17:04 Bu gije men bir kitap okadym | |
BU GIJE MEN BIR KITAP OKADYM
Edebi makalalar
Bu gije men bir kitap okadym. Çaklaňja. Şapbat ýaly. Ýeňiljek kitap. Manysy welin Ýer togalagynyň agramyça bar diýdirýär. Ol Çary Ýegenmyradowyň kitaby. Goşgularynyň ýygyndysy. Bu kitap meniň elime öňräk düşdi, ýöne öten gijä çenli ony şeýle gyzygyp, soňuna çenli okap bilmändim. Ýogsam, «Okap göreýin-le» diýip, birnäçe gezek elime-de alypdym ony. Her gezekde-de birki goşgudan aňry geçip bilmän, ýene-de tekjede goýýardym. Dogry, şeýle ýagdaý mende ozalam bir gezek bolupdy. Aýatda diri wagty halypa žurnalist, uruş weterany Mämmet Badaýew maňa Tomas Mannyň «Ýusup hem-de onuň doganlary» («Иосиф и его братя») atly rus dilinde neşir edilen kitabyny sowgat beripdi. Şol kitaby gyzygyp okap başlamagym üçin maňa ýedi ýyl gerek boldy. Ençeme gezek synanyşsam-da, ony okap bilmän gezdim, ýogsam, ol kitap barasynda öwgüli sözleri-de kän eşidipdim. Ine, bir günem ony täzeden elime aldym welin, iki jiltden ybarat şol kitaby bir demde okanymy duýman galdym. Kitabyň gahrymanlary, olaryň hereketleri, arzuw-niýetleri, gatnaşýan wakalary, ýaşan döwürleri — men olara ozaldan belet ýaly, hemmesi birin-birin göz öňümden geçdi. Kitabyň awtoryny bolsa, ylla, köneden tanaýan ýaly duýgyny başdan geçirdim. Kitap meni gyzykly bir dünýä alyp gitdi. Diýjek bolýanym, kitaby okamak üçin oňa taýýarlygyň bolmagy zerur eken. Çarynyň kitaby-da şeýle kitaplardan eken, ol okyjysyny geň-taňlykdan doly täze bir dünýä däl-de, eýsem, seniň öz dünýäňe — düýnüňe, şu günüňe hem ertäňe alyp gidýär. Şeýle kitaplaryň belli bahasy bolmaýar. Kitaby okap, bir zada göz ýetirdim: biz kitaby köpräk okamaly. Çarynyň kitaby ýaly kitaplary. Olar her gün görüp ýören, asyl, içinde ýaşap ýören zatlaryň hakynda täzeden oýlanmaga, netije çykarmaga, belki-de, özüň üçin bir zady açmaga iterýär. Çarynyň goşgularyny okap, birhili, agraslanan ýaly, altynjy onlugy tegeläp, akyl diýen närseden bir zatlar edinen bolsaň, şolam has terleşen hem goýazylaşan ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Mende, ýaşym durgunlaşdygyça, bir endik döredi. Kitap okanymda, maňzyma batan setirleriň aşagyny çyzýaryn. «Gowy endik däl» diýersiňiz. Ylalaşýaryn. «Magtymgulynyň hemme setirleriniň aşagyny çyzyp çykmarsyň-a!» diýersiňiz. Kabul edýärin. Ýöne, nätjek, huş diýibem bir zat bar, ol hemmelere deň berilmändir. Indem irden aň edip görsem, gijeki okan bu kitabymda aşagy çyzylan setirleriň sany ep-esli bolaýan eken. Şu setirleriň aşagyny nädip çyzjak däl?! ...Bir çagajyk eje diýip aglasa, Ony Watan diýip ediň terjime. Enesiň, atasyň, Taňrysyň, Watan, Dünýäde bar zadyň aňrysy, Watan! Çary badyhowalyk edenok, akylam satanok, saňa öwretjegem bolanok. Ol ýüregindäkini söýleýär, çynyny aýdýar. Ýürekden çykan sözem ýürege ýetýär. Çary «Men atamyň inçe dowamy» diýende-de, käbesinden ak pata alanda-da dogrusyny sözleýär, söz owadanlajak bolanok. Şeýle bolansoň, sen ol sözleri, ylla, öz sözüň ýaly kabul edýärsiň. Çarynyň goşgulary durmuşy goşgular. Onda dost hem bar, ýar hem. Demir ýol-da bar, sähra-da. Onda satyn alynmadyk ädik hem bar. Onda adamçylyk gatnaşyklary, oý-pikirler, şatlyk-şagalaň, begenç hem-de gaýgy-hasrat — hemmesi bar. Çary otuz bir ýaşyndaka bir gelniň özünden ýaşynyşyny täsirlenme bilen ýazýar. Otuz bir ýaş altmyş biriň basgançagyndan seredeniňde, elbetde, kiçi görünýär. Ol ýaşda bir gelin senden ýaşynsa, elbetde, täsiri uly bolar. Şol ýaşdakaň özüňe-de «daýy» diýip ýüzlenenlerinde özüňi, birhili, oňaýsyz duýandygyňy ýatlarsyň, ol döwürdenem bary-ýogy otuz ýyl geçenden soň indi saňa «daýy-ha» däl, «ýaşuly» diýýändiklerini görüp, wagtyň şeýle çalt geçişine haýran galmak hem-de ýaşan ömrüňi bihal geçirmändigiň hakda kanagatlanmak bilen oýlanýarsyň. Dogrusyny aýtsaň, toýda-märekede görenlerinde, ýaş ýigitleriň özüňi hormat bilen garşylaýyşlaryny, ýaş gelinleriň bolsa uz ýaşynyşlaryny görmek — bagt. Bu hemme kişä ýetdirýän paý däldir diýip oýlanýarsyň hem-de öz ýanyňdan şükürler edýärsiň. Çary şäherini söýýär. Ol: «Binalarymyz beýik, görlen zat däl, geň, //Tahýaň ýere gaçýar, golaýdan baksaň» diýýär. Çary obasyny söýýär, häli-şindi «obam» diýýär, obanyň ýaşulusyny-ýaşkiçisini, oglanyny-uşagyny, aýalyny-gyzyny ýatlaýar, olara «atam-enem», «doganym-dostum», «jigim-uýam» diýýär. Beýle ýürek — adamlara mähirden-hormatdan doly ýürek, megerem, hemmelere berilýän däldirem. Çaryda welin, şeýle ýürek bar eken. Onuň bardygyny goşgulary görkezip dur. Ynanmasaňyz, Çarynyň kitabyny okaň! Şonda sizem, meniň ýaly, oňa hormat goýarsyňyz, onuň obadaşy-hemdemi bolasyňyz geler. Sebäbi çyn zehinler hemişe beýikligine galýar, olara ýakynlaşasyň gelýär. Çarynyň goşgularyny okanyňda, durmuşa höwesiň artýar, ýamanlykdan daşda durasyň gelýär. Çarynyň okyjysyndan gizleýän syry ýok, onuň kalby, edil, önüp-ösen sährasy ýaly, açyk hem mähirli, umman ýaly giň, onda hemmelere ýer tapylýar. Onda seniňem mahmal düşekçelije ornuň garaşypjyk durandyr. Çary şeýle ýazýar: «Bir çeti Garagum, Bir çeti Jeýhun, Bir çeti Köpetdag, Bir çeti Hazar. Aralygy jennet — Alla halan ýer». Özüm dag etegindäki obada önüp-ösemsoň, Watanyň gözelligi Köpetdagyň beýik gerişlerinden başlanýandyr öýdýärdim. Dagly şahyr Geldi Bäşiýewiň wasp eden düýpsüz dereleri, arçalary, dagdanlary, çynarlary, kerkawlary, «daşy ýaryp gaýnap çykan çeşmeleriniň» şildirdisi, çeşmeleriniň kenarynda bitýän enarlary, kah-kah urup suwa inýän käkilikleri, aga-ýana gezýän jerenleri we ýene-de dagdaky kän-kän gowy zatlar Watany bezeýändir öýdýärdim. Ýöne Çary Ýegenmyradow Watana Köpetdagyň göni garşysyndan — ümmülmez Garagumdan seredip, onuň biçak owadandygyny, ezizdigini, ýeke-täk hem beýikdigini sanaýmaly setirde diýseň täsirli beýan edýär welin, beýik sähramyzyň hem Watany bezeýändigi, onuňam Watan gözelligine bir gözbaşdygy hakynda oýlandym. Onsoň Çarynyň ýokarky setirlerini gaýtalap-gaýtalap okaýarsyň. Meniň Çary Ýegenmyradowyň goşgularyny okap, ony dünýä beren Ýerbent ýaýlasyna, pespäl sähralara hormatym has artdy. Kitaba giriş sözüni ýazan halk ýazyjymyz Atamyrat Atabaýew Çarynyň adyny Gurbannazar Ezizow, Italmaz Nuryýew, Ahmet Bekmyradow, Sergeý Ýesenin, Nikolaý Rubsow dagynyň deňinde tutýar. Çyn zehinler ýyldyzlar misli hemişe lowurdap durlar. * * * Gazetçi bolsaň, onda-da ýurduň baş gazetinde işleseň, günüň şeýle — her gün işden gijäniň bir wagty öýe gelýäň. Gelensoňam, derrew uklab-a bilmersiň, bir käse ajy gök çaý içmeseň, asyl, uky gelmez gözüňe. Şeýle bolanda men elime, adatça, kitap alýaryn. Tekjedäki käbir kitaplary näçe gezek gaýtalap okandygym-da anyk ýadyma düşmeýär, olaryň islendik sahypasyny açanymda, şol sahypanyň niresinde nähili ýazgy bar — derrew ýadyma düşýär. Onsoň şol kitaby ýapyp, köplenç, öňküje ýerinde goýýan. Ýöne Çarynyň kitabynda beýle bolanok. Ine, bu gün ýene-de onuň kitaby elimde. Geçen gezekden bäri şu wagta çenli, ony birnäçe gezek täzeden okanam bolsam, men ony, ylla, ho-ol birinji gezekdäkim ýaly, ýene-de höwes bilen okaýaryn. Şu ýazgylarym-da onuň goşgularynyň täsiri astynda döredi, şol sebäpli bulary-da şol öňki sözbaşynyň astynda bereýin diýdim. Çarynyň kitabynda özüneçekiji nähilidir bir güýç bar. Şonuň üçindir, men onuň goşgularyny her gezek işdämenlik bilen okaýaryn: hem çaý owurtlaýan, hem-de kitap okaýan. Kitap gowumy ýa çaý, şu pursat muny aýdyp biljek däl, ýöne kitaby elimden düşüresim-ä gelmedi. Çarynyň goşgularyny okadygymça, men özümi köne arzuwy hasyl bolup barýan adam ýaly duýýan. Garagum sährasy, gum adamlary, aňyrsyna gözýetmez-sesýetmez giňişlik hem dup-dury asman. Şu barlykda daş-töwerekde iňlär siňek ýok: ýeke özüm. Ýok, men bu ýerde, bu sährada, asly dagly bolsam-da, özümi myhman duýamok. Men, ylla, öýümüze gelen dek, şu alaňlaryň arasynda önüp-ösen dek, juda arkaýyn duýýan. Munuň sebäbi — Çarynyň setirleri: «Ýüregim bir uly şatlygy syzýar, Gideýin men kän garaşdym, bes indi. Aprelde sähralar bolsa-da yzgar, Ýylanmaga bar köňülde kesindi». Janlansyn usurgan damarlam meniň, Ösüş suwy goýberilen keş deýin. Ýylakly meýdana owkalap tenim, Boz torgaýyň nagmasyny eşdeýin... («Sähra gideýin»). Gör, Çary-da: «Torgaýyň nagmasyny eşideýin» diýýär. Ol munuň üçin obasyna gitmekçi, barybam, ýylakly meýdana bagryny berip, hudaýsöýer bu guşy diňlemekçi. Bizem birwagt şeýledik. Dag içindäki obamyzyň golaýynda, Gargyly çeşmesiniň ýokarsyndaky bugdaýzarlygyň bir gyrasynda bagrymyzy ýere berip ýatyşymyza, ho-ol ýokarda bir ýerde saýraýan torgaýy üns beripjik kän gezekler diňlärdik. Her gezegem onuň arzuwyna ýetmegini — Allatagalanyň ýüzünji adyny aýtmagyny tüýs ýüregimizden isleýärdik. Her gezegem şony aýtman, torgaý ýere gonanda, az-kem lapykeç bolsagam, çynymyz bilen gynanmaýardyk. Torgaý şol arzyly ady biziň hem ulalyp, ýalňyşman aýdyp bilerimize, şeýdibem, şol bagta hemmämiziň bilelikde ýetmegimize garaşýan ýaly kabul ederdik. Çary torgaýyň nagmasyny diňlemäge sähra gider eken, men welin, daga gidýän. Bir şu diýäýmeseň, biziň aramyzda kän bir aýratynlyk hem ýok ýaly bolup görünýär. * * * Çarynyň goşgularyny okanymda, Diňliniň deňinde beýik alaňyň üstünde kellesi tahýaly, ezýaka köýneginiň bagjygy çözülgi, bili guşalgy, aýagy çarykly bir ýaş ýigdekçäniň tüýdük çalyp duran keşbi göz öňümde janlanýar. Gijöýlän, ýakyp-ýandyryp barýan gyzgyny giden çägelikde dyzyna çöküp, sähranyň ýyly mährini gamyş tüýdügiň owazyna salyp, ho-ol ýokarda, ýagtylyk sebäpli, şol wagt görüp bolmaýan, ýöne bütin durkuň bilen bardyklaryny duýýan, her gije şugla saçyp duran Aýdan-da esli ýokarda ýylpyldap duran ýyldyzlara ýetirmek isleýän şol ýigdekçäniň keşbinde mahal-mahal özümi görýän. * * * Men şu wagt otagymda ýeke özüm. Ýok, ýalňyşaýdym öýdýän, eliňde Çarynyň kitaby bolarda, ýeke bolarmyň?! Çarynyň goşgulary meni ýatlamalar dünýäsine alyp barýar. 15-20 ýyl mundan öňki şu waka ýadymda galypdyr. Men Aşgabatda işleýän türk kärdeşimiň haýyşy boýunça, onuň Amerikadan gelen dostumy ýa garyndaşymy — ony anyk bilemok, Şükür atly bir türk adamy bilen öz ulagymda «Niredesiň 360 öwlüýä?» diýip, Aşgabatdan Daşoguz welaýatyna gidip barýan. Hat-petek düzedilgi, barjak ýerimiz belli — bize ol ýerde garaşyp durlar, del myhman bilen barýan diýip aladalanara ýer ýok. Şol ýere aman-sag baryp bilsek, galan işleriň meýilnamasy taýýar. Ýöne, ilki bilen, Garagumy kesip geçmeli. Olam, dogrusy, kyn däl, şaglap ýatan gara ýol. Käwagt öňüňden çykýan garşydaky ulagdakylar ellerini galdyryp, «Sag-aman gelýäňizmi?» diýen terzde güler ýüz bilen wazlap geçip gidýärler. Ýanymdaky myhman muňa haýran galýar, dogrusy, heziller edinýär: «Edil obama gelen ýaly bolýan» diýýär. Men ýylgyryp barşyma sesimi çykarmasam-da, içimden: «Entek näme görýäň? Ine, öňümizden obaçylyk çyksyn, onsoň näme diýerkäň!» diýip barýan. Amerikaly türküň bu bolşy meniňem hoşuma gelýär. Ol açyk hem pespäl adam, ýüregindäkisi — dilinde, bassyr-ýussur gep ýok. Dogrusy, biziň biri-birimizden gizlär ýaly syrymyz-da ýok. Ol ata Watany görjek diýip, bu ýerlere gelipdir. Ata Watana zyýarat — beýiklikden, sarpadan nyşan. Geçen asyryň «Otuz ýedinji ýyllary» diýilýän haý-haýly döwürde tutulyp, alnyp gidilen atamyzy-ha görmedik, ýöne kakamyň ata Watana sežde edip ýaşamalydygy barada aýdanlary welin, gulagymyzda ata pendi bolup galypdyr. Meniňem bu ýerlere awtoulagly birinji gezek gelşim. Alty-ýedi sagatlyk bu ýoly ozallar uçar bilen köp bolsa bir sagatda aşyp ýören adam üçin gara ýoldan öz maýdalyňa ýöremek — diýseň-diýmeseň, gyzykly hem täsirli. Ýöne näme üçindir, ýol ugrunda kän bir oba-gara görnenok. Ýurt giň-ow! Şaglap ýatan gara ýol, iki tarapyň hem durşuna çägelik. Alaň-alaň, depe-depe. Ho-ol ýokarda welin akja bulutlar, olar hem howlugýana meňzänoklar, ýa biz ulagymyzy ýuwaş sürýärmikäk?! Äh-hä, ine, oba! Bu-uw, munuň gowudygyny, kileň gara öýler! Şükür bu görnüşi ýadynda baky saklamak üçin, maňlaýyny aýna degrip-degrip synlaýar. Onuň bolşuna haýpym gelip hem-de bir käse düýe çaly içmek üçin ýola ýakyn öýleriň biriniň deňesinde ulagy sakladym. Adam-gara, oglan-uşak görnenok, diňe gapyda suw çekýän ulag dur. Ulag bolsa, hökman adamam bardyr. Ähem-ühüm bilen oraçanyň agzyna golaýladyk. Agzy ýaşmakly bir gelin çykdy. «Amanmysyňyz, gelin, gurgunmysyňyz? Habarlaşar ýaly erkek adam barmyka içerde?!». Onýança: «Geliberiň!» diýen ses eşidildi. Gelin bir gapdala sowlup, bize ýol berdi, men ýoldaşyma «Geliber» diýen terzde elimi bulap, gapydan salam bilen girdim. Görsem, ojagyň aňyrsynda egnine possun atylgy bir ýaşuly otyr. — Waleýkimessalam! Geliberiň-de, geçiberiň! Ine, şujagaz ýerde ornaşaýyň — diýip, ýaşuly ýanyndan ýer görkezdi. Men Şüküri özümden öňe geçirip, ony ýaşulynyň edil gapdalynda oturtdym hem-de özümiz bilen tanyşdyrdym. Ýoldaşymyň amerikaly türkdügini, Türkmenistana ýörite zyýarat etmek üçin gelendigini, özümiňem oňa ýolbelet hem ýoldaş bolandygymy aýtdym. 360 öwlüýä barýandygymyzy, obanyň üstünden gelip, çal-suw datman, «agzy gury» geçmejek bolup sowlandygymyzy ýaňzytdym. Ýaşuly yşarat etdimi ýa ýok, muny biz görmedik, ýöne ýaşmakly gelin iki sany düýe çally şakäsäni getirip, öňümizde goýdy. Käseleriň ikisi-de bir geňsi paşyrdap-gaýmaklap, şeýle bir işdä ýakyndy welin, hödür edilmezden öň olara ýapyşmakdan ejap edip, zordan saklandyk. Ýaşuly garaşdyrmady: «Alyň, ýigitler, ýüregiňizi sowadyň! Bu çal hakyky çaldyr, içiň, noş bolsun!». Şol çalyň tagamy şu wagtam agzymdan gidenok. Biz ýaşula «Taňryýalkasyn!» aýdyp, ugrajak bolsak, ol bizi goýbermedi: — Ana, ojakda kellebaşaýak gaýnap dur. Şondan iýmeseňiz hiç ýana-da gitmersiňiz. Ynha, oglumam ýetip gelýändir. Bileje nahar edineliň, onsoň, Alla ýaryňyz! Men myhmana kellebaşaýagyň nähili nahardygyny düşündirip-düşündirmänkäm, ol: «O, kellepaçja, kellepaçja!» diýip gaýtalaberdi. Bu söz meniň üçinem, öýüň eýesi üçinem del söz däldi, şiwe dillerimizde ýörgünli sözleriň biri bu. Myhman höwes bilen nahardan datjakdygyny aýtdy. Asyl, nahar iýip, gözümiz ýerine geläýdi, uzak ýolda ajygybam giden ekenik. Nahar başynda Şükür özüniň hem oglan wagtynda Türkiýede enesiniň edil şular ýaly nahar bişirýändigini, ony-da bütin maşgala bolup üýşüp iýýändiklerini ýatlady. Sözlerini tassyklamak üçin, işşegiň bişen kelleçanagyny açyp, içindäki ýiligini-de başarjaňlyk bilen çykardy. Muny synlan ýaşuly: — Amerikada ýaşaýanam bolsaň, damaryňda türkmen ganyň bar eken, ogul! Sen onsoň hökman bu topraga salama geläýmeli — diýip, ýoldaşymyň zyýarata gelmegini oňlaýandygyny duýdurdy. Nahar iýip, töwir edenimizden soň, bir käse çaý içip-içmänkäk, ýaşulynyň ogly hem geldi. Gapydaky suw maşyn hem şoňky eken, bir ýeri döwlüp, ätiýaçlyk şaýyny almak üçin şähere gidip gelmeli bolupdyr. Ýigit myhman gelenini görüp, ur-tut söwüş edermen boldy. Ýaşuludan haýyş edip, biz ony zordan raýyndan gaýtardyk hem-de bu myhmansöýer maşgala bilen hoşlaşyp, ýola düşdük. Şol gezekki zyýaratymyz, dogrusy, meniň göz öňüme getirişimdenem zyýat boldy. Dogduk Diýaryň niresine barsaňam, mähriban adamlar juda kän. Olaryň her biri — perişde pisint adam. Ýogsa-da, men şol ýaşulyny hem-de onuň ogluny şu ýerde näme üçin ýatladym?! Göwnüme, şol ýigit Çary, goja hem onuň kakasy Ýegenmyrat aga bolup göründi... * * * Çarynyň goşgularynda bir güýç bar diýdim, olar saňa şeýle bir täsir edýär welin, sen olaryň awtoryny, ylla, bütin ömrüňe tanaýan, asyl, bile önüp-ösen ýaly duýgyny başdan geçirýäň. Ýogsa, Çary nire, biz nire, ol — gum adamsy, biz — dag adamsy. Tapawut bolaýjak ýaly welin, ýöne, beýle däl. Bizde umumylyklar bar eken. «Eken» diýer ýaly, ol umumylyklar bir ýa iki däl, olar köp, diňe köpem däl, asyl, biz bir bitewi, bagry badaşan adamlar ekenig-ä. Bir tapawudymyz, ol-a gumda, bizem dagda ulalan — wessalam, galan zatlaryň hemmesi birmeňzeş. Söýgimiz hem hasratymyz meňzeş. Çarynyň goşgusynda ýazyşy ýaly, biziň hemmämiz jenneti mekanda, Alla halan ýerde — bir Watanda ýaşaýarys. Şygryň hem ýürekdeşligiň güýji. Onda gudrat bar diýseler, özüm-ä ynanjak. Çarynyň goşgularyny okanyňda, ine, şular hakda oýlanýarsyň. * * * Çarynyň goşgulary durmuşy goşgular. Edebiýatçylar muny has gowy düşündirseler gerek. Ýöne meniň maksadym bu däl. Men Çarynyň goşgularyny okap, lezzet alýan, ýönekeý adam hökmünde, ýönekeý okyjy hökmünde. Men ine, şuny nygtajak bolýan. Çarynyň özi-de belki, şuny isländir, goşgularyndan ýönekeý adamlaryň ýönekeý lezzet almaklaryny isländir. Şeýledir-le, ýogsam, şeýle ýönekeý, şeýle sada hem, ýumagyny çöşläberseň, örän çylşyrymly, çuňňur durmuş-ýaşaýyş filosofiýaly setirleri ýazmazdy. Ol: «Dostlukdan bähbit gözlemäň!» diýýär. Ol: «Siz maňa dogry düşüniň!» diýýär. Çary «Gök asman dursa ýerinde» diýýär. Ol şeýle diýýär: Ine, dogan geler: «Dirimiň?» diýer, Ynanmaýan ýaly ýaşap ýörenme. Men: «Şükür» diýerin, Begenerin-de Bu gün ýene aman-esen örenme... Aga-ini arasynda bolan gürrüňi çöşläp, Çary bu goşgynyň bir ýerinde şeýle ýazýar: Bir aýdymçy kimligini bildirmez, Içinde bolanda köp sesli horuň. Özüm-ä bu setirleri Çary özi hakynda ýazypdyr diýip biljek däl. Sebäbi ol näme ýazanda-da, nirede ýazanda-da, özi bolup ýazýar, horuň içinde bolup aýtsa-da, öz sözüni öz sesi bilen aýdýar. Ol: «Eşege ot beriň!» diýende-de, özi bolup aýdýar, ol «Soňky sözüni» aýdanda-da ýüregindäkisini aýdýar. * * * Çary-da ýasamalyk ýok. Ol türkmen bolup dünýä inipdir, türkmen bolup ýaşapdyr, türkmen bolubam, hakydalara siňipdir. Ine, indem ýaşap ýör aramyzda goşgulary bilen, ýönekeýden sada sözleri bilen. Çarynyň goşgularyny okanyňda, ol ýylgyrypjyk öňüňden çykaýjak ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Ony ömrüňde bir gezek görmeseňem, barybir, gabatlaşsaň, hökman tanarsyň. Çary goşgularyny sen bolup, seniň üçin ýazýar. Onda ulaltma, düşnüksiz sözler ýok, hemme zat ýerleý. Sözler, pikirler, duýgular — hemme zat pessaýlap uçýar, edil howlymyzdaky gumrular ýaly, köçelerimizdäki kepderiler ýaly, baglarymyzdaky serçeler ýaly. Çarynyň goşgularyny okanyňda, Garagumuň epgegi-de, aýazy-da ýumşaýan ýaly bolýar. Onuň şygyrlarynyň güýji, megerem, şundadyr, olaryň çynlakaýlygyndandyr. Ýerden-durmuşdan aýak üzmeýänligindendir. * * * Men Çarynyň goşgularynyň aýdym edilenini-edilmänini bilemok, ýöne onuň goşgulary weli, edil aýdym ýaly, hem labyzly, hem süýji. Bir goşgusynda Çary kakasynyň özüniň aýdymçy bolaryny isländigini ýaňzydýar. Aýdymçy-ha bolmandyr, ýöne aýdyma berimsiz goşgulary-ha bar. Olar müdimi ýaşajak goşgular. * * * Çaryda žurnalistlere-de öwrenere zat bar. Ol okyjysyndan hiç zady gizlänok. Ýüregindäkini bolşy ýaly aýdýar. Öz tejribämde-de şeýtmäge çalyşýardym, şeýtseň, okyjy bilen derrew imrinip gidýändigiňe Çarynyň kitabyny okap, ýene bir laý göz ýetirdim. Ýazýan adam öz okyjysyndan hiç zady gizlemeli däl, diňe aýtjak zadyňy, Magtymguly atamyzyň wesýet edişi ýaly, taraşlap aýtmaly. Şonda ýalňyşmarsyň, okyjy aýdanlaryňy bolmalysy ýaly, seniň isleýşiň ýaly kabul edýär. Çary-da şeýdýär: dogrujasyny aýdýar. Aýdybam, okyjysyny özüne ynandyrýar. Hem-de özi hem okyjysyna ynanýar. Iň täsirli ýeri-de, Çary okyjysyna ynanyp, ony terbiýeleýär. Çarynyň syryna eýe bolan okyjy öz ýanyndan bir mertebe beýgelýär we gaýdyp, şol beýiklikden aşak düşmezlige çalyşýar. Çeper sözüň güýji, has takygy, maksady megerem, şunda bolmalydyr. * * * Ykbaldyr, men şu wagt Çarynyň agasy Gurbanmämmet aga bilen bir redaksiýada işleýärin. Şu ýazanlarymy Gurbanmämmet aga entek okadamok, belki, çap bolansoň okar. Gürrüň bu barada däl, gürrüň Çarynyň kitabyny okap, meniň Çarynyň önüp-ösen maşgalasy bilen öňden bäri tanyş, asyl, obadaş ýaly duýgyny başdan geçirenligimde. Indi Çarynyň agasy bilen tanyş bolanymdan soň, mende dörän bu duýgynyň düýp sebäbine düşünip galdym. Asyl, biziň dünýägaraýşymyz, pikirimiz-oýumyz meňzeş oguşýa! Men Çary Ýegenmyradow atly şahyrymyzyň bardygyna guwanýaryn. Onuň kitabyny okamagy ogullaryma-ha däl, agtyklaryma-da pent ederin. Öz aýdyşy ýaly, Çary «bihal däl». Ynanmasaňyz, onuň kitabyny okap görüň! * * * Bu gün — dynç güni. Diýmek, bu gije arkaýyn kitap okamaga wagt bolar. Men kitap okamaga howlugýaryn — Çary Ýegenmyradowyň kitabyny... Seýitguly GELDIÝEW, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |