19:25 Gelin bardyr... | |
GELIN BARDYR...
Goşgular
(Magtymgula meñzetme) Gelin bardyr, gelinlerden zyýada, Mydam şony taryp edesiñ geler. Şura gurluşynda, pyrka işinde Şonuñ aktiwligin ýazasyñ geler. Gelin bardyr, saglam beden işeññir, Köpüñ etjek işin bir özi ýeñer, Işleýän işinde gaýratly-gyñyr, Şonuñ hatarynda durasyñ geler. Gelin bardyr, günde-günde görmeli, Şol gelin diýr, kolhoz meýdan barmaly, Pagta ýygşyn görüp, haýran galmaly, Şonuñ suratyny çekesiñ geler. Gelin bardyr, düşünjeli işinde, Zarpçy adyn alýar okuw başynda, Deñi azdyr pagtany sap ýygşynda, Planyn doldurşyn ýazasyñ geler... Gelin bar, duýguda synpy beslenen, Gelin bardyr, her ýygnakda islenen, Duşman garşysyna mydam seslenen, Şonuñ göreşini göresiñ geler... Gelin bardyr, sirke basar saçyny, Iş wagty ýaltanyp, atar işini, Ýa-da jögülenip tutar dişini, Şonuñ ýaltalygyn ýazasyñ geler. Käsi bardyr, ýatar işe çykmany, Pikir edip agza nany dykmany, Görseñ ony ýazgararsyñ hökmany, Şol gelinden mydam gaçasyñ geler. Ahmet diýer, syn gerekdir geline, Gep uranda, hemme garar diline, Goşgy joşup galam alyp eliñe, Şol geline sowgat beresiñ geler. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |