05:50 Bir mydar ederlik garyplyk: "Ölmek mesele däl, ýaşap bolmazlyk gorkunç" | |
ÝÜZÜP BOLÝAN ÝAŞAÝYŞ ÝA-DA BIR MYDAR BAR GARYPLYK: "ÖLMEK MESELE DÄL, ÝAŞAP BOLMAZLYK GORKUNÇ"
Publisistika
Illýustrasiýa: Dilşan Çandragupta Syr diýeniñ tor ýaly - deşiginden biri ýyrtylsa, biraz wagtdan soñ hemme ýeri ýyrtylýar. Almazlar diñe gara ýeriñ garañkylygynda, hakykatlar diñe añ-düşünjäniñ çuñlugynda bolýar. Ruhy sarsgyn bilen deñeşdirende bir şäheriñ sarsgyny dagy nämemiş? Adam jemgyýetden has çuñ bolýar... Iñ kyny-da şu: Ölmek mesele däl, ýaşap bilmezlik gorkunç! * * * Wiktor Gýugo "Wiktor Gýugodan durmuş sapaklary kitabynyñ düşündirişi" kitabynda şeýle diýýär: "Örän täsirli, soñy-da örän gynançly. Pikir etseñizläñ, "ýaşap bilmezlik" diýen zat bar we bu ölmekden has beter!" Näme üçin şu setirleri ýadyña saldyñ diýýän bolsañyz, "itenek-çomanak bolup ýetde-gütdelikde" ýaşaýan dünýämiziñ indi ne duzy-tagamy galdy, ne keýpi-sapasy. Öñler duzy-tagamy bolupdyrmy, bilemok welin, dogrymy aýtsam ind-ä hiç zat ýadyma-da düşenok, ýöne maña-ha hemme zady öz bolşy ýaly "ugruna kowup" ýören ýaly bolýarys. Onuñ adyna-da "bir mydar bar" diýen ýaly owadan at tapypdyrys. Aslynda "çydamazça däl", "oñuşmazça däl", "oññut edip boljak", "munça bolsa, şükür edibermeli" diýen atlary-da tapybermeli. Şoñ üçinem men özümiñ "wiktorçydygymy" boýun alýaryn! Men eýýäm näçe wagt bäri dünýä ilatynyñ esasy nesli bilen bir hatarda ýurdumyzyñam "bir mydar bar garyp durmuşa" iterilýändigini pikir edýärin. Hemme zat kynlaşyp barýar. Munuñ alamatlaryny gözledim we tapdym: Agzy hyryn-dykyn adamly, uzyn-uzyn nobatly supermarketler, azyk dükanlary! Hut şolar-da. Nämüçin şeýle netijä gelenimi aşakda düşündirjek. Häzirlikçe adam başyna düşýän girdeji bilen deñlik düşünjesini dörjeläsim gelýär. Matematikada, belkäm, gündelik durmuşda-da deñlik öz hökümini ýörederden ejiz gelýär. Matematika we deñlik diýen zadyñ, belki-de, bilim nukdaýnazaryndanam ähmiýeti bar, emma biziñ durmuşymyzda hakykatyñ kesişýän sepgidi ýok, diñe ritoriki taýdan manysy bar diýip bileris. Dünýäde indi gepi köp çykýan "Oxfam" halkara haýyr-sahawat guramasy tarapyndan çap edilen soñky maglumatnama biziñ dykgatymyza diñe "ýüzümjzi ýere saldy" diýip boljak ykdysady kartinalaryñ birini ýetirýär. Maglumatnama diñe soñky iki ýylda öñe çykan 42 trillion dollara barabar baýlygyñ üçden iki bölegine golaýynyñ dünýäniñ ilatynyñ iñ baý hasaplanýan 1%-lik gatlagyna gidýändigini görkezýär. Angliýada ýerleşýän guramanyñ "Baýlaryñ diri galmagy" atly maglumatnamasynda gürrüñi gidýän paýyñ 99%-niñ tutýan mukdarynyñ iki essesine golaý. Maglumatnama görä öte baýlar 2021-nji ýylyñ ahyryna çenli 26 trillion dollaryñ eýesi boldy. Bu görkeziji 2020-nji ýyldan bäri gazanylan jemi baýlygyñ 63%-ne barabar. Galan 37%-lik bölegi bolsa beýleki 99%-lik gatlagyñ jübüsine girdi. Maglumatnamada milliarderleriñ jemi baýlygynyñ 2020-nji ýyldan bäri günde 2,7 milliard artýandygy, muña derek azyndan 1,7 milliard işçiniñ inflýasiýanyñ nyrh gymmatlaşygyndan ozan ýurtlarynda bolýandygy hasaba alyndy. Ýagdaý hakykatdanam ýaramaz. Bulary okandan soñ-a "dostum, nämüçin ýaşap ýörüs?" diýibem bileris. Ýa-da käbirleriñiz "Hernä, Türkiýede ýaşaýan ekenik" diýenem bolmagy ahmal, ýöne diýmäñ. Bizde-de ýagdaý öwerlikli däl. "World Inequality Lab" tarapyndan taýýarlanýan dünýä boýunça 2022-nji ýylyñ deñsizlik maglumatnamasynda iñ köp gazanýanlaryñ 10%-niñ bir ýyldaky ortaça girdejisi iñ az gazanýan 50%-lik ilatdan 23 esse köp. Bu görkeziji Türkiýäniñ hem Braziliýa, Meksika, Hindistan ýaly ýurtlar bilen birlikde dünýäde adam başyna düşýän girdeijiniñ adalatsyz paýlaşylýan ýurtlaryndandygyny görkezýär. "23 näme?" diýip bilersiñiz. Maýkl Jordanyñ legendar köýnekçesiniñ belgisi däl, deñsizligiñ esseme-esse görkezijisi! Bu 23 esse deñsizligiñ görkezijisi uzyn-uzyn nobatly supermarketler diýipdim. Nämüçin şular ýaly köpeldiler? BIM, ŞOK, A101 we ýene nijemeleri… Hem täzeleri, hem öñden işläp gelýänleri kömelek ýaly köpelýär. Häzirki wagt pudak boýunça 42 müñ sany skidka marketi işleýär we bularyñ sany soñky 10 ýylda 395% artyp, pudak paýlary 79%-e ýetdi. Öñümizdäki bäş ýylyñ dowamynda 13 müñden gowrak täze dükan açylmagyna garaşylýar. Munuñ özi 55 müñe ýetirmegi añladýar. Bu grafikde zynjyrmarketleriñ bölekleýin azyk söwdasyndaky paýy 85%-e ýetmegine garaşylýar. Zynjyrlary üzüm-üzüm eden marketler! Ýoluñ ugruny syryp barýan welin, niräme seretsem zincir market. Müñlerçesi, on müñlerçesi bar. Köpüsi üç harply, olary görsem jyn urana dönýärin! Nädip bolmasyn? Bir adamyñ 11 müñden gowrak dükany bar, beýlekisiniñ 9 müñ 611. Olaryñ yzyndan ýetip barýan üçünji biriniñ bolsa 9 müñ 523 dükany bar. Olaryñ yzyndaky dükan sany bolsa 2022-nji ýyldan bäri 2843 sany. Bulardan başga-da ýene on müñlerçesi bar. Kenardaky çägeler ýaly köp, bärde olaryñ olaryñ zähmetkeş medeniýetini kül-uşak edendigi ýa-da gündelik durmuşa nähili täsir edýändigi, negözel käbir nusgalyk medeni öwüşginleri deformirländigi hakda söz açjagam däl. "Bakgal agalara" taý geljek zat ýokdy, olar durmuşyñ hakyky aktýorlarydy. Zerurlygymyza görä alýandygymyza ynanýan ynamly nokatlardy. Bakgaldan hemme zadyñ täzesini alardyk. Ol wagtlar himiki garyndylar goşulan azyk önümleri ýokdy, hiç kim artykmaç zat öndürjek bolup durmazdy. Näme alsak, dadyp alardyk. Süýt hakykydy, gatyk hakykydy, ýumurtga hakykydy, gözüñ ýagyny iýip barýan köne we täze peýnirler hakykydy. Hawa, bular dogry, ýöne häzir gürrüñ bu hakda däl. Gürrüñimiz zynjyrmarketleriñ edýän işi, bu marketler nähili iş edýär? Aýlap-dolap durman, gönimi aýdaýyn. Has arzan bol önümleri tapyp satýan bu marketler arkaly satyn alma-sarp etme güýjümiz barha artýan ýaly duýulýar. Bärde-de ara bu arzanlaşyk marketleriniñ mentaliteti girýär. Ýene bir gezek nyrha dahylly çemeleşmeli faktorlar ulanylýar. Bir market içindeki yüzbinlerce ürün içindeki bazı ürünler "öñe çykarylan" biçüwde arzan kesgitlenýär. Bular iñ köp sarp edilýän önümlerden ybarat we bu strategiýa marketleriñ ähli önümlerini "ýalañaçlap" berýär. "Hamala bolaýmaly zat ýaly" düşünje emele getirilýär. Arzanlaşyklar aýlyk, hepdelik kataloglar arkaly müşderide yzygiderli gyzyklanma mehanizmi döredilýär we söwda merkezleriniñ giñden ýaýranlygy bilen bu marketler müşderileri özüne ýüpsüzje dañýar. Bu esasy käbir önümlere bolan zerurlyk toparlarynyñ arzanlygyny nädip üpjün edýärler eýse? Ýa-da arzançylyk pikirini? Satylan zapas ölçegi köp, sürüm ýokary bolýaram welin, bu marketler tebigy ýagdaýda her galamdan örän köp mukdarda satyn alýar we ýokary mukdardaky satyn alşyk ýurduñ içindäki we daşyndaky arzanlaşyk marketleriniñ iñ esasy artykmaçlygydyr. Şuny aýdaýyn. Bulam puluñ gymmatyna tokunyp, satyn alyş güýjümizi ýokarlandyrýar. Aýdypdyk, aýratynam iñ köp sarp edilýän "düýpli zerurlyk maddalary" hamana şol bahadanmyş ýaly pikiri döredýär. Aslynda munuñ özi inflýasiýany belli bir derejede "şol wagt ölçegi" üçin döwmek ýaly bir zat. Inflýasionistik şertlerde pes çykdajyly zapas mümkinçiligi ululykly satuwynyñ getiren bäsdeşlik artykmaçlygy, ölçeg ykdysadyýetiniñ ýüzi, özümiziñ ýokary hilli diýýän hili pes önümleriñ köplügi, önümleriñ dürli-dürliligi, ýygjam bölümleşme we beýleki parametrler satyn alyş güýjüni hakyky we emeli ýagdaýda artdyrýar. Bu marketleriñ esasy funksiýasy-edýän işi şundan ybarat bolup görünýär. Ölçeg ykdysadyýetinden gurşaw ykdysadyýetine oýlanşykly çäre: Kömelek ýaly köpelýän marketler! Üstesine bu zynjyr marketler dine ölçeg ykdysadyýetine däl, gurşaw ykdysadyýetine gönükdiler. "Ölçeg ykdysadyýetiniñ" ýerini "gurşaw ykdysadyýeti" eýeledi. Islendik pursat üýtgäp duran we köp dürli harytlar çalt dolanşyga girýär. Dürli hilli, dürli nyrhly birmeñzeş önüm satuwy, soñky wagtlarda düşen satyn alma mümkinçiligine, çalt üýtgeýän moda, çalt sarp ediş meselesine şu marketler jogap berýär. Ýagny, näme bolýar? Ýüz dürli wafliniñ iñ arzanyny, iñ ýeñilini, iñ az şokoladlysyny, tüwiniñ ownugyny, noýbanyñ dermasonyny, zeýtunyñ ezilenrägini tapyp alýarsyñ, şol marketiñ sebeti ýa-da şugünki torbasy şeýleräk görnüşde dolýar. Çigit önümçiliginde önüme we paýlaşyk toruna baýlyk goşup biljek mahabatly upakowkalar, haý-haýly dükanlar we saýlama markalardan uzak durulýan başga hili arzançyllyk ritorikasy emele getirilýär. Esasynda sadalyk, tygşytlylyk we giñden ýaýran aýratyn marka dolanşygy bolan bu düşünje: pes kwadrat metrli dükanlar bilen maddy artykmaçlygy gazanýar. Hem aslynda sistema hemişeki ýöreýşi ýaly şeýle ýöräp dur, ýöräp dur... • Soñlama Wiktor Gýugo bilen başladyk, Jorj Oruell bilenem gutaralyñ. Onuñ "Haýwanat bagy" diýen kitabynda şeýle diýilýär: "Şujagaz gysga ömrümizi garyplykda, ertirden agşama çenli hars urup işläp geçirýäris. Dünýä inenimizden soñ iýmäge ölmez-ödi iýmit beren bolýarlar, ýaşap ýörenlerimizi tä jany çykýança işledýärler, işlerine ýaramsyz ýagdaýa gelenimizde-de, aýylganç rehim-şepagatsyzlyk bilen ýatdan çykarýarlar". Her niçik-de bolsa, dünýäniñ J.Oruelliñ sypatlandyryşy ýaly gitmejegi-hä anyk. Emma garyplygyñ hötdesinden pelsepe satybam gelip bolmaýar. Ony soñuna doly çykmadyk ýagdaýymyzda, deñlige ýakynlaşmasak jemgyýet sosiologiýasy hiçem deñleşmeýär. Ýeke-täk maksat garyplygyñ ähli görnüşiniñ hemme ýerde soñuna nokat goýmak bolmaly. Professor Ugur BATY / @ugurbati Duşenbe, 27.03.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||