12:44 Güneşli topragyñ meşhur şahyry | |
GÜNEŞLI TOPRAGYŇ MEŞHUR ŞAHYRY
Edebi makalalar
Biz başlangyç klaslarda okaýarkak, ellinji ýyllaryň «Ene dili» kitaplarynyň birinde şol döwürlerde respublikamyzda öz zähmeti bilen meşhur bolan adamlara bagyşlanan goşgyny ýat tutýardylar. Şol goşguda: Ata Salyh ýaly hormaty känim Tüýs meşhur at aldy iliň içinde diýen setirler bardy. Bu goşgy setirleri türkmen topragynyň şöhratly şahyry hakdaky gysga maglumat bolsa-da, ol sözüň doly manysynda öz sungaty bilen meşhurlyk gazanan söz ussadyna häsiýetnamady. Meşhurlyk hem dürli-dürli bolýar. Birentek adamlaryň meşhurlygy öz döwri, öz işleri bilen döräp, özi bilen bile ýitip gidýär. Aýry-aýry adamlaryň meşhurlygy öz döwründe-de, özünden soňam göwher daşy ýaly lowurdap durýar. Ata Salyhyň meşhurlygy, ine, şeýle meşhurlykdyr. Ata Salyhyň döredijiligi, edebi hyzmatlary hakynda häzire çenli örän köp pikirler aýdyldy. Ol hakda poemadyr goşgular döredildi. Ylmy işler oçerkler ýazyldy. Olaryň ählisinde-de şahyryň «tüýmeşhurlygyny» ykrar etdiler. Şahyryň göreşlerden doly bolan döredijilik ýoluna juda belet bolan ýazyjy Aleksandr Iwanowiç Aborskiý Ata Salyh hakdaky «Murgap jülgesiniň komissary» diýen eserinde şeýle ýazypdy: «Ata Salyh – komissar, rewolýusiýa tarapyndan orta çykarylan hem çagyrylan, halk köpçüliginiň arasynda wajyp döwlet işini alyp barýançy... Bular ýalylar hakda kitaplar ýazylýar, filmler, rewolýusion dramalar döredilýär». Ata Salyhyň türkmen sowet edebiýatyny ösdürmekdäki, türkmen topragynda sosialistik gurluşygyň rowaçlanmagyndaky ýadawsyz hyzmatlaryny alamatlandyrýan bu sözler halk şahyrynyň poeziýasynyň hemişe düýpli üns berilmegine laýykdygyny aňladýar. Zähmetkeş halkyň arasyndan çykyp, bütin ömrüni, kuwwatly zehinini halkynyň hyzmatynda goýan Ata Salyhyň döredijiligi öz gözbaşyny halk folkloryndan alyp gaýdýar. Çagalygyndan «oýunjagy» çeper söz düzümleri bolan, geljegiň ajaýyp şahyry Ata Salyhyň irki poeziýasynda bu ýagdaý saýlanyp duran alamatdyr. Onuň «Bir dessan aýdaýyn saňa», «Azan Babajan», «Örän köpdür garry baýyň goýuny», «Betje kör», «Ýarym sagat pikir edip oturdym» ýaly durmuşy temada ýazylan sosial-satiriki häsiýetli goşgulary düzüliş häsiýetleri, beýan ediş tärleri babatda folkloristika ýakyndyr. Şol goşgulardan alnan «Bir dessan aýdaýyn saňa», «Gulak sal, bir dessan aýdaýyn saňa», «Dogramadan doýurmady, ýaranlar», «Eý, Betje kör, gulak tutgun sözüme», «Şu käriňden el götergin, Mämi Çal» ýaly setirler, onuň ilkinji syýasy-publisistik eseri bolan «Gahryman bolşewikler» goşgusy hem hatda onuň käbir goşgularynyň soňunda «Ata Kary» lakamyny ulanmagy-da («Şu dessany düzen Ata Karydyr» «Azan Babajan»), ýokarky pikirleri kepillendirip, şahyryň halk poeziýasyny, folklor eserlerini giňden öwrenendigini görkezýär. Şahyr Ata Salyh ýigriminji ýyllaryň başlarynda döreden şol eserlerinde halka ýakymsyz, ýaramsyz bolan pis gylyk-häsiýetlileri– ýalak baýlaryň, azan babajanlaryň, garry baýlaryň, betje körleriň, azan dükançylaryň, mämi çallaryň we olaryň ýaranlarynyň bet sypatlaryny halk öňünde paş etmäge çalşypdyr. Onuň sadalyk bilen düzen şol irkije «oglanlyk» poeziýasy-da ony il içinde adykdyryp ugraýar. Soňabaka Ata Salyhyň poeziýasy gaýduwsyz, söweşjeň, uly jemgyýetçilik mazmunyna ýugrulyp başlaýar. Şahyr döwrüň gündelik öňe çykarýan meselelerine iňňän işeňňir gatnaşyp ugraýar. Ýer-suw reformasy, kollektiwizasiýa ýaly döwlet ähmiýetli işleriň içinde bolýar. Olaryň ähmiýetini düşündirmäge çalyşýar. Bu işiň zelelkeşleri bilen bolsa «ýaka tutuşýar». «Nepe- siň», «Sagatçy», «Boljak däl», «Semennikde süýrenjeňlik bar», «Älhepus», «El çekiň» ýaly ýiti satiriki mazmunly goşgularynda şahyryň liriki gahrymany täze durmuşyň hakyky ygtyýarly goragçysy hökmünde orta çykýar. Ol esersaýyn ösýär, kämilleşýär. Göreş meýdanyndan gaýtmaýar. Tä ýykylyp galýançam erbetleri ýatyrman, Kulaklary kolhozyň gyrasyndan getirmen, Çüýrükleriň elini hiç bir zada ýetirmen, Derňelse-derňelmese, egnim gysyp oturman, Merkez bilen gepleşip göräýmesem boljak däl. Şahyr şol göreş meýdanynda geçmişiň aýylganç ýaramaz galyndylary bolan neşekeşligi («Tirek zawody», «Neşekeş başlyk») çynlakaý paş etmäge çalyşýar. Döwrüň iň aktual meseleleriniň biri bolan aýal-gyzlar azatlygy-da onuň ünsünden düşmändir. «Birnäçe wagt horluk çeken, zulumyň öýüni ýumrup ýykan» aýallaryň güýçlerine päsgelberýän ýaşmak bilen börükden hem ymykly el çekmeklerini wagz edipdir. Gozgan meseleleriniň durmuşa geçmegi üçin ýadawsyz göreş alyp barýar. Ata Salyh ýiti tankydy satiriki goşgularyny köplenç «Sübse» lakamy bilen çap etdiripdir. Bu işde onuň ýakyn maslahatçysy, özi aýtmyşlaýyn, halypasy hem ussady «Tokmak» žurnaly bolupdyr. Şeýle batyrgaý çykyşlary üçin, paş edilýän synpy ýatlar, bozuk pikirliler şahyrdan ar almaklygyň ugruna çykýarlar. Dürli usullar bilen ony ýanap başlaýarlar. Şol ýagdaýlary bilen jemgyýetçilik Ata Salyhyň goragyna çykýar. 1932-nji ýylda «Şuralar Türkmenistany» gazetinde respublikamyzyň belli şahyry Hojanepes Çaryýew «Ata Salyh ogluna azar bermäň!» diýen sözbaşyly, şahyra azar berýänleri gazaply paş ediji makalasy bilen çykyş edýär. Söweşjeň şahyr halkyň hem jemgyýetçiligiň çynlakaý aladasyna gur şalýar. Onuň ýiti mazmunly poeziýasy barha batly ýaňlanýar. Şahyryň çuňňur partiýalaýynlyga hem halkylyga eýlenen poeziýasy ýurdumyzyň şahyrana biografiýasydyr. Ata Salyhyň bütin poeziýasynyň içinden eriş-argaç bolup geçýän esasy ýalkymly ideýa sowet watançylygydyr. Ol öz döwrüniň şahyr ogly hökmünde iň bir wajyp hem halk ähmiýetli meselelere öz wagtynda seslenmegi başarypdyr. Özi-de örän düşünjelilik hem yhlaslylyk bilen başarypdyr. Onuň adyny arşa çykaran otuzynjy ýyllaryň poeziýasy-da, ondan soň- raky poeziýasy-da şeýle mazmunlydyr. Ata Salyhyň beýik serdarymyz W.I.Lenini, onuň şöhratly partiýasyny, sowet halklarynyň doganlyk-dostlugyny, «Beýik Watan – SSSR-iň» sarsmaz agzybirligiň galasydygyny wasp edýän goşgulary türkmen poeziýasynyň hrestomatiýa eserlerine öwrüldi. Bu babatda onuň «Iliç Lenindir, biliň!» muhammes goşgusy ýörite bellenmäge degişlidir. Otuzynjy ýyllaryň başlarynda döredilip, şu güne çenli bütin türkmen Leninnamasynda özüne hakyky orun edinen bu goşgyny bilmeýän, sowatly adamlaryň arasynda, megerem, ýok bolsa gerek. Onuň düýp sebäbi-de geçmişiň agyr durmuşyndan doly maglumatly bolan eseriň liriki gahrymanynyň juda janypkeşlik bilen öz ýürek şatlygyny sada dil bilen düşündirmegidir. Liriki gahrymanyň zähmetkeşe bagt bereniň kimdigini «biliň» diýip, öwran-öwran nygtamagy okyjynyň aňyna bada-bat aralaşyp gidýär. Göwnüni göterip, kalbyna ganat bekleýär. Ýaşaýşa, durmuşa höwesini artdyrýar. Ideýa-mazmuny setirsaýyn güýçlenip gidýän bu eser zähmetkeş halkyň öz beýik howandaryna gyzgyn minnet- darlygy bolup ýaşaýar. Il içinde harç edip, näçe mekdepler saldyryp, Aň-bilim bilmeýänlere köp aň-bilimler bildirip, Partiýa hem komsomolyň adyn ile dolduryp, Işçi zähmetkeş bilen batrak-garyby güldürip, Işimizi ýola goýan Iliç Lenindir, biliň! Ata Salyhyň poeziýasynyň köp bölegini sowet hakykatyny, kollektiw hojalygyň artykmaçlyklaryny, biziň ýurdumyzda zähmetiň eşretdigini düşündirýän goşgulary tutýar. Onuň «Hökümetiň sözüne gulak salmagymyz gerek», «Agyr senagatlar, täze gurallar», Zähmet seni maksadyňa ýetirer», «Üstünlikden üstünlige», «Zähmetkeşler adyndan», «Höwes bilen bejerýäris pagtany», «Kolhozçy daýhanlar, kändir zorumyz», «Kolhozlar», «Zarpçy zähmet», «Zähmet seni maksadyňa ýetirer» ýaly adyndan belli bolan şahyrana eserleri hakyky zähmet mukamyna eýlenendir. Bular göreşilip gazanylan täze eýýamyň eşrete öwrülen zähmetiniň waspnamalarydy. Agyr senagatlar, täze gurallar, Gün-günden güýçlenip ösüşin görüň. Ozal wagtda jebir-sütem görenler Sowetler döwründe gülüşin görüň! Şahyryň köp taraply poeziýasynyň bir bölegini onuň Sowet Goşunynyň terbiýeleýjilik roluna bagyşlanan eserleri tutýar. Onuň parahatçylygy goramak temasynda ýazan ençeme goşgulary-da ýokarkylaryň organiki dowamy bolup gelýär. Awtor bu eserlerinde mizemez beýik Watanymyzyň sarsmaz galasy bolan polat Goşunyň internasional häsiýetini Watana wepalylardan düzülendigini höwes bilen belläp, gerek bolsa ähli sowet halky bilen birlikde dünýä jeňbazlaryna berk gaýtawul berjekdigini ynam bilen nygtaýar. Onuň bu tema bolan gatnaşygynyň ilkinji «Gahryman bolşewikler» goşgusyndan başlap, bütin döredijiliginde ýüze çykýandygyny aňmak kyn däl. Ýatlaýşymyz ýaly, bu uly şahyryň döredijiligi hakda gürrüň edilende sowet watançylygy, SSSR halklarynyň doganlyk-dostlugy ilki ýadyňa düşýär. Çünki bu temalaryň beýany onuň poeziýasynyň iň gowy nusgalaryny öz içine alýar. Şol goşgularda öňe sürülýän pikirler özüniň sagdynlygy, ynandyryjylygy hem aýdyňlygy bilen okyja öz täsirini ýetirýär. Döwrebaplyk hem konkret reallyk bu goşgularyň esasy alamatydyr. Şahyryň ýokary ideýa-mazmunly «Sowet Soýuzy», «Eziz Watanymyzyň eziz halklary», «Agzybir halkym», «Gezýäs azat bag içinde», «Bizde bar» ýaly ajaýyp goşgulary oňa uly şöhrat getiren eserlerdir. Bu goşgularda mäkäm agzybirlige eýe bolan sowet halklarynyň beýik obrazy göz öňüňde janlanýar. Şol ýyllarda şol agzybirlik hem uly güýç bolup, ýurdumyzda gazanylýan ähli ýeňişleriň esasyny düzüpdir. Şahyry joşa getiren hem şol beýik ýeňişlerdir. Onuň liriki gahrymany «Eziz Watanymyň eziz halklarynda» beýik halkyň gudratyna guwanyp: Sowetler Soýuzy – uly Watanmyň Bütin ýer ýüzünde bellidir ady. Gurluşygmyz güýçli ösüp günsaýyn, Synpy duşmanlary titredýär bady diýse, «Agzybir halkym» atly belli goşgusynda abraý-şöhraty äleme äşgär bolan beýik halkyň ynamly ädimlerine, bagtly gadamlaryna guwanýar: Gyrmyzy baýdagy berk tutup golda, Dogry ýoldan ýöreýär agzybir halkym! Bütin ýer ýüzüne bolup görelde, Kommunizme barýar agzybir halkym! Watançy şahyr agzybirlik, dostluk ideýalaryny öňe sürýän, guwançly wasp edýän şahyrana eserlerinde «Bütin ýer şarynyň altydan biri» bolan Sowet Watanymyzyň dünýä ýüzünde zähmetkeş halklaryň azatlygynyň, deň hukukly agzybirliginiň ýeke-täk nusgasydygyny gaýta-gaýta nygtaýar. Şol duýgularyny äşgär etmek üçin hem poeziýasynda «Bütin ýer şary, ýer ýüzi» ýaly aňlatmalary goşgysaýyn diýen ýaly ulanypdyr. Bu bir tarapdan, pikirleriniň gaýtalanmasy ýaly bolup görünse-de, aslyýetinde, ol şahyryň juda guwançlara ýugrulan sowet watançylygyny, internasionalizm ideýalaryny yzygider beýan etmegine hyzmat edýär. Şeýle watançylyk ideýalaryna ýugrulan çyn ýürekden çykan aýdymlary hem onuň poeziýasyna uly şöhrat getirýär. 1939-njy ýylda güneşli topragyň ady belli şahyry bolan Ata Salyhyň durmuşynda guwançly waka bolýar. Oňa «Türkmenistanyň halk şahyry» diýen belent at dakylýar. Şeýle hormata mynasyp bolmagy onuň kalbyna ýene-de ganat bekleýär. Halk şahyrynyň poema ähmiýetli, şol ýyllardaky poeziýasyna jemlemelik häsiýeti çaýýan «Bizde bar» atly meşhur eseri bu babatda köp maglumatlar berýär. Hut şu eserde-de ol halklarymyzyň beýik dostlugyna guwanç duýgusy bilen joşýar. Hemme millet bir dogan, ýokdur tapawut arada, Lenin, partiýa bize öwretdiler bu barada, Galmady duşmançylyk hiç bir urugda-tirede, Köne wagtda beýle deňlik, beýle şatlyk nirede, Halkyma deňlik beren gymmatly kanun bizde bar. Şu ýerde şahyryň poeziýasynda watançylyk, agzybirlik ideýalarynyň düýpli işlenmegi bilen, Watanyň obrazynyň kemala gelşini bellemek dogry bolsa gerek. Onuň şu maksat bilen işleden «SSSR, Sowet Soýuzy, Watan» ýaly biri-biriniň sinonimi bolan aňlatmalary çürli goşgularynda getirmegi şol pikiri kepillendirýär. Şol sözleriň gerekli ýerlerinde ulanylmagy şahyryň poeziýasyny gözelleşdirýän, oňa ideýa sagdynlygyny berýän düşünjelerdir. Bu babatda halk şahyrynyň dürli ýyllarda ýazan dürli goşgularyndan al- nan şeýle setirlerine seretmegem ýeterlikdir: «SSSR-iň batyr gahrymanlary», «Elmydama taýýar biziň SSSR», «Sowetler Soýuzy – uly Watanmyň», «SSSR-e garşy maksat tutana», «Duşmanlardan gorady SSSR-iň ilini», «Azat Watan – SSSR-de», «SSSR dynçlygyň tarapdarydyr», «Güýçli biziň SSSR – tanaýar bizi ýer şary» we ş.m. Halk şahyrynyň watançylyk poeziýasynyň arasyn-da Türkmenistan respublikasy hakdaky goşgulary-daüns bererlikdir. Şol goşgularynda awtor doganlyk maşgalada beýik rus halkynyň hem beýleki doganlyk halklaryň taýsyz kömegi bilen türkmen halkynyň hem beýik maksatlara ýetendigini bellemäge çalyşýar. «On bäş respublika – bir dogan bary» bolan halkymyza rowaçlyk isleýär. Onuň liriki gahrymanynyň hoş niýetleri hasyl berýär. Ata Salyhyň poeziýasynda Sowet Watanymyzda gazanylýan üstünliklere, olary durmuşa geçirýän gahrymanlara, ýurdumyzyň belli ogul-gyzlaryna, goşun serkerdelerine, döwlet ýolbaşçylaryna, doganlyk halklaryň görnükli ýazyjy-şahyrlaryna bagyşlanan oda-waspnamalar hem belli orun eýeleýär. Bu tär hem işeňňir şahyryň döwür bilen, durmuş bilen, her günüň syýasaty bilen bile dem alandygyny aňladýan hakykatdyr. Hakyky şahyryň döwrebaplygy hem şeýle häsiýetlerden ybaratdyr. Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen şahyr Ata Salyhyň galamy has ýiti işläp başlaýar Onuň dury zehininden Watan hakdaky, onuň mukaddes ligi hem ýeke-täkligi baradaky goşgulary yzly-yzyna peýda bolýar. Şahyr parahatçylykly günlerdäki Watan baradaky duýgy-düşünjelerini has çuňlaşdyryp, söweşjeň hem batyr ýigitlere ýakyn maslahatçy hem geňeşdar boldy. Onuň galamynyň astyndan çykan söweşjeň şygyrlar eziz Watanymyz – SSSR-iň sarsmaz galadygyny, ony hiç bir basybalyjynyň, garakçynyň boýun egdirip bilmejekdigini gije-gündiz ýüreginden syzdyryp düşündirýärdi. SSSR halklarynyň birleşen güýjüniň zarbyndan duşmanyň derbi-dagyn ediljekdigi onuň eserleriniň düýp ideýa-mazmunydy. Şahyryň ýeňilmezlik –optimistik ruha ýugrulan «Eňjegimiz hak», «Watan bizi ar almaga çagyrýar», «ýigitler», «Berk gaýtawul bereris», «Söweşe ýörüň, ýigitler» ýaly eserleri mobilizleýji güýje öwrülen goşgulardyr. Şahyr «Söweşe ýörüň, ýigitler» goşgusynda: Watanmyz goraýas kükregmiz gerip, Dargadarys duşmany zarbalar urup, Elheder alsynlar güýjümiz görüp, Şir kimin söweşe giriň, ýigitler – diýip, öz watandaşlaryny duşmanyň garşysyna ýeňiş ynamy bilen ruhlandyrýar. Ine, şol ynamy hem goşgynyň soňky setirlerinde şahyr şeýle nygtaýar: Ata Salyh aýdar işimiz hakdyr, Ýeňiş biziňkidir–muňa şek ýokdur. Aslymyz zähmetkeş, ýüregmiz päkdir, Pulemýotdan ok ýagdyryň, ýigitler! Şeýle ýokary watançylyk, Beýik Ýeňşe uly ynam bilen ýazylan şygyrlar Ata Salyhyň döredijiliginde barha köpelip başlaýar. Ol ýene-de eserlerinde «SSSR halkynyň», «SSSR iliniň» ýeňiji güýjüni işledip başlaýar. Onuň liriki gahrymany goşgusaýyn kämilleşýär, merdemleşýär, söweşjeňlik häsiýetine geçýär. «Gulak sal, nesihat bereýin saňa» goşgusynyň liriki gahrymanynyň «Elmydama taýýar golda ýaragym, Watanymdyr jandan eziz geregim» diýen pikirleri ähli goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär, Şahyryň şol ýyllardaky poeziýasynyň arasynda aýratyn bir bellemeli mesele – onuň öz inisini urşa ugratmagy bilen baglanyşykly dörän eserlerdir. Bu eserler şahyryň Watançylyk urşuna şahsy gatnaşygyny alamatlandyrýan eserler diýsegem ýalňyşmarys. Bu goşgularyň aňyrsynda taýsyz uly watançylyk göreldesi, Watana wepalylygyň aýdyň nusgalary ýüze çykýar. Watançylyk hem söweşjeňlik babatda biri-biriniň üstüni ýetirýän «Men seni fronta ugradýan şu gün», «Öň hatarda bolmagyňy tabşyrýan», «Berekella, batyr doganym», «Watana wepaly inim» eserleri şol goşgularyň hataryny düzýär. Watançy şahyr gije-gündiz diýmän, Beýik Watançylyk urşunyň aladalary bilen ýaşaýar. Watançylyk urşunyň frontlaryndaky gazanylýan ýeňişler ony barha ruhlandyrýar. Başdaky watançylyk çagyryşlary uly netijeler berýän ýaly bolup eşidilýär. Onuň «Gahrymanlara şöhrat», «Gyzyl Goşun», «Batyrlarym» ýaly goşgularyny okanyňda, şol ruhubelentligi duýýarsyň. Bu babatda onuň «Batyrlarym» goşgusy güýçli şahyranalygy bilen, ideýa-mazmunynyň ýitiligi bilen tapawutlanýar. Ol okyjyny özüne imrindirýär. Ata Salyh diýr, Watan, jandan eziz söýýän seni, Terbiýeläp kommunistik ruhda ösdüriň meni, Söýgüli serdarymyz berdi ajap-rahat güni, Iki ýüz millionly halkyň çyn sapaly mesgeni, Seniň ugruňda söweş gurýar meniň batyrlarym! Şahyryň şol döwürdäki poeziýasyna siňe seretseň, onuň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňişleri ädimme-ädim yzarlamak bolýar. Şol goşgularda hem gitler faşizmine ýigrenç hem nälet siňdirilen setirler, olaryň bet niýetiniň, ganhorçylykly çozuşlarynyň paş edilişi okyjyda duşmana bolan gahar-gazaby has-da güýçlendirýär. Sowet esgerlerine bolan mähirli söýgini artdyrýar. Halk şahyry şol ýyllardaşöhratly ýeňişleri ýurdumyza aýan bolan belli gahrymanlar hakda-da birnäçe goşgular döretdi. Onuň Sowet Soýuzynyň Gahrymanlary Gurban Durdy, Mülki Baý ram hakdaky goşgulary, komissar Geldiýewe bagyşla nan «Söwer dostum» odasy şol döwrüň gowy waspnama goşgularynyň hatarynda durýar. Umuman alanyňda, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Ata Salyhyň döreden çuňňur manyly watançylyk eserleri uruşdan öňki döwür döredijiligi ýaly ähmiýeti uly eserler bolup biziň edebiýatymyza girdi. Ata Salyhyň döredijiligi edil Watançylyk urşy ýyllarynda bolşy ýaly, ondan soňky ýyllarda-da ýokary ideýaly eserler bilen tapawutlanýar. Şahyr soňky ýyllarda-da öndümli işläp, öz galamyny, zehinini: ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň waspyna bagyşlady. Zähmet adamlaryny çeper setirlerde wasp etdi. Kommunistik partiýanyň beýik ýeňişlere ruhlandyryjy güýjüni höwes bilen beýan etdi. Onuň «Bagtly gözel sen», «Geldi biziň üçin şatlykly wagt», «Dostum», «Partiýa ýeňişlere äkidýär bizi», «Agzybirlik hemme zatdan güýçlüdir», «Gözel ýurdum Türkmenistan», «Kompartiýa ruhlandyrýar halkymy» ýaly ençeme goşgulary sözümiziň kepilnamasydyr. Şahyr haýsy temany beýan etmäge çemeleşse-de, onuň esasy baş ideýasy sosialistik Watanyň eşreti hem parahat durmuşy üçin sowet halklarynyň «bir jan, bir ten» bolup, onuň goragynda durjakdygyny görkezmekdir. Onuň soňky ýyllardaky poeziýasynda «Çyn ýürekden çykan söz» atly giň göwrümli eseri esasy orunlaryň birini eýeleýär. Eserde şahyr boýdan-başa: ol üç bölümden durup, türkmen halkynyň ozalky durmuşy, häzirki günleri hem ertirki beýik geljegi hakda höwes bilen gürrüň edýär. Onda: Ýeke-täk merdana şirler Watany! Bir jan, bir ten, agzybirler Watany! hakda guwançly söhbet edilýär. Bu eserler, ýokarda gürrüň edilişi ýaly, Ata Salyhyň döredijilikli durmuş ýoluny geçendigini alamatlandyrýar. Onuň syýasy-publisistik, çuňňur watançylyk ideýaly eserleriniň şahyryň döredijiliginiň esasy bölegini tutýandygy hem Ata Salyhyň biziň edebiýatymyzdaky mynasyp ornuny kesgitleýär. Ata Salyhyň döredijiliginde basnýa žanry hem tapawutly orunlary eýeleýär. Onuň «Ýolbars we tilki», «Kädiniň gülküsi», «Şagal we horaz» basnýalary diňe bir türkmen okyjylarynyň arasynda däl, eýsem rus okyjysyna-da, beýleki käbir doganlyk halklaryň okyjylaryna-da bellidir. Şahyr özüniň ajaýyp basnýalary bilen türkmen edebiýatynda basnýa žanrynyň düýbüni tutdy. Şahyryň edebi hyzmatlary, jemgyýetçilik işleri, sözüň doly manysynda, halk içinde komissarlyk rolunda çykyş edişi uly sylaglara mynasyp boldy. Ol bu hyzmatlary üçin Watanyň orden-medallarynyň ençemesine mynasyp boldy. 1983 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |