19:31 Seniñki nämäñkilik? | |
SENIÑKI NÄMÄÑKILIK?
Ertekiler
Gadym zamanlarda, atalar döwründe, oba arasyny syryp ýören ýalta hem uklagan bir gaýyñ* bar eken. Bu gaýynyñ käri her gije, il ýatanda, halkyñ gapysyndaky towuk keteginden towuk ogurlap iýmek eken. Ol gijäniñ köpüsini ogurlyk ugrunda geçirip, gündizler hem hemişe uklap ýatar eken. Günleriñ bir gününde oba başga bir ýurda göçmekçi bolýar. Şol mahal bu gaýyñ hem uklap ýatan ekeni. Oba göçen wagty hiç kim ony turuzmaýar. Oba göçüp gidýär, bu bolsa ýurtda galýar. Ogurlyk bilen gününi geçirip ýören bu gaýyñ aw-awlamak tärini hiç bilmeýän eken. Aw diýip isle gije çyksyn, isle gündiz, iki elini burnuna sokup boş gelýär eken. Onuñ üçin hem arryklykdan derisi süñküne ýapyşyp ýatyr eken. Bir gün ýañky gaýyñ awa diýip düze çykanda, bir köpek bilen taza duş gelýär. Şol günden başlap, üçüsi dost bolup ugraýarlar. Bir gün bular çölde gezip ýörüşlerine, gaçyp barýan bir möjegi görüp, şonuñ yzyndan kowup gidýärler. Möjek şol gaçyp barşyna bir hine girýär. Ýañky köpek, tazy we gaýyñ hem ony hine çenli kowalap, soñ hiniñ agzyna gelip durýarlar. Bular möjegi çykarjak bolup her hili hile edipdirler welin, möjek çykmandyr. Soñ möjek bulara garap: ㅡ Köpek bilen tazynyñ meni kowalap hinime atdyranyna hiç gaharym gelmeýär. Sebäbi köpegiñ aýagy menden çaman bolsa-da, uruşsa oýny deñ geljek. Tazynyñ-da haky bar, kuwwaty mençe bolmasa-da, aýagy menden ýüwrük. Haw, gaýyñ aga, seniñki nämäñkilik? Uruşsañ oýnuñ deñ geljek däl, ýaryşsañ aýagyñ... Netije: ''Her bir iş edeniñde, öz başarjañlygyñy we güýjüñi öñünden nazara al''. ■ IKI TILKI Gadym eýýämde kellesi kel, gözi kör, endamy gotir bir tilki bar eken. Bu tilki bir gün köne ýurtlaryñ ojagynyñ külüni dörüp ýörkä, bir gara köpük tapýar. Ol şol tapan gara köpügini gözüne sürtüpdir weli gözi gutulypdyr. Soñ ol köpügi endamyna çalypdyr, endamy hem goturlykdan sap bolupdyr. Bu tilki küle agnapdyr, täze geýimli bolupdyr, hine aýagyny sokupdyr, aýagy ädikli bolupdyr, ýapdan böküpdir, atly bolupdyr, depä çykanda hem han bolupdyr. Ýañky tilkijik ýol ýöräp barýarka, bir tanyş tilkä duşupdyr. Ol tilki mundan: ㅡ Ýeri, goturja tilki, bu zatlary nireden tapdyñ? ㅡ diýip soran. Ol bolsa, jogabynda şeýle diýipdir: Bir köpük tapdym, Gözüme çaldym, Açyldy gözüm, Sagaldy janym. Aýagymy hine sokdum, Ädikli boldum. Bir ýapdan bökdüm, Atly-da boldum. Depä çykamsoñ, Hanlyga ýetdim. Ondan soñ bu beýleki tilki hem köpük gözlemäge başlan. Ol hiç ýerden köpük tapyp bilmän, ahyrda şol köpüklije tilkiniñ köpügini ogurlap alýar. Ol bu köpügi endamyna sürtüpdir, gotur bolupdyr. Aýagyny hine sokanda ýylan çakypdyr, ýapdan bökende hem aýagy döwlüpdir. Iñ ahyrda agsajyk aýagy, goturja taýagy bilen öz hinine zordan aşan. Netije: Her bir bolgusyz söze ynanyp, akylsyzlyk etme. Saña aýdylan sözleri akyl ýüzünden derñäp gör. ______________ * Gaýyñ - köpek bilen urkaçy tazynyñ ýa-da ganjyk bilen erkek tazynyñ ganynyñ gatyşmagy bilen dörän itiñ bir tohumy. | |
|
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |