20:18 Dünýä taryhynda ýylan we süýreniji kowumlar ynanjy | |
DÜNÝÄ TARYHYNDA ÝYLAN WE SÜÝRENIJI KOWUMLAR YNANJY
Mistika we fantastika
• ADAM ATADAN WE HOW ENEDEN BÄRI Jemgyýetçilik we dini taryh adam-hudaý-şeýtan arasynda bolup geçen, köp wagtdan bäri hem gaýtalanýan hekaýatlardan, toslamalardan, sylaglardan we jezalardan doly. Hudaýyň garşysynda şeýtan, ikisiniň arasynda-da adam bar. Adam iki güýçden birini saýlamaga, iki ýoluň haýsam bolsa birinden ýöremäge, özüni saýlap alan güýjüne mahsus aýratynlyklar bilen bezemäge borçly. A Hudaýdyr şeýtan welin, adamy öz taraplaryna çekjek bolýarlar. Elbetde, adam ogly hem käte belli karara gelmekde kynçylyk çekýär. Dinler taryhynda bu hekaýat zol gaýtalanyp durýar. Adam ata-How enedir şeýtan arasynda bolup geçen ýaradylyş hekaýaty ähli mukaddes kitaplarda, dürli-dürli medeniýetlerde şol bir görnüşde gürrüň berilýär. Adam ata we How enäniň arasyna girip jennet bagyndan atylmaklaryna sebäp bolan şeýtan nämüçindir bir süýrenjiniň - ýylanyň şekilinde, ýöne ol iki aýagynyň üstünde ýöräp bilýän ýylan. Şeýle-de bu ýylan şol bir wagtyň özünde Adam ata we How ene bilen bir dilde gepleýän, ynandyryp bilme ukybyna eýe, paýhas we danalyk agajyndan habarly, ylymdan ýüki ýetik jandar. Bir mahallaryň perişdesi, indi Ýaradana garşy gidip, özüne tarapdar toplamak üçin ýola çykan şeýtan beýgeldilen barlykdan näletlenip, iblise öwrülýär. Şeýtan ähli medeniýetlerde we ynançlarda diýen ýaly şahly, guýrukly, ýarym adam-ýarym haýwan sypatly, gorkunç mahluk hökmünde suratlandyrylýar. Ýagny, öňki bölümlerimizde üstünde durlup geçilen süýreniji başga saýýaralylaryň ilkinji nusgasy ýaly bir zat. • UZAK GÜNDOGARYÑ SÜÝRENIJILERI Dünýäniň birnäçe ýerinde birmeňzeş hekaýatlara duş gelmek mümkin. Mysal üçin, gadymy grek legendasynda mukaddes Hesperidesiň bagy we onda ýetişen, iýýäne ölmez-ýitmezlik berýän altyn alma agajy hakda gürrüň berilýär. Bagyň goragçysy bolsa ganatly aždarha. Hytadýa tapylan gadymy mukaddes kitaplar ölemz-ýitmezlik miwesini berýän agaçlardan doly bir bagdan we bagy goraýan ganatly aždarhadan – süýreniji jandardan söz açýar. Aslynda hytaý medeniýeti aždarha we ýylan simwollaryndan doly. Bu simwollary hytaý sungatynda dekorasiýada, arhitekturada, nakgaşlykda we heýkeltaraşlykda, festiwallarda ulanylýan äpet aždarha gurjaklarynda häzirem görmek bolýar. Hytaý taryhy ilkinji adamyň Nu Kua atly urkaçy we ýarym aždarha-ýarym adam hudaý tarapyndan ýaradylandygyny aýdýar. Öňdengörüjilik kitaby hökmünde hem peýdalanylýan “I King” gadym zamanlarda adamlaryň we aždarhalaryň agzybir we ylalaşykly ýaşandyklaryny, olaryň biri-birilerine öýlenendiklerini we täze kowumy döredendiklerini gürrüň berýär. Iňňän gadymy hytaý imperatorlaryna “aždarha ýüzli” diýip at berlipdir we olaryň aždarhalara meňzeýändikleri aýdylýar. Diňe Hytaýda däl, ýapon ynançlarynda-da birmeňzeş epizodlara duş gelmek bolýar. Ýapon imperatorlary-da özleriniň aždarha patyşalaryň neberesindendigine ynanýar. Hasam beteri, ýapon adalaryna ýerleşen ilkinji kowumyň asmandan inendigi aýdylýar. Süýrenijilerden we aždarhalardan doly san-sajaksyz ýapon rowaýatlary adamlar bilen süýrenijileriň ýanaşmasyndan dörän çagalar hakynda gürrüň berýär. Süýrenijiler keşbini üýtgedip bilmäge ukyply bolupdyr. Islan wagtynda owadan aýala ýa-da gelşikli erkege öwrülip bilipdirler. Hekaýatlaryň birinde Mimoto atly ýaş gyzyň başdan geçirmeleri gürrüň berilýär. Mimoto aždarha söýgülisini hiç görmeýär, emma ondan göwreli bolýar we gatyşyk jynsly çaga dogurýar. Çaganyň hamy edil süýrenijiňki ýaly gabykly we ýarçyk-ýarçyk bolupdyr. Bu erkek çagany adamlar halapdyr we gowy kabul edipdir. Sebäbini-de onuň bedeninde ata-babalarynyň gany bolmagy bilen düşündiripdirler. Aždarha gany bolan ýaş oglan munuň üçin buýsanyp gezipdir. • HINDISTANDA NAGALAR On bäş müň ýyldan öňki döwürlere uzaýan hindi rowaýatlary naga atly kowumdan köp söz açýar. Nagalar ýarym adam-ýarym süýreniji beden gurluşyna eýe bolupdyr. Adamlara maglumat getirip berýän nagalar uçup hem bilipdir. Nagalar akýagyz jynsly adamlar bilen ýanyp, “asylzada” kowumyň dogulmagyna sebäp bolupdyr. Olar ilkibaşda hudaýlar bilen deň derejede görlüp ýörkä, soňra näletlenipdir we ýerasty dünýäsine çekilip, şol ýerde ýaşamaga mejbur bolupdyrlar. Başga bir hekaýatda bolsa, urkaçy ýylan-hudaý Kadru Naga ýa-da Kobra adamlary dogrupdyr we olary öz aýbaşy gany bilen ulaldyp, baky dirilige ýetiripdir. Hindileriň “Ramaýana” legendasynda-da ýylan-patyşa Rawanyň Seýlon adasyna gidip, ol ýerde adam ganyny içip gezendigi, duşmanlarynyň ganyny içendigi gürrüň beruilýär. Häli-häzirlerem hindileriň köpüsi Gimalaý daglarynyň astyndaky ýerasty dünýäsinde ýaşaýan nagalaryň bardygyna ynanýar. Nagalaryň uçup bilýändigi, adatdan daşary magiki güýjüniň we akyl-paýhasynyň bardygy aýdylýar. Rowaýatlarda aýdylmagyna görä, kepjebaş ýylany naga hudaýlarynyň neslinden döränmiş. Ýylana çokunma kulty b.e.öňki 1600-njy ýyllara çenli uzaýar. Naga kowmy gerek bolanda iňňän howply bolup, garşysynda durana fiziki taýdan şikes ýetirme güýjüne-de eýe bolupdury. Bu kowumyň wekillerini Buddanyň dünýä inen pursatynda-da görenmişler. Beýleki bir tarapdan ýylan simwolikasynyň dini obraz Krişna bilen baglanyşygynyňam bardygy aýdylýar. Ýerasty dünýäsinde ösen tehnologiýa erk edip ýaşaýan kowumlaryň bardygy baradaky gep-gürrüň diňe Hindistanda däl, eýsem dünýäniň Braziliýa ýaly başga-da birnäçe ýurdunda ýaýrapdyr. Aslynda ýerasty şäherlerini bilmek üçin gaty uzaga gidip ýörmegiň geregem ýok. Türkiýäniň Kapadokiýa etrabynda gowaklara oýulyp bina edilen ýerasty şäherleriň iň görnüklileri ýerleşýär. • GÜNORTA AMERIKANYŇ ÝERLI YNANÇLARY Birmeňzeş folklor ynançlaryna Günorta Amerikada-da duş gelmek mümkin. Meksikada siwilizasiýanyň başlangyjy hasap edilýän Ýukatan raýonyna birinji bolup göçüp gelen halka “Ýylanyň kowmy” diýilýär. Şeýle-de ýene bir meşhur Günorta Amerika hudaýy bolan Kuetkoatl şol bir wagtyň özünde ýylan-hudaý. Tüýli ýylan diýibem gürrüň edilýän Kuetkoatl uçýan gämide syýahat edipdir we ýylan-zenanyň kömegi bilen ilkinji adamlary ýaradypdyr. Meksikadaky taryhy Tamoançan şäheriniň ady-da “Ýylan adamlaryň inýän ýeri” manysyny berýär. Hamy ýylanyň gowy ýaly şygyrdap duran bu gelmişek adamlaryň gämilerde inendikleri gürrüň berilýär. • HOPI WE APAÇI DÄP-DESSURLARY Şol bir motiwdäki ynançlar Demirgazyk Amerikanyň indeýlerinde-de gabat gelýär. Arizonaly hopileriň hudaýy tüýli ýylan we onuň ady Baholinkinga. Hopiler özleriniň Sipapuni atly ýerasty dünýäsinden çykyp gelendiklerine ynanýarlar. Ýerastynda ýaşaýan wagtlary olary “garynja adamlar” ekläp-saklapdyr. Garynja adamlar sözi maňa-ha örän köp alyp gaçma wakasynda agzalýan möjek şekilli başga saýýaralylary ýatladýar. Hopiler ata-babalarynyň “ýylan doganlardygyny” aýdýarlar. “Sheti” ýa-da “Ýylan doganlar” ýerastyndan çykyp gelen kowum. Hem hopi, hem maýa taýpalarynyň iň esasy mukaddes tanslarynyň birem “ýylan tansy”. Perunyň çimu taýpasy we bir ýylan atadan ösüp-örňändiklerine yannýarlar. Çimu halky tarapyndan gurulan mukaddes “Çan Çan” şäheriniň manysy “Ýylan Ýylan” diýip terjime edilýär. Bu şäherde bir “Aždarha ybadathanasy” bar we häzirem ruhanylar tarapyndan ybadata açyk saklanýar. Ruhanylar ýylan hudaýlaryň ruhuny çagyrmak üçin ýylan ýaly hyslaýarlar. Hasam beteri hopilere degişli “Ýylan tarykaty” bar. Bu antiki tarykat aslyny ýerasty tunellerde gözläp ýörkä, “Ýylanlaryň öýüne” äkidilen hopi çagajygynyň başdan geçirmeleri esasynda gurlupdyr. Ýene bir hopi rowaýatynda Los-Anželes şäheriniň astynda uzap gidýän uly ýerasty şäherinden söz açylýar. Bu şäherde 5.000 ýyl öň “kelpeze şekilli kowumyň” ýaşandygy aýdylýar. Apaçileriň baş kethudasy Geronimo aždarha we ýylan keşpli kowumyň adam çagalaryny iýýändigini gürrüň beripdir. Apaçi taýpasynyň ady-da aždarhany öldürmegi başaran Apaçe atly çagajygyň adyndan gelip çykýar. Çeroki, çikkasaw, çoktaw taýpalary Sint-Holo atly şahly ýylanyň bardygyna ynanýarlar. Bu jandar göze görünmeýän ýagdaýda adamlara ruhy taýdan täsir edýärmiş. Ol deňiziň astynda bir gowakda ýaşaýarmyş. Taýpanyň diňe ýaş ýigitleri danalykda özlerini görkezip başarsa, Sint-Holo olara görünýärmiş. Çeşmesi näbelli başga bir ynanja görä çerokileriň ýazuw dilini Sint-Holo kämilleşdiren eken. Farah ÝURDÖZÜ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||