15:22 Biziñ hemmämiz zombi, azajygam irrasional | |
BIZIŇ HEMMÄMIZ ZOMBI, AZAJYGAM IRRASIONAL
Psihologiýa
Fotosurat: Mişa Gordin / Volakis Gallery Soralyp durka jogap berip bolmaýan sowallaryň künjüne hoş geldiňiz. Bu gezek paradokslar we irrasionallygyň boýunturugyndaky adam faktoryndan söz açalyň, ýöne biraz hekaýatlaşdyryp. Örän iriziji günleri başdan geçirýäris, az-owlak hekaýat diňlemäge, köpräk paradoksa, aňymyzy durlamaga, göwnümizi açmaga zerurlyk duýulýar. Hemmämiz kelpeňlik edýäris, nämä nähili ynanjagymyzy bilmeýän hala düşdük. Hemme zat erbet ikirjiňlendirýär. Men hemişe aýdýan, äleme dahylly hemme zadyň syryny çözse bolýandyr welin, “Akasiýa duralgasy” (“Akasya Durağı”) teleserialynyň nädip bäş möwsüm dowam edendiginiň syryny çöşläp bolanok. Hemişe aýdyp gelýärin: bu ýurtda ilkinji gezek iňlis dilinden sapak alýan okuwçy mugallym "six" diýende mys-mys gülýän bolsa, onda arassalyk bozulypdyr. Şoň üçinem häzir gözlerimi ýumup Stambuly diňleýärin, bir görsem gapjygymam ýok eken-ä! Mus-musuň mustapasyna geleliň. Şu pany dünýäde ne kelpeňlikleri edýäris? Eýse ýene nijeme kelpeňlikleri ederiskä? Hakykatdanam beýnimizi çabrap alsyn diýip, ylmy-fantastiki edebiýatyň ussat ýazyjylaryndan Robert Haýnlaýnyň “Siziñ hemmäñiz zombi” ("All You Zombies" / «Все вы зомби») atly hekaýasyndan söz açasym gelýär. Hekaýa psihologiýada “ata paradoksy” diýip atlandyrylýan düşünjäni täze belentlige galdyrýar. Ilkinji gezek fantast ýazyjy Rene Baržaweliň “Seresapsyz jahankeşde” romanynda agzalan bu paradoksy rasional we irrasional bolmak baglanyşyklygynda juda gymmatly pikir ugruny açýar. Ata paradoksynda orta atylan haos düşünjesi şeýle: Wagt ýolagçylygyny edýän adamyň geçmişe gidip, atasynyň enesi bilen tanyşmanka ölümine sebäp bolandygyny göz öňüne getireliň. Ýagdaý şeýle bolsa, wagt ýolagçysynyň dünýä inmegi-de mümkin bolmaýar. Şeýlelikde yza dolanyp atasyny öldürmegi-de mümkin bolmaýar. Şeýle dälmi? Haýnlaýn hekaýasynda şu paradoksyň üstünde gurlan başga bir paradoks emele getiripdir we täsin tor örüpdir. Hakykatda Haýnlaýny hekaýasyny ilkinji gezek çap etdirmek üçin “Playboy”-a äkitmegi eýýäm başga bir paradoksmy - ony bilýän ýok, ýöne beýniňiziň potensialyny özüňize derňetjek hekaýanyň mazmuny şeýleräk: Hekaýada ýaňy dünýä inen Ýana atly bäbejik 1945-nji ýylda ýetimhana taşlanýar. Ýana ulalýar, 1963-nji ýylda bir kelpeňe aşyk bolýar. Ol bu kelpeňden göwreli bolýar, emma ýaňky kelpeň birdenkä gürüm-jürüm bolýar. Ýana çagasyny ýeke özi ulaltmagy makul bilýär, emma şowsuzlyklar kerweni ýene onuň söbügini sypdyrmaýar: çaga doglanda lukmanlar Ýananyň germofroditdigini (ikijynslydygyny) bilýärler we onuň diri galmagyny gazanmak üçin operasiýa edip, ony erkege öwürýärler. Kynçylyklar şunuň bilenem gutarmaýar, çaga dogranyna kän wagt geçmänkä bäbejigi dogluşhanadan näbelli adamlar alyp gaçýar. Halysalla ýadan, hemme zatdan bizar bolan, gyrakladylan Ýana durmuşdan doýýar, ol 1970-nji ýylda bir barda serhoş bolup başyndan geçenleri barmene gürrüň berýär. Neressäniň ýagdaýyna nebsi agyran barmen oňa “wagt ýolagçylarynyň kerwenine” goşulan ýagdaýynda özüni taşlap giden adamdan ar alyp biljekdigini aýdýar. Ýana kerwene goşulýar we wagt maşyny bilen 1963-nji ýyla dolanyp barýar. Ar almagyň öňüsyrasynda durka barda tanyşlyk açan başga bir ýetim gyzy halaýar, onuň bilen bile bolýar, gyz ondan göwreli bolýar. Ýagdaýdan habarly bolan barmen dokuz aý yza dolanýar we doglan çagany alyp gaçyp, 1945-nji ýyla dolanyp barýar we ony ýetimhananyň agzyna taşlap gaýdýar. Barmen has soňra kellesi mazaly çaşan Ýanany 1985-nji ýyla alyp gaýdýar. Ýana ol ýerde wagt ýolagçylygy kerweniniň hormatlanýan agzasydygyny we özüni tanatmazlyk üçin barmen bolup işleýändigini bilýär. Wagty gelende ýolagçylar kluby oňa kyn ýumuş buýurýar. Ol barmen tüýsüne girmeli, 1970-nji ýyla dolanyp barmaly we “Popyň ýeri” atly barda tanşan kelpeň ýigidi bilen tapyşyp, oňa kömek etmeli. Özüňiz pikir ediň: hekaýanyň we içindäki paradoksyň ahyrynda şu sowallaryň jogabyny tapmak mümkinmi: Ýananyň ene-atasy, enekesi, ogly, gyzy, agtygy kim? Olaryň hemmesi Ýanamy? Ýa-da Ýana şol bir wagtyň özünde hiç kimmi? Hudaýyň haky üçin biz näme edip ýörüs? Nämeleri başdan geçirýäris, biri orta çykyp, muny aýtmazmyka! Netijä gelme mehanizmleriniň esaslanýan logiki esas we ol ýerdäki aň hereketiniň prosesi ýüzlerçe ýyllap jedeli edilip gelinen meseledir. Beýleki ady sillogizm bolan we Aristoteli aňlarda diňe logiki netijelere baglaýan mantyk çarçuwasy uzak wagtlaýyn karara gelme prinsipleri babatda kesgitleýjidi. Ýeri gelende belläp geçmek gerek: Aristotel {x=>y, z=>y} |-- x=y ýaly netijeler bilen aslynda hiç hili gyzyklananokdam. Muňa Aristoteliň "propositional logic/sentential logic" ýa-da "first order logic" ýaly iki gymmatly mantyk işläp düzmegine biziň kibi soňky eýýamyň adamlarynyň beren ady diýsek has dogry bolar. Bu az-owlak Aristotel döwrüniň klassyky düşünjesiniň köstsüz akyl-paýhasa bolan zerurlygy sebäplidi. Elmydama islenen netijäni bermeýän tekiz mantygy öňe sürýän pikir Gadymy Gresiýada-da, has soňky asyrlarda-da karara gelmelerde, pikir ýöretmelerde täsirli faktora öwrülipdir. Hatda Aristotel gadymy döwürdäki gresiýalylaryň ganym duşmany persleri uruşlarda ýeňlişe uçratmak üçin şu görnüşde ulanandyklaryny-da dürli ýazuw çeşmelerinde agzap geçýär: “Heleýleriñ barsy köp derleýär. Pers erkekleri-de köp derleýär. Diýmek persiýalylar heleý. Şeýle ýagdaýda biz olary arkaýyn ýeňeris. Gorkmaň, gaýduwsyz söweşiň! “Ýok” hem diýip bilersiňiz, diýiberiň. Ýöne beýle ýagdaý bolýan zat”. Aristotelden ötünç soralyň. Emma indi irrasional çemeleşmeler bolmaýan zat däl. Şol bir wagtyň özünde Stýuart Sazerlendiň ýazan “Irrasional” kitaby mantyksyzlygyň kitabydyr. Ýazyjy “Jaws” (“Челюсти”) çeper filminden söz açýar. Çeper filmiň baş rolunda akula oýnaýar. Täsin film, ýöne oňa tomaşa edenler adamlardan ar alýan akulanyň bardygyna güpbe ynanýardy. Çeper film çykandan soň akulalaryň wagtal-wagtal plýažlara golaýlaşýan Kaliforniýanyň kenarýakalaryna suwa düşmäge gidýän adamlaryň sany ep-esli azalypdy. Ýogsam bolmasa, Angliýada geçen ýyl geçirilen bir barlagyň netijesi dünýä boýunça haýsydyr bir adamyň merdiwandan ýa-da ýatan krowatyndan ýykylyp ölme ähtimallygy akula çozma ähtimallygyndan has köpdügini görkezdi. Bir adamyň akula hüjümine uçrama ähtimallygy 300 milliondan 1-ne deň. Şindi irrasionaly has gowy aňlamak üçin gysgaça rasional bolmakdan ýola çykalyň. Rasional bolmagyň özi adama elýeterli maglumatlaryň çäginde dogry bolup çykma ähtimallygy iň gowy netijäni döretjek maksatlardyr. Rasionallygy diňe adamyň näme bilýändigine görä ölçäp bolýar. Rasional kararlar beýlekisinden has çylşyrymly bolýar. Baha berilmäge has açyk bolýar. Rasional tutum, rasional baha berme, adamyň häzirki maglumatlaryna görä maksadyna ýetme ähtimallygyny has ýokary derejä çykarýan hereketdir. Adamyň gözýetimine we situasiýasyna görä üýtgeýär. Rasional kararlar yzygiderlilik soraýan emele gelmeleri kesgitläp, geljegi çaklamak ýa-da şu günüň ýa-da düýnüň heniz nämälim taraplaryny orta atmak üçin ulanmakdyr. Zigmund Freýd özüňi alyp barmalaryň astynda ýatan aňasty proseslerden söz açanda, aýratynam libido bilen ýokarky-meniň arasyndaky çaknyşyk ýüze çykan pursatynda, irrasional taýdan baha berilen tutumlaryň hakykatda rasionaldygynyň aýan boljagyny subut etmäge synanyşypdyr.. Irrasional taýdan baha berip boljak özünňi alyp barmalaryň köpüsi libidinal meýilleriň ýaşyryndan ýaşyryn kanagata ýetmäge päsgel berýän zatlardyr. Libidinal meýilleriň kanagatlanmagyny ýokarky-menden ýaşyrýan gorag mehanizmleri aňdan daşardadyr. Şol bir wagtyň özünde irrasionaldyr. Bir sorag bereliň: Ömri ýetmän galjakdygy üçin haýryny görüp bilmejek puluny toplaýan husyt adam irrasionalmyka? Jogabyny bereliň: Hemmeler kämähal irrasionaldyr, ýöne şeýle adam irrasional däl. Ol diňe çagalykdan galan libidinal höwesini kanagatlandyrýar! Adyny öňem agzap geçen ykdysatçymyz professor Dan Arieli köp satylan “Kanagatlandyryp boljak görnüşde irrasional” (“Predictably Irrational") kitabyny irrasional formada ýazdy. Hawa, Arieli 18 ýaşynda agzasy bolan ýaşlar klubynyň çykyşyna salýut almak üçin partlaýjy ammara barýar. Şol wagt hem ammar partlaýar. Arieliniň göwresiniň ýetmiş prosenti ýanýar. Arieli bejergi wagtynda oýlanmaga başlap, şondan soňky ömrüni neýropsihologiýa ugruna bagyşlaýar. Megerem, şol geçiren trawmasyndan bolsa gerek, irrasional çemeleşmeleri çintgäp başlaýar. Nämüçin hemme zady ertä goýýandygymyzy derňeýär, parany diňe ahlagy peselen adamlaryň alyp-almaýandygyny barlaýar, impulsymyzyň bizi irrasionallyga ýöneldip-ýöneltmeýändigini çintgeýär. Aslynda “nämüçin irrasionallygy öwrenmäge başladyňyz?” diýen soraga professor Arieliniň beren jogaby-da diýseň rasional: “Men 18 ýaşymda erbet ýandym we hassahanada köp wagtymy geçirdim. her bir ýanyk hassasynyň başyna gelýän iň ýaramaz ýagdaýlaryň biri sargylaryñ çalşyrylmagydyr. Özüňizi şeapagat uýasynyň ýerinde goýup görüň: muny çalt ýerine ýetirersiňizmi ýa ýuwaşlyk bilen? Eger çalt ýerine ýetirseňiz-ä, beter yzaly boljak, ýöne az wagt gidýär, beýlekisi has az agyrsa-da, köp wagtyňy alýar. Şepagat uýalary muny çalt ýerine ýetirenlerini gowy görýär. Emma beýtmek ýalňyş, bu maňa has beter yza berýärdi. Hassahanadan çykamsoň şu meseläni öwrendim. Agaç ussahanasynda tagtadan mehanizm ýasatdym. Adamlaryň barmagyny şol mehanizmiň arasynda gysyp, dürli wagtlar üçin agyry derejelerini ýola goýdum. Ahyrynda şepagat uýalarynyň ýalňyşýandygy ýüze çykdy. Birinjisi, agyry wagtynyň çak edişiňiz ýaly ähmiýeti ýok. Bir zady iki esse uzaga çekdirmek iki esse agyryly edenok. Emma agyrynyň awusyny üýtgetseňiz, ähli tejribe üýtgeýär. Şol sanda agyrynyň barha güýçlenmegi oňa çydap bolmaz ýaly edýär. Awusy barha azalýan agyra döz gelmek has aňsat. Agyry uzaga çekjek bolsa, arasyna salym bermek hem diýseň peýdaly. Şepagat uýalay bolsa muňa düşünenokdy we täsin ýagdaýda hemmesi şol bir ýalňyşy gaýtalaýardy. ” Ýogsam bolmasa, ähli şepagat uýasynyň ähli näsaglaryň üstünde günde şol bir ýalňyşlygy gaýtalap durmagy hiçem ykdysadyýetiň rasional ynsan mantygyna gabat gelenok. Sebäp şepagat uýalary-da yza çekýärdi. Bu funksiýa şepagat uýalary üçinem hezillikdir öýtmäň, olaram şu işi ýerine ýetirende kösenýärdiler, şonuň üçinem olar üçin munuň wagtynyň ähmiýeti ýokdy. Klassyky ykdysadyýet teoriýalaryna ser salyp göräýiñ. Bular ýönekeýje netijeleriň üstünde ösýändirler. Hemmämizde bähbit bar, muňa orta we uzak wagtlaýyn zyýan ýetirjek netijelere gelmejekdigimiz belli zat. Emma gynansak-da, durmuş iň ýönekeý paradigmada hem beýle däl. Alma almaly pirogdan ýokum taýdanam, saglyk taýdanam has köp peýdaly. Almany pirogsyz iýmek siziň orta we uzak wagtlaýyn bähbitleriňize has amatly. Emma köplenç pirog iýenimizi gowy görýäris. Ýa-da ýokary okuw jaýynda okan ýyllarymyzda iň soňky minuda goýan etsem-petsemlerimizi ýada salyň. Bu käte düşündirip bolýan zat. Ýaradylanda hamrak ýaradylypdyrys. Duýgularymyz dwigateliň işleýiş çaltlygyna geçibem bilýär. Şu motiwasiýamyz we meýillerimiz bar-a! Hem köpräk “dürtgülenýäris”. Ata paradoksy, wagtda ýolagçylyk, şepagat uýalary, “Jaws” çeper filmi ýa-da ownuklyirili irrasional hemme zat... Meselem, ata paradoksyny mantyga dahylly çözsek, nähili netije gazanarys, tamamlanda synap göreliňmi? Paradoksyň iki çözgüdi bolup biljek ýaly görünýär: 1. Wagtda ýolagçylyga çykmagyň fiziki taýdan mümkin däldigini adamlaryň özem ýygy-ýygydan agzap dur. Çünki wagtda ýolagçylygyna çykmak üçin ýagtylygyň tizligini geçmek ýaly älem kanunlaryny bozmaly bolýar. Onda muny doly ýatdan çykaryň. 2. Şeýle logikany gurmaga synanyşalyň: Wagtda ýolagçylyk etmäge çykanyňyzda yza dolanyp baran siziň özüňiz bolup bilmeýär. Hakyky wagtdaky siz durmuş ýoluňyza dowam edýändigiňiz üçin, bolubilse siziň kopiýaňyz oturan wagt tekizligiňizdäki geçmişe we geljege syýahat eden ýaly bolýar. Şonuň üçinem kopiýaňyzyň eden üýtgeşmeleri siziň durmuşyňyzä täsirini ýetirip bilmeýär. Edibilse diňe alternatiw wagt tekizligindäki geçmişe we geljege aýlanyp biler. Ýöne bulam doly rasional bolup bilmeýär. Onda şeýle soragy bereliň: Geçmişde eden işleriňiziň täsiri siziň üstüňizdäki wagt tekizligine gönüden-göni täsirini ýetirse nähili bolar öýdýärsiňiz? Jogap bereliň: Ullakan buýr-bulaşyklyk, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän haos! Ýagny näme diýmeli bolýarys? Rasional boljak bolup, irrasionallygyň julkuny çykarýarys! Sözbaşymyzyň yzyny ýetireliň: Eý siz zombiler, söz bilen beýan edip bolmajak derejede irrasionaldygyňyzy boýun alyp, mantykly boluň we munuň bilen ylalaşyň! Professor Ugur BATY / @ugurbati. Sişenbe, 09.05.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||