BIR PYRRYLDAGYÑ TARYHY
Hemişe eñegi taýpy ýaly syrylan, üst-başyna müşki-anbar sepinen, jalbary birkemsiz ütüklenen, akja köýnekli, penjeginiñ ýakasyna güljagaz gysdyrylan goja jenap Arsu Tomiçiñ hem başyna şeýle şum ykbal inipdi.
Jenap Tomiç gojalyk ýagdaýynda-da bir alada galdy, ol bir wagtkyja gylygyndan dänerli däldi, haçan bolup geçenini Hudaýdan başga hiç kimiñ bilmeýän zatlary, özünden bireýýäm ara açan zatlar, onuñ göwnüne bolmasa, henizlerem bir durkuny üýtgetmedik ýalydy. Köçelerde gezelenç edeninde, onuñ iki gözi hem gyzlardady, özem olary bir wagtky heseri bilen synlaýardy, emma olaryñ öz ýüzüne gañrylybam bakmaýandyklaryna geñ galan bolýardy. Ol geçirilýän agşamlarda mydama ýaş näzeninlere "ýeserje" wakalary gürrüñ berýärdi, olar bilen salamlaşanynda, ellerini gysýardy, emma indi şeýdeninde, olaryñ göwünleriniñ bir ýalylylygyna añk-tañk bolýardy.
Diñe käteler, ýeke özi galyp, böwrüne diñ salýardy, hakykata göz ýetirjek bolup çytraşýardy we öz ýanyndan içini gepledýärdi: "Eý, Tañrym, meniñ gojalan çagym seniñ gysgajyk ýubkalar, añrysy görnüp duran ýukajyk joraplar döretmegiñ bolýan zatmydyr? Eý, Tañrym, meniñ garrap, sandan galan wagtym seniñ konkurs, futbol, rewýu... ýaly zatlary, suwa düşülýän eşikleri oýlap tapmagyñ adalatlylygyñ nyşanymydyr? Onsoñam seniñ rehim-şepagatyñ ähli adamlar, ähli nesiller üçin deñ dälmidir? Bütin ömrüni noýba iýip, aşgazanyny turşy çakyr bilen zaýalan adama, ýuwan gatykdyr çala bişirilen ýumurtgadan başga zat bilmeýän adama ýany sirkä ýatyrylan hyýarly, burgund çakyrly berre guzynyñ etini güjeñleýän bolsañ, onda hany seniñ keremliligiñ?! Eý, Hudaý, heý, onsoñ bu zatlar heñe gelýän nerselermidir?
Adatça, Biribaryñ beýle-beýle sowallara jogap bermeýänligi üçin jenap Tomiç: "Ýogsa-da, men entek onçakly garry hem däl-le! Men entek terje-le" diýip, göwnüni aldamaga başlaýardy.
Hakykatdanam, ýüz görülýän aýna muny ýalana çykarjak bolup duranokdy, ýöne ony hiç kimiñ ykrar etmeýän halyna aýnanyñ "pikirinden" ne peýda? Ol muny tassyklajak bolup, gör näçe gezekler synanyşyk etdi, özem Hudaý ursun, onuñ talap edýän zady uly däldi. Ol ýigrimi ýyl mundan ozalkylary ýaly, özüne ynanylmagyndan, özi barada ýakymly pikir edilmeginden, aýal-gyzlaryñ özünden ejap etmeginden daşary hiç zat talabam etmeýärdi. Onuñ bar isleg-arzuwy ynha şudy. Bu bolsa onçakly köp zat däldi, juda az zatdy. Şonda-da adamlar muña razy däldiler.
Bir gezek birgiden näzeniniñ ýygnanan ýeri bolan Markewiç hanymyñkyda çaý içip otyrkalar öý eýesi ondan:
- Siz golaýda Ýankewiç hanymlara baryp gaýtdyñyzmy? - diýip sorady.
Olam çaý içip oturyşyna:
- Ýok, dogrymy aýtsam, men, mümkin boldugyça, olara barmakdan gaça durýan - diýip, jogap berdi.
- Wiý-wiý, o näme üçin?
- Göwnüme bolmasa, onuñ adamsu birneme gabanjañrak ýaly...
Ol şeý diýdi-de, öz aýdanlarynyñ nähili täsir galdyrýandygyna göz ýetirmek üçin töweregine garanjaklady, şol wagt gelinler gülkülerini zordan saklaşyp, aýaklary bilen stoluñ aşagyndan bir-birlerini hürseñläp başladylar, ýelpewaçlary bilen ýüzlerini ýelpeşen bolup, bir-birleriniñ ýüzlerine ýañsyly ýylgyryşdylar.
Başga bir ýola ol Sawiç hanymlarda myhmançylykda bolanynda bir sagatlap ikiçäk gürleşenlerinden soñ, gepiñ gerdişine göräräk oña şeýle diýdi:
- Görýän welin, siz entek ýaş hem tejribesiz bolýañyz. Tutuş bir sagatlap erkek kişi bilen ikiçäk oturmaga çekinmeýärsiñizmi?
- Wah-heý! Ol-a ol welin, men siziñ bilen tutuş bir sagatlap düşekde ýatamda-da, çekinjek zadym ýok - diýip, ol hezil edip güldi.
Bu ýañsylama onuñ mazaly çetine degdi, ýöne onuñ has gaty gören zady: soñ Sawiç hanymyñ bu ahwalaty ähli agşamlarda gygyryp gürrüñ bermesi, oturanlaryñ bolsa barynyñ gojanyñ üstünden hezil edip gülmekleri boldy.
Ýöne şonda-da ol bir adamynyñ dagynyñ hem ynanmajsk zadyny oturanlaryñ boýnuna dakmaga synanyşmagyny dowam etdirdi. Günlerde bir gün ol hatyny üýtgedip, öz-özüniñ üstünden golsuz nama hem ýazyp gördi. Ol hatda şeýle diýilýärdi:
"Merhemetli jenap! Döşi gyzyl bägülli" gelne süýkenmäñizi bes etmegiñizi maslahat berýärin, diýleni etmeseñiz özüñize idili zadyñ garaşmaýanlygyny bilip goýuñ!"
Hatyñ aşagynda bolsa "Gyzyñ sergezdany" diýip gol goýlupdyr.
Ol hatyñ nähili görüljekdigini biljek bolup, ilki erkekleriñ arasynda, soñam gelinleriñ haýpyny getirjek bolup, olaryñ ýygnanyşyklarynda okap başlady. Ol adatça:
- Halaýyk, şeýle ýagdaýda nätmelidigimi salgy beräýseñiz - diýip gürrüñe başlaýardy we haty okamaga durýardy.
Elbetde, gülki dik asmana galýardy. Oturanlaryñ iñ ýuka ýüreklileri oña şeýleräk maslahat berýärdi:
- Jenap Tomiç, arkaýyn boluñ. Bu haty ýazan ýa-ha barypýatan eşekdir ( eşekler bolsa söýgüden jebir çekenoklar) ýa-da, has dogrusy, siziñ halys eñkamy gaçan garrylygyñyza garaman, üstüñizden güljek bolýandyr. Iñ bolmanda siziñ ýaşyñyza bir hormat goýmaly ahyryn.
Gözüñi-başyñy aýlap gidýän şeýle "göwünliklerden" soñ, jenap Tomiç bir gezek öýlerine gaýdyp geldi-de, ýañsylamalara bahana bolan golsuz haty jyrrym-jyrrym etdi we elden-aýakdan düşüp, özüni ýumşak kürsiniñ üstüne goýberdi.
- Maña ynanýan ýok. Ýogsam bolmanda ynanaýanlarynda näme bolýar? Hiç zat! Wah, ýalançy dünýe diýsänim!
Ol öz-özüni köşeşdirjek boldy. Bolmady. Şondan soñ agyr hassalyk zerarly lagşan adam dek düşegiñ üstüne süýndi. Ýöne balyk bilmese, halyk bilýär. Ertesi ir bilen jenap Tomiç ukudan oýananynda otaga hemişekileri ýaly, eli bir çaşka kofeli, bahana bolsa, täze gybatlary eşitdiräýmek meýilli hyzmatkär kempir girdi.
Jenap Tomiçiñ ýaşaýan jaýy ýaşaýjylardan hyryn-dykyn doludy, şonuñ üçinem ol giden bir posýology, giden bir dünýäni ýada salýardy. Şol sebäpli bu ýerde ýeke günem gyk-baksyz geçenokdy. Jenap Tomiçiñ hyzmatkär kempiri bir günde bolup geçen wakalary toplaşdyrýardy, olary öz eleginden geçiribem ertesi, irki gazetler mysaly kofe başynda jenap Tomiçe habar berýärdi. Gepiñ gerdişine görä, ol bir gün jenap Tomiçe şeýle gürrüñ berdi:
- Ýokarda, Staniçewlerde işleýän gyzjagazy tanýañyzmy?
- Hawa, ýadymda - diýip, jenap Tomiç kofe owurtlap oturyşyna göwünli-göwünsiz jogap berdi:
- Aý... görgüliñ mañlaýy şor eken.
- Näm bolupdyr?
- Ol ýañy on altysyny doldurypdyr, eýýämem ýedi aýlyk göwrelimiş.
- Görseñizläñ, görseñizläñ, walla! - diýip, jenap Tomiç aljyraññy gürledi we ýene: - Görseñizläñ, görseñizläñ, walla - diýip, öñki aýdanyny gaýtalady.
Ol gyzjagaz onuñ oý-pikirini şeýle bir gaplap aldy welin, öz hyzmatkäriniñ sanaşdyrýan beýleki täzelikleriniñ bary onuñ bir gulagyndan girip, beýleki gulagyndan çykyp gitdi, özi hem mahal-mahal:
- Görseñizläñ, görseñizläñ, walla - diýip, şol bir diýenini gaýtalady oturdy.
Şol pursatda onuñ kellesinde onçakly düşnükli bolmadyk, daşgyn bir pikir peýda boldy, ol pikir hem, içagyrysy ýaly, ony şol horlady ýördi, uzynly günläp ol gyz Tomiçiñ kellesinden çykmady.
Ertesi hyzmatkär aýal oña kofe getirip bereninde, onuñ ilkinji sözi:
- Ol gyzyñ ýagdaýy nähilikä? - diýen söz boldy. Hyzmatkär aýalam:
- Aglap otyr - diýip, jogap berdi.
"Hawa-da. Aglamasa dagy nätsin?" diýip, jenap Tomiç içini gepletdi.
Ol sesini-üýnüni çykarmady. Birsellemden soñam:
- Näme diýseñizläñ, ol gyzjagaz meniñ ýanyna gelip-gitsin, men oña näme etmelidigini salgy berjek - diýdi.
Hyzmatkär aýal añk-tañk boldy. Emma gyzy çagyrmaga ýola düşdi, şondan soñ basym gözüniñ ody alnyp, ýüz-gözi menek-menek bolup duran gyzjagaz öýüñ bosagasyndan ätledi.
- Giriber, giriber, men saña näme etmelidigini öwredeýin.
Gyz özüni dürsäp, onuñ golaýyna bardy.
- Bu waka öñräk bolupmydy? - diýip, jenap Tomiç sorady.
- Ýedi aý mundan öñ - diýip, gyzjagaz sudda oturan ýaly bolyp jogap berdi.
- Ol oglan kim bolmaly?
- Talyp.
- Ady näme?
- Bilmedim.
- Indi sen näme etsem diýýärsiñ?
- Bilmedim, gaýdyp öýümize-hä baryp biljek däl.
- Öý eýeleri-hä seni saklamazlar. Onsoñ sen çagañ bilen nirä çykmakçy? Köçämi?
Gyz ses edip aglady, jenap Tomiç bolsa ony köşeşdirmäge oturdy:
- Men saña näme etmelidigini öwredip, senu bu beladan gutaraýyn. Seni şu jaýyñ ikinji gatynda oturan aklawjy Nikoliçiñ ýanyna çyk-da, bar bolan zatlary anyk bolşy ýaly gürrüñ ber, ýöne talybyñ adyny tutma-da, seni aldanyñ mendigimi aýt. Men döwletli adam bolamsoñ, saña çagañy eklär ýaly pul töläp biljek.
Jenap Tomiç etjek işini birkemsiz oýlanypdy. Aklawjy Nikoliç bilen otuz ýyl töwerekleri gepleşmänsoñ, onuñ pirimi has hem mekirdi. Bir wagtlar jenap Tomiç aklawjynyñ aýaly bilen aýrylyşmagyna sebäp bolupdy, şonuñ üçinem aklawjy şondan bäri öz maşgala durmuşyny bozujydan ar almagyñ küýündedi.
Jenap Tomiç öte düşmändi. Ol nikasyz dogan çaganyñ atasynyñ kanun taýdan yzarlanmaýandygyny bilýärdi, ýöne aklawjy Nikoliçiñ bütin jemagatyñ öñünde goh turuzjakdygyny, onuñ ýetip bilmeýän arzuwynyñ şudugyny hem ol ýadyndan çykaranokdy.
Soñky wakalar jenap Tomiçiñ çak edişi ýaly bolup ýaýbañlandy. Ertesi ll aklawjydan edaranyñ möhüri basylan bir hat aldy, hatda meseläniñ imisalalyk bilen çözülip, onuñ suda we sud bileb baglanyşykly netijelere goýulmazlygyny razylyk bermegi soralýardy. Jenap Tomiç mert adam hökmünde özüniñ çaga atasydygyndan ýüz dönderip bilmejekdigini we çagany eklemäge borçnama almaga razydygyny habar berdi. Hat aklawja baryp gowşanynda ol, elbetde, munuñ bilen ynjalyp bilmedi. Basym gazetleriñ birinde "Utançsyzlyk" diýlip atlandyrylan haý-haýly makala peýda boldy. Elbetde, muny beýleki gazetler hem alyp göterdiler, kafelerde, üýşmeleñlerde, garaz, iki adamyñ başy çatylan ýerde gybat dik asmana galýardy.
Jenap Tomiç öñki öýke-kineleriniñ, äsgerilmezlikleriniñ hemmesini diýen ýaly ýerine salan dek boldy. Ol döşüni gaýşardyp, köçelerde gezm edip ugrady, öz ýeñsesinden adamlaryñ: "Bu şol näkes-dä" diýip, pyşyrdaşyşlaryny keýp edip diñledi.
Käte tanyşlaryndan biriniñ:
- O nähili beýle bolaýdy? - diýen sowalyna ol kibtini gysyp:
- Nätjek-dä, adamyñ bütin dünýäsini unudaýan wagty hem bolaýýa-da - diýip, jogap berdi.
Aýal gürrüñleriniñ hemmesiniñ soñunyñ "Wah, beýle zatlar kimiñ kellesine gelýärdi diýsene!" diýen teýeneli sözler bilen tamamlanýandygy ony aýratyn-da heýjana getirýärdi.
"Seniñ bilen bir sagatlap düşekde-de gypynç etmän ýatyp biljek" diýen hanym Sawiçe duşanynda onuñ: "Hany siz şol sözleriñizi ýene bir gezek gaýtalañ, ýene bir gezek gaýtalañ" diýip, aýdaýasy-aýdaýasy geldi.
Çaga sagatjady, ösüşi kadalydy we jenap Tomiçden düşýän ýoñsuz hakdan lezzet alýardy. Gyzjagazyñ hem durmuşyndan göwni hoşdy, ol bagtynyñ beýle çüwüşine haýranlar galyp, yzyndan ýetip bilmeýärdi. Jenap Tomiç bolsa töweregindäki adamlaryñ öz gybatyny edip, özüni "maýyl ediji" diýip atlandyrýandyklaryna monça bolýardy. Bu oña diýseñ ýakymly degýärdi! Diýmek, hemme zat gülala-güllükdi, eger bir gezek jenap Tomiçe şeýle mazmunly hat gelip gowuşmadyk bolsa, bu ýagdaý entek-entekler dowam etjekdi:
"Merhemetli jenap!
Häzir size ata diýýärler, ýöne bu meniñ hyzmatym. Şoña görä, size eden ýagşylygyma derek hak almasam, adalatlylyk boljak däl. Meniñ gyş geýer ýaly paltom ýok. Şonuñ üçinem men sizden şu haty eltene iki müñ dinar berip goýbermegiñizi haýyş edýärin.
Hormatlamak bilen siziñ çagañyzyñ atasy".
Jenap Tomiç bu haty okanynda onuñ öñünde düýpden täze bir mesele ýüze çykdy. Ol bu elhenç ýagdaýyñ azap edip guran ymaratyny tutuşlygy bilen weýran edip, özüni hem bütin iliñ öñünde şeýle masgaraçylygyna öwürjekdigine göz ýetirdi. Şonuñ üçinem ol iki müñ dinary gepsiz-gürrüñsiz berip goýberdi.
Elbetde, talyp gözli çeşmä duşanyna begenip, diñe bir gyş paltosy bilen oñmady. Onuñ başga-da birtopar hajatlary bardy. Jenap Tomiç bolsa, öz abraýynyñ hatyrasyna ol hajatlary kanagatlandyrmaly boldy.
Jenap Tomiç nätanyş talybyndan ýygy-ýygydan hat alyp başlady. Bir gezek oña şeýle mazmunly hat gelip gowuşdy:
" - Çuññur hormatlanylýan Tomiç! Men bir pukara talyp, özümem juda mätäclik çekýärin. Dogrusy, siz maña kömek edip dursuñyz, ýöne meniñem, siziñem bähbidiñiz üçin meni ogullyk edip alsañyz, has hem gowy boljak. Şeýtseñiz, soñ biziñ aramyzdaky meseläni ymykly ýola goýup biljek. Beýle hossarlyga menem aýratyn many berip, özümi siziñ ogullygyñyz, ýagny siziñ birwagtky jalaýlygyñyzyñ önümi diýip, yglan edip biljek. Şeýlelikde men we siziñ eklenjiñizdäki çagam ikimiz bir dogan, sizem biziñ sarpaly atamyz bolup biljek. Şeýdibem bütin maşgala bir tünege jemlenjek, şonda hiç kin siziñ kesekiniñ çagasynyñ atasydygyñyzy hem güman etjek däl. Siz bular barada bir oýlanyp görüñ.
Hormatlamak bilen siziñ çagañyzyñ atasy".
Jenap Tomiç özüni ýumşak kürsüniñ üstüne goýberdi-de, içini gepledip başlady...
Geliñ, bizem oña azar berip durmalyñ, goý, ol pikirlenýän bolsa pikirlensin. Näme edip, näme goýmalydygy barada hem onuñ özi aladalansyn.
Branislaw NUŞIÇ,
serb ýazyjysy.
Terjime eden: Dañatar BERDIÝEW.
Satiriki hekaýalar