15:40 Nurmyrat Saryhanow | |
NURMYRAT SARYHANOW (1906-1944)
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Türkmen edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan ýazyjylaryň biri-de Nurmyrat Saryhanowdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda N.Saryhanowyň ömür we döredijilik ýoly barada şeýle maglumatlar bar: Nurmyrat Saryhanow 1906-njy ýylda Gökdepe etrabynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Ýaşlykdan bilime teşne bolan Nurmyrat 1925-nji ýylda Aşgabatdaky politehnikuma okuwa girýär. 1928-1929-njy okuw ýylynda ol Daşkent şäherindäki bir ýyllyk metbugat kursuna okuwa kabul edilýär. Ony gutaryp gelip, «Ýaş kommunist» gazetiniň baş redaktory wezipesinde işleýär.1929-njy ýylyň aýaklarynda goşun gullugyna çagyrylýar. 1930-1932-nji ýyllarda «Gyzyl Goşun» atly gazetiň jogapkär kätibi, 1933-1934-nji ýyllarda polk kitaphanasynyň müdiri, ondan soň ýene-de 1937-nji ýyla çenli şol harby gazetiň jogapkär kätibi bolup işleýär. Nurmyrat Saryhanow 1937-nji ýylda goşun gullugyndan gelenden soň, dürli respublikan gazetleriň redaksiýalarynda, bir ýyl çemesi edebi-çeper žurnalda redaktor, 1938-nji ýyldan 1941-nji ýyla çenli şol mahalky «Sowet edebiýat» žurnalynyň redaksiýasynda edebi işgär, 1941-nji ýylda bolsa Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginde konsultant (maslahatçy) bolup işleýär.» Çeşmesi: https://medeniyet.gov.tm/tk/art-world/22. 19.05.2022ý. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||