17:58 Köñül | |
KÖÑÜL
Goşgular
Adatyñça dynmaýyr sen, aýdymyñ ýazgyn, köñül, Çünki yşkyñdyr seniñ şol, sen şoña ýüzlen, köñül, Çyn hakykat göz öñünde, durlugyn görýän köñül, Şol hakykat ýolun yzlap, şol bilen barýan köñül, Dostlaryñ sen näme diýrler, ýazmasañ eger, köñül. Öñki gumluk çölleriñde kombinatlary guruş, Sosializm binasyna her ýerde kerpiçler örüş, Hemme ýerde batly barýar bolşewiklerçe göreş, Ol Garabogaz, Nebitdag ㅡ her ýeriñde şeýle iş, Kör eken diýrler saña ýazmasañ eger, köñül. Sowsany dek öwşün atýan, täze kolhoz ýeri bu, Ýaşyl otda ak görünýän, akja altyn zeri bu, Geýdigi göm-gök ýaprak, içdigi ter çeşme suw, Bitdigi kolhoz ýeridir, ösdügi haýbatly şu ㅡ Pagta-pamyk näme diýrler, ýazmasañ eger, köñül. ''Çepleri'' hem saglary her bir frontda biz ýeñip, Leniniñ her bir sözüni iş ýüzünde görkezip, Partiýanyñ serdaryndan her ädimde ders alyp, Ägirt uly üstünligiñ bu gün eýesi bolup, Durýarys, bolşy ýaly, sen ýaz-da görkez, köñül. 1934 | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |