20:33 Kawkaz | |
KAWKAZ
Goşgular
Ýaşyl donly, gül düşelen Kawkazyñ Bir çetinden gelip, duman büreýär. Kuban halky bilen Dagystan ili, Kömek üçin mişar, tatar ýöreýär. Azerler baş bolup gürji, abhaza, Garaçaý goşulan lezgi hem laza, Ermeni ar alyp täzeden-täze, Dumly-duşdan mert goçaklar döreýär. ''Watanyñ yşkyna atlan, eý ajar!'' Diýseñ, ol ýagynyñ gözünden sanjar. ''Çeçen, sen eglenme, çal daşa hanjar!'' Diýmänkäñ taýyn ol, rugsat soraýar. Eşdip çagyryşy söýgüli balkar, Ýolbars dek atylyp, ýerinde galkar, Ýerlerde aç gurt ol, göklerde şuñkar, Ýerden, gökden ýaga zarba guraýar. Osetin arslandyr, kabardin gaplañ, Gumugym, çyn dostum, wagtydyr taplan, Kazbege arka ber, Elbursa ýaplan, Şamylyñ ülkesi size garaýar. Guşapdyr bilini Kawkazyñ kürdi, Daglaryñ peleñi çölleriñ gurdy, Bile goramaga bu gözel ýurdy, Topun, tophanasyn öñe süýreýär. Nogaýym, batyrsyñ, sür indi öñe, Asury, ýehudy geldiler deñe, Hald ogly taý dälmi söweşde müñe, Her biri duşmana şir dek daraýar. Çerjezi ýanynda, turdy inguşym, Tarlanym, laçynym, oldur elguşym, Gaýradan galmygym, bärden talyşym, Kakmaçlap ganymyñ etin dograýar. Türkmen ata çykdy, gördüñ eý Kawkaz, Gyljyn syýryp alan köñli mydam ýaz, Kaspy deñzin aşyp, eýleýip perwaz, Gylyjy parlaýar, aty segreýär. 1942. BOLSUN Türkmen ogly, arlap girseñ meýdana, Ýan ýoldaşyn kesgir gylyç, at bolsun! Görogly dek gudrat görkez duşmana, Ähli iliñ, bütin halkyñ şat bolsun! Zarbyñdan guduzlar köp etsin dady, Gerçek goç ýigitleñ kuwwatly bady, Dünýäge ýaýrasyn watanmyñ ady, Ýeñişlerden taryh gatbar-gat bolsun! Beýik partiýanyñ beýik permany, Hökman ýerne ýetsin, aýama jany, Sowet Soýuzynyñ bol Gahrymany, Guwansyn halk, azat watan şat bolsun! 1943. | |
|
√ «Ýa men ahate elmükel-eşýaýe külleha» / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Goşgularym / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Eý, bagtyň asmanyna uçanlara bat beren... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Goşhaltada galan goşgy / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Aşyk we yşk / Goşgular - 12.09.2024 |
√ «Dag başynda mesgen tutan bürgüdi...» / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |