00:58 Biziñ Orazbibimiz | |
BIZIÑ ORAZBIBIMIZ
Zenan şahsyýetler
■ Girelgäniñ agzyndaky oýlanma Salam, fabrik – işçileriň mesgeni! Salam, kuýaş suwy çalynan altyn säherim! Ertiriňiz haýr bolsun, Adamlar! Saglyk bilen oýandyňmy şäherim! Ynha ýene-de iki ýyldan özüniň 60 ýyllyk ýubileýini bellejek Aşgabadyň 8-nji Mart adyndaky ýüpek fabriginiň girelgesinde durup, berk bedenli, ak ýürekli, gelin-gyzlary synlaýan. Olaryň alyhezretleri işçiler nesli, berk zynjyr halkasy ýaly bolup zähmet meýdanyna tarap berk gadam urýarlar. Bu zenanlar döwrümiziň ajaýyp zähmet Gahrymanlary. Öňe tarap tarap batly gadam urýarlar, Giň gujagyn giňden açan girelge, Iş başynda häzir bolýar zenanlar! Şondan soň, başlanýar ajaýyp zähmet, Iş günüňiz gutly bolsun, Adamlar. Fabrigiň direktory J.Rozyýewiň aýdany: - Özüniň 60 ýyllyk ýubileýine şu günlerden taýynlyk görýän fabrigimiz SSKP-niň XXYII gurultaýynyň kararlaryny durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary edýärler. Her bir şanly senäniň her bir şöhratly wakany özleriniň alyn deri bilen garşylaýan kärhanamyzyň zähmet adamlary 12-nji bäşýyllyga oňat start aldylar. Kollektiw geçen bäşýyllygyň üstünlikli tamamlap, plana goşmaça manatlyk önüm öndürdiler. Fabrigimizde özleriniň päk zähmetleri bilen sowet adamsyna mahsus ajaýyp häsiýetleri bilen tanalýan, umumy işiň bähbidini öz bähbidi saýan önümçiligiň öňde baryjylarynyň hasabyna zähmet çekýän awtomatiki sehiniň kelepleýjisi Orazbibi Emirowa. Ol, kärhanamyzyň ýyldyzlarynyň biri. Ol, kollektiwimiziň guwanjy. Ol biziň Orazbibimiz. ■ Şa ýoldaky ýodada Orazbibi, ýadyňda bolsa, 1965-nji ýylda ýaňy sekizinji klasy gutaryp fabrige geleniňde ilki seni işe kabul etmändirler. Sebäbi seniň bary-ýogy on bäş ýaşyň bardy. Ýogsam, ejeňem fabrigiň öňdebaryjy ýüpekçileriniň biridi. Smena ussasy, Sosialistik Zähmetiň Gahrymany Aýsoltan Garajaýewanyň kepil bolmagy bilen seni şägirtlige kabul edipdiler. Onda-da şol wagtlar iň öňdebaryjy ýüpekçileriň biri hasaplanýan Aýsoltan Garajaýewa özüne şägirt edip alypdy. Ondan bäri ýigrimi ýyl yzly-yzyna kerwen gurap geçip gitdi. Indi seniň özüňem uly halypa, öňde baryjy ýüpekçi, sehiň partiýa guramasynyň sekretary. Galyberse-de kärhanada siziň işçi dinastiýaňyz emele geldi. Ýöne, bir zada welin seniň özüň häzirem jogap berip bileňok. Heniz kämillik ýaşyňa-da etmänkäň sende fabrikde işlemäge bolan arzuw nädip döredikä? Belki- -de ýüpekden öndürilýän owadan matalardyr. Belki-de özüňi ekläp-saklap ulaldan ejeň şu ýerde zähmet çekýänligidir. "Ene kesbi gyza halal" hasaplansyň? Bu soraglaryň hemmesinede diňe ýylgyrýarsyň. Ýigrimi ýyl geçenden soň bu soraglara jogap bermek hökmanam däl hasaplaýansyň? Ýok, beýle däl. Işe başlamazyňdan öň, diňe bir käre bolan söýgi adama bagt atyna atarýar. Bu zatlara özüňem beletsiň. Sebäbi seniň bilen bir wagtda işe baş goşanlaryň köpüsi iş ýerlerini täzelediler ahyryn. Sen bolsa, şol bir iş ýeriňde ösdüň, kämilleşdiň, kärhananyň ýyldyzlarynyň birine öwrüldiň. Sende işiňe bolan egsilmejek yhlas bardy. Howa, howa yhlas. Erjelligiň bolsa, seni öz wagtyň içinde ökde köpeldeýji edip çykardy. Şeýdip düşüp gitdiň ullakan ýola. Sen işiňdäki ädimleň üçin ilkinji halypaň, ilkinji dostuň Aýsoltan Garajaýewa minnetdar. „Zähmet bilen bezemeli her güni“. Ine, seniň şygryň, ine, seniň küýüň. Seni öz perzendi saýar fabrigiň. Sen bolsa diýýärsiň, „Fabrik öýüm“. Ussa S.H.Kalakaşwili gürrüň berýär. - Fabrigimizde gazanylýan her bir üstünlikde Orazbibiniň saldamly goşandy bar. Häzir Orazbibi alty sany kelepleýji stanoga gözegçilik edýär. Bu ýerde alty sany kelepleýji stanoga gözegçilik edýän diňe Orazbibi däl, olar onlarça Alty stanoga erk edýän kelepleýji plan boýunça her smenada 9 kg. 600 gr. ýüpek keleplemeli emma, Orazbibi 12 kilogramdan agdaryp ýokary hilli ýüpek kelepleýär. Bu ýerde ýönekeýje hasaplamalardan ugur alsak, onda her smenadaky keleplemeli ýüpeginden 20-25% köp ýüpek kelepleýär. Orazbibi Emirowa häzir on üçünji bäşýyllygyň hasabyna ýüpek kelepleýär. Eýýäm, üstümizdäki ýylyň alty aýynda ýyllyk plany ýerine ýetirdi. Ýylyň aýagyna çenli 997 kg. ýüpek keleplemeli bolsa, ol 1176 kg. ýüpek kelepläp ýyllyk plana 1-nji awgusta çenli 118% hötde geldi. 26kg. piläni bolsa tygşytlady. Şunça tygşytlanan pileden bolsa dokuz kilogram ýokary sortly ýüpek öndürip bolar. ■ Halypa Şägirtsiz ussany miwesiz baga, şägirtsiz adamy baýyrsyz daga meňzedipdir ata-baba danalar. Halypalar ýeňşi diňe ýaşy däl, işi, şägirtleri bilen sanalýar. Eger şeýle bolýan bolsa eger-de, halypa zenanda kän hukuk bardyr. Orazbibi şirin miweli bagdyr. Orazbibi-gülli baýyrly bagdyr. Sanaberseň, geçen döwrüň içinde şägirtlerniň sany gör näçä ýeter. Has dogrusy olar otuzdan öter. Hemmesini sanap durmak gerek däl, tutmak ýeterlikkä käsiniň adyn. Orazbibi Gemmiýewa, Perdegül Ýomutbaýewa, Dursun Taganowa we ýene- ýeneler... Şondan öwrenipdi asylly kärin. Bu gün ussat şägirtlerne guwanýar. Şägirtleri bolsa minnetdar oňa. Şährat saňa, döwrüň ussat işçisi! Şägirtleň adyndan müň alkyş saňa! Orazbibi Emirowa gürrüňe goşulýar: - Alty stanoga gözegçilik edýän kelepleýjä meniň pikirimçe adamyň deregine işleýär diýmek gerek däl. Sehimiziň kelepleýjileriniň köpüsiniň alty stanoga gözegçilik edýänini özüňizem gördüňiz. Goý, her kelepleýji öz ukybynyň ýetdiginden näçe stanoga gözegçilik etmäge mümkinçiligi bolsa şoňa hem ýetişsin. Bir adamyň smenalaýyn normasy üç kelepleýji stanoga gözegçilik etmek diýen zady indi goýbolsun etmeli. Sebäbi bu normatiw indi könelişen zat. Her stanogyň ýerine ýetirijilik maksimal normasyny tapmaly şol boýunçada zähmet çekmeli . Bu zady bizden döwür talap edýär. Partiýamyzyň önümçiliginiň ösüşini çaltlandyrmak baradaky programmasyna goşan goşandymyz bolardy. Şeýle etmäge bolsa, wagt ýetdi. Meniň bu teklibime kollektiwde seredilip netije çykarylsa, kärhananyň gündelik zähmet öndürijiligi ep-esli ýokarlansa gerek. Ussa S.H.Kalakaşwili Orazbibiniň gürrüňini belleýär: - Orazbibi dogry edýär. Her işe kabul edilýän şägirdi alty stanoga gözegçilik etmäge ýetişýänçä şägirtlikden çykarmaly däl. Işe kabul edilýän şägirde alty stanoga gözegçilik etmäge mümkinçilik döreýän-çä şägirtlikde saklamak kärhana üçin gymmat düşmegem mümkin. Onuň kärhana üçin gymmat ýa-da gymmat däldigini hasaplamak ykdysadyýetçileriň paýyna düşýär. Kelepleýji şägirtler şägirtlik möwrütini, on, iki-üç aý artdyrmaly bolsun. Bu işe kabul edilýän ähli şägirtler üçin şeýlede bolup durmaz. Sebäbi, şägirtlerem dürli-dürli bolar. Käbiri ähli tilsimleri tiz ele alar, käbirleri bolsa gijiräk. Onsoňam, bu ugurdan ýägirtler berkidilen halypaňam aladasy gerek ahyryn. Hon-ha Orazbibiniň uluja gyzy Şemşat şägitlikde ejesiniň ýanynda belli. Bary-ýogy bir aýdan soň alty stanoga gözegçilik edip ugrady. Belki-de üç stanoga gözegçilik etmegi bir kelepleýjiniň smenadaky tabşyrygy hasaplaman alty stanogyň bir adamy iş smenasy hasaplamaga wagt ýetse-de ýetendir. Bu babatda men Orazbibiniň teklibi bilen razylaşaryn. Orazbibi gürrüňini dowam etdirýär: - Köpler alty stanoga gözegçilik edibem bir meňzeş netije berenok. Keleplenýän sapagyň ýüpek önümçiligine gabat gelýän standarty bar. Biz diňe şol standart boýunça sapak öndürmeli. SApagyň şondan inçede ýogynam bolmaga haky ýok. Eger piläniň daşyndan alynýan süým az alnyp sapak edilse, onda stanok togtamaýarda saralýan kelebiň agramy az bolýar. Ynha, normadan az ýa-da kän ýüpek keleplemäniň sebäbi. Özüňiz pikir edip görüň sapak standarta laýyk ýa-da standartyň nomerinden inçe bolsa-da stanok üçin tapawudy ýok. SEbäbi stanogyň kelepleýiş prosesi meňzeş. Diňe keleplenen ýüpegiň agramynyň azlygynda. Bu ýerde zat kelepleýjiniň özüne bagly. Sehiň ussasy sözüniň üstüni ýetirýär: - "Artyk işleseň, il aýdar" diýişleri ýaly kelepleýjimiz Orazbibi Emirowanyň kärhanada arzyly uly. Ol jemgyýetçilik işlerine-de işeňňir gatnaşýar. Onuň dowam edýän durmuş we zähmet ýoly kärdeşleriniň ynamyndan doly. Türkmenistan Kompartiýasynyň XXIII gurultaýyna delegat saýladylar. Çünki ak bagtyny zähmetden tapan bagtyýar zenan ynamdaryň synagyndan geçe-geçe gelýär. Ine biziň Orazbibimiz şeýle zenan. ■ Hoşlaşyk Men ýene gelerin Size salama, gül açarka gül mekanyň synasy. Häzirlikçe hem, merdana zenanlar. Hoş – fabrigiň Orazbibisi. Annameret DURDYMÄMMEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |