16:00 Bilýänem dälsiň | |
BILÝÄNEM DÄLSIŇ
Goşgular
“Sen bilýänem dälsiň, şojagaz pursat Ýüregimde aýdym bolup galanyň” Kakamyrat Rejebow “Sen bilýänem dälsiň, şojagaz pursat Ýüregimde aýdym bolup galanyň” Aňýanam dälsiň sen okara gözleň Bu oglan göwnüme salan talaňyn. Ah, sen şonda meniň ýanymdan däl-de, Kalbymdan ýöräniň bilýänem dälsiň. Bilmeýänem bolsaň, unudan sen, Meň kalbymda weli bakylyk galsyn. -“Dildar” diýmek “göwün alan” diýmekdir – Diýipdi bir mahal şahyrlaň biri. Ogurlyk edenňi bilýänem dälsiň, Ogurlandym. Indi men yşk ýesiri. Bir pursatlyk süýji söhbet edipdik, Eger bilýän bolsaň, şuny bilýänsiň. Emma şol pursadyň ömre deňdigin Eý, dildar, sen entek bilýänem dälsiň! 22. 01. 2011 ýyl | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |