14:44 Kitap / hekaýa | |
KITAP
Hekaýalar
– Siz ony aýdýarsyňyz... Men size şu ugurdan başga bir gürrüň bereýin. Meniň işim oba gezmek boldy, Garagumuň içleri bilen gezdim. Halk çeper edebiýatyny ýygnaýardym. Gezip ýörkäm, gumuň bir goluny dolduryp oturan obanyň üstünden bardym. Özüňiz bilýärsiňiz – oba adamlary soranjaň bolýar. Men özümiň nä kär bilen meşgul bolup ýörenimi myhman ýerime aýtdym. Onda öý eýesi maňa: – Ilerki hatarda, bir garry adamda, siziň soraýanyňyzdan bolup çykaýsa gerek, bir kitap bar. Belki, ol size ýararly bolup çyksa-da, çykar. Ony görenler «gowy» diýýärler. Meniň özüm hem diňläp gördüm – kitap dagy däl, durşuna altyna gaplaýmaly – diýip aýtdy-da: – Ýöne weli, ony ol garrydan aňsatlar alyp bor öýdemok. «Kitap – şu kitapdyr» diýip, ol yranyp oturandyr... Men munuň beýle diýmeginden garrynyň kitaby bilen gaty yhlaslydygyny, ondan ony almagyň işi barlygyny düşündim. Dogry, kitabyň gadyryny hemme kişi bilýär. Men muny göre-göre gelýärin. Hatda hat bilmeýänler-de, kitabyň içinde näme barlygyny aňlaýanlar-da «Özüm okap bilmesem-de, ...jan ulalyp hat öwrenenden soň okap berer» diýip we ýene şunuň ýaly dürli bahanalar tapyp oturýarlar. Muny iş salşyp göreniňden soň, has ýagşy bilýärsiň. Men özümiň bu ugurdaky kän tejribäme daýanyp, şol salgy berlen garrynyň ýanyna ugradym. Ony öýünde tapdym. Daýaw hem sakgaly döşüni ýapyp duran adam. Ol meni gadyrlylyk bilen garşylady. Gaty soranjaň hem-de gelşiňden, oturyşyňdan, gep urşüňdan seni tanajak bolup dyrşyp ýatan adam. – Gel, otur, ýagşy ýigit – diýip, ol meni düşek üstüne geçirip oturdyp bildigi, yzly-yzyndan soramaga başlady. – Geliş nirdendir, ýagşy ýigit? Nireli borsuň? Haýsyndan bolarsyň? Nä kär bilen ýörýärsiň?.. Men oňa öz sorag berşi tertibinde jogap berip, iň soňundan bolsa şeýle diýdim: – Kitap bilen iş salyşýandyryn! – Örän gowy, ýagşy ýigit – diýip, ol sakgalyny sypalaşdyrdy-da ýüzüme seretdi. Häzir onuň gözleri hem ýitilenipdi. Seredişi edil ýüzümden hat okaýan ýalydy. Onsoň bir daş çykyp, bir iç girip ýören aýalyna: – Eý, hany kitaby munda al! – diýdi. Aýaly sesini-üýnüni çykarman, tärimiň ýüzünde gerilgi duran köne haly çuwalyň içine elini boýdan-başa sokdy-da, bir köne bukjany alyp çykdy, onuň içinden bolsa kitap çykaryp, ony uly/hormat bilen garrynyň eline berdi. Ýaşuly kitaby elinde tutup durşuna, ýene-de ýüzüme gözlerini jerreldip seredip, kitabyny öwmäge oturdy: – Kitap bilen iş salyşýandyryn diýdiümi, ýagşy ýigit?! Onda ikimiz kärdeş ekenik-dä. Şuny dogryňdan gelip aýdýan bolsaň, onda sen munuň nähili kitapdygyny bilersiň. Men seni şuňa beren bahaňdan tanap bilerin. Al, ynha, seredip gör! Heý, gezip ýören ýerleriňde şuňa taý geljek kitaba duş gelen ýeriň boldumy? Bu örän gowudyr. Munuň her bir sözi köşekli düýä degýändir!.. Daşyna solak, gyzyl gülli çit çekilen galyň kitap elleriňe saldam berip dur. Onuň içi goýy gyzyl syýa bilen jezwerlenipdir. El ýazuwy hem örän düşnükli – kimde bolsa biri bir wagt onuň yşkyna düşüp, yhlas bilen däne-däne edip ýazypdyr. Seretseň bes, öz-özünden okalyp barýar. Okalypdyr. Kagyzlarynyň gyrasy ýyrtyk-ýyrtyk, sahypalaryna el kiri düşüp, yz galdyryp gidipdir. Kän ýyllar elden-ele geçip okalan bolara çemeli... Men derrew onuň sahypalaryny daraklap çykdym. Ine, bu meniň gije-gündiz ýatman, yzynda ser-sepil bolup ýören eserim. Oba-oba söküp, müň gapydan baryp tapyp bilmedigim, ýene-de müň gapydan barsam-da, tapyp biljegim gümana bolan eserlerimi munuň içinden tapsa boljak. Muňa gözüm ýetdi. Indi bu eser-de we onuň eýesi garry-da gözlerime gowy gömüp başlady. Onsoň özümiň häzirki düşüp oturan begenjimi gizläp bildigimçe garrydan gizlejek boldum. Ýöne weli garry, kitabynyň tapylgysyz gowudygyny mensiz hem bilýän ýaly. «Munuň her bir sözi bir düýä degýändir» diýip, onuň aýdyp oturmagy biderek ýerden däl bolsa gerek. Ol zadynyň gowudygyna buýsanýar. Belki, şunuň üçindir, gelen dessime kitabyny elime tutdurdy. Men onuň bilýänligini ýa-da bilmeýänligini synap görmek üçin eseriň käbir ýerinden okap berdim, ol maňa öz okap berenimden iki esse köp ýerini ýatdan aýdyp berdi we: – Eşitdiňmi, ýagşy ýigit, munuň her bir sözüniň bir düýä degip duranlygyny! – diýägede, ýüzüme seretdi. Ol gyzyp barşyna ýene-de bir gazaly aýdyp berdi. Bu onuň ýüregini joşdurýan ýeri ekeni. – Gördüňmi, bu eser eser dagy däldir! – diýdi – Muny okadygyňça okaslaryň geler – diýdi. Her bir sözüniň bir düýä degip durýanlygy hakdyr – diýdi. Eser gowy, garrynyň aýdyp oturanlary hak. Men muňa hyrydar boldum, elimden düşüresim gelenok. Muny nähili-de bolsa garrynyň elinden almak gerek. Emma welin, onuň her bir sözüne bir düýäni nireden tapyp alyp bilersiň. Hamala düýe-de tapylan eken. «Muny maňa ber» diýip, garrydan neneň ýüzüň çydap sorarsyň?! «Kitabymy bahasy ýetse sataryn» diýen sözüň üstünden ony nähili edip getirip bilersiň. Ýa indi onuň ýanynda oturyp syýasat okamalymy, oňa ahyrynda kitabyňy ber diýjek bolsaň, eden syýasatyňy düşündirip bilermikäň?» diýip pikirlenýärin. Ol ony öwüp arşa çykardy, özüniň hem-de bütin obasynyň ony gowy görýänligini we ony hiç bir wagtda elinden çykarmajagyny yzyny kesmän aýdyp otyr. Şeýle diýip, sorara-da ýer goýanok. Men onuň yhlasyna haýranlar galdym. Pikir edýärin. Başga adamlardan şunuň ýaly oňat eserler alşymy ýadyma düşürýärin. Olar her halda beýle däldiler. Bu garryny... Aýtma sen muny, şu kitaby bilen eňek bermän öwnüp otyr. Men özümi onçakly gyzykmaýan görnüşde tutup oturan ýerimde onuň gürrüňini başga ýana sowjak bolup synanyşýaryn. Emma weli ol, maldarçylyk fermalarynyň ösüşi, özleriniň indi Amyderýa boýuna göçüp, daýhançylyk etjekleri hakynda gysgajyk aýdýar-da, gürrüňini ýene-de eseriň üstünden getirýär. Gürrüň hem tapýar. Oba adamlarynyň kitabyny alyp gidip okaýandyklaryny, olaryň nähili baha berýändiklerini aýdýar. Ol muny dünýäde birden-bir eserdir öýdýär. «Bu birdir, ol-da şu özümdäkidir» diýip bilýär. Ol şuňa şeýle bir ynanypdyr, hiý, diýip–aýdar ýaly däl. Belki, şunuň üçindir, onuň kitabyny elinden çykarasy gelmeýänligi. Men oňa habarymy aýdyp bilmän, ahyry ýanyndan turdum. Ýöne weli entek obadan çykyp gitjek däldigimi aýtdym. «Myhman ýerime baraýyn-da, maslahat salaýyn, belki, ony almaga olaryň kömegi ýeter» diýip pikir etdim. Myhman ýerime bardym-da, iş oňarmaýanlygymy aýtdym: –Ol garrynyň ugruny nähili tapmak bolar? Maňa-ha başardan däldir. Ondan kitaby satyn hem, ýöne göçürip hem alyp bor öýden däldirin.... Onda olar maňa: –Biz-ä, ýagşy ýigit, oňa «kitabyňy sat» diýip aýdyp bilmeris. Eger gerek bolsa, onda özüňiz ugruny tapjak bolaweriň... Ondan ony almagyň kyndygyny size ozalam aýdyp beripdik. Ol şeýle adamdyr... – diýdiler. Men nähili bolsa-da ol ýaşuludan el çekjek däldim. Şol günüň agşamy ýene-de onuň ýanyna bardym. Ol ýene-de hälkisi ýaly şähtaçyklygy bilen meni garşylady: –Gel, geç otur, ýagşy ýigit, düşek üstünden. Bu kitaby göreniňden soň, sen menden aýrylyşyp bilmersiň, ýeke sen däl, başgalar hem şeýledir... – diýdi-de, şol çuwalyň düýbünden, şol bukjanyň içinden eseri çykaryp, elime berdi. – Oka, höwes edýän bolsaň, ýagşy ýigit! Munuň her bir sözi bir düýä degýändir. –Dogry – diýdim. Onsoň men ýene-de onuň sahypalaryny göwünsizlik bilen agdaryşdyrmaga oturdym hem-de sypaýyçylyk bilen kitaba özümiň hyrydarlygymy bildirmäge başladym. –Welmyrat aga, bu siziň eliňizde näçe ýyldan bäri bar? –Kyrk ýyldan bäri bardyr, ýagşy ýigit! – diýip, ol jogap berdi. –Dogry, siz şonça wagtda munuň içinde bolanlaryňhemmesini ýatdan bilipsiňiz –Bilýärin, bilýändirin, onda-da ýöne bir bilmegem däldir, hemmesini gürrüňi bilen bir oturyşymda aýdyp berip-de bilerin. Munuň içindäkileriň ählisi meniň ýüregime ýazylandyr... – diýdi. –Diýmek, munuň indi size geregem ýokdur? Garry ýüzüme «Sen syrly»... «Sen maňa näme diýmekçi», «Sen şu ýerik näme niýet bilen geldiň?» diýip soraýan ýaly seretdi. Onsoň men aljyrap, öz dilime getirip oturanymy diýip goýberdim: –Siz muny näçe diýseňiz diýiň-de, maňa satyň? Ýaşuly gökden goýberilen ýaly boldy, gözleri peträp hanasyndan çykara geldi, sakgaly öňküsinden-de beter gabaryldy. Aýaly hem diň gökden geldi, onsoň ýakasyna iki elini ýetirip, doňan ýaly bolup oturdy. Men öz soragymdan içinde oturan gara öýümiziň süňňi-de gagşaýandyr öýtdüm. Tärimiň başlarynda aslyşyp duran ýüp ýoluklary-da, torbalaryň seçekleri-de, ýel berlip goýlan ýanlyklar-da duran-duran ýerde gymyldaşan ýaly boldy. Bu bolşa özüm-de geň galyp durupdyryn. Birhaýukdan soň garry özüne geldi. Onsoň kitaby elimden gaňryp aldy-da, aýalyna uzatdy: –Me, muny öňki ýerinde ýygna-da goý! – Şu iki arada ol ösgün gaşlary bir–biri bilen tapyşan ýüzüni maňa tarap öwrüp, şeýle diýdi: –Muny elden çykarmarys diýip, ýagşy ýigit, ýaňynyň özünde saňa aýdypdyk. Satylmaz zat bolmaz diýilýändir weli... Şuny bizden dilemeseň – akyl etdigiň! Muny aljak bolsaň, iň ilki razy etmeli borsuň, men bolsa razy boljak gümanym ýokdur, eger bolaýsam-da, oglum bilen aýalym razy bolmaz. Munuň üstüne hem bütin obam razy bolmaz. Biz muny elimizden çykarmarys. Bir döwüm çörege zar bolup oturan ýyllarymyzda-da, bir harpyny-da okap bilmeýän wagtlarymyz-da muny satmagy göwnümize getiren däldiris. Indi-hä asyl... Ýaňy özüň okap gördüň ahyry, munuň her bir sözüniň bir düýä degip duranlygyny. Munuň biziň elimize nähili düşüşini aýtsam, onda diläp durarsyň-da öýdemok. Bolmasa gürrüň edeýin, ýogsam-a şu güne çenli duldegşir oturan goňşylarymyza-da aýdan däldiris weli. Muny bilýän diňe bir şu garry heleý ikimizdiris weli. Aýtman ýörmekligimiziň ýeterlik sebäbi bardy: illermeniň bu kitaby näme berip alanymy eşiden bolsalar, onda «Welmyradyň kitap söwdasy ýaly» diýip, alyp göterjekdiler. Şol aýtman gelşim, ýogsam indi «Welmyrat aganyň kitaby, dünýä malyna degýär» – diýýärlerem weli... –Aýt – diýip, men özümiň gyzygýanlygymy bildirdim. – Aýt, meni eşitmän oturmaga çydamaz hala getirdiň! Garry meni şeýle hala salanyna begenen bolsa gerek, ulumsylanyp ýylgyrdy. Onsoň bolsa: –Aýtsam – diýägede döşüni gaýşardyp, ýüzüni ýokary tutdy. Ol şeýle edip uzak bir geçmişi ýadyna düşürjek bolýan ýaly ýa-da aýtjak zadyny tertibe saljak bolýan ýaly, biraz pikirlenip duransoň, şeýle gürrüň berdi: –Men häzir dogry altmyş bäşimde, eşidip oturyp bilseň, ýagşy ýigit, gürrüňi kyrk ýyl ozaldan başlajak. Ýaňky kitabyň elime düşenine şu ýyl dogry kyrk ýyl bolýar. Sowuklyk gyş diýilýän ýyldady. O ýyllar çopançylyk edýärdim. Sen meniň häzir içmegiň içine sygman, gabarylyp oturanyma garama, men ömrümiň köpüsini çölde – goýun yzynda geçirdim. Kitap diýen zady görmändim, eşiden bolsam-da, ony beýledir öýtmeýärdim. Şeýle boldy. –Men öýli-işikli bolup, iki sany burunlykly edinip, ile goşulanymdan soň, gyş azygyny edineýin diýip, bir-iki ganar ýüň, bir-iki ganar kömür bilen Arkaja argyşa gitdim. Tanyş ýerim bolmany üçin kömrümi, ýüňümi alanyňka myhman bolup düşdüm. Desgaly, gurply ýer eken. Şol ýerde bolan bir gijämiň nähili geçenini bilmedim – şatlyk-şagalaňlykda geçdi. Agşamyň garaňkysy gatyşybildigi, myhman ýerimiň alty ganatly öýüne oba adamlary üýşüp başlady. Olaryň arasynda gara kepjesakgal, ýüzi jozzuk ýaly gyzyl, sypaýy geýnen adam aýratyn bolup göze ilýärdi. Ol öýüň törüne geçip oturdy. –Molla aga, okap berip otur! – diýip, onuň öňüne ýaňky kitaby atdylar. Molla göwnemedi. –Bu dinem äsgermeýän, «Degene gözüm menden däl» edip ýazan jalaý şahyryň kitabydyr. Siz munuň bilen artyk gyzyklanmaň. Bu aýda-ýylda bir okalsa-da bolar. Men bu gün size özümiňkini okap bereýin – diýip, ol goltugyndan başga bir kitap çykardy. Köpçülik öz diýenini etdirdi. Molla olaryňka geldi. Onsoň ol sesine bat berip, okamaga başlady. Okady. Dili ýetişdiginden ýary gijä çenli okady. Menem eşitdim... Kitap, onuň okalyşy, onuň içindäki sözleriň meniň ýüregimiň üstünden turşy meni haýran etdi. «Bu nähili bolup bilýärkä? Ol ýüzüňe seredýär-de, hemme zatlary, öz durmuşyňdan, gündelik eşidip ýören zatlaryňdan, ýöne weli, dilde diýip bolmajak, aýtmagy hyýalyňa-da getirmedik zatlaryňy diýişdirip barýar» diýip pikir edýärin. Men, kitap şeýle gyzykly zatdyr, adamy pikir etdirýän zatdyr, adamyň durmuşyndan sözleýän zatdyr öýtmeýärdim ahyry. Ine, bu şu wagt saňa nähili gowy bolup görünýän bolsa, maňa-da şonda Şeýle bolup göründi. «Munuň belli bahasy ýokdur, bu, belki,satylýan zat hem däldir» diýip pikir etdim. Onsoň seniň şu wagtky bolup oturyşyň ýaly, menem şonda «Bu eger öz gurbum ýeter ýerine satylýan zat bolsa alaýyn» diýen hyýala mündüm. Ýöne weli öz ýanymdan, bahasyna san ýeter öýtmeýärdim. Şol gije şu hyýal bilen gözüme uky gelmedi. Ýatan ýerimde «Bu satylýan zatmyka, munuň aýdýan zatlaryny kim oýlap tapdyka, sözleri nähili beýle düzülip bilindikä, asmandan gaçaýan-a bolmasyn?» diýip oýlaýaryn. Ertir turlandan soň, myhman ýerimden: –Agşamky okalan kitabyňyz näçä durýan zat? – diýip soradym. –Onuň belli bahasy bolmaz! – diýip, olar meniň soragyma gülüşdiler. –Ýok, maňa dogrusyny aýdyň. Olar ýene-de bir-birleriniň ýüzüne seredişip gülüşdiler. –Onuň bahasy bir düýä durýandyr! Olar muny oýun edip diýse-de diýendirler. Men weli ynandym. Şu ynanyşym ýaly hem begendim. «Bir düýä durýan bolsa bolýar». Emma düýämiň birini göwnümden çykardym. –Şeýle bolsa, şu iki düýäniň haýsy birini halasaňyz alyň-da, maňa ony beriň – diýdim. Olar meniň çynymdyr öýtmän: –Guba düýäňi goý-da, ynha, al-da gidiber! – diýdiler. Şeýle boldy. Men guba düýäni berdim-de, kitaby alyp gaýtdym. Olaryň yzymdan näme diýenini bilemok, ýöne weli, gürrüň soňunda bar. Öýüme gaýdyp geldim. Öňümden garry keýwany (özi aýalyndan on ýaş uly bolsa-da, oňa garry diýýär) çykdy. – Hany guba düýämiz? Waý, sen ony nätdiň? Ýitirdiňmi, ogurlatdyňmy, nätdiň? – diýip, ýakasyny tutup gygyrdy. –Guba düýe gögerdi – diýdim. Ony her bir sözüniň özi bir düýä degip duran bir zat bilen başa-baş çalyşdym – diýdim. Onsoň kitaby torbanyň içinden çykaragada görkezdim. – Gürrüň munuň içinde bardyr – diýdim. Keýwany seretdi. Geň galyplar seretdi. Içini açyşdyryp gördi, ýüzüne syldy. Uludan demini alyp, meniň bu söwdada utanymy ýa utulanymy we şuňa begenjegini ýa gynanjagyny bilmän durdy. Guba düýäniň weli, onuň gözleriniň öňünden gitmeýänligini duýýaryn. Ol ýyllar guba düýe biziň gün-güzeranymyzyň diregidi ahyry... Men söwdany oňaranlygymy aýdýaryn, keýwanyny begendirjek bolýaryn. Şol gijäni – kepjesakgal mollanyň okan gijesini gürrüň berdim. Şonda adamlaryň üns berip diňlänlerini, özümiň hem eşidip oturyp bilmänimi hem-de şonda ýadyma çüý ýaly batan ýerlerini aýtdym. «Şu diýip duranlarym şu kitabyň içinde bar zatlar» diýdim. «Men bärsinden gaýdýaryn, bir agyz sözüni hem dogry aýdyp bilmeýärin» diýdim. Keýwanynyň ýadyna guba düýe düşýändir. Gözlerinde ýaş gömüp başlady. –Munuň her bir sözi bir guba düýä degýär – diýip aýdýaryn. Janymdan syzdyryplar, ýer depipler... aýdýaryn. Ýene-de bolanok. Onuň gözlerindenýaş akýar. Düwmeläp-düwmeläp akýar. –Guba düýe biderejik bozlap gitdi diý! Üýşüp ýatan bir petde kagyza gitdi diý! – diýip, ýüreginiň gynanjyny daşyna çykaryp başlady. Şu wagt okap bilsedim diýip, onuň kagyzlaryny agdaryşdyrýaryn. «Kepjesakgal molla bolsady, munuň ýadyna guba düýesi düşmezdi» diýýärin. Gepi köp, gürrüňi köp kitap weli, sesini-üýnüni çykarman dur. Edil keýwanyny agladasy gelýän ýaly. Gaharym geldi, şonda muny ýeriň ýüzüne bulap uraýasym geldi. Şeýdip, onuň geplemän durmagyndan içimi sowadaýasym geldi. Ýazyksyz kitap dur – muňa kepjesakgal molla gerek. Ony men nireden tapaýyn? Onsoň eden söwdamdan ökünçli öýden çykdym, obamyzda akylly, hemme zadyň ýagdaýyny bilýär diýilýän adamyň ýanyna bardym. Özümde bir kitap barlygyny oňa aýtdym we «Ony obamyzda kim okap biler?» diýip, ondan soradym. Ol geňirgenip menden sorady: –Seniň eliňe kitap nähili düşdi? –Arzanjak satyn aldym – diýdim. Ol ýüzüme seredip ökünçli ýylgyrdy-da, şeýle diýdi: –Aý, akmak, kitap diýlen zat saňa ýöne berlende-de nämäňe gerek?! Heý, onuň derdiňe ýarajak ýeri barmy? Ony okamaga hat bilýän gerekdir. Mugt iýen alaja göz molla gerekdir. Hany hat bilýän, sen ony obaňdan, heý, tapjakýeriň barmy?! Goňşy obalaryňdan hem tapmarsyň. Kim bar ony okap bilýän? Sen bu tarapyny oýlanmadyňmy?... Men onuň aýdanlaryna ynandym, ýöne weli, keýwanynyň iňirdisini eşidip oturmaga ýüregim takat bermedi. Ýene-de bir-iki adamdan soradym we goňşy obalarymyza çykyp soradym. Hat bilýän ýok. Soranlarymyň hemmesi edil dil düwşen ýaly, oň diýenini diýýärler. «Çopan halyňa, gün-güzeranyňy oňarmaýan halyňa aýdyp duranyň näme?..» diýip, geň galdylar. Badym ýatdy. Onsoň öýüme geldim-de, «Seni gözümem görmesin, janymam ýanmasyn» diýip, ony çuwalyň düýbüne goýberdim. Bir aý ýatdy, bir ýyl, ondan soň iki ýyl ýatdy, şeýdip ýedi ýyl dagy ýatdy. Keýwany iňirdeýär, «Guba düýe bogazdy, bu wagta çenli iki-üç botlardy...» diýýär. Bu kepjesakgal mollanyň okanyny eşitmändi ahyry, meniň aýdýanlarym bolsa ony kanagatlandyryp bilmeýärdi ahyry. Her halda olam ony okap eşitmegiň arzuwyny aşaklyk bilen edýän eken. «Näme edeňde kitaby okap bolar?» diýip, oturan-turan ýerinde soraýar eken. Bir gün ikiçäk çaý içip otyrkak, ol maňa şeýle diýdi: –Aý oglan, haty mollalar, işanlar okap bilýärmişin. Okamany öwredýänlerem şolarmyşyn. Gel, Myrat jany Akja işanlara bereli. Onuň işinden bäş-alty ýyllyk geçsek, ol hat öwrenjekmişin. Ol işanlaryň hyzmatyny edip berer, onuň öwezine işanlar oňa hat öwreder. Kimden sorasaň, şeýle etmelidir – diýýär. Maňa kitap okalyp eşidilse bolýar, şonuň üçin men hemme zada taýýar. Maslahaty birikdirdik. Bir-iki-üç günläp ýol ýöräp, Myrat jany Akja işanyňka alyp bardym. –Men alys ýerden geldim, oguljygymyza hat öwredip berseňiz diýip geldim. Muňa işiňiz bolsa-da etdiriň. Bize ahyry hat öwredip berseňiz bolýar – diýip, işandan soradym. Akja işan agzynda aş gatyklady. –Ogluňyzy getiren bolsaňyz, gowy edipsiňiz. Biziň duzumyzy iýen, biziň terbiýämizi alan bihal bolup çykýan däldir. Ogluň hat hem öwrener, edep hem öwrener. Siz aradan dört sanjak ýyly geçiriň-de geläýiň – diýdi. Işanyň ýanyndan uçup diýen ýaly gaýtdym. Öýe geldim-de keýwana: –Ýene üç-dört ýyl gaýrat et, ondan soňam bir meniň söwdama göwnüýetmezçilik edişiňi göreýin! – diýdim. Kitap bukjanyň içinde, çuwalyň düýbünden çykman, ýene-de üç ýyl ýatdy. «Indi Myrat jan hat öwrenendir» diýip, men işanyňka ugradym. Baryp görsem, Myrat jan işanyň ownuk-uşak işine ylgamak bilen gara başyna gaý bolup ýör. Onuň hat öwrenmegi nirede, gaýta iş bilen aňkasy aşyp gidipdir. Ol meni görenden gözlerine ýaş aýlap şeýle diýdi: –Kaka, meni hem özüňden galdyrman alyp gidersiň. Meniň bu ýerde hat öwrenjek gümanym ýok. Hat diýilýän zady işanyň özi hem bilenok!.. –Goý, oglum, beýle diýmek günä bolar! Öz işanyňa hat bilenok diýmek, saňa aýypdyr. Işana dil ýetirmek bolmaz. Sen oglanlyk edýäň – diýdim. Ol ýene-de janyndan syzdyryp aýtdy. –Hojam aga doga-da ýazyp bilenok. Ol doga diýip gelenlere edil ejemiň duz torbasyndaky ýaly duzy berip goýberýär. Meniň bulardan hat öwrenjek gümanym ýok, kaka!.. Men ony ýene-de ýazgardym. –Oglum, sen kemakyllyk edýäň. Uly iliň ynanýan hojasyna beýle diýmek bolmaz. Sen bolsaň onuň duzuny iýip ýörsüň!.. Ol eňek bermedi: –Kaka, özüň bilen alyp gitmeseň, onda gaçyp giderin weli, şu taýda durman, giderin!.. Onuň aýagyny depip durmagy meni oýlanyp görmeli etdi. Men işany derňemek hyýalyna düşdüm. «Gel – diýdim – işanyň öz obasynda bir adamdan sorap göreýin – oglum şu işandan hat öwrenip bilermi ýa-da ýok» diýip, şu soragym bilen tötänden biregiň ýanyna bardym. Oňa oglumy näme üçin işana getirip berenimi gürrüň berdim. Ol bir pahyr adam eken. Öz bilýänini bilşi ýaly edip maňa aýtdy. –Ogluň dogry aýdypdyr, işan agamyz hat bilýän däldir. Onuň okan ýeri ýokdur. Ýöne weli, uly-uly medreseleri gutaryp çykan mollalardan zordur. Munuň aňyrsy – ata-babasy zor eken. Obamyz onuň aňyrsyndan gorkýar. Işanymyzyň atasyna dil ýetiren, malyna el batyran bolup bilmändir. Ol derrew göz görkezer eken. Heniz hiç kimiň ýadyndan çykmadyk şeýle bir iş bolupdyr. Obamyzda biri (Onuň kimligini hiç aýtmaly däl diýip, işanyň özitabşyrypmyşyn) onuň ýorunjaly haýatyna üýşürilgi duran bedesinden ogurlamakçy bolupmyşyn. Gury bededen bir arka çykap, arkasyna alyp gaýdypmyşyn. Öýüne alyp gelse, bede arkasyndan düşmänmişin, ylla, ýelimlenen ýaly, aýaly synanypmyşyn, düşürip bilmänmişin; ogly synanypmyşyn, düşürip bilmänmişin. Onsoň ol bedäni yzyna äkidip, alan ýerinde öňküsi ýaly edip goýjak bolanmyşyn, bede onda-da arkasyndan düşmänmişin. Garaz, nätjek, ol adam uzyn gije arkasy agyr bede ýükli görgüsini görüp gezenmişin. Ahyry bolmandyr. Işanyň ýanyna ýüki bilen baryp, ondan ötünç sorapmyşyn. «Işan aga, men bir etmäsi iş etdim. Onuň üçin öten agşamdan bäri arkam ýükli öz jezamy çekdim. Siz meniň şu günämi ötüň. Men indi siziň keramatyňyzyň zorlugyny iki gözüm bilen gördüm. Şu arkamdaky bede siziň bedäňiz. Şuny arkamdan aýryş» diýipdir. Işan onuň günäsini geçipmişin... «Baryň-da, bedäni alan ýeriňizde goýuň, onsoň arkaňyzdan düşer» diýenmişin. Bu şeýle bolupmyşyn, gepe çeperiň aýdan zady däl, obamyzyň ýaşuly adamlary gürrüň berýärler. Eşitdiň gerek, nähili göz görkezip bilipdir. Biziň işanymyzyň aňyrsy, ine, şeýlemiş – gaty zormuş. Munuň özi hem zor. Duza demi ýörýär. Dem salyp berse, ogulsyzyň ogly bolýar, gyzsyzyň gyzy bolýar, kakyn-silkinliler gutulyp gidýär... Ýöne işanyň hat bilýän molla ogullary bardyr, olar seň ogluňa hatöwredermi-öwretmezmi, men onçasyny bilmeýärin. Olar uly söwdagärdirler.... Men ol adamyň aýdanlaryny eşidenimden soň, oýlandym. Myrat janyň diýenleri dogry bolup çykyp biler. Ogluma duza dem salmagyň öwredilmegi maňa gerekmi? Maňa o gerek däl ahyry. Maňa diňe bir oglumyň şu kitaby okap bilmegi gerek. Mundan-da zat çykmady. Onsoň oglumy hojanyň elinden alyp gaýtdym-da, bir baýa çoluklyga berdim. Myrat jan ýetişip barýan ýigit, çolukçylyk etse, haky boljak. Bu-da bize kitap okap bileniçe gerekdi, ýagşy ýigit, ol ýyllar. Gün geçýär, günden soň aý geçýär, onsoň ýyl geçýär. Gum tozaýar, oba ýazlaga göçýär, ýene-de şu gola göçüp gelýär. Şeýle – hemme zat öňki-öňküligine bolup barýar. Ine, bu kitap-da keýwanynyň bukjasyndan çykman ýatyr. Men ýüregim durmanyndan soň, käbir wagtlar onuň ýüzüni açyp, kagyzlaryny agdaryşdyryp görýärin. Şol kepjesakgal mollanyň oturyşyny edip, ony öňüme alyp oturýaryn. Meniň bolşuma keýwanyň gahary gelýär, derdi täzelenýär. Onuň ýadyna şu kitaby görüp bildigi guba düýe düşýär. Ondan soň: «Şu wagta çenli guba düýämiz elimizden çykmadyk bolsa, sen şeýle akmaklyk etmedik bolsaň, bäş-alty bozlap, süri düýe bolup giderdi...» diýip, igenmäge oturýar, igenýär. * * * Günlerde bir gün täze hökümet obamyza geldi, ýanynyň mugallymy bilen geldi; mugallym kitaby bilen geldi. Ol gelibildigi, ine, şu içinde oturanymyz ýalyjak garaja öýde obanyň oglanlaryny, ulularyny okatmaga başlady. Mugallymyň gelenine men edil özüm üçin gelen ýaly begendim. Ilkibaşlarda oba adamlary ondan özlerini gaçarak saklan bolsa-da, men onuň bilen ysnyşdym, oňa özümiň kitaply taryhymy sözläp berdim. Ol meniň aýdanlarymy pikir berip eşideninden soň, «Getir, okap göreýin» diýdi. Eltip berdim. «Bir-iki gün meniň ýanymda dursun» diýdi. Goýup gaýtdym. Soň gaýtaryp bereninde, ol şeýle diýdi. –Welmyrat aga, sen bu söwdaňda utulmansyň, ýöne weli muny men okap bermäýin. Ýa özüňiz okaň, ýa-da size ogluňyz okap bersin. Siz munuň içinde ýazylan zatlary ogluňyza okatdyryp eşitjek bolup, onuň görgüsini aýalyňyz ikiňiz ýagşyja çekipsiňiz. Şunuň üçin ogluňyzy hat öwrensin diýip, işan-mollalara beripsiňiz. Ýöne olardan hem üýtgeşik öwrenen zady bolmandyr. Şeýle boldy diýip, özüň gürrüň berdiň gerek? Indi ikimiz bir maslahat edeli. Siz şol işanyň gapysynda gezip hat öwredilmedik, soň özüňiziň çolukçylyga berip goýberen ogluňyzy getiriň-de, şu mekdebe salyň! Men oňa sanly günde hat öwredip, edil kitabyňyzy okap berip oturan edeýin. Maňa siziň oglanlaryňyzyň we özleriňiziň hatbilmegiňiz gerek. Şunuň üçin hökümet meni şu ýere – siziň obaňyza iberdi. Mugallym meni ynandyrdy. Çöle – Myrat janyň ýanyna haýdadym. Baryp oňa: –Oglum, seniň hat öwrenip, eneň ikimize şol kitabymyzy okap bereriň ýalak, men seni ýene-de molla bermekçi bolup geldim. Sen şaýyňy tut, gideli – diýdim. Onda Myrat jan: –Kaka, gitmerin – diýdi – Şeýle hat öwrenjek bolanymdan şu çöl-sährada goýun bakyp ýörenim on esse ýagşydyr. Akja işanyň aýaly indi maňa suwuny getirdip, odunyny ýakdyrar öýdemok... Men oňa indi Akja işanda okatjak bolmaýanlygymy aýtdym: –Oglum, biler bolsaň, obamyza mugallym diýen bir molla geldi. Ol eýýäm obamyzyň özüň ýaly oglanlaryny hem ulularyny okadyp başlady. Ol maňa-da ogluňy getir, derrew hat öwredeýin, kitabyňy okap berip oturan edeýin diýip aýtdy. Ol hökümetden ýörite obany okatmakçy bolup gelen molla. Onuň saňa öwretjegi çyn. Özüne ynamy köp. «Getirip bildigiň bolýar diýdi» diýdim. Ony ýene-de razy etdim. * * * Mugallymyň beren sözi, Akja işanyňky ýaly soňy görünmez uzaga-da çekmedi, ahyrsoňy ýalana-da çykmady. Myrat jan öz enesiniň gözüniň öňünden hiç bir ýaňa gitmän, kişiniň keşigini çekmän hat öwrendi. (Ol häzir maldarçylyk fermanyň başlygy bolup işleýär). Ol kitaby enesiniň bukjasyndan çykardy-da, bize okap berdi. Kitap asmandan-da gaçman ekeni, ol bize näbelli-de däl ekeni, ol bizden uzakda-da ýörmeýän ekeni. Munuň içindäki goşgularyň birnäçesi biziň obada-da, çöllerde-de aýdym edip aýdyp ýören goşgularymyz ekeni. Bu durşuna gahrymançylyk, adamkärçilik nesihatlary ekeni. Şol kepjesakgal molla dilini aýnadyp, sesiniň labzyny arapçamy ýa-da başga bir zatçamy üýtgedip okanynda, men aşakda – külüň üstünde oturan ýerimde baryna düşünmän ekenim. Ine, şu ojagyň başynda – öýümiziň içinde öz oglum, öz dilimizde okap bereninde, bu bize başdan-aýak düşnükli boldy. (Ýok, munuň aýdýan zatlarynyň köpüsine men henizem düşünmeýärin. Bu örän çuň manyly sözleýär). Ondan soň bu söwdada utulmanlygym keýwana-da, bütin obama-da belli boldy. Men keýwanynyň «Guba düýämiz»... diýmegi bilen birnäçe ýyllap gulak etimi guradyp gelmeginden, oba adamlarynyň bir oňmadyk söwda-da «Welmyrat aganyň söwdasy ýaly» diýip, üstümden gülüp gelmeklerinden gutuldym. Onda-da üstün çykyp gutuldym. Ine, ýagşy ýigit, sen bu kitabyň taryhyny eşiderin diýseň! Şulardan soň Welmyrat kitabyny elinden çykarar, birege satyp goýberer diýip, kim aýdyp biler? Men muny satyp goýbersem, onda meni bütin obam pislär. Ýöne sen muny gowy gören bolsaň, gör, oka, ynha, hezil et, elimden alyp gitmeklik niýetiňi weli, düýp-teýkaryndan ýadyňdan çykar – garry sözüni şeýle tamamlap, maňa ahyrky aýtjagyny pugta aýtdy: – Kitap elden çykmaz! Ondan eseri diläp alyp bilmejegime takyk gözüm ýetdi. Satjag-a däl, onuň içinde edil jany bar ýaly. Ony elinden çykarmak, gözüniň öňünden salmak niýeti ýok. Täze edip, ähli obaňa ýetip durar ýaly edip, bu hemmesi däl, goşgudan ýetmez ýerlerini dolduryp, şu durşuna, iki esse uly edip, getirip bereýin diýeňde-de, ony ynandyryp bolmaýar. Garryny razy etmegiň hyllallasyndan, eger razy bolsa, oturagada göçürip alaýmagyň işi on esse aňsat düşjek. Men şuňa düşündim. Belki, ol bu möhümi hem bitirmez: «Sat» diýenimdäki ýaly bolar, ýene-de bir tükenmezine tutar» – diýýärin-de gaýgylanýaryn. «Näme etmeli, muny alman ötägitmel-ä däl». Şeýle oýlana-oýlana bir ýol tapdym. «Gel, bu gaty görse-de, «dileme» diýip tabşyryklar berse-de, «sat» diýen irginsizlige tutaýyn-da oturaýyn. Şonda ony ahyry göçürip almaga razy edip bilerin». Şu karara geldim. Men indi onuň bilen biraz öwrenişipdim ahyry. –Welmyrat aga, siz meniň birden-bir möhümimi bitirmediňiz – diýdim. –Nämäni, şu kitaply möhümiňizmi? –Hawa-la, siz maňa şu kitabyňyzy satyň. Bu gezek garry gökden goýberilen ýaly bolmady, öýüň süňňi hem gagşamadyk ýaly boldy. Ol, kitabynysatmajagyndan, meniň-de elinden basyp almajagymdan arkaýyn hem-de eseri bilen meniň gyzyklanýanlygymdan şat bolup, jogap berip başlady. –Satmaryn, satsam utularyn – diýdi-de, güldi. –Satyň, size-de il satypdyr ahyry!.. –Satanlar utulypdyrlar – diýip, ol ýene-de güldi. Şähdaçyklyk bilen, kitabyndan göwni hoşal bolmaklyk bilen «lah-lah» edip güldi. Men dagy diýere söz tapman: –Satmasaňyz, onda ýöne beräýiň? – diýip, özümiň el çekmejegimi bildirdim. Birdenkä garrynyň maňa rehimi inen ýaly boldy. Onsoň çyny bilen: – Ýagşy ýigit, beýle geregiň bolsa, onda şu ojagyň başynda otur-da, göçürdejik alaý! – diýdi. Men ýöne almak pikirine düşdüm. Onuň beýle diýmeginden «garry gowşandyr» diýip düşündim. –Göçürip alsam, onda bir özüm üçin bolar, maňa bolsa siziň kitabyňyz hemme üçin gerek!.. Ol jogap bermedi-de, daşaryk çykdy. Onuň yzy bilen aýaly hem ylgap diýen ýaly çykdy. «Bularyň bir gizlin maslahaty bardyr» diýip, men öz ýanymdan çak etdim. –Ýagşy ýigit, otyrmyň? – diýip, ol manysyz söz atdy-da, ara salym bermän, dolanyp içerik girdi. Men ondan indi üzül-kesil jogap almaga garaşdym. «Näme diýerkä, näme diýse-de, aýaly bilen maslahatlaşykly bir zady diýer». Şeýle hem bolan bolsa gerek, ol: –Gerekli bolsa, ýagşy ýigit, olar-da senden göçürip alybersinler! – diýdi. Garry dymdy. Gürrüň gutardy. Öýüň içi dym-dyrslyk boldy. Daşardan-da ses-üýn gelmeýär. Garry aýal ýorgana girdi, bir gysym bolup, düýrlenip ýatdy. Welmyrat aga bolsa, geplesem bir zat diýjek ýaly, direnip dur. Men ony şundan artyk yryp bilmejegimi bilip, neresse çaga ýaly boýnumy burdum-da: –Bolýar, ertirden göçürmäge oturaýyn – diýdim. Ine, şeýle edip, zadynyň gadyryny bilýän garry meni horlady – kitabyň üstünde ýarym aý turman oturtdy. Onuň özi hem galapyn wagt ýanymda boldy. Ýatdan aýdyp berýär, hat ýazyşyma syn edýär. «Okamany birazajyk bilýärin, ýöne ýazmak elimden gelmeýär» diýýär. Aýaly bolsa çaldan, çaýdan, çörekden kemimi goýmaýar. Ilki myhman düşen ýerim bolsa ýadymdan çykyp gitdi. Ol kitabyň üstüne şony düzen şahyryň başga ýerlerden tapylan zähmetleri-de goşulyp, çapa berildi. Tiz wagtda ullakan kitap bolup çykjak. Men onuň çykaryna howlugýaryn – ýüregim çatlap barýar. Çykyp bildigi, ondan on sanysyny aljak-da, garrynyň üstüne ylgajak. Barsam onuň: «...Sen indi menden aýrylyşyp bilmersiň!» «...Her bir sözi bir düýä degýän kitabymy – senden hem göçürip alanlar boldumy? Oňa nähili baha berenler boldy?» diýip, soramajak gümany ýokdur. Olşeýle diýer weli, menem: –Aldylar, onda-da bir, iki adam-da däl – ähli türkmen halky göçürip aldy. Alanlaryň gowy görşi hem edil siziňki ýaly – diýerin-de, kitaby eline tutduraryn. Onsoň ol garry sowet hökümetini halkymyzyň altyn hazynasy bolan edebi mirasyny – halkyň batyrlygyndan, azatlygy söýüjiliginden, çeken ahy-zarlaryndan dörän gözel eserlerini – gumuň çölünde bolsa-da, çuwalyň düýbünde, bukjanyň içinde bolsa-da, gaýry bir ýerde bolsa-da, tapyşdyryp, ýygnaşdyryp, olary hemmä ýetirmek aladasyny edýänligine hem ýetirýänligine düşüner we öz kitabyny gaýtadan täze höwes bilen okar... Onsoň onuň şol köne kitabyny maňa ak ýüregi bilen berjegine ynanýaryn. Bu kitap – türkmen poeziýasynyň esasyny goýan Magtymgulynyň kitabydy. Nurmyrat SARYHANOW. | |
|
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||