GOWGALY ÝYLLARYÑ BUKJALARY
9-njy Maý ~ Ýeñiş güni. Tutuş dünýä halklarynyñ, şol sanda şöhraty egsilmez türkmen halkynyñam Ýeñiş güni. Bu beýik Ýeñşi berkarar etmek üçin türkmen halkynyñam niçeme gerçekleri şirin janlaryndan geçdiler. Nägehan urşuñ ýalynly ýollaryndan türkmeniñ zehinli ýazyjylarynyñ uly topary geçipdir. www.kitapcy.ml edebi-çeper we taryh saýty beýik Ýeñşiñ 74 ýyllygy mynasybetli, aramyzdan ir sogrulyp giden frontçy ýazyjylaryñ ençemesiniñ alşan hatlaryny, uruş gidip durka okoplarda ýazan goşgularyny çap etmegi makul bildi. Gowgaly ýyllaryñ bukjalaryndan çykan bu gymmatly ýazgylar internet sahypalarynda ilkinji gezek okyjylara hödürlenýär.
* * *
A.Ahundow-Gürgenli - A.Gowşudow
25.X.1940
...Atam!
Gelen günümden üç gün geçen soñ şol aýdan "Görogly kitabymy okap başlap gutardym. Indi bolsa, 1938-nji ýyl Stambulda çap edilen "Däde Gorkut" kitabyny okap ýörün. Her iki kitapda hem heniz eşitmedik, türkmen edebiýaty üçin gyzyldan gymmatly materiallar köp. Bu gezek okamda konspekt düzmedim. Ýaza çenli ýene bir gezek okajak, şonda konspekt düzjek. Eger mümkin bolsa, 1941-nji ýyl ýaz aýlarynda komandirowka alyp gel, bileje "Göroglyny" okaly. Eger gelmeseñ, tomus baramda, şol "Görogludan" düzen konspektimi saña elterin...
Atam! "Görogly" romany Gündogary öwreniş äleminde uly-uly rol oýnaýar. Onuñ üçin ony bir basyp çykarmak bilen çäklenmän, onuñ üstünde arman-ýadaman işlemegi özüñe gündelik we hemişelik wezipe edin! Sen "Göroglyny" Görogly et. "Görogly" hem seni Görogly etsin.
Ahmet.
* * *
D.Haldurdy - N.Pomma
Salam, Pomma!
Senjñ ýazan hatyñy we goşgularyñy aldym we olary çapa taýýarladym. Köpüsini hem rusça terjime etdik. Frontdan bir setir gelse hem ony çap edýäris. Ýazyjylar soýuzynda täzelik ýok, öñki-öñkülik, Kemal Işan bileb Ruhy Alydan hat aldym. Olar hem bir niçe sylag alypdyrlar. Siziñ alýan sylaglaryñyz meni şeýle bir begendirýär. Hatda şahyrçylygymdaky bodar-sodarlary ýylmaşdyrmaga kömek edýär. Sizi ýoksuradyp bolmaz, özüñiziñ barlygyñyzdaky ýaly alada edýär. Ony etmezlige hiç kimiñ haky hem ýok. Häzir hoş, Ýeñiş bilen tiz gaýdyp gelmegiñize garaşýan dostuñ D.Haldurdy. 23.01.1945 (Merkezi milli arhiwi, 753, op. 3, d.92, l.1).
* * *
Nurberdi POMMA
■ Sözleýär Pomma
Mikrofon öñünde Pomma sözleýär,
Pomma däl, duşmana bomba sözleýär.
Goý, bu gün eşitsin ol wagşy Gitler,
Adamyñ ganyna suwsan ýezitler
Ýüregimden çykýan otly sözümi,
Sözüm däl, ýaragly görer özümi:
Söweş meýdanynyñ gyzan ýerinde,
Basyp almak üçin çozan ýerinde.
Özüni, leşgeriñ uran mahalym,
Gabyr taýa toplap süren mahalym.
. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . .
Bir agyz gepletmän diýerin şuny:
- Was-was hantamadyñ, it ogly, bizden,
Bu ýerde hakyñ ýok, gabra gir tizden.
Diýýärin erkana sözletmen seni,
Gul bolup ýaşamarys, kowarys sizi.
Gorkudyñ agtygy, Göroglyñ nesli,
Goý, dünýä eşitsin, diýýärin sesli:
Bu beýik Watanmyñ sarpasy üçin,
Ilimiñ garrysy, körpesi üçin,
Bu meniñ kasamym fronta-tylda,
Ýeñiş baýdagyny berk tutup golda.
Atalara laýyk göreşeris boz,
Faşizmiñ bagryny tiz deşeris biz.
15.05.1942
* * *
N.Pomma - B.Kerbabaýew
Salam, B.Kerbabaýew! Ýoldaş B.Kerbabaýew, men şu gün komandir brigada we komandir rota bilen duşuşdym. Ýagdaýymy aýtdym. Olar maña şeýle diýdiler: "Eger sen Türkmenistan Goranmak Harby Komissariatyndan ýa-da SK KP(b)T-dan, ol bolmasa SNK-dan Beýik Watançylyk urşy başlanandan soñ Türkmenistan ýazyjy we şahyrlarynyñ az bolnagyna görä, şunuñ ýaly işe adam gerek. Oña görä-de şu adamy harby gullukdan boşadyp, biziñ ygtyýarymyza ibermegiñizi haýyş edýäris" diýen haty getirseñ, sen şol gün boşadylýañ" diýdiler. Ýoldaş B.Kerbabaýew, meniñ ýazgydym şeýle hata bagly. Eger sen şu haýyşymy bitirseñ, men senden gaty razy bolardym we eden kömegiñi asyl unutmazdym. Ýoldaş B.Kerbabaýew, meniñ şu haýyşymu bitirersiñ diýip, köp umyt edýärin. Hatyña garaşýaryn.
03.XI.1944. Hoş, hat ýazan N.Pomma (Gol). Adres: П/П 57920, комроты или Нурбердыеву Помма (Türkmen Milli Arhiwi. r. 702, op. 1. d.19,96 l).
* * *
Kemal Işanow - Durdy Haldurdy
Dostlar D.Haldurdy, B.Kerbabaýew, Ata Gowşudow, Berdi Soltannyýazow, Rehmet Seýidow we başgalar! Bagyşlañ, men size gelşikli-gelşiksiz üç-dört hat ýazdym. Bilmedim, adyny tutan dostlarymyñ käbirleri köp işli bolup, men bu ýerde işsiz ýaly bolup çykýar. Ýok, biz frontçylar, nähili kynçylyklary başdan geçirsek-de, tyldaky dostlary ýatdan çykarmaýarys. Türkmen ýazyjylarynyñ (A.Aborskiniñ-de) maña ýazýan hatlarynyñ bu ýerdäki türkmen ýigitleriniñ arasynda elden-ele geçip okalýanlygyny ýadyñyzdan çykarmañ. Siziñ hatyñyzyñ diñe sal bolman, türkmen edebiýatynyñ ahwalyndan habar berýänligi maña belli. Azajyk täzelik bolsa, men ony bu ýerdäki dostlara ýetirýärin. Çünki olar gören ýerde: "Nähili täzelikler bar?" diýip soraýarlar. Men şu maksady göz öñünde tutup, üç-dört hat ýazdym. Netije? Bagyşlañ, menden bu sözleri gaty görmersijiz. Elbetde, meniñ bu sözlerim dostlar hataryna girýänleriñ hemmesine degişli däl. Men käbirlerden hiç wagt hem hat gözlemeýärin. Emma Dädehal, sen näme üçin ýazmaýarsyñ? Men bu sözleri saña ýakyn dost hökmünde frontçynyñ islegini öz egniñ bilen çekdigiñ üçin aýdýaryn. Bagyşla, ynha, "Katýuşa" oýnap başlady. Birnäçe minutdan soñ nobatdaky hüjüme gidýäris. Sag galyñ, saglyk bilen, Kemal. 7.12.1944". Tissa - Dunaý.
* * *
Kemal Işanow - D.Haldurdy 22.06.1945
Salam, Haldurdy!
Dostum, halys ýüregimden saña gyzgyn salamlarymy iberip, işiñde we durmuşyñda iñ ýagşy günler geçirmegiñi isläp galýaryn. Dostum, menden habar sorasañ, ýagdaýym ýaman däl. Ýaram gutulyp gelýär. Tizden bölümime gitjek. Haldurdy, durmuşlaryñyz nähili? Uruşdan soñ nähili täzelikler bar? Öñki gazetleriñ ýene-de çykyp başlamagyna seredilýärmi? Tanyşlardan gaýdyp baranlar barmy? Şirli (Durdyýew) nirede işleýär. Menden oña salam aýt. Öz ýagdaýlaryñ nähili? Täze nämeler ýazdyñ? D-Hal-D men bu haty kelle biraz ýeñilräk wagtda ýazýaryn. Berdä-de ýazypdym. Haldurdy, N.Saryhandan näme habar bar? Pomma, Ruhy Alyýew ýazýarmy? Bu ýyl edebiýat meýdanynda nähili üýtgeşikliklere garaşylýar? Hoş, dostum, sag bol. Meniñ bu wagtda belli adresim ýok. Çünki tizden gospitaldan gidýärin. Saglyk, salam bilen men Kemal Işanow. Dostlara salam aýt: M.Kösäýewe, Berdi Soltannyýazowa, G.Seýitlä, D.Agamämmedowa, D.Agahana we başgalara.
22.06.1945. Adres O7133-D. surat iberdim. Wengriýa.
* * *
Kemal Işanow - D.Haldurdy 10.03.1945
D-Hal-D salam!
Saglygyñy islemek bilen saglygymy bildirýärin. Men bu gün ýene öz bölümimize gaýdyp geldim. Iki gün dynç almaga rugsat berdiler. Häzir goranmada durun, belki, bu kagyz baryp ýetinçä, uly üýtgeşiklikleriñ bolmagy mümkin. Dostlara salam aýt! Saglykda görüşmegi isläp galyjy dostuñ Kemal.
* * *
Kemal Işanow - D.Haldurdy
Salam, Haldurdy!
Bagyşlarsyñ, dost, köp wagt geçdi, saña hat ýazyp bilmedim. (Dogry, men senden-de birnäçe wagtdan bäri hat alamok. Elbetde, men seni ýoldaşlygy ýatdan çykardy diýip öýkelämok ýa-da günälemek islemeýärin. Ýöne ony meniñ adresimiñ, tiz-tiz üýtgäp durmagyndan görýärin. Ikinjiden, seniñ, umuman, "salam hatda" has "operatiw" häsiýetiñ barlygyny men bilýärin ahyryn). Dost, iýulyñ başynda gospitaldan çykdym. Indi bolsa "işsiz". Bu ýerde pogony ýyldyzlylar bir topar ýygnanyp dur. Durmuşymyz kazarma düzgüni. Ine-ine, bu gün-bu gün diýip, ýola garaşýarys. Gör, nirelere ibererler! Söweş ýeri giñ, gündogar ýa günbatar, demirgazuk ýa ileri. Häliçe bir ýerde işlemeli bormuka öýdýän. Häzir durýan ýerimiz Çehoslowakiýada. Hal, redaksiýa durmuşlarynda nähili üýtgeşiklikler bar? "Ýaşkom" we başgalary çykyp başlajakmy? Tanyşlara: B.Kerbabaýewe, D.Agamämmedowa, M.Kösäýewe, Alekandr Aborskä, Aşyra (?) we başga ýoldaşlara salam aýt. Saglykda görüşmek arzuw edip galyjy Kemal. 22.VII.1945. Bu adrese hat ýazyp oturma. Tiz üýtgemegi mümkin".
Hatyñ ahyrynda, çüñkde D.Haldurdynyñ belligi bar: "Получено: 14.08.1945."
* * *
Kemal IŞANOW
■ Okoplarda ýazylan goşgular / Jübi depderinden
Garşymda öñ hatar ýaýylyp ýatyr,
Durýaryn NP-den seredip oña.
Añyrda gyñyr it gyñralyp otyr,
Bütin gaharyny diķeldip maña.
Käte ol gum dyrmap süýşýärdi birden,
Käte ol ýaplanyp seredýär bäri.
(Goranma günleri şeýle her ýerden,
gözegçi ibermek faşistiñ käri).
Ol ýene dikeldi, ymtyldy öñe,
Bu wagt birdenkä atyldy tüpeñ.
Kim ýetirdi ajal okuny oña,
Ýykyldy ol köpek şol ses bilen deñ.
Garagym awçysy ol biziñ Gazak,
Mergenligi bilen tanalan ýigit.
Süýşýän faşistlere gurýar ol duzak,
Gutulmaýar ondan her uçar bürgüt.
Ol bu gün Tissanyñ boýuna gelip,
Awçylyk kärini dowam etdirýär.
Faşist diýen wagşy oñ awy bolup,
Okundan olara ganlar ýutdurýar.
Görýärin men ony, gara göz ýigit,
Ýylgyrýar awuna ýüregi doly.
Göýä dag üstünde pelpellän bürgüt
Deýin joşýar onuñ ýigit hyýaly.
Gysýaryn elini: - Sag bol, watandaş,
Sag bol, uly ene - eý beýik Watan.
Sag bol, eý, ömrüme iñ ýakyn ýoldaş
Hem söweşe ýollan, eý Türkmenistan!
Wengriýa, 1944.
■ Watan
Isle, ýol ýörämde agyr ýükli men,
Isle, dynç alamda derýa boýunda.
Isle, söweşlere girsem-de birden,
Men seni ýatlaýan, sensiñ oýumda.
Sensiñ, eý, Watanym, arzuwlarymyñ
Inçe tarlaryny özüne baglan.
Sensiñ söweşdäki batyrlarmyzyñ,
Iñ agyr minutda köñlüni çaglan.
Sen diýip şu günler özge ýurtlarda,
Hüjüme topulýar mert ýigitleriñ.
Sen bu günler bizden uzak bolsañ-da
Ýüregne iñ ýakynysyñ mertleriñ.
Eý, eziz Watanym, azat ýaşa sen,
Seniñ talaplaryñ amala aşýar.
Tükenmez kuwwatyñ, şöhratyñ bilen,
Söweşjeñ güýjümiz derýa dek joşýar.
Eý, eziz Watanym, Türkmenistanym,
Sensiñ meniñ şatlygym hem guwanjym.
Höwesim, islegim, bütin barlygyn,
Ödemek borç söweşde señ ynanjyñ!
Tissa-Dunaý, 1944.
* * *
Durdy HALDURDY
■ Gylyç Mülliýewe
Ömrüñ uzak bolsun, köpelsin toýuñ,
Uçsun döwlet guşuñ belent hem şanly.
Mydam açyk bolsun gapysy öýüñ,
Şatlyk sowulmasyn, bolsun myhmany.
Şyltak ýapyşsa-da bolup sakyrtga,
Zehin, ýatkeşligñi sorup bilmedi.
Zehin dag astyndan çekip tokurtga,
Çöli ýakdy, dagy ýardy, ölmedi.
Içigara, görip, şugulçylardan,
Dogruçyllyk bilen gezdiñ ýokarda.
Daşda bolmak çetin pis
gylyklardan,
Gizlenseñ-de hatda Etrek, Sakarda...
Suw nähili gerek bolsa balyga,
Alymlar hem şonça gerek şalyga,
Seniñ ýetip bilşiñ ulamalyga,
Mälim ahyr diñe gökde Halyga.
Töhmet aslyşsa-da señ gökde gaýgyñ,
Töhmet dogan günden maýypdyr
maýyp.
Halkyñ bähbidini baýdagyñ saýgyn,
Nadanlygyñ sokur gözlerin oýup.
* * *
N.Saryhanow - A.Gowşudow
Gowşut, salam!
Ýazman-ýazman garaşdyran hatyñy ahyrsoñy şu gün, 22-nji dekabrda aldyk. Näme üçin sen soñky günlerde hat ýazmany goýduñ? Şunuñ bilen birlikde pul ibermäni hem (goýduñ). Kemal Işan geldi, sen hem gelmeli ahyry. Seniñ derejäñdäkiler gelýärler. Men işläp ýörün. Belki, gazet çykyp başlaýança zat diýjek däldirler. Çaryýar, Ata dagy... Rejebi hem düýn çagyrdylar. Biz gurgun, şol görüp gidişiñ ýaly. Agawlaryñ oduny bar, huruşlary bar. Ýene... Aşgabat hezil. Gezmäge geljek bol ahyry! Arak biraz gymmat bolsa-da, içse bolýar. Hat ýaz, ýazyp dur ahyry. Nurmyrat. - 22-nji dekabr, 1940 ý.
Taryhy makalalar