22:11 Beýik namys / hekaýa | |
BEÝIK NAMYS
Taryhy proza
Gabawda galan gala petiş howada agras dem alýardy. Deriň, ganyň dymyljak ysy adamlary demikdirýärdi. Suw azalypdy. Howdanlarda galan suwlardan atlary ýakýardylar. Adamlar diňe gap-gaçlardaky, çeleklerdäki suwdan oňşuk edýärdiler. Şeýle-de bolsa, ýaşulular suwy tygşytlamaly diýip, berk duýduryş bermeýärdi. Muny kimseler her kim öz-özünden düşünýändir, halka dowul berip durmagyň hajady ýok diýip oýlansa, kimseler, barybir, boljagymyz boldy öýdýän, indi zat aýanyň haýry degmez, her kim göwün solpusyndan çyksyn diýip, näumyt hyýala ýorýardylar. Adamlaryň umydy bir yşa baglydy. Öten agşamky galadan çykan çapardan entek derek ýokdy. Eger ol diri bolsa, bu çaka, belki, hut häzir kömek ýetişmelidi. Alaman ony kaklaýan bolsa, onda kim bilýär?.. Galany gabaýanlaram beýle bir köplük. däldi. Ýogsa bu dagly obajygy bir zarbada kül-peýekun edäýmeli ahyryn. Indi dört günüň içidir, ne ileri süýşýärler, ne gaýra. Kim bilýär, belki, olaram kömege mätäçdir. Ýöne kömekleşip alar ýaly, gala-da bir uly şäher däl. Niýetiň alamançylyk bolansoň, köplüge näme ýetjek. Bolsa-da, olar galadakylardan rüstemdiler. Galanyň daşyna ýeke garany-da çykaranokdylar. Gabawdakylar yssy, petiş howada, berk goragda kem-kemden bogulýardylar. Bu ümsümlik adamlaryň göwnüne ölümiň suslugy bolup aralaşýardy. Silkme telpeklerini maňlaýa basyp, ýarçyk dodaklaryny guran dili bilen ýalap oturan oglanlary synlan Mergen aksakgal gojanyň ýanyna ugrady. Goja ýer dyrmap, çuň oýa batyp otyrdy. – Ýaşuly, bu dymyşlyk ýürege-bagra düşdi-le. Bir ýerden suw tapyp, ýigitleri gandyryp bolmazmyka? Onsoň derwezäni açagada, bellisini etsek. Ýa-ha şu gara başy goýsak, ýa-da biz olaryň başyny togalasak... Goja mergeniň aýdanlaryny eşitmeýän ýaly äwmän, başyndan telpegini çykardy-da, tahýasyny maňlaýa süýşürip, montuk barmaklary bilen ýeňsesini gaşady. Ýoňsuz wagt dymyp oturdy. – Ýaşuly, olar biziň çaparymyzy kaklandyr. Ýogsa eýýäm habar bolmaly ahyryn. Garaşandan teý netije ýok. Goja ýene birsellem dymyp oturdy-da, ýere diýýän ýaly ýuwaş, ýöne örän saldamly gürledi. – Azajyk sabyr edeli, mergen. Alamanyňam haly biziňkiden öwerli däldir. Hany garaňky gatlyşsyn, onsoň ölçerip-dökeris. Sen ýigitlerden bäş-altysyny al-da, Hajy demiriňkä sür. Çakym çak bolsa, şonda suw bolmaly. – Wah, atam, suw baryny bilýän menem, ýöne onuň ganyny içäýmeseň, suwuny içip bormuka? – Nähilem bolsa, ýüz synmaly, Gara, «Gämiçiniň jany bir» diýipdirler. Olam şu galanyň adamsy ahyryn. Zadyny sizden aýap, näme, ony duşmana berjekmişmi? – Şeýtmezem diýme ondan. – Bolsa-da bir ýüz synmak ýagşy. Gara mergen yzyna dolandy. Ol teklipden netije çykar öýdüp däl-de, ýaşuly bilen ýaňkalaşyp durmagy utanç bilip şeýtdi. ...Hajy demir diýilýäni ýeköýlüdi. Ol demir diýseň, demirdi. Ýeke gepli, berk adamdy. Birwagtlar beýle-de däl eken. Ýaşlygynda dagy oňa gaty gorsaw bolupdyram diýýärler. Töwerek-daşyna ot ýakdyrmaz eken. Gowga-jenjel bolsa, bir ýere githä-git bolsa, bir çetinde ol ekeni. Tapanyny-gazananyny ortalyga goýupdyr. Il üçin zadyny gysganmandyr. Hatda il bähbidi diýip, öz ogullarynam aýamandyr. Ol ogullarynyň ikisinem bir ýowda elinden aldyrypdyr. Uly oglunyň, yzynda ýaş gelni galypdy. Kiçi ogly bolsa dünýäden namut gitdi pahyr. Namyrat giden perzendiň awusy Hajyny iki bükdi. Onuň saç-sakgalyna ak düşdi. Biri dünýäden ötende, erbetlik başa inende, heleýler aglaşýandyrlar-da: «Beterinden saklasyn ylahym» diýip, ýakasyny tutýandyrlar. Käbirleri ölümdenem beteri bolarmy diýip, geň galýar. Hawa, ölümdenem beteri boljak eken. Hajy şol beterinem gördi. Onuň dul galan gelni azgynçylyk etdi, maşgalanyň namysyny basgylady. Bu nejis habar gala ýaýrandan kän wagt geçmänkä, bir gün irden Hajy demir gelnini ýanyna alyp, daga oduna ugrady. Il ýatyp, guş uklanda, Hajy dagdan boş dolanyp geldi. Bir günüň içinde onuň bili bükülip, gözüniň şuglasy öçüpdi. Şol günden soň ol öýünden çykmady. Bagty gara naçary bolsa, gördüm-bildim bolmady. Hajyny garaňky tüneginde süýnüp galar öýtdüler. Ýöne beýle bolmady. Ol arkaja, gum içlerine gezelenje gaýtmany çykardy. Bir günem gara gyryň syrtyna serwi boýly gelni basyp geldi. Goňşy-golam, töwerek-daş üýşüşip, oňa toý tutdular. Başyna ak silkme geýdirip, egnine gyrmyzy don atyp, biline tirme guşak guşap, aýagyna aýnagonç ädik sokup, ony gelniň ýanyna eltdiler. Gelni «ýigidiň» guşagyny çözüp, donuny çykaranda, onuň uzynak ak barmaklaryny, ýogyn goşaryny synlap, dili gijän jahyllar Hajy demre her hili kinaýaly sözler bilen degýärdiler. – Hajy han, egniňi bir dikle haw, ýogsa gelin seni küýküdir öýdäýmesin. – Aý, ol egnini diklese, sakgalynyň agy görünjek. Ha...ha...ha... – Haý, senem-ä! Onuň sakgaly akmy nä? Oňa gelniniň şuglasy düşýär-ow. – Kertik nilgäre aýdyň-haw, sakgal boýara garasy bolsa, indi başy bitinje Hajy demriňkä getiribersin-haw... Elbetde, oýnam, degişme-de öz çäginde ýagşy. Ony götermelem, çekmelem. Ýöne Tagan lakgy diýilýän ýoknasyz: «Özümiz ýaly goç ýigitler barka, beýle türpe jenan oň ýaly çallara-ha mynasyp däldir-le» diýenmiş diýýärler. Diýse diýendir, ýöne ony Hajynyň özi eşiden bolsa, bu ýalançyda ikisinden biri gezerdi. Ikiňem telpek geýip, bir aýala guwanmak ymmata sygjak zatmy? Ana, şoldur-da şodur. Hajy täzeden gapysyny berkledi. Ne-hä ol iliň öýüne baryp, bir käse çaý içdi, ne-de onuň bosagasyndan keseki biri içeri ätledi. Hawa, soňam bir säwlik bolupdy. Bir jeňde biriniň ýeke ogly agyr ýaraly boldy. Onuň ýarasynyň ganyny hiç saklap bilmedider. Kimdir biri: «Alyp bilseňiz, şonda her hili däri-derman bolmalydyr» diýip, Hajy demri salgy berdi. Ol oglanyň ejesi Hajy demriň ýanyna özelenip barsa, «Men ile berjek zadymyň baryny berdim: meniň gapymy açma» diýip, o bendäni boş gaýtaryp goýberipdir. Şondan soň adamlaram ony ýekirdiler. Ýöne käte zerurlyk çykanda onuňka ot diläp, duz sarap barýan goňşy-golamyň çagalary Hajynyň çaksyz owadan gelni barada her dürli taryply öwgüleri ile çykarýardylar. Tagan lakgy bolsa ýoknasyz dili bilen bir bendäni tama baglap, dünýäden ötdi gitdi. Gabawyň ilkinji güni gala urduryp giren duşmany yza serpikdirenlerinde, başa-baş söweşde ol gylyjyny döwdüripdir. Gaçjak bolupmy ýa gorkup, ol aşak eglipdir weli, duşman onuň çat bilinden salypdyr gylyjy. Onuň her bölegi atyň bir tarapyna düşüpdir. Müjerret bagtygaranyň ölümem ile-meňzeş bolmady, mundan iki bölünip gitdi. Näme üçindir, Hajy demir onuň ýerine görünmedi. Ine şeýle adamdan suw soramalydy. Gara mergen başyny aşak salyp, bu zatlary hyýalynda aýlap, barşyna, maňlaýyny Hajynyň gapysyna diränini duýmady. Ol gamçynyň sapy bileň dagdan gapyny batly-batly kakdy. Howlynyň içinde aýak sesi eşidilende bolsa: – Habarlaş – diýip gygyrdy. Hajy ýigitleriň öňünden açyk ýüz bilen çykdy. – Geliň, goçaklar, at tutaýyn. – Bu gowgada arkaýyn oturyp bolmaz, Hajy aga. At ýene bir gün tutular. Biz-ä bir ýol üstünden bokurdagy ölläp geçäýeli diýdik. – Wah, käşgi myhman suw sorasa diýipdirler. E-heý, Ene haw!.. Ýaş gelin daş tamyň kiçijik işiginden iki epilip çykdy-da, boýuny dikledi. Onuň bolşy tupan sowlansoň, derekleriň dal gerdenini dikleýşine meňzeýärdi. Ol adamsynyň ýüzüne seredip, mylaýym ýylgyrdy. – Bu goçaklara suw ber. Ene daş çykyşy ýaly, eplenip içeri girdi. – Ol uly küýzäni göterip gelşine, çep gapdalyna çala gyşarybrak çalt-çalt ädimleýärdi. Ol gözüniň gytagy bilen Hajy demriň ýüzündäkini okap, küýzäni çalasynlyk bilen göterip, mergene uzatdy. Küýze Gara mergeniň elinden agzyny açyp öwelip duran Gully ýetimege geçdi. – Suw ýaşkiçiden diýipdirler, Gully han, iç! – Hawa, hawa, içiň, goçaklar, oňatja ganyň. Bizde suw kändir. Doýmasaňyz Ene ýene çykaryp berer. Beýleki oglanlara-da aýdyň, suwsany bolsa, gelip içip gitsin. Ýaşulynyň gül ýaly açylyp durşuna tolgunan mergen suwdan datmazdan gandy. Ene ömründe atly görmedik ýaly, kirpikmen gözlerini balkyldadyp, ýigitleri bir-bir synlaýardy. Onuň çukanakly eňegi pamyk ýaly akdy. Birki gezek ýuwlan keteni uzynak gerdene dar bolup, çekilişip durdy, goşarlary ýalaňaçdy. Ol bileziksizem gaty täsin görünýärdi. Boýy uzyn bolansoň, ol gyrma köwüşde ökjesine galyp duran ýalydy. Ýaşmak hol aşakda, döşüniň üstündedi. Aslynda ol agyr ýaşmagam däldi-de, uly ala ýaglygyň bir çowudy. Olam bir tär bilen başa oralansoň, başdan syparly bolup, gara saçlary güjeňläp durdy. Ene bu ýigitlerden çekinmeýärdi. Sebäbi olaryň ählisi Hajydan kiçidi, Hajynyň ogullary ýalydy. Aýalyň hormaty bolsa, adamsynyň ýaşyna görä bolýar. Hajy bilen Ene boş küýzäni alyp, işigiň agzynda galdylar. Ýigitler bu ýere sus gelenem bolsa, gaýdyşyn atlaryny gamçylap, daýyrdaşyp tozan turzup gitdiler. Sähel salymdan ikinji, üçünji topar atlylar olara suw içmäge gaýtdylar. Soňrak suw içen oglanlaryň birinden öňräk suw içen: – Siz Enäni gördüňizmi? – diýip sorapdyr. – Wah, diňe görmekmi, onuň ak golundan suwam içdik – diýip, beýleki magtanypdyr. – Äl-aýt, onuň bileklerini. Samsyk Hajy, gapdalynda şeýle bilek barka, başyny ýassyga goýup ýatýandyr? – Sen nä bilýäň, başyny nirä goýýanyny?! Beýle gözeli saýlamagy başaran oňa eýeligem oňar. – Aý, diýseňem-ä garry göwündir özi. Oňa biz ýaly hyzmatkär gerek dälmikä? – Haý-haý, päliňi dürs tut. Hajy eşidäýse, ýene senem oduna alyp gidäýmesin. – Oduna gitmekden gorkýan adam olar ýaly gözeliň hyzmatynda durup bilmez. Jaňňy han, mert durgun, mert. – Aý, hawa-la, geregi bir gara baş bolsa beräýeris. Alaman aldy nä, ol aldy nä. Häliden bäri dymyp duran Gully ýetimek ýeňi bilen maňlaýynyň derini syrdy-da: – Oglanlar, näme diýseňizem, Enäni-hä gördük – diýip, bir süýji tamşandy. – Wah, göwnüm bol-a, Gully han, Enäni däl, sonany gördüm diýsene. – Hany, oglanlar, gören bolsaňyz gowy edipsiňiz. Ýerli-eriňize baryň. Ýene birden ahmal galaýmaň. Galanyň daşynda ajal ygyp ýör – diýip, mergen olaryň gürrüňini böldi. – Olaryň özüni ahmal galdyraýsak näderkä? Beýdip garaşyp ýatandan... – Şeýdeli-haw, mergen, muny. Şu gije, belki, bize pena bor. Ýigitlere uly gowur aralaşdy. Olar ýerli-ýerden seslenýärdiler. – Oglanlar, ýuwaşrak. – Gara ýigitleriň gohuny basdy. – Meniň özümem şol pikirde. Goja bilen ýene bir maslahatlaşmaly. Belli netijä gelsek, onsoň aýdarys. Häzir heriň öz ýeriňe bar... Goja bilen mergen indiki işleri barada maslahatlaşýarkalar, uly derwezäniň bärsinde Gully ýetimek hiňlenýärdi. Öňki ýadaw, sus ýigitler indi janlanypdylar. Göýä Hajy olara suw däl-de, meý paýlan ýalydy. Olarda birhili çuswaňlyk, galjaňlyk duýulýardy. Ýigitleriň howalasy belentdi, ruhy gaýduwsyzdy. Galanyň aşak, ýokary tarapyndaky ýigitler käte daýyrdadyp, ondan-oňa at salyp, göýä biri-birine şatlykly habar buşlaýan ýaly, galanyň içinde gypynçsyz gezýärdiler. Gün ýaşyp, garaňky gatlyşanda, mergen ýigitleriň üstüne aýlanmaga çykdy. Ýigitleriň biri gylyjynyň gabyny dutar edinip: – Men bu gün Enäni gördüm, boý-eý... – diýip hiňlenýärdi. Aňyrrakda telpegini eline alyp, çöküne düşüp galkyjaklap oturan ýigit: – Baglarda sonany gördüm, jan-eý... – diýip, onuňkynyň üstüni ýetirýärdi. Ýigitler mergeni görüp, aýdymyny kesmediler. Mergen ýylgyrdy-da, ýigitleri utandyrjagam bolmady. – Näme diýseňizläň, oglanlar. Şu gije it ýatyp, guş uklanda, dört-bäşiňiz galadan aşarsyňyz. Aňyrda etjegiňizi ediň. Ýöne... Ýöne şakyrdy-galmagal bolmasyn. Özüňiz ele düşäýmäň. Garaz, ahmal galmaň. – Wah, diliňe döneýin, mergen jan, öňräk şeý diýmelidiň. – Howlukmaň, gowy imisalalyk aralaşsyn. Daňyň ukusynda hereket ediň. – Düşnükli, mergen jan. – Eger goh bolsa, beýlekilere-de kestiňiz ýeter. – Düşündik. Gara mergen beýleki oglanlaryň ýanyna ugrady. Asyl bu garagollar gojadyr mergenden idinsiz öz aralarynda habarly bolarly. Ötükde oturanlar Hajy demriňkiden bir däl, gaýtalap suw içipdirler. Bularyň howalasynyň belentligi ýöne ýere däl eken. Hajy demriň serwi boýly, maral gabak, akbilek gelni ýigitlere suw paýlap bilipdir. Ýöne şu aýdymyň bir ujy Hajy demriň gulagyna baryp ýetse nähili bolar? Onsoň ol Enäni atyň syrtyna alagada, oduna diýip, dagyň iň uçut gaýasyna tarap tutdurybermezmi? Beýtjek bolsa, özi näme üçin ony ýigitleriň öňüne çykardyka? Ol ar-namysa beýlekilerden artygrak düşünýän adam ahyryn. Belki, ol namysy göterjekdir edendir. Ol eden işini bilmän edýänlerden däl. Şu garrynyňam gel-gel bu gün suw diýip, Hajy demri tutuşyny görsene. Gara Enäniň ykbaly, Hajynyň namysy barada hernäçe aladalansa-da, ýigitleriň aýdymyny diňläninde, onuň özem biygtyýar ýylgyrýanyny duýman galdy. «Eger men ýalňyşmaýan bolsam, Gully ýetimegiň şu gün ömründe ilkinji gezek aýdym aýdyşydyr. Ertir ölüme gitjek bu gün aýdym aýdyp bilse – ol gudrat. Goý, şatlansynlar. Bulara takdyryň ertir näme getirjegi belli däl ahyryn». Ol ýigitlere tabşyryk berip aýlanyp gelýänçä, ýary gije bolupdy. Goja mergeniň getiren habaryny agraslyk bilen diňledi-de, öňki endigine görä birsellem dymyp oturdy. Oglum, şu gün säher duşmanyň bolşuna bir nazar aýlaly. Eger biziň oglanlar olary sähelçe aljyraňňylyga salyp bilseler, onda, irden derwezäni açagada, olaryň üstüne süreli. Gözüňi ýumup, gara başy orta atyp topulaýmasaň, duşman eýgertmez. Onda-da ählimiz, galanyň içindäki gujurlyrak aýal-ebtatlara çenli, güýjümizi jemläp, agzybirlik bilen topulmasak aldyrmaz. – Wah, häzir kime ýör diýseňem, zatdan gaýtjak däl. Oglanlara soňuny saýmaz bir gaýrat-a gelipdir. – Şeýle-de bolmalydyr, oglum. Adam namysyny orta atansoň, zatdan gaýtmaz. Galada bir üýtgeşikligiň bolanyňy daşyndakylaram duýdular. Demini sanap ýatan agyr hassa birden aýak üstüne galyp giden ýaly, bu alamana geň ýagdaý bolup göründi. Olaryň arasyna dowul düşdi. – Alamanbaşy ynjalyp bilmedi, ötüge golaý gelip, dil bilerini ýanyna çagyrdy. – Olar näme diýip gygyryşýarlar? – Aýdym aýdýarlar, beg aga. – Aýdym?! O nähili aýdym? – Şu gün birini gördüg-ä diýýärler, beg aga. Ýöne kimi görenini gowy eşidip bolanok. – Lal aç, öli! Gabawy böwüsdiripsiňiz. Häzir çar ýanyňdan dökülişip başlarlar weli, kimi görenini bilersiňiz. Ýagşam bir olja alyp gönendik. Indi başyňy gutarsaň razy bol!.. Нudaýberdi НАLLYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |