15:53 Iller saňa! | |
ILLER SAÑA!
Goşgular
Liwanyň göreşjeňi, wasp edýärin göreşiňi, Erkinlik ýyldyzyna yanmly garaşyňy, Watanyň, mülküň üçin aýgytly ýöreşiňi, Gadyrsyz gelmişege aran dek daraşyňy, Gutlaýar guwanç bilen göz dikip, iller saňa. Göreşiň göreldesin görkezdi Müsür saňa, Guwanyp gujak gerýär, bu ajaýyp asyr saňa, Göreşiňde arka durýar ähli arap, Nasyr saňa, Goý gomuna, lepbeý diýsin, amerikaly kesir saňa, Şöhrat diýýär bu göreşde dürli-dürli diler saňa. Bagdatly bagtly boldy, bagta batyr çek ýoluňy, Bagtly bolsun, bagtly ýoldan bagta baka çek iliňi, Gora hem sora özüň watanyňy, ykbalyňy, Sonarly çölleriňde sonarladyp bak malyňy, Guwanyp alkyş okar, ýaýlaly çöller saňa. Hem goňşusyň, garyndaşsyň. arap, berber, Ýemen bilen, Interwentler hiç ýeňäýmez seni dollar, tümen bilen, Bir jansyň sen, bir tensiň sen, Tunis, Alžir, Oman bilen, Basybaljy ýamap bilmez, ýyrtygyny temen bilen, Goý gomuna güpüledip, kuwwat berer gollar saňa. Hak göreşýän halk hemişe haklaşar ýowy bilen, Ýaman mydam ýandyrjak bor, gorhanasy-awy bilen, Ýow nökerin ýallamasyn Liwan aşy, suwy bilen, Ýak-da ýandyr gaharnyň lowlap duran çawy bilen, Garaşyp dur ýeňiş besläp, bu taryhy ýollar saňa. Timisgenşip itler eýin, iňlisleriň mekirleri, Iordaniýa süsňäp girdi, süýräp şakyr-şukurlary, Halk gaharna gazap edip, ýygnap jellat-nökeleri, Arap ganna boýamakçy meýdanlary, çukurlary, Öz çukurna gapgaryň siz, ýoldaş ýaman päller saňa. Söweşleriň gaýduwsyzy, eý gahryman araplar, El ýalamaz agressor, seň kastyňa ýöräpler... Seniň ýakyn hossaryň, dynçlyk söýýän taraplar, Süpür, ýok et, galmasyn, leňkebutly kerepler, Gök öwsüp gujak gerer, ekinli peller saňa. Bu göreşde ýeke dälsiň, halk seni ýekeletmez, Jyňňyrdawukly ädiklere, gor guýar, depeletmez, It alan sanaç kimin, agressora çekeletmez, Ýerden, suwdan, gökden bolsun, serhediňi ýakalatmaz, Berekella, arap ogly, uzadýas güller saňa. Aýbygadym, eý agressor, araplardan çek eliňi, Awuly töhmetlere çolpy bolan çek diliňi, Depdiren durup bilmez, senem öýňe çek ýoluňy, Araplara arka köpdür, araplardan çek päliňi, Bolmasa kepen bolar, demirden jullar saňa. Nurberdi POMMA. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1958 ý. | |
|
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ "Bir gije düýşüme girdi Pyragy..." / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Güljahana iberilmedik goşgy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Ikatýok bilen horaz / basnýa / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Gel, bize goşul / Goşgular - 15.11.2024 |
√ «Ýa men ahate elmükel-eşýaýe külleha» / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Goşgularym / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Gitmek / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Yşk etegin tutmak gerek... / Goşgular - 19.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |