonuň üçin ýaş ýetginjekler-de olaryň töwereginden aýrylanoklar. Olaryň sözüni iki gaýtaladanoklar. Ýazyjy saýlap alan şu döredijilik usuly bilen hem öz ýaş gahrymanlaryna ulularda bar bolan zähmet endiklerini geçirmegi niýet edinýär. Şu usul bilen hem ol ýaşlara zähmet terbiýesini, oňaýly endikleri öwretmekde esersaýyn şowly netijeler gazanypdyr. Munuň özi sosialistik realizm usulyna ökdelik bilen eýeren, döwrüň ösüşine öňden göz ýetirip bilen ýazyjynyň prozasynda birwagtlardan bäri dowam edip gelýän bu usuly biziň durmuşymyzda şu gün her taraplaýyn üns berilýän halypaçylyk hereketine dolulygy bilen dogry gelýänligi üçin aýratyn nygtamakçy bolduk. Çagalar, ýetginjekler hem ýaşlar edebiýatynyň wekili hasaplanýan B.Gurbanowyň döredijiliginde terbiýemeselesiniň, umuman, uly orun tutýandygy öz-özünden düşnüklidir. Sebäbi çagalar edebiýatynyň bu žanry tutuşlygyna diýen ýaly terbiýe meselesiniň dürli ugurlaryny öz içine alýar. Has dogrusy, bu hakyky terbiýeçilik edebiýatydyr. Bu ýagdaý ömrüniň köp bölegini ýaşlar guramalarynyň, çagalar neşiriniň işine bagyşlan B.Gurbanowyň eserlerinde has orginallygy bilen ýüze çykýar. Onuň «Kanikul günlerinde», «Sowgat», «Taryhy oturgyç» ýaly hekaýalary çagalaryň hut öz durmuşyndan alnan wakalardan düzülip, ol eserlerde çagalarda sowet watançylygy, zähmete döredijilik işine, atalaryň geçen mukaddes ýoluna çynlakaý hormat duýgularyny terbiýelemek öňe sürülýär. Şonuň bilen birlikde-de ýazyjynyň çagalar dünýäsine beletligi, predmeti çaga düşünjesi bilen analizlemäge ezberligi onuň bu ugurdaky üstünlikleri hökmünde okyjyny özüne maýyl edýär. Onuň bu žanrdaky ussatlygyny kepillendirýär. Bu ýagdaýy Baýram Gurbanowyň prozasy agzalanda, ilki bilen ýada düşýän «Çarwa mergeniň gürrüňi» atly meşhur powestini okan her bir okyjy ýatlap biler. Bu powest ýazyjynyň ýeten çeperçilik belentligidir diýsek, has dogry bolar. Powestdäki Çarwa mergeniň dili bilen beýan edilýän çeperçilik ugur: gürrüňçiniň materiala, wakalara beletligi, haýwanat dünýäsine ökdelik bilen aralaşyşy, milli aňlatmalara ezberligi, esasanam çaga dünýäsine mähirlilik bilen aralaşmagy awtoryň özüne juda ýakyn bolan häsiýetlerdir. Powestiň bütin mazmunyny kesgitlemäge esas bolup bilýän aýry-aýry suratkeş jümleler ýazyjynyň öz dünýägaraýşy dogruda-da maglumat bermäge doly hyzmat edýär... «Düzde mör-möjekler örçelşip, olaryň hyrydarlary uzyn aýak, gezermen togdarylar, çöl äpetleri –toklutaýlar peýda bolupdy. Her ýerde diýen ýaly küle ganat bezbeltek toparlary uçup-gonýardy. Gyryljyk sesli, uçarman gylguýruklaryň ilkinji tapgyrlary agyp-dönýärdi». (B.Gurbanow, «Çarwa mergeniň gürrüňi», «Magaryf» neşirýaty, Aşgabat, 1979, 6 sah.) Haýwanat dünýäsine şeýle beletligi, mekdebiň ýaş naturalistlerine höwes bilen gürrüň berýän pähimli gojanyň öz diňleýjilerinde-de tebigata çuň söýgi döretmegi ýazyjynyň çeperçilik üstünligidir. Mekirjäniň goňşy öýüň çemçesini öz eýesiniňkä getirişi, Towşanyň pirimli hereketleri, Jaňlynyň sürini goramakdaky hyzmatlary, eldeki bolan barsyň namysjaňlygy ýaly haýwanlara berilýän häsiýetnamalar we ş.m. sýužet liniýasyny düzýän materiallar ýazyjynyň öz başdan geçirenleri ýaly bolup, okyja täsirini ýetirýär. Munuň özi janly tebigata, mähriban topraga bolan egsilmez söýginiň netijesi hökmünde şoňa çenli-de, şundan soň hem şu temany şeýle beýan etmekde ýeke-täk bolup biziň edebiýatymyzda hemişelik ýaşar. Baýram Gurbanowyň häzirki zaman temasynda döreden «Bir öwrümde», «Soňky jogap» powestleri, uly planly «Ynjalan ýürek» hekaýasy-da öz wagtynda okyjylaryň hem edebi tankydyň-da öwgüli sözlerine mynasyp bolupdy. Durmuş meselelerini dogruçyllyk, beletlik bilen derňemek hem dogry çözmek, gahrymanlara şaplaşyp duran häsiýetnamalar bermek ýazyjynyň bu eserlerindäki gazanan artykmaçlyklarydyr. Bu babatda obada medeniýeti gowulandyrmak meselesine bagyşlanan «Bir öwrümde» powestiniň has-da tapawutlydygyny belläsimiz gelýär. Raýonda medeniýete ýolbaşçylyk edýän adamlaryň, olaryň bu işe bolan ukybynyň, garaýşynyň azajyk sahypalarda dolulygyna açylyp görkezilmegi ýörite üns bererlikdir. Ýazyjy raýkomyň sekretary Guljarowyň, medeniýet bölüminiň müdiri Şalarowyň, onuň orunbasary Heşdekowyň, medeniýet öýüniň direktory Amanowyň häsiýetlerini açmak üçin mylaýym ýumordan peýdalanyp, inçelik bilen olary gülkä öwürýär. Medeniýet işini soňky derejeli iş hasaplap, hiç zatdan başy çykmaýan adamlaryň şol ugurdaky wezipelere bellenmegini awtor gülki astyna alýar. Ýazyjy şol obrazlar arkaly durmuşda bar bolan şeýle häsiýetli nadan adamlaryň medeniýet işine elujundan garaýan ýolbaşçylaryň berýän zyýanyny nygtamak bilen, medeniýet işini ilkinji derejeli işe öwürmegiň ýollaryny salgy berýär. Gülnabat Ýaranowa ýaly düşünjeli hem ukyply kadrlaryň hasabyna şeýle edip boljakdygyny deliller bilen ynandyrýar. Halk durmuşyny içgin öwrenen, günüň syýasatyny inçelik bilen duýmagy başarýan ýazyjynyň döredijilik ukyby şu ýerde-de ýene bir gezek äşgär bolýar. Onuň «laboratoriýasyna» aralaşanyňda, orta atan islendik temasynda gutarnykly kämil obraz döredip bilýändigini tassyklaýarsyň. Bu bolsa, ýazyjynyň özüniň has gowy bilşi ýaly, çeper edebiýatda esasy meseledir. Baýram Gurbanowyň bu meselä garaýşyny, beýleki eserlerinde-de bolşy ýaly, onuň «Ynjalan ýürek» eserinde juda gowy duýýarsyň. Dürli meseleleri: kanalyň boýunda tarp ýerdäki gurluşyk, ylmy-tehniki progresiň önümçilige aralaşyşy, täze emele gelen maşgala, olaryň garrylar bilen gatnaşygy, uruş hakynda ýatlama we ş.m. öz sýužet liniýasyna birleşdirýän hekaýanyň ýaşuly gahrymanlary Abat ejäniňdir Merdan aganyň ilhalar obrazlary muňa delildir. N.Saryhanowyň hekaýalaryndaky garrylary ýatladyp duran, diýseň adamkärçilikli häsiýetleri bilen şäher durmuşynda önüp-ösen lälik gelinleriň häsiýetine düýpli täsir edip bilen (aýratyn hem Abat eje) garrylary söýmezlik mümkin däl. Ine, şeýle sünnälenen edebi tärler, durmuşa ukyply edebi obrazlary bilen Baýram Gurbanow biziň edebiýatymyzda özboluşly çeper sahypalar galdyryp gitdi. Düýpli öwrenilmeli şeýle çeper özboluşlylyk onuň diňe ýatlanan eserlerinde bolman, köpler üçin görelde bolarlyk derejede edebileşdirilen «Duşuşyk» kitabynda çap edilen «Maşinist», «Täze durmuş», «Ilkinji hasyl» oçerklerinde-de öz beýanyny tapdy. Onuň prozasynyň şu taraplary-da ýazyjyny halypalyk derejesine ýetirdi. Hawa, B.Gurbanowyň prozasynyň her taraplaýyn öwrenerlik, halypalyk mazmunlydygyny ýene bir gezek belläsimiz gelýär. Ol biziň, türkmen ýazyjylarynyň hem edebiýatçylarynyň, hemmämiziň «Baýram agamyzdy». Hemmeler oňa uly hormat bilen şeýle ýüzlenerdiler. Onuň okyjylara ýakynlygy-da şonuň ýalydyr. Ýazyjynyň galdyryp giden gymmatly edebi baýlygy ony hemişe şeýle derejede ýatladar. 1985 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |