22:39 Öz hudaýlarymyzy özümiz döredýärismi? | |
ÖZ HUDAÝLARYMYZY ÖZÜMIZ DÖREDÝÄRISMI?
Psihologiýa
Kämahal şeýle pikir edýärin. Goýunlara urulan boýaglaryñ siññitli ýagan ýagyşda akyp gitmegi çopansumaklaryñ gaharyny getirýär! Ýalanmy? Eýläñize-beýläñize bir serediñ bakaly. Men-ä eýläme-beýläme seredende, görýän zadym - özi bilip ýa bilmezden her kim öz hudaýyny özi döretjek bolup garabaşyna gaý! Durmuşyñ hemme ugrunda illýuziýa "keramatlylary" bar. Men muña diñe illýuziýa hem diýemok. Meniñ pikirimçe bu, "galýusinasiýa!" Ýagny, ýok zatlary toslamak, bolýan erbet zatlara bolsa seçekli tuty örtüp, bukma sindromy. Netijesinde hakyky däl zady hakykydyr, ýalan zady çyndyr öýtmek. Bu ýagdaýa köp duş gelýänsiñiz. Umuman alanda her iki adamdan birinde bar. Ýagdaý şolar ýaly çynlakaý. Iñ gowsy soramak. Onda başlaýyn: Ynanjyñ nirden akyp gelýär? Sabahatdin Aly "Içimizdäki şeýtan" kitabynda şeýle diýýär: "Adamlaryñ iñ gowşak taraplary soramazdan, gözlemezden, pikir etmezden, kelle döwmezden ynanmak babatdaky haýran galdyryjy tendensiýalydyr. Dünýädäki ýalançy pygamberleri ýetişdirmek we iýmitlenmek üçin iñ gowy ders, ine, şu hiç zat bilmezden ynanmak üçun çyrpynýan köpçülikdir". Dowam edeliñ: Ebul Ferej Ibni Jewizi "Taryhynda" görnüp duran öwrülme hekaýatyny aýdýar: "Hudaý Enohy öz derejesine beýgelden wagty ogly (ýa-da agtygy) Asklepiý örän gynandy. Çünku ýer ýüzi we ýaşaýjylary onuñ bereketinden we hikmetinden mahrum bolupdy. Olam onuñ arşa beýgelen adam şeklinde akyllary añk eden surat çekdirdi we ybadat edýän ybadathanasynda Germesiñ heýkelini goýdurdy. Ol hudaýlaryñ habarçysydybwe adamlara belent daglardan habar getirýärdi. Ybadathana girende saglygynda nähili garşysyna geçip oturan bolsa şeýdip oturýardy we şeýdip teperrik alýardy. Aýdylyşyndan, ýer ýüzünde heýkellere çokunma ilkinji gezek munuñ bilen başlapdyr. Köp wagt geçenden soñam gresiýalylar bu heýkeliñ Asklepä degişlidir öýdüp, oña bolşundan bäşbeter hormat goýmaga we onuñ öñünde ant içmäge başladylar. Gippokrat her lukmanyñ onuñ adyndan gürlemegini we şoña meñzemegini talap ederdi". Häzirem sungat, medeniýet, kapital, syýasat, sport ýa-da beýleki ugurlardaky güýç zäherlenmesine düşenler aç-açan hudaýlaşmaga synanyşýar we olaryñ yzyna eýerýän oruntutarlary aç-açan gul-hojaýyn ahlagyny ýola goýýar. Lýudowik XV Bir mysal, Fransiýanyñ koroly Lýudowik XV birkemsiz güýç hapalanmasynyñ içinde bolupdyr. Bulam ony örän gorkunç ýagdaýda güýçsüz görkezipdir. Onuñ "Menden soñy tupan" (ýagny "Menden soñ dünýäni ýer hopaýsyn") diýen meşhur sözi syýasat ýazuwynda nijeme ýyllap şuña meñzeş ýagdaýlarda öz hökmüni ýöredip geldi. Ýa-da nemes kaýzeri gezelenje çykmazdan öñ hemmeler arassalanan-ýuwnan ýagdaýda bolsun diýip, Germaniýanyñ çar künjüne habar salynanda, kaýzeriñ buýruklaryna laýyklanyp guralan toslama durmuşy ýaşanyndan, öz oýunlaryny dowam etdiresi gelýän oglanlar muña garşy gidip, ýuwunaslary gelmändir. Adamyñ daşky reallygy kabul edip bilmezligi şahsy kemçilik däl-de, jemgyýetçilik problemasydyr. Bu ýagdaýa degişli neýroylym ýazuwynda "üstün çykma effekti" diýen faktor hem bar. Munuñ özi aslynda biologiki adalga. Gowşak duşmanlaryñ garşysynda elmydama ýeñýän haýwanlaryñ soñabaka garşylaşjak has güýçli duşmanlary bilen girişjek göreşinde-de uly ähtimallyk bilen ýeñjekdiklerini görkezýär. Ýogsam bolmasa, güýjüñ has artygyny elinde saklaýany izolirleme meýlini görkezýär. Iru-giç reallyk bilen baglanyşygyny ýitirýärler. Ýöne şeýle bolmalydy: Güýç - ýaşaýşa, gowulara meýil etmeli, ýardam etmelidi. Çünki, güýç ýalan sözläp bilýärkäñ dogryñy aýtmakdyr! Ýa-da siziñ dogry aýdýandygyñyz, garşyñdakyñam nädogry gürleýändigi görnüp durka-da ony bagyşlamakdyr! Güýç gowynyñ tarapynda bolmalydy! Ýykan her bir zadyñyzy täzeden gurup bilýändigiñuzi, gurup biljek durmuşyñyz bilen gören pursatyñyzda duýup: "Geldim, men indi bärde" diýip bilmekdir güýç. Güýç iñ köp gözegçilik we añasty añdyr. Eliñizde güýç bardygyny bilmeseñiz, güýçsüz bolarsyñyz. Ýa-da güýç ulansañyz güýçsüz galarsyñyz. Bolany! Biler bolsañyz, güýç gözbaşyny güýçsüzlikden alýar. Güýçsüzdigini duýýan we muña ynanýan adam mundan beýläk güýçsüz däldir. Güýjüniñ bardygy duýýan we muña ynanýan adam mundan beýläk güýçli däldir. Şu iki düşünjede adamyñ elinden çykandygyna görä, ýene-de adamyñ özi tarapyndan ýok edilip bilnerler. Emma adamlar bu düşünjeler bilen şeýle bir eriş-argaç bolupdyr welin, özüniñ bar boluşyny ýa-da ýok boluşyny şu iki düşünje bilen düşündiripdir. Öz döreden zady bolan bu iki düşünjäni özünden gadymy hasaplapdyr, döreden siwilizasiýasyny şu düşünjeleriniñ üstünde gurupdyr. Adamzat siwilizasiýany ýok zadyñ üstünde gurupdyr. Hem öz döreden zadynyñ gurbany bolupdyr! Karara gelme ylmynda şeýle diýýäris: Güýç umuman alanda erbetleriñ elinde bolýar. Erbetlik öz-özünden bolýan zat, gowulyk üçin bolsa tagalla gerek. Iñ gowularyñ köplenç ynanjy ýokdur, iñ erbetler bolsa jany-teni bilen ýapyşýandyrlar. Ýeri bolýa-la, özüm gutarmankam sözümi gutaraýyn indi! Hemmäñize seslenýärin: Biz size pikir etmäñ diýemzok, hobbi hökmünde ýene pikir ediberiñ. Özem uludan pikir ediñ welin, indiki ýylam pikir eder ýaly bolsun! Dr. Ugur BATY, professor. @ugurbati Ýekşenbe, 02.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |