21:21 Adam baýadygyça wyždansyzlaşýarmy? | |
ADAM BAÝADYGYÇA WYŽDANSYZLAŞÝARMY?
Publisistika
Surat: Ylham Enwerogly / "Şäherler we guşlar", 90x90 sm, 2012 ý. Şu gün añyñyzy erbet aýñaldyp taşlajak gürrüñe giresim gelýär: baýlyk, baýamak, baýlygyñ özüñi alyp baryş ylmy. Ruhlandyryjy bir gürrüñ we soraglar bilen başlap bilerin: Baýlar has mähir-şepagatsyz, rehimsiz bolýarmy? Baýlar rehimsizdikleri üçin baý bolýarmy ýa-da baý bolandan soñ rehimsiz bolýarlar? Ýa-da baý adamlar wyždansyzlaşýarmy? Rehim etme duýgusy sypyrylyp aýrylýarmy? Surat: Ylham Enwerogly / "Şeýtanlar", 100x110 sm, 2008 ý. Kaliforniýanyb Berkli uniwersitetiniñ psihologiýa bölüminiñ ylmy-barlagçysy, şahslar bilen toparlaryñ arasyndaky sosial ierargiýa, deñsizlik, duýgy gatnaşyklary boýunça ylmy-barlaglary bolan Paul Piffiñ "Ted Talks" konferensiýasynda "Pul adamy üýtgedýärmi?" atly çykyşy bar. Şol çykyşy hökman görmegiñizi maslahat berýärin. Paul Piff ýörite düzülen topar bilen bile adamlar baýadygyça olaryñ durmuşynda nämeleriñ üýtgeýändigi hakda ýedi ýyl bäri dowam edip gelýän barlaglaryny geçirdiler. Piffiñ pikiriçe nebis, isleg-arzuw, hondanbärsilik, hökmürowanlyk, rehimsizlik ýaly aýratynlyklar adamlaryñ pul gazanmagyna täsir edip bilýär, emma zanny we ýaşaýan şerti nähili bolanda-da, adamlaryñ baýandan soñ şular ýaly häsiýet aýratynlyklaryny görkezme mümkinçiligi artýar. Paul Piff we onuñ topary aşakda detallaryny görkezjek netijelerimizi "Monopol" oýnuny ulanyp geçiren synagy arkaly gazandy. "Monopoly" bilýänsiñiz. "Gaharlanma, gardaş" ("Kızmabirader") oýnuny ýatladýar, ýöne ondan has sofistik. Oýunçylar aýry-aýry telekeçi ýaly hereket edýär. Gysgaça, "kapitalizmiñ oýunlaşdyrylan görnüşi" diýsegem bolýar. "Monopolyñ" oýunçylary kassada goýlan belli bir möçberdäki pul bilen başlap, emläk satyn alyp, alan zadynynkireýne berip baýamaga synanyşýar. Barlaglar ABŞ-nyñ Berkli kampusynda çem gelen usulda saýlanan birnäçe gatnaşyja ikitaraplaýyn "Monopol" oýnuny oýnadyp geçirilipdir. Piff synagynda iki synag ulanypdyr we 100 gezek gaýtalapdyr. Birinjisine 1000 dollar, her tapgyrda köp-köpden 100 dollar we bir gezek bije atmak mümkinçiligini beripdir. Beýleki gatnaşyja ilkibaşda 2000 dollar, her tapgyrda köp-köpden 200 dollar, özüne gezek gelende iki gezek bije atmak mümkinçiligini beripdir. Munuñ netijesinde tebigy taýdan ikinji gatnaşyjy çakganlaşypdyr. Gatnaşyjylar oýun oýnap durka, Piffem olary içinden daşy görünmän daşyndan içi görünýän aýnanyñ añyrsyndan synlapdyr. Şol bir wagtyñ özünde oýun wideoýazgy hem edilipdir. Netijeler geñ galdyryjy derejede gyzykly bolup çykýar. Şüweleñli atmosferada başlan oýunda ikinji oýunçy pullandygyça göwresiniñ hereketi we mimikasy üýtgäp başlapdyr. Ilki oturyşy üýtgeýän, hereketi gödekleşýän pully gatnaşyjy oýnuñ gidýän ýerine eýemsiräp başlapdyr. Oýun gidip durka eden belli-başly hereketiniñem birem garşydaşyny masgaralap gülmegi bolupdyr. Wagt geçdigisaýy bije daşyny batly zyñmaga, pyýadany basyp oýnamaga dowam edipdir. Oýny ortalaberende bolsa, garşydaşy bilen gatnaşygyny kesip, onuñ ýüzüne-de seretmändir. Has dogrusy, başga dünýäniñ adamy ýaly hereket edipdir. Telim gezek gaýtalanan bu synagyñ hemmesinde Piff birmeñzeş netijeleri alypdyr. Pullanýan tarap gopbamsyrap, çişip, tanar ýaly bolmandyr. Synagyñ has jikme-jik netijelerini bolsa gezekli-gezegine şular ýaly düzüp bolar: Bu ýerde bir synag geçirilýär we ýörite gurnalan "Monopol" oýnunyñ ýüze çykaran zatlary hakykatdanam ruhlandyryjy bolup bilýär! Surat: Ylham Enwerogly / "Ruh guşy we şaman", 50x50 sm, 2012 ý. Oýun gyzyşdygyça pullanan oýunçynyñ garyp oýunçynyñ garşysyna: - Gödek çemeleşýändigine; - Garyp oýunça garşy mähir-şepagat duýgusynyñ azalýandygyna; - Üstün çykma motiwasiýasynyñ artýandygyna; - Egosynyñ çişýändigine; - "Pulum köp, hemme zady pula satyn almaga güýjüm bar" diýen ýaly öwnüp başlaýandygyna; - Garyp oýunçy maddy kynçylyklardan ýaña stolda goýlan puly görmeýärkä, pully oýunçynyñ ähli puly sowup gutarýandygyna; - Aldawçylykly oýnuñ soñunda üstün çykan adamlaryñ munuñ şeýledigini bilenden soñam, hamana muny hakyky ýeñiş ýaly görýändigine şaýat bolunypdyr. Surat: Ylham Enwerogly / "Ruhlar", 40x50 sm, 2008 ý. Geçirilen barlagy sahabyndan beren "New Yorker" žurnalyna interwýu beren Piff "Elbetde, baýamak, baý bolmak adamlaryñ şobada üýtgejegini añlatmaýar, emma synaglar baýlaryñ öz bähbitlerini has öñe tutýandygyny, hoşgylaw duýgularynyñ azalýandygyny, özlerini kanunlardan we düzgün-tertipden ýokarda görýändiklerini subut edýär" diýdi. Çekilen bijäniñ netijesinde aýratyn ýeñillikli oýunçylaryñ birem üstünliklerini bijä we aýratynam özlerine döredilen ýeñilliklere baglanyşdyrmandyr. Oýun strategiýalary, gelinýän kararlar, ukyp-başarnyklary barada aýdýarlar. Munuñ beýle bolmagy adam añynyñ öz artykmaçlygyna bolan aýratynlygy nähili kabul edýändigini görkezýär. Bärde möhüm jemgyýetçilik ierarhik many-da bar. Piff adamlaryñ maddy hal-ýagdaýy gowulaşyp baýadygysaýy hoşgylawlylyk, rehim-şepagat duýgularynyñ azalýandygyny we eýelik edýän zatlaryna özleriniñ añryýany bilen "mynasypdyklaryna" berk ynanýandyklaryny aýdýar. Paul Piff Bu ierarhiki üýtgeşmeleriñ üstünde işlän Piff adamyñ baýadygyça mähir-şepagat, rehim, ýürek awama, ýakynlyk duýma, duýgudaşlyk bildirme ýaly duýgularynyñ azalýandygyny subut edýär. Şeýle-de ol, adamlaryñ baýadygyça bähbit we has köp zada eýe bolma isleginiñem şunuñ bilen baglanyşyklylykda artýandygyny-da aýdýar. Baýlygynyñ artmagy bilen birlikde adamyñ ýugrumyna zyýan berjek görnüşde üstünligiñ yzynda ylgaýandygyna-da aýratyn üns bermek gerek. Baýlygyñ ýanynda ykdysady deñsizligiñ artýan ýagdaýlarynda-da örän köp negatiw netije emele gelýär. Baýlygyñ döredýän narsistik çemeleşmeleri şekillendirýär, bulam narsisizmi şekillendirýän egosentrçi çemeleşmäniñ we aýratynlyklaryñ adamyñ içinde bolan şertler we baglanyşyk bilen ýakyn gatnaşykdadygy hakdaky pikiri goldaýar. Surat: Ylham Enwerogly "Reñkler we düýeler", 50x50 sm, 2008 ý. Işiñ özüni alyp baryş taraplaryna seredip geçdik, aslynda baýlygyñ nämedigi hakda gyzykly tymsaly hem gürrüñ bersem gowy bolar. "Gyzym saña aýdaýyn, gelnim sen düşün". Gadym-gadym zamanlarda bir hökümdar ýaşap geçipdir. Onuñ ummasyz uly baýlygynyñ bardygyny dünýäde bilmeýän ýok eken. Hökümdar nirä gitse, baýlygynyñ bir bölegini äkidipdir we bulary ile güjeñlemekden lezzet alypdyr. Hökümdaryñ durmuşda ýeke-täk ynanýan dana mugallymy bolupdyr. Günlerde bir gün ol mugallymy bilen söhbet edip otyrka, şu soragy beripdir: - Sen arşyñ syryna añ edip bilýän, ylmyñ añyrsyna çykan adam. Adamlar ha hökümdar ýaly güýçli bolsun, ha urşujylar ýaly mertebeli, hemmesi seniñ öñüñde dyza çöküp, agzyñdan çykjak ýeke söze garaşýarlar. Dek häzir menem seniñ ýaly dana adamyñ pikirini bilesim gelýär, meniñ hökümdarlygym we baýlygym hakda näme aýdyp biljek? Pähimdar bu soragyñ jogabyny hökümdaryñ göni gözüniñ içine seredip beripdir: - Aýdaly, sen häzir epgek sowrup duran uç-gyraksyz çölde barýarsyñ. Suwsuzlykdan agzyñ kepäp, ölmäñ bäri ýanynda dursyñ. Şol wagtam bir ýerden men peýda bolup bir kürüşge suw bereem, baýlygyñ ýarsyny berermiñ? Hökümdar: - Hökman bererin - diýipdir. Pähimdar ýene sorag beripdir: - Biraz wagt geçdi diýeli, ýene teşneligiz artdy, size äberjek soñky kürüşgäme baýlygyñ galan ýarsynam berermiñ? Hökümdar biraz oýlanyp, yzyndanam: - Hawa, ölmejek bolsam, bermeli bolaryn - diýipdir. Isleýän jogabyny alan pähimdar ýaşuly gülüpdir-de, şeýle diýipdir: - Onda siziñ baýlygyñyzy ile güjeñläp, öwnüp ýörmegiñiziñ hiç hili manysy ýok. Sebäbi, siziñ baýlygyñyzyñ bar agramy iki kürüşge suw! Ýagny, biziñ ýokarda bar aýdan gürrüñimiz şu tymsalda jemlenýär. Hemmäñize şuny aýdasym gelýär: Biz size pikir etmäñ diýemzok, güýmenje hökmünde pikir ediberiñ. Özem indiki ýylam pikir edip biler ýaly uludan pikir ediñ! Surat: Ylham Enwerogly / "Guşlar", 80x80 sm, 2014 ý. * * * • Bu makalada suratlary bilen bizi ruhlandyran Ylham Enwerogly kimdir? 1970-njy ýylda Azerbaýjanda dünýä inen hudožnik Ylham Enwerogly 1989-njy ýylda Azerbaýjanyñ Döwlet Şekillendiriş sungaty mekdebini tamamlandan soñ Azerbaýjanyñ Arhitektura we gurluşyk inženerleri unuwersitetiniñ arhitektura fakultetini okap gutardy. 1995-nji ýyldan bäri ylym-bilim, sungat karýerasyny Türkiýede dowam etdiren Enwerogly Orta Aziýanyñ çuñluklaryndan Anadola uzaýan kökli-damarly türki medeniýetiñ DNK kodlaryny çözmäge synanyşýan ýaly mifologiki simwollar bilen reñkleriñ, biçüwleriñ, öýjükleriñ äheñini döwrebap abstraktlar bilen berýär. Enwerogly ýaşap ýören ýurdumyzyñ medeni birikmesinden täsirlenen döredijilik gözleglerinde döwrebap türk suratynda bolmaly gymmatlyklary derñew astyna alýar. Ýurduñ içinde we daşynda otuza golaý şahsy sergi açan we ýüze golaý halkara sergä gatnaşan, birnäçe halkara baýraklaryñ eýesi professor Ylham Enwerogly Konýanyñ Seljuk uniwersitetiniñ sungat fakultetinde mugallym bolip işleýär. Geçen ýylyñ "Şaman dogasy" atly surat sergisinde Enwerogly Orta Aziýanyñ kalbyndan Anadola uzaýan kökli medeniýetiñ hekaýatçyl-mifiki simwollar bilen stilini, reñkini, çyzgysyny, öýjükleriñ utgaşygyny döwrebap abstraktlar bilen tomaşaçysynyñ dykgatyna ýetirýär. Enweroglynyñ eserleri geografiki häsiýetli eserlerdir. Şamanistik çeşmeli nusgadan obrazly, metaforaly, tapawutlanýan sematikalardaky suratlandyrmalary "patchwork" ýaly bize taryhy açyp görkezýär: Nireden geldik? Nirä barýarys? Enwerogly çeken suratynda iki müñ öñki döwürdäki ýaly, ylla şamanlar mysaly gymmatlyklar zynjyryny "mistiki" röwüşler bilen abstraktlaşdyrýardy. Meniñ pikirimçe bu suratlarda birinji üns bermeli zat Ylham Enweroglynyñ öz ruhy ahwaly. Ol Orta Aziýa, Azerbaýjan, Eýran, Türk çeşmelerini öz suratkeşlik zehininde bolan şaman ruhy we kimligi bilen birleşdirýär. Şaman estetikasyna goldanýan özboluşlylygy we döreden eserleri tematiki taýdanam, plastiki gymmatlyklar taýdanam ikirjiñli görnüşde geljek suraty ýaly, tradisiýanyñ täze beýan ediş hilindendi. Hudožnigiñ kämilleşdiren özboluşly tärleri, tomaşaça hödürleýän täze we tapawutly simwollar arkaly häzirki wagtyñ plastiki sungatlarynyñ sazlaşygyny we gymmatlyklaryny gözden salman döwürdeş düşündirişleri öz içine alýar. Umuman aýdanda Enweroglynyñ çeken suratlary bize geçmişden şu güne gelen medeni "ykbaly" hödürleýär. Professor Ugur BATY / @ugurbati Anna 08.12.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |