19:44 Bibi / hekaýa | |
BIBI
Hekaýalar
– Gardaş, hany tursana. Daş-töweregiňe bir seret. Myrat ýoldaşynyň sesine gözlerini açdy. Ýerinden böküp turmaga synandy. Arman bir elden, bir aýakdan mahrum göwre beýle çalasyn hereket ederden ejizdi. – Gardaş, hany aýnanyň öňüne gel bakaly – diýip, ýoldaşy onuň ýerinden turmagyna kömekleşdi. – Töweregiň gözelligine bir syn kyl. Daşaryny synlap duran Myrat gyzyl gülälege beslenip oturan giň sähradan gözüni aýryp bilmedi. Birdenem bu gözel görnüş ikinji bir gözel görnüş bilen utgaşyp gitdi. Eliň aýasy ýaly tekiz kartalar iki gulak gowaça gämiklerinden apbasy düzünip ýatyrdy. Kartalaryň arasyndaky ýaplaryň boýunda bolsa tut agaçlary sytara düzülen ýalydy. – Biz nirä geldik? – diýip, Myrat aýnadan gözüni aýyrman sorady. – Çärjewe ýetip gelýäris – diýip, ýoldaşy oňa jogap berdi. Myrat jübüsinden «Kazbek» gutusyny çykardy-da, çilim otlandy. Onuň çilimi birki gezek nebsewürlik bilen sorup, goýy tüssesini burugsadyp goýbereni hem şoldy welin, arkasyndan bir aýalyň sesi eşidildi: – Mümkin bolsa, bu ýerde çilim çekmäweriň. Ýaş çaga bar. Bu ses Myrady tok urana dönderdi. Ol bütin göwresi bilen elenip gitdi. Bolsa-da şol sekundyň özünde elindäki çilimini penjireden daşaryk zyňyp goýbermegi unutmady. Ýaňky aýal sesiniň: – Sag boluň. Ýaşyňyz uzak bolsun – diýen minnetdarlykly sözleri ony otdan alyp, suwa saldy. Ol ýalňyşmandy. Bu onuň sesidi. Ol bu sesi ýadyndan çykaryp biljek däldi. Ol hemişe ol sesi kalbynyň iň mukaddes ýerinde saklap, oňa diň salyp, ondan ruh alyp ýördi. Ony bu dünýäde ýaşadyp ýören şol sesiň kalbyndaky ýaňydy. Myrat yzyna-da gaňrylyp bilmedi. Ol ses gelen tarapa seretmäge hem mejaly ýetmän, doňan ýaly bolup durdy. Şol wagt hem otly stansiýa ýetdi. Olaryň wagony ullakan bir agajyň gabadyna gelip saklandy. Indi Myrat yzyna öwrülmese-de, aýnanyň ýüzünde küpäniň içinde oturanlaryň keşbini saýgaryp bilýärdi. Hawa, bu şody. Bibidi. Ýöne onuň sesi üýtgemedigem bolsa, özi tanalmaz ýaly üýtgäpdir. Onuň bir wagtky topugyna düşüp duran nogta ýaly gara saçlary agaryp, bir topbajyk bolupdyr. Onuň bir wagtky dolan aý ýaly ýüzi hem ýygyrt atypdyr. Bir wagtky alma ýaly al ýaňaklar bolsa indi içine çöküpdir. Ozal aljyraňlylykdan özüni ýitiren, yzyna seretmäge mejaly ýetmedik Myrat indi özüni ele alanam bolsa, Bibä tarap öwrülmek meýlini zyňyp taşlady. Gaýta ol aýagyndaky proteziniň yza berýändigine garamazdan, yzyna öwrülmezlik, Bibä özüni tanatmazlyk üçin şol bir durşuna durmagyny dowam etdi. Hyýalynda bolsa ol çagalyk ýyllaryna dolanyp bardy. ...Olar her gün diýen ýaly bukuldym oýnardylar. Myrat her ýerde gizlense-de, Bibi ony derrew tapardy. Muňa Myradyň gahary gelerdi. Onuň gaharynyň gelýänini bilen Bibi bolsa hezil edinip gülerdi. Ýöne Myrat nirede gizlense-de, ony gözläp tapmaga gorkmaýan gyz, oýun gutaryp öýlerine gaýtmaly bolanda, arwah-jyndan gorkýandygyny bahana edinerdi. Onsoň Myrat ilerki hatarda ýaşaýan Bibini her gün öýlerine çenli ugradyp gaýdardy. Bir gezek baharda Myrat Bibä bir desse ter çemen gowşurypdy. Şonda Bibi şeýle bir üýtgeşik mähir bilen ýylgyrypdy welin, onuň şol keşbi hiç wagt Myradyň göz öňünden gidenokdy. Bir gezek olar teatryň agzynda duşuşmagy wadalaşdylar. Myrat ol wadalaşylan wagtyň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşypdy. Ertir teatryň agzyna barmaly güni uzakly gijesini çirim etmän geçiripdi. Ýöne olar ertesi teatryň agzynda däl-de, gyzyl wagonyň gapdalynda duşuşmaly boldular. Bibi her näçe merdemsirän bolsa-da, yzyna öwrülip häli-şindi gözüniň ýaşyny süpürýärdi. Ol pursatda gözüni süpürýän ýeke Bibi däldi. Kim ýaryny ugradýardy, kim doganyny, kim kakasyny ugradýardy. Bibiniň «Hat ýazyp durgun» diýen haýyşyna Myrat «Maňa garaşgyn, men hökman gelerin» diýip jogap beripdi. Bibiniň «Zöhräniň Tahyryna garaşyşy ýaly garaşaryn» diýen sözleri Myradyň gulagynda hemişelik ýaňlanar durardy. Myrat fronta ugranda Bibi oňa Magtymguly Garlyýewiň «Bibi» diýen aýdymy ýazylan gramplastinkany hem ýadygärlik berip goýberipdi. Myrat her hili kyn pursatlarda-da ol gramplastinkany gözüniň göreji ýaly aýap saklady. Onda-munda dynç almaga maý tapdyraýsa hem onuň bar işi patefon gözlemek boldy. Şonuň üçinem onuň söweş dosty, sibirli ýigit Iwan Kuzmiç degşip oňa «Patefon» diýip at beripdi. «Myrat, sen duşman bilen söweş etmäge geldiňmi ýa-da patefon gözlemäge?» diýip, ol hezil edinip gülerdi. Ol ilki batlara Myrat oýun edýändir öýderdi. Onuň oýun etmeýändigine göz ýetirenden soň bolsa, Iwan Kuzmiçiň özi hem patefon gözlemäge kömekleşip başlady. Ýöne Myradyň patefon tapyp, Bibiniň beren plastinkasyny diňlemek arzuwy aňsat-aňsat ýerine düşmedi. Ahyry biziň goşunlarymyz Kiýewi azat edenlerinden soň, Myrat daga birnäçe gün dynç almak miýesser boldy. Şonda Iwan Kuzmiç starşina Marçenkodan patefon gözlemek üçin rugsat sorady. Ol bolsa diňe bir Iwan Kuzmiçiň özüne rugsat bermek bilen çäklenmän, onuň ýanyna üç-dört sany ýigit hem goşup goýberdi. Şeýdip, bir gün agşam ukrain tokaýlarynyň içinde Magtymguly Garlyýewiň ýerine ýetiren «Bibi» aýdymy ýaňlandy. Bütin rotanyň soldatlary patefonyň daşyna tegelendiler. Ol aýdym barada, bagşy barada sorag üstüne sorag ýagdyrdylar. Myrat bolsa olara hemme zat barada gürrüň berdi. Ol plastinkany söýgülüsi Bibiniň ýadygärlik berip goýberendigini aýtdy. Şondan soň patefona gaýtalap-gaýtalap tow berildi. «Bibi» yzly-yzyna ýaňlandy: Gamzaň oky degdi başa, Haýran etdiň, hanym Bibi. Bizi goýup gitseň daşa, Akar gözden ganym, Bibi. Bu sözleri Magtymguly bagşy aýtman, Myradyň hut öz ýüreginden çogup çykýan ýalydy. Bu aýdym rotadaky soldatlaryň hemmesini haýran etdi. Rus, ukrain, gazak, özbek ýigitleriniň hemmesi Bibi hakdaky aýdymyň ýesiri boldy. Şondan soň Myrat her gezek obadan hat alanda onuň ýoldaşlary Bibi hakda soraýardylar. Gramplastinkany ozal diňe Myradyň özi aýap saklan bolsa, indi tutuş rota ony aýap saklaýardy. Bir gün Iwan Kuzmiç yhlas edip, berýoza agajyndan ol plastinkany salar ýaly ýasy gapak ýasady. Onuň bu gaby hemmeleriň göwnünden turdy. Samarkantly ýigit Şarypjan Omarow derrew berýoza şepbigini gaýnadyp, ol gabyň iç ýüzüne mahmal ýaly ýumşajyk matany ýelmedi. Belorus ýigidi Ýanka Aladow bolsa günuzyn iş edinip, gapagyň agzyna gulpjagaz ýasady. Ermeni ýigidi Rafik Artýunýan bolsa gabyň daşyna nagyş çekdi. Indi ýykylaýanynda-da ol plastinkanyň döwüljek aladasy ýokdy. Uruş tamamlanyp barýardy. Indi Magtymguly bagşynyň «Bibisi» Berliniň eteginde ýaňlanýardy. Daňdanyň ümüş-tamşynda Myradyň gulluk edýän rotasy hüjüme geçdi. Öňe ylgap barýan Myradyň gapdalynda top oky ýaryldy. Ondan sag-aman sypdym diýse, ikinjisi edil alkymynda ýaryldy. Oňa bütin dünýä sarsyp giden ýaly boldy. Ol şondan soň hiç zat bilmedi. Ol özüne gelende gospitalda ýatyrdy. Özem ol özüni tanamajak boldy. Indi ol bir aýaksyz, bir elsiz ýarty göwre bolup ýatyrdy. – Sen, inim, diri galanyňa şükür et. Ine, sag-aman aýaga galarsyň, ýöräbem bilersiň, gezibem – diýip, Myradyň ýagdaýyna düşünen wraç oňa göwünlik berdi. Ýöne beýle sözler bilen Myrady ynjaldyrmak mümkin däldi. Ol bütinleý başga adama öwrüldi. Özüniň iň mukaddes arzuwlary bilen hoşlaşdy. Bibä hat ýazmasyny kesdi. «Men ýarty göwre halyma kime gerek? Onuň bir bagtyny ýatyrmaýyn» diýip şeýtdi. Bibini tüýs ýürekden söýendigi üçin şeýtdi. «Goý, Bibi meni uruşda ölendir öýtsün, men dolanyp ilime-de barmaýyn, Bibiniň gözüne-de görünmäýin» diýip ýüregine düwdi. Ol özüniň süýji arzuwlary bilen hoşlaşsa-da, Bibiniň ýadygärlik beren plastinkasyny welin, henizlerem gözüniň göreji ýaly aýap saklaýardy. Özi dogduk mekanyna gaýdyp gelmedigem bolsa, Myradyň ýüregi hemişe obasyndady, Bibidedi. Dogduk mekany, Bibisi bir minut hem onuň ýadyndan çykmandy. Ine şonuň üçinem ol häzir öz mähriban ülkesine gaýdyp gelýärdi. Ençeme ýyllap ýanynda göteren plastinkasy bolsa häzirem çemodanyndady. Otly çalaja sogup ugrady. Myrat bolsa henizem penjiräniň agzynda daşaryk seredip durşuna, pikir kölünde ýüzmegini dowam etdirýärdi. Şol wagt hem wagondaky radioda aýdym-saz ýaňlanyp başlady. – Halk aýdymy «Bibi». Ýerine ýetirýär respublikamyzyň at gazanan bagşysy Magtymguly Garlyýew – diýip, diktor nobatdaky aýdymy yglan etdi. Sazyň owazy ýaňlanyp başlandan Myrat özi-de duýman radio tarap öwrüldi. Emma ol näçe çalt öwrülenem bolsa gijä galypdy. Diktoryň sesine zöwwe ýerinden galan Bibi eýýäm reproduktoryň alkymynda durdy. Myrat bilen Bibi ikisi boýdaş boldy. Göreçler biri-biri bilen sataşdy. Myrat ýüzüni sowjak bolup jan etdi. Emma başarmady. Nazaryny Bibiden aýryp bilmän doňup galdy. Bibi bolsa ilki öz gözlerine ynanmady. Birdenem: – Myrat, sen dirimidiň?! – diýip, oňa tarap topuldy. «Bibiniň» jadylaýjy owazy bolsa Myradyň ýüreginden joşup çykýan ýaly jümle-jahana ýaň berýärdi. Rejep GUTLYÝEW. | |
|
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |