19:46

Adamlar sizi betbagt edýän bolsa, munuñ sebäbi siziñ akyllydygyñyz üçindir

Publisistika
Категория: Publisistika | Просмотров: 357 | Добавил: Gökböri | Теги: Ugur Baty | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Narcissus  
1589
Awtor öz pikirlerini, içgi dünýäsini döken bolmaga çemeli, pikirler garym-gatym we yzygiderli däl. Köp kişi (esasanam filosoflar) öz içgi dünýäsini ýazga geçirende, oňa beýleki (adaty) adamlar düşünip bilmeýär.
Makalada öňe sürülýän birinji logika dogrymyka diýip pikir edýärin, netijede zehinli adamlaryň aglabasy gamgyn, aladaly, sussupes bolýarlar. Bir tarapdan jemgyýetiňem täsiri uly, sebäbi adam jemgyýet bilen adam bolýandygy üçin, töweregindäki kişiler oňa kän düşünmän, dürli bellikleri (awtoryňam aýdyşy ýaly) ýemläp, nätanyş sypatyna salýarlar. We ol kişi (zehinli, sowatly kişi) jemgyýetden (adaty halkdan) saýlanýar, hiç bir adamyň görmedik zatlaryny görýär, bilýär, aňýar, duýýar. Şol sebäplem özüniň tapawutly düşünjeleri sebäpli töweregindäkiler ony öz ýanlarynda görmek islänoklar, ony baryp ýatan tentek adam hasaplaýarlar. Nitşäniň Derwüş romanyndaky öňe sürülýän logika hem şeýle. Derwüş çykandan soň, adamlara öwüt berip başlaýar, emma olar gülýärler, diňlemeýärler, we Derwüş, "doganlarym" diýip ýüzlenýär, olar hem ynsanüsti (güýçli ynsan) bolan kişilerdir, we soňra "men şol adamlary söýýärin..." diýip, olaryň aýratynlyklaryny, häsiýetlerini agzap geçýär. Bu derwüş aýdyňlanan, hidaýata ýeten, eren kişidir, şol sebäplem oňa adaty halj düşünmeýär. Yslamda hem şeýle tapawutlylyk bardyr, hidaýata ýetenler, "nirwana" ýetip hakykaty tapanlar üstün synpdyr, olar hemme zady bilýändirler, şol sebäpli olar arak hem içerler, doňuz eti hem iýerler, haram diýlip hasaplanan işleri hem ederler, sebäbi olar eýýäm bu işiň arkasyndaky hakykaty görendirler, emma adaty halk (pes synp), olar bir çopana mätäçlik duýýan, dolandyrylmaly, sürülmeli kişilerdir, olar goýun ýaly bolany üçin, "arak içmäň", "ony etmäň", "muny etmäň" ýaly düzgün-kadalara mätäçdirler.
Sebäbi soraglaýan kişiler (we filosoflar), ýaryş meýdançasyndaky ýaryşmana gelen (at-abraý, güýç, beýiklik), söwda etmek üçin gelen (pula üns berýänler, maddy zatlara üns berýänler) däl-de, bolup geçýän zatlary gözden geçirýän, synlaýan, baha berýän, teswirleýän, mahlasy töweregindäki zatlara düşünmäge synanyşýan kişidirler.

Bellibir aňa, bellibir sowatlylyga ýeteniňizden soňra, şeýle-de awtomatiki görnüşde beýleki adamlardan saýgarandygyňyzy, olaryň pesdigini (iň azyndan sizden), bu adamlaryň çyndanam gepe-söze düşünmeýän, berebekgeý adamlardygyny (jahyl adamlardygyny) öwrenýärsiňiz. We ego-ňyz kanagatlanyp başlaýar, bir rahatlyk gelýär. Bu şükür etmek üçin uly sebäpdir. Mysal üçin, töweregimizdäki ýaşlara we sosial ulgamlardaky manysyzlyklara göz gezdirsek, nähili pes gözýetimli adamlaryň bardygyny bilýärsiň we bileniň üçinem özüň beýle däldigiňe şükür edýärsiň.

Sosial gatnaşyklarda wagt geçirmek we munyň arzuw-hyýallaryňa negatiw täsir etmegi hem, adamlaryň arasynaky tapawutlylyk. Sebäbi 100 IQ-lyk kişiniň aýdan zadyna, 50 IQ-lyk kişi düşünmez, sebäbi onuň aňy, zoraýakdan 60 derejä çenli düşüner, sebäbi serhedi şol. Bulam şeýleräk, düşünjek adamlar az, saňa meňzeşler az, kämil derejeli aňly kişiler az, şol sebäplem adamlardan uzaklaşýaň ýa-da köpçüliklerde görünmän (asosiallyk) başlaýaň.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]