10:43 Ýüregim Watan | |
Söýýärin Watanmyň bütin topragny,
Goşgular
Dagyny, bagyny, altyn ýapragny, Gyşyny, güýzüni, tomsuny, ýazyn, Çünki men Watanmyň iýýärin duzun. Söýýärin tokaýny, jeňňelin, çölün, Ýabyny, derýasyn, deňizin, kölün, Bilbil, gögerçinin, ördegin, gazyn, Çünki men Watanmyň iýýärin duzun. Söýýärin ekinin, otunyn, malyn, Obasyn, mekdebin, şäherin, ilin, Gopuzyn, tüýdügin, aýdym owazyn, Çünki men Watanmyň iýýärin duzun. Duşman basmak üçin uzatsa burnun, Postumda arslan dek ýararyn garnyn, Ömür baky tapmaz ol gelen yzyn, Çünki men Watanmyň iýýärin duzun. Diýer pomma, meniň geregim Watan, Gözümiň göreji, ýüregim Watan, Işlärin, goraryn Watanmyň özün, Çünki men iýýärin Watanmyň duzun. Pomma Nurberdi. | |
|
√ Naýynsap / Goşgular - 01.11.2024 |
√ Gadym ata ertekisi / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Eý, aşyklar, aşyklar, bu gün biz, siz barsyňyz... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Obama geliñ / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Garrylyk hakynda goşgy ýazypdym... / Goşgular - 15.07.2024 |
√ Emelsiz kişi / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |