09:56 Boý gyzdan doglan hudaýlar | |
BOÝ GYZDAN DOGLAN HUDAÝLAR
Mistika we fantastika
Dünýä taryhynda we mifologiýasynda “keramatly boý gyzdan” doglan hudaýpisint ogul sýužeti birnäçe döwürde we geografiýada gaýtalanýar. Biri-birini birmeňzeş motiwde gaýtalaýan hekaýatlarda hudaýtarapyn saýlanan ene we onuň hudawy ruhdan kir-kimirsiz halda göwreli bolmagy hem-de 25-nji dekabrda doglan erkek çaganyň halasgär, ýarym hudaý bolandygy ynanjy bar. Üstesine bu gahrymanlaryň missiýasy, dünýä iniş formalary we ölümleri-de biri-birine diýseň meňzeýär. Şindi kimleriň keramatly boý gyzdan doglandygyna we olaryň nämeleri edendigine gysgaça ser salyp geçeliň. • ATTIS Frikiýaly Attis (b.e.öňki 1200-nji ýylda) 25-nji dekabrda boý gyz Nanadan dünýä indi, haça çüýlendi, jaýlandy we üç günden soñ direldi. • KRIŞNA Hindistanyň (b.e.öňki 900-njy ýylda) boý gyz Dewakiden onuň doguljakdygyny buşlaýan ýyldyz bilen bile dünýä indi. Hawarilerine mugjyzalar görkezdi, ölenden soň gaýtadan direldi. • MITRA Persiýaly Mitra (be.öňki 1200-nji ýylda) 25-nji dekabrda boý gyzdan doguldy. 12 hawarisi bardy we olara mugjyzalar görkedi. Ölenden soň gömüldi we gaýtadan direldi. Onuň “Hakykat”, “Ýalkym” ýaly biernäçe atlary bardy. Geň ýeri. Mitranyň mukaddes güni hem ýekşenbedi. • DIONIS Gresiýanyň Dionisi (b.e.öňki 500-nji ýylda) 25-nji dekabrda boý gyzdan dünýä indi. Gezende mugallymdy, suwy şeraba öwürmek ýaly mugjyzalary görkezdi. “Şalaryň şasy”, “Hudaýyň söýgüli ogly”, “Alfa we Omega” ýaly birnäçe atlary bardy. Ölenden soň gaýtadan direldi. • GOR 25-nji dekabrda boý gyz Isisden dünýä indi. Ol doglanda onuň bile bir ýyldyz hem doglupdyr. Üç patyşa ýyldyzy yzarlap Gory tapýar we täze doglan halasgäre gowy esedýärler. Eýýäm on iki ýaşyna gelende jomart mugallym bolup ýetişipdi. Otuz ýaşyna ýetende Anup tarapyndan çokundyryldy we işine başlady. Goryň ýanynda oňa ýoldaşlyk edýän on iki hawarisi bardy. Kesellileri sagaltmak, suwuň üstünde ýöremek ýaly mugjyzalary görkezdi. “Hakykat”, “Ýalkym”, “Hudaýyň ogly”, “Gelşikli çopan”, “Hudaýyň goýuny” ýaly atlary bardy. Typhan tarapyndan hyýanata uçrap, haça çüýlendi. Üç günden soň jaýlandy. Soňra täzeden direldi. • ISA Isa 25-nji dekabrda boý gyz Merýemden dünýä indi. Onuň doguljakdygy asmanda bir ýyldyz arkaly buşlandy. Üç jadygöý patyşa bu ýyldyzy yzarlap, Isany tapdylar we oňa, ejesi Merýeme dürli-dümen sowgat getirdiler. Eýýäm on iki ýaşanda mugallymçylyk edýärdi. Otuz ýaşanda Ýohanna tarapyndan çokundyryldy we wagyz etmäge başlady. Isanyň ýanynda oňa ýoldaşlyk edýän 12 hawarisi bardy, olara ruhy şypa, suwda ýöremek, ölüleri direltmek ýaly mugjyzalary görkezdi. “Şalaryň şasy”, “Hudaýyň ogly”, “Dünýäniň şuglasy”, “Alfa we Omega”, “Hudaýyň guzusy” ýaly atlary bardy. Iuda tarapyndan hyýanata uçrady, ele salnyp haça çüýlendi, öldi. Üç günden soň direldi we uçmaha gitdi. Farah ÝURDÖZÜ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||